08:20 Üstýurt - Bötendagyñ gowaklar şäherçesi | |
ÜSTÝURT— BÖTENDAGYÑ GOWAKLAR ŞÄHERÇESI
Daşoguz welaýatynyň çäklerinde Bötendag, Zeňňi baba, Gaňňagyr, Tärimgaýa ýaly birnäçe tebigy gyrlar bolup, gowaklar bolsa şol gyrlaryň üstünde ýerleşipdir. Gowaklaryň belent gyrlaryň üstünde ýerleşmegi goranyş üçin hem amatly bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda: «Adak şäher-galasy demirgazyk tarapda Bötendag belentliginiň kert gaýasy bilen berkidilipdir. Onuň üstünde üç sany gadymy şäheriň galyndylary, musulman ulamasy Ybraýym soltanyň kümmeti, şeýle-de uly gowaklar toplumy ýerleşýär» diýip belleýär. Şeýle gowaklar toplumynyň birnäçesi Türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşýär. Daşoguz welaýatynyň çägindäki «Bäş deşik» gowagy «Kyrk deşik» gowaklar toplumy hem-de «Nalaç baba» gowagy X—XIII asyrlar bilen senelenýär. «Bäş deşik» gowagy Üstýurduň Bötendag belentliginiň günorta tarapynyň kert gaýa bolup duran köwünde ýerleşýär. Ýüzlerçe kilometre uzalyp gidýän Üstýurt belentliginiň kert gaýasynyň belentligi ýeriň derejesinden 45—50 m töweregi ýokary bolup, gowaklar bolsa ýeriň derejesinden 25 m ýokarda ýerleşýär. Bu belentligi synlanyňda, dikligine 3—5 m, uzynlygyna onlarça kilometre uzap gidýän giňişlik süýt reňkde görnüp dur. «Bäş deşik» gowaklar toplumy, Adak galanyň deňinde — derýanyň köne akymy bolan «Guruja—Uzak» hanasynyň eteginde ýüzlerçe gowaklar bolanlygy üçin, «Gowaklar şäheri» diýlip atlandyrylypdyr. Gowaklarda irki orta asyrlarda adamlar ýaşapdyrlar. Bu gowaklar toplumy Üstýurduň kert gaýalarynyň Bötendag belentliginde ýerleşýär. Tebigatyň iň bir täsin ajaýyplyklarynyň jemlenen ýeri hasaplanan Bötendag belentliginiň töwereginde Zeňňi baba, Gaňňagyr, Tärimgaýa ýaly belentlikler we Sarygamyş köli ýerleşýär. Alymlaryň pikirine görä, mundan bir million ýyl öň, ýagny çetwertik döwründe Amyderýa suw ulgamy emele gelipdir. Tejen, Murgap, Balh, Zerewşan derýalary bolsa onuň goşantlary bolupdyr. Üstýurduň Bötendag belentligindäki «Bäş deşik» gowaklar toplumynyň töwereginde köşgi-eýwanly, seýilgähli galalaryň onlarçasynyň yzlary saklanyp galypdyr. Edil şu golaýda Bötendag galasynyň, Zeňňi baba galasynyň, Garawul diňiniň, Akgalanyň (Adak gala) ýa-da XIV—XVII asyrlarda seýilgäh toplumly şäherçeli galalaryň bolmagy bu ýerleriň bagly-bakjaly, ekerançylygyň iň bir gülläp ösen ýeri bolanlygyndan habar berýär. Gowaklaryň ýene bir toplumy «Kyrk deşik» diýlip atlandyrylypdyr we bu gowaklar toplumy Üstýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýär. «Kyrk deşik» gowaklar toplumynyň 2 km günbatarynda, Üstýurt belentliginiň üstünde seleňläp oturan, Döwkesen galanyň golaýynda üç sany atsyz aramgäh ýerleşýär: Atsyz aramgäh-1, Atsyz aramgäh-2, Atsyz aramgäh-3. Bu kert gaýanyň kesik ýerlerini synlanyňda: «Döw kesen bolaýmasa, adamyň bitirjek işi däl» diýip, oýlananyňy duýman galýarsyň. Üstýurt hem-de Üstýurduň Bötendag belentliginde ýerleşen gowaklary öwrenmäge ilkinji bolup girişen alym S.P.Tolstowdyr. Bu ýadygärlikde 1952-nji ýylda S.P.Tolstowyň ýolbaşçylygynda Horezm arheologiýa we etnografiýa ekspedisiýasy barlag işlerini geçiripdir. Barlag işleri geçirilen wagtynda bir gowaga baryp görüpdirler. Gowagyň içinde edil penjiräniň gabat garşysynda ot ýakylan ýeriň yzy hem-de XII—XIII asyrlara degişli keramiki önümler tapylypdyr. Akademik S.P.Tolstow 1951-nji ýylda aşakda ýerleşen gowaklaryň birinde barlag işlerini geçiripdir. Barlaglaryň netijesinde keramiki önümleriň bölekleriniň tapylmagy bu gowagyň XII—XIII asyrlarda ulanylandygy baradaky pikiri öňe çykarýar. 1952-nji ýylda S.P.Tolstowyň ýolbaşçylygynda Horezm arheologiýa we etnografiýa gözleg-agtaryş topary barlag işlerini geçirende, Dikje hem-de Çalburun belentliginiň arasynda ýerleşen bir gowagyň içinde täsin gaýa şekilleri ýüze çykarylypdyr. Gaýa şekillerinden, esasan, haýwanjyklaryň, gaýygyň, güneşiň hem-de X—XII asyrlara degişli ýazuwlaryň ýüzi dyrnalan şekilleri tapylypdyr. Bu gaýa şekilleri, arheologlaryň pikirine görä, irki orta asyrlara degişlidir. Ekspedisiýanyň agzalaryna gowaklaryň ýene birine girip görmek başardypdyr. Gowagyň içinden ojak hem-de XII—XIII asyrlara degişli gap-gaçlaryň bölekleri tapylypdyr. Alymlar edil şu gowaklardan uzakda bolmadyk ýerde Adak galanyň ýerleşýändigini göz öňünde tutup, gowakda XX asyrlarda hem ýaşalypdyr diýen çaklamany öňe sürüpdirler. Bötendag gowaklarynyň käbirinde barlag işleri 1956-njy ýylda birnäçe alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilipdir. Barlaglara gatnaşan alymlaryň maglumatlaryna görä, gowaklaryň biriniň içinden XII—XIII asyrlara degişli tagma şekilleri hem-de gapjagazyň bölekleri tapylypdyr. Gadymy Horezmiň taryhy-medeni ýadygärliklerinde köp alymlaryň gazuw-barlag işlerini geçirendiklerine garamazdan, olaryň gowaklar bilen gyzyklananlary azdyr. Gowaklar bilen gyzyklanan alymlaryň bellemegine görä, gowaklarda ýüze çykarylan şekillerde, esasan, gazma şekiller bolup, wagtyň geçmegi bilen, daşlaryň ýüzüniň sürtülip gidenligi sebäpli, ikinji gezek çekilipdir. Şol barlaglaryň maglumatlaryna görä, gaýanyň ýüzüne çekilen suratlarda haýwanlaryň we gaýyklaryň, şeýle hem Günüň we ýyldyzlaryň şekilleri gazma görnüşinde çekilipdir. Olarda oýulyp ýerine ýetirilen ýazgylaryň barlygy bellenilýär. Gowagyň içinde haýwanlaryň, gaýyklaryň şekillendirilmegi Bötendagyň töwereginde irki döwre degişli ýaşaýşyň bolmagy, ýaşaýjylaryň, esasan, maldarçylyk we ekerançylyk bilen gadymyýetden meşgullanyp gelmegi, bu ýerlerde suwaryş desgalarynyň dürli görnüşleriniň ulanylmagy bilen baglanyşykly bolupdyr. «Bäş deşik» hem-de «Kyrk deşik» diýlip atlandyrylan gowak ýadygärlikleri häzirki wagtda «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan hasaba alyndy. Meretgül GURJIÝEWA, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |