Watan — ýaşaýşyň gözbaşy
Watan! Bu söz ýaýylyp ýatan giňişliklerden başga-da halkyň aýratynlyklaryny görkezýän gymmatlyklary — binagärlik, atçylyk, halyçylyk, aýdym-saz, külalçylyk sungaty... ýaly ýene-de ençeme ugurlardan öz aýratynlyklaryny eçilýän gymmatlyklary öz içine alýar. Ata-babalarymyz şol aýratynlyklaryň esasynda millet hökmünde kemala gelipdir.
Watan gymmatlygy milletimiziň uly buýsanjy bolan halyçylyk sungatymyz gadymdan bäri özboluşlylygy we şan-şöhraty bilen göreni özüne çekipdir. Biziň eýýamymyzdan has öňki asyrlarda ýazylan, gadymy hytaý ýazuw ýadygärliklerinde An Su diýen taryhçynyň Parfiýa döwletinde dokmaçylyk sungatynyň ösendigi, nah ýüplükden dokalan tutulyk mahmallaryň atlaz ýaly ýalpyldap durandygy, iki ýüzli düşek üçin dokalýan halylaryň gözelligi we jana ýakymlylygy bilen aklyňy haýran edýändigi barada ýazan ýazgylary biziň üçin has gymmatly maglumatdyr.
Gadymyýetde türkmen bedewlerine «Asman atlary», «Uçýan atlar» diýlişi ýaly, türkmen halylary hem «Uçýan halylar» diýen ady alypdyr. Dünýäde dürli milletleriň ertekileri, rowaýatlary esasynda alnan çeper filmlerde görkezilýän «Uçýan halylaryň» gölleriniň türkmen göli, ýagny türkmen halysy bolmagy hem ýöne ýere däl. Türkmen halysy, halyçylyk sungaty barada çeper elli gelin-gyzlarymyz öz halylaryna türkmen paýhasyny, pelsepesini salandygy barada gyzykly rowaýatlar bar. Olaryň süňňüne watansöýüjilik, halkyňa wepaly bolmak häsiýetleri siňen. Üzümgül atly tymsal hem özünde şeýle ýörelgeleri jemleýär.
Ir zamanda üç sany batyr dogan bolupdyr. Bu gerçekleriň ok atmakda, güýç synanyşmakda öňüne düşen adam bolmandyr. Doganlaryň Üzümgül atly edepli, eli hünärli, akylly uýalary bolupdyr. Üzümgüliň dokan halysynyň hyrydary bolsa aýdyp diýerden köp ekeni. Çünki gyzyň dokan halysynda ýadaw bolsaň ýadawlygyň, hassa bolsaň derdiň, gaharyň gelen bolsa gaharyň aýrylýan eken. At owazasynyň dabarasy dag aşan gyzy diňe özi üçin işletmek isleýän, päliýaman adamlar doganlary awa gidende ogurlaýarlar. Doganlar uýalaryny gözläp kän ýurtlaryň bazarlaryny, haly dükanlaryny aýlanýarlar. Ahyr bir bazarda bir dagly ýerde köşk bolup, köşküň depesinde dogan aýyň öňüni bulut tutup gelýän görnüşinde çitilen halyny doganlar görüpdirler. Doganlar halyny tanap, satyn alyp, haly boýunça uýalarynyň gözlegine çykypdyrlar.
Indi habary gyzdan alsak, gyzyň dokan halylarynyň hyrydarlary azalyp başlapdyr. Gyzy saklaýanlar onuň sebäbini sorasalar, ol: «Men ot-çöplerden tebigy boýaglar ýasaýardym. Olar ýadawlygy, gahar-gazaby, näsaglygy aýyrýar. Bu reňkler ot-çöpden alnan hem bolsa, meniň diýýän reňklerim däl» diýipdir. Gyzy ot-çöpli dag jülgesine getiripdirler. Gyz her hili ot-çöpleri ýygan we gözlän bolup, ýanyndaky ýoldaş aýalyň we garawullaryň gözünden sypyp, daga dyrmyşyp, gaçyp başlapdyr. Yzyndan kowgynyň ýetip gelýänini gören gyz bialaç bolup, daga ýalbaryp başlapdyr.
— Eý, dagym, gara dagym, ýaryl, menem seniň goýnuňa gireýin! Watanymdan, ilimden, doganlarymdan aýra düşüp, özge ýurtda kesekilere hyzmat edenimden ölenim ýagşy. Ýaryl dagym, ýaryl!
Gyzyň nalasyna çydamadyk dag gök gürlän ýaly güňleç ses edip, darka ýarylypdyr. Gyz düýbi garalyp duran ýaryga özüni oklap:
— Ýapyl dagym, ýapyl! — diýipdir. Dag ýapylypdyr. Ýöne, Üzümgül saçlaryny ýygnamaga ýetişmändir. Örüm saçlary dagyň ýüzünde galyp, gudrat tapyp, nähilidir bir çybyga öwrülip, gapdalynda öňden gögeren agaçlara çyrmaşyp başlapdyr. Doganlar haly boýunça Üzümgüliň saklanýan ýeriniň ýoluny tapyp, köşge barmanka biraz düşläp, dem-dynç almagy karar edipdirler. Olar çaý-suw içip, naharlanandan soň, kölegede uklapdyrlar. Üç doganyň üçüsi hem meňzeş düýş görüpdir.Düýşünde Üzümgüliň duşmandan halas bolşy, saçlarynyň hem dagyň ýüzünde galyp, üzüm agajyna öwrülişi aýan bolupdyr. Üzümgüliň sesi dagyň kalby bilen ýaňlanypdyr.
— Doganlarym, meni indi gözlemäň! Men Watanyma, halkyma, size wepaly bolanym üçin duşmanyň elinde galmajak bolup, dagyň arasyna girdim. Siz gögerip oturan dört düýp agajyň çybyklaryndan äkidip, obamyzda ekiň. Obadaşlara we ähli adamlara paýlaň. Bu menden Watanyma we halkyma nyşan bolsun! — diýipdir.
Doganlar üzüm agajyndan ýüzlerine damýan damjalara oýanypdyrlar. Olar birmeňzeş düýşi uýalarynyň ahwaly diýip ýorupdyrlar. Ýokarlarynda agaja çyrmaşyp dalbar ýaly bolup, ak, gyzyl, gara miweleri düzüm-düzüm bolup ösüp oturan täsin agajyň çybyklaryndan pyçak bilen kesip alypdyrlar. Daragta Üzümgüliň hormatyna «Üzümagajy» diýipdirler. Soň bu daragt tutuş adamzada ýaýrapdyr.
Haly hakynda ýene-de kän-kän rowaýatlar, tymsallar bar. Olarda hem Üzümgül rowaýatyndaky ýaly watansöýüjilik häsiýet ýaýbaňlanýar. Çünki Watan ähli zatdan ýokary durýar.
Geçmişde gelin-gyzlar tolkun atyp duran suwuň, agzyny açyp duran aždarhanyň şekilini hala çitip, duşmanyň ýoluna düşläpdirler. Bu şekilleri gören atlar ürküp, serdarlaryny ýykyp heläkläpdir. Başsyz galan goşun bolsa, çozmakdan ellibizar bolup, öz ýurduna gaýdypdyrlar. Bu rowaýatlar gelin-gyzlaryň ussatlygyndan, watansöýüjiliginden gelip çykypdyr.
Oguljemal Çaryýewa,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Edebi makalalar