09:29 Wesýet / satiriki hekaýa | |
WESÝET
Satiriki hekaýalar
Bu edähet mende indi däbe öwrülipdi. Her gün günorta naharyndan soñ edaralarymyzyñ gapdalyndaly çar baglykda iñ bolmanda on-on bäş minut gezelenç etmesem, walla, bir zadym kem ýaly bolup dur. Edil çöregiki gury iýen ýaly bolýan. Eliñi arkaña tutan bolup içiñi gepledip ýörmekligiñ meniñ üçin-ä aýratyn lezzeti bar. Birhili göwnüñ açylýar, iýeniñ siñýär. Işe bolan höwesiñem artýar. Sizden gizläp oturmaýyn, şeýle pursatlarda käte özümin-ä joşaýmajygymam bar. Goşgujyk çyrşaýan, diwar gazeti üçin. Ine, bu günem seýrana çykdym. Bi, skladlars gelip, şo ýerdenem dargaýan delje harytlardan-a hakymyzy alyp bilemzok, kislorod paýymyzy bir ile gidermäli. Lakga balyk ýaly agzymy giñden açyp howadan sordum. Gök gyrtyşlygyñ içi bilen uzalyp gidýän ýodajyk ýüplük ýaly söklenip şol uzap gidip otyr. Ep-esli ýöräpdirin. Be, goýry kölegedäki oturgyjyñ "myhmany" bu gün üýtgäpdir-le. Hemişe goşa gumry ýalyjak bolup aşyk-magşuklar oturýardy. Hon-ha onuñ üstünde bir-ä süýnüp ýatyr. Içgilimikä, işigaýdan. Gowusy, adyny tutmazlyk. Görmedik bolup geçibereýin. Be, meniñ şu edýän işim adamkärçilihe sygýarmyka, gaty rahat bolaýmasyn. Birden ýaraman ýykylyp ýatan bolsa näbileýin. Gitdim bir iñkise. Dogrudan hem üst-baş-a alkaşyñka meñzänok. Töwereginde boşap ýatan çüýşe-püýşe-de ýok. Has golaýragyna bardym, dähedem-dessem edip. Ol adamyñ ýüzi on ýuwlan esgi ýaly juw-akdy. Ardynjyran boldum. Eger-eger gymyldanogam. Biri urup, süýndürip gidiberdimikä. Baryp, yralap gördüm. Uzyn-uzyn iñledi, bir zat diýjek boldy, dili diýenini etmedi. Ýok, bu bendä bir zat bolupdyr. Kömek etmeli. Dadyna ýetişmeli. Ylgap golaýdaky telefon awtomatdan "Tiz kömege" til etdim. - Tizräjik ýetişeweriñ, bir görgüli amanadyny tabşyrjak bolýa... - Onda-munda ýykylyşyp ýatan alkaş gyt däl. Milisiýa jañ ediñ. Eger şolar içgili däldigine güwä geçseler, biz onsoñ barjak bolarys. Eý, toba! Bu nähili düzgün boldugy. Ikirjiñlenip durkam, milisiýanyñ başyny agyrtdym. - Agam, çaltrajyk gelmeseñiz-ä... - Näme, uruşýalarmy? - Ýok. - Onda entek uruşsynlar, ýogsam baranymyzyñ peýdasy ýok. Serewno zat edip bolmaz. Nähili boldy-aý bi. Ýyldyza ýörän ýaly boldum-la. Ugran ugrum gapyşdy durdy. Ýa taksä basyp özüm äkidäýsemmikäm, keselhanalaryñ birine. Beýtsemem, yzynyñ süýregi köp bolaýmasa. Ýok, atylan ok daşdan gaýtmaly däldir. Ölümiñ öýünde ýañky milisionere ýagdaýy düşündirdim. Köp wagt geçmänkä geldiler şakyrdaşyp. Keltejik biri iki elini jübüsine sokdy-da, gopbamsylyk bilen gürledi. - Koneçno, pýan. Oklañ maşynyñ içine. Direnişip duran milisionerler başlygynyñ bir zat diýerine mähetdel ýaly, ýañky görgülini germesatan edip ugradylar. Zordan ellerinden aldym. Aýagymy diräp duramsoñ, ahyry wraç çagyrdylar. Sagadyma seretdim. O-ho-how, işe barmaly. Eñeýin. - Ýok, ýaşuly, biz seni goýberip bilmeris. Düşündiriş ýazmaly bolarsyñ. Biz muña ýörite delo açmaly. Düşnüklimi?! - diýip, ýañky keltejik boýly öñüme böwet boldy. - A-how, inim, o nämäñ düşündirişi. Men-ä o bendäñ çagasyny tanamok, zat edemok. Bolan zatlañ hemmesini ýañy size gürrüñ berdim ahyryn, başga aýdyp biljek zadym ýok, on sutka şu ýerde oturamda-da. Onsoñam men işe howlugýan, başlygymyz gatt hyrsyz, ol meñ derimi soýar... Olar bilen oýnuñ deñ gelýämi. Sähel gañyrşyna gaýtsañ, eliñi arkaña dañjaklar. Onýança doktorym gelip ýetişdi. Iki maşyn bolup gitdik sürlenişip, keselhana. O görgüliñ şo özüni bilmän ýatyşy. Alyp galdylar. Işe, gelibem, birhili zat bilen wejim bolmady. Agşam ýatamda-sa göz öñüme geldi durdy, bende. Ertesi irden başlykdan rugsat alyp, keselhana gitdim. Nobatçy wraç meni görenden başyny ýaýkady-da: - Enteg-ä özüne gelenok. Göräýmäge görgüliñ kem ýerem ýok ýaly, analizleri oñat. Ahyry alaç tapmamyzsoñ professor çagyrdyk - diýip, haladynyñ synyny kakyşdyrdy. Lapym keç bolup yzyma gaýtdym. Analizleri oñat bolsa, kem ýerem ýok bolsa, näme bolup biler? Ýokarkyñ özi gowusyny etsin, her hili kesel bar-ow. Giç öýlänler işden çykyp, bazara bardym. Delje zatlardan ony-muny alyşdyryp, ýene-de keselhana tarap ugradym. Belki, özüne gelendir. Onuñ haçanky açlygy. Ýogsa-da professor näme diýdikä? Wah, o görgüliniñ kimdiginem bilip bolanok, ýanyñ dokumentsiz gezmeli däl-aý. Nirede, näme boljagyny bilip bolanok. Häzir hossarlary yzynda yzzan-da-çuwandyr. Ynsan balasy şeýle güne düşmäwersin. - Syrkawyñyz-a dil açdy - diýip, nobatçy wraç meni begendirdi. - Ýöne onuñ häzirlikçe bar aýdýan sözi bir söz. "Kitap"... "kitap" diýip gygyryp ýatyr. Düzelşer, gaýgy etmäñ. Oña seredýän professor gaty güýçli adam... Men elten zatlarymy goýuşdyrdym-da, gaýdyşyn düýnki ýere sowuldym. Ine, şol oturgyjyñ aşagynda bir kitap ýatan eken. Garbap aldym. Juda galyñ kitap, kerpiç ýaly. Ony sumkama saldym-da, eñdim yzyma. - Buşluk, syrkawyñ saýrap başlady - diýip, hälki wraç meni gujaklady. Iñ uly doktordan rugsat alyp, onuñ ýanyna bardym. Salamlaşdyk, tanyşdyk. Bolup geçen zatlary oña gürrüñ berdim. Ol uludan demini aldy-da: - Sag bol, gardaş. Doganlyk kömegini etdiñ. Paýtagta komandirowka gelipdim. Biziñ illere, Lebap boýuna barsañ, gözümiñ üstünde ýeriñ bar - diýip hamsykdy. Gürrüñimiziñ arasynda onuñ näme keseliniñ bardygyny, nämeden ejir çekýändigini soradym. - Wah, dogan jan, ýyldyza toýnak salýadym. Kitap magazinine baryp, ho, Girdenekow diýilýän ýazyjynyñ "Çatrykdaky çaknyşyk" diýen romanyny aldym. Ýeser ýaly, salkynjak saýada okamaga oturdym... - Ol ýene-de hyk-çok edip başlady. Men gorkdum. Kitabynyñ tapylandygyny aýtjak boldum. Sumkama ýapyşanymam şoldy welin, ol gürrüñini dowam etdirdi. - Ine, meñ başyma ýeten şo kitap boldy. Zaýalanan zat içseñ içiñi zäherleýä, ruhy iýmitiñ zaýasy welin, añyñy zäherleýä. Okajak zadyñyzy seljereweriñ, gardaş - diýip, ol ýalbaryp diýen ýaly wesýet etdi. Hoşlaşyp çykyp gaýtdym. Ýolda ýañky kerpiç ýaly galyñ romanyñ tiražyna seretdim. Baý-baý-ow, men-ä aýtmaga-da çekinýän, ýene-de näçe adam ol eser bilen başa-baş söweşe girmeli. Üstünlik hemrañyz bolsun, gadyrly okyjylar! Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |