09:29 Ýadymda galan pursatlar | |
ÝADYMDA GALAN PURSATLAR Durmuş misli bir derýa mysaly, bizi öz goýnuna alyp, şol akyp dur, akyp dur. Kähalat, durmuş atly möwçli derýanyň kenaryna çykyp, öz ömrüňde bolup geçen wakalara, durmuş pursatlaryna ser salanyňda, geçmişiňde seniň bilen bagly bolup geçen wa- kalary, käbir pursatlary bile paýlaşan dost-ýarlaryň hakda oýlanýarsyň. Şonda olaryň adamkärçiligi bilen seniň ykbalyňda goýan ýakymly duýgularyny minnetdarlyk bilen ýatlaýarsyň. ■ Ýagşyny ýatlap... Biz şol wagtlar Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talybydyk. Men okuwdan soňra žurnalistika hünäri boýunça gurnaga gatnaýardym. Bir gün okuw wagty beýleki toparda okaýan Muhammet ýanyma geldi-de, özi bilen tanyşdyrdy. Men dogrusy, oňa çenli ony tanamokdym. Soňra ol özüniň hem žurnalistika boýunça geçirilýän gurnaga gatnamak isleýändigini aýtdy. Men oňa okuw wagtymyzy we salgymyzy berdim. Şeýdip biziň Muhammet bilen tanyşlygymyz başlandy. Soňra men ony näçe içgin tanadygymça, onuň zehininiň juda giňdigine, köptaraplydygyna haýran galýardym. Ol okamaga höwesli, ylma berlen adamdy. Haçan görseň, okalga zallaryndan çykmazdy. Ol talyp wagty hem ullakan äýnegi dakynyp, özüni alyp barşy, salyhatlylygy bilen professorlara meňzeýärdi. Ol iň ökde talyplaryň biridi. Soňra biz birnäçe oglan-gyz bolup ýörite niýetlenen meýilnama boýunça Russiýanyň häzirki Sankt-Peterburg şäheriniň Döwlet uniwersitetine okuwymyzy dowam etdirmek ■ Wagtyň gymmaty Ynsanyň her güni 86400 sekuntdan durýar diýýärler. Biziň ygtyýarymyzda her gün 86400 sekunt. Biz eýse ony nämelere harçlaýarys?! Meniň enem pahyr belki, wagt bilen bagly bu hasaby bilmedik bolmagy ahmal. Emma onuň ýanynda bolan mahallarymyz edýän işlerini ýatlan mahalym indi-indi, onuň bu hasapdan hem başga bir hasap bilen ýaşandygyna göz ýetirýärin. Sebäbi ol agtyk-çowluklarynyň göwnü- ni görmekden başga-da, obada durmuşa çykýan gyzlaryň ýorgan-düşeklerini elinde tikip bererdi. Obalarynda toý-tomgy bolsa, onuň orny tördedi. Ol mydama iliň-günüň hyzmatynda- dy. Mal-mellek işleri hem köplenç, enemiň boýnunady. Onuň gapylaryny suwlap şam-u-säher güllerine ideg edişi, olaryň agşamyň salkynynda hoşboý ys ýaýradyp açylyşyna guwanyşyny, ýa-da bolmasa, ýaňy hal atan üzümleriň daşynda buýsanç bilen aýlanyşyny ýadyma düşürenimde, onuň tebigata golaýlygyna, adamlara bolan mähir-mylakatyna haýran galýaryn. Hawa, wagt bize garaşmaýar. Ol misli bir derýa kimin öz akymyna eýerip, şol akyp dur. Biziň etmeli zadymyz şol wagty tygşytly tutup, ony ýagşy pursatlar, peýdaly zatlar, haýyrly işler bilen doldurmak. Şonuň üçin biziň duşumyzdan geçip barýan her sekundy şatlyga, bagtyýarlyga, mähir-muhabbete, ynsanlara bolan beýik söýgä öwrüp, ony ýakynlarymyz, dost-ýarlarymyz, dogan-garyndaşlarymyz bilen paýlaşmagymyz gerek. Gyssanalyň, mähribanlar, wagt garaşmaýar. ■ Söýginiň güýji Gülöwseriň durmuşy, turuwbaşdan, şowly boldy. Ol özüni söýen ýigidine durmuşa çykdy. Maşgala boldy, heniz ýokary okuw mekdebinde okap ýörkä ilkinji perzende gözi düşdi. Ogul ýerinde ogly, gyz ýerinde gyzly boldy. Ýoldaşynyň gije-gündiz yhlas bilen işlemegi netijesinde gurply durmuşa eýe boldy. Deň-duşlary bularyň söýgi, mähir, rysgal-bereket gatylan durmuşyna, olaryň bagtyýarlygyna daşyndan guwanýardylar. Gülöwseriň edil ertekilerdäki ýaly täsin dur- muşyny her kes daşyndan höwes edýärdi. Şeýle günler hiç haçan soňlanmajak ýalydy. Türkmen aýtmyşlaýyn, «Iki aýakly, iki günde». Gülöwserem oglunyň sag-aman ýokary okuw mekdebini tamamlap gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Onuň ogly üçin niýetläp goýan gelinligi bardy. Bu sapar Gü- löwser ogly bilen çynlakaý gürleşmegi ýüregine düwdi. Ogly ejesiniň saýlan gelinligine kes-kelläm garşy boldy. Öz göwün söýen gyzynyň bardygyny, oňa öýlenmäge wada edendigi- ni aýtdy. Gülöwseriň muňa gahary geldi. Ol ogluny diňleme- di. Öz diýenini gögertdi. Ejesiniň soňky wagtda çaşyp-üýşüp kesel tapynanyndan gözi gorkan ýigit, onuň saýlan gyzyna öýlendi. Toý tutuldy, gelin geldi. Emma Gülöwserden başga bagtly bolan bolmady. Ýigit täze gelniniň ýanyna-da barmady, ýüzüne-de seretmedi. Ýogsa, ol bagtygara gyzyň günäsi hem ýok ýaly. Ejesiniň toýdan soňky çaşyp-üýşmelerem ýagdaýy düzetmäge kömek etmedi. Bu ýagdaý ep-esli wagta çekdi. Bir günem Gülöwser gelnini otla mündürip atasy öýüne eltip gaýtdy. Tiz wagtdan öz göwün halan gyzyny öýe geti-ren ýigidiň ökjesi ýere degenokdy. Ol dost-ýarlaryny çagyryp öz bagt toýuny toýlaýardy. Ýaşlaryň gözlerindäki bagt uçgunyny gören goňşy-golam, hak aşyklaryň bir-birege gowşany- ny çyn ýürekden oňladylar. Diňe Gülöwser özüni kemsidilen ene hökmünde alyp barýardy. Kämahal biz — ene-atalar öz sözümizi gögertjek bolup, perzentlerimiziň göwün isleglerine kem-käs garaýarys. Ýogsa, dünýäde söýgüden, yşkdan ýokary güýjüň ýokdugyna düşünmänem duramzok, ahyry. ■ Gül ajaýyp sowgatdyr... Ol gün ýokary okuw mekdebiň talyplary bolup paýtagtda tejribelik okuwyny geçýärdik. Ýyldaşlar bolup üýşüp Metbugat öýünden çykyp gelýärdik. Bir rus zenany bir galtak güli ýükläp bazara alyp barýardy. Hemmämiz: «Waý, bu gülleriň owadandygyny» diýenimizi duýman galdyk. Gül ajaýyp sowgatdyr adamlara jennetden, Öňküden keremli bor öýe gül getiren adam. Gülçi daýza owadan güllerini deňimizden alyp geçe- ninden soň hem onuň gürrüňi ýatmady. Biz degşip-gülşüp, nädip umumy ýaşaýyş jaýyna ýetenimizi hem duýman galypdyrys. Otagymyza gelip, gapyny açanymda gözlerime ynanmadym. Ýaňky gülçi daýzanyň bir galtak güli otagymyzda hoşboý ysyny saçyp durdy. Men gyzlardan güli kimiň getirenini soranymda, olar: «Öňküden keremli bor öýe gül getiren adam» diýip, goşgy setirleri bilen jogap berdiler. Maňa diňe: «Goý, dünýäde öňküden keremli, öýe gül getirýän adamlaryň sany köp bolsun!» diýäýmek galdy. Ogulgözel ŞAGULYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |