20:40 Ýakyn taryhyñ syrly sahypalaryndan | |
ÝAKYN TARYHYÑ SYRLY SAHYPALARYNDAN
Geň-taňsy wakalar
Öz islegiñ bilen işden gitmek - bu diñe işläp ýören wezipäñden ýadamakmy? Ýa-da ondan has beterimi? Ýa bolmasa öz arzañy ýazyp işden gitmekligiñ añyrsynda başga-başga zatlar barmy? Aşakda muña degişli käbir mysallary okap, bu soraglara özüñizçe jogap tapmaga synanşyñ... Kämahal hemme gowy görýän zadyñdan geçip, hemme iş-aladany taşlap bilmegem mertlik bolsa gerek... ■ Taýwanyñ ykdysadyýet ministri Li Çih Kang 2017-nji ýylyñ 15-nji awgustynda Taýwanyñ ähli künjeginde tok öçdi. Ýurt tümlüge bürendi. Müñlerçe adam liftlerde galdy, ýoldaky çyralaryñ işlemän galandygy sebäpli onlarça ýol-ulag heläkçiligi bolup geçdi. Dört sagat geçensoñ kemçilik düzedildi. Toguñ elektrik stansiýasynda ýüze çykan ýalñyşlyk netijesinde öçendigi belli boldy. Munuñ üçin ykdysadyýet ministri Li Çih Kang jogapkärçiligi öz üstüne alyp, ministrler kabinetine öz islegi bilen işden gidýändigini mälim etdi. ■ Günorta Koreýanyñ premýer-ministri Çon Honwon 2014-nji ýylyñ 16-njy aprelinde Günorta Koreýada ýolagçy daşaýan gämi gark boldy we 300-den gowrak adam öldi ýa-da dereksiz ýitdi. Wepat bolanlaryñ hossarlary degişli wezipeli işgärleriñ etmeli işlerini doly ýerine ýetirmändiklerine nägilelik bildirdi. Döwlet baştutanynyñ giñ wezipe ygtyýarlygynyñ bolan ýurdunda premýer-ministr simwoliki ýagdaýda bolsa-da öz islegi bilen işden gitdi. Onuñ işden gidişi ýöne-möne-de bolmady. Ol meýletin işden gidýändigini teleýaýlymda göni efirde mälim edip: "Premýer-ministr hökmünde şular ýaly pajygaly wakada jogapkärçiligi öz boýnuma alyp, kürsini meýletin boşatmaly diýen karara geldim. Ýerine ýetirmeli işleriñ öz wagtynda ýerine ýetirilmändigi üçin ministrler kabinetinden ötünç soraýaryn" diýdi. ■ Germaniýanyñ bilim ministri Annette Şawan Annette Şawan 2013-nji ýylda Angela Merkeliñ hökümet düzüminde bilim ministridi. Şol ýyl Dýusseldorf uniwersiteti tarapyndan 1980-nji ýyldaky doktorlyk dissertasiýasyny özi ýazman, plagiatlyk edendigi mälim edilip, doktorlyk ylmy derejesi elinden alyndy. Annette Şawan aýyplamalary inkär etdi we uniwersitet bilen sudlaşjakdygyny aýtdy. Şol bir wagtyñ özünde ol öz islegi bilen işden gidýändigini mälim etdi. Şawalyñ Merkel bilen bile beren metbugat serişdelerine beýannamasynda Merkel onuñ meýletin işden gitmek baradaky arzasyny kabul edende gynanandygyny, muña garamazdan onuñ arzasyny kabul edendigini aýtdy. ■ Gazagystanyñ Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Ýurtda täsiri güýçli taýpadan gelip çykan Nursoltan Nazarbaýew 1940-njy ýylda dünýä indi. Sowet döwründe Kommunistik partiýanyñ düzüminde dürli wezipelerde işlän Nazarbaýewe üýtgedip gurmak döwründe M.Gorbaçýow SSSR-iñ baş sekretarynyñ kömekçisi wezipesini hem hödürläpdi. 1991-nji ýylda Gazagystan SSSR-iñ düzüminden çykyp, garaşsyzlygyny yglan edende alan Prezidentlik kürsüsine mäkäm ýapyşan Nursoltan Nazarbaýew ýurtda çäksiz ygtyýarlyklara eýe boldy we özüne garşydaş partiýalara doly mümkinçilikde işlemäge ýol bermedi. Konstitusiýada yzly-yzyna iki gezek Prezident saýlanmaga hukugy bar diýlip görkezilen maddany üýtgedip, çäklendirilmedik möhlete çenli saýlanmaga hukugy bar diýen jümläni girizdi. 2019-njy ýylyñ 19-njy martynda garaşylmadyk ýagdaýda Nazarbaýew "Edil häzir möhüm bir habary aýtmak üçin garşyñyza çykýaryn" diýip başlan çykyşynda Prezidentlik wezipesinden öz islegi bilen gidýändigini mälim etdi. 79 ýaşly Nazarbaýew 1991-nji ýyldan bäri eýeleýän döwlet baştutany wezipesinden hut teleýaýlymda göni efirde el çekdi. ■ Angliýanyñ Obşinalar palatasynyñ başlygy Robin Kuk Taryhyñ sahypasy 2003-nji ýyly görkezende ABŞ bilen Angliýa "Azatlyk hereketi" ady bilen Yragy basyp almaga taýýarlanýardy. Olaryñ bar bahanasy Yragyñ "köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny öndürmegidi". Emma Birleşen Milletler Guramasy Yrakda geçiren 700-den gowrak barlagynda hiç hili ýarag öndürilýän ýere duş gelmedi. Iñlis halky ýurdunyñ urşa goşulmagyna garşydy. Şonuñ üçin 15-nji fewralda Londonyñ köçeleri nägileligini bildirip köçä çykan adamlardan doldy. Obşinalar palatasynyñ başlygy Robin Kuk bolsa premýer-ministr Toni Bleýre we Angliýanyñ urşa goşulmagyna nägilelik bildirip öz islegi bilen wezipesini taşlady. Onuñ iş taşlaýşynyñ hiç zada nepi degmedi, Yrak koalizasion güýçler tarapyndan okkupirlendi. Emma Robin Kuk 2005-nji ýylyñ 6-njy awgustynda aradan çykanda "Yrak okkupasiýasyna garşy çykyp, wezipesinden el çeken adam" diýip ýagşylykda ýatlandy... ■ Fransiýanyñ premýer-ministri Žan-Mark Ero Sosialistik partiýanyñ agzasy Žan-Mark Ero 2012-nji ýylyñ 15-nji maýyndan 2014-nji ýylyñ 31-nji martyna çenli Fransiýanyñ premýer-ministriniñ kürsüsinde oturdy. Ol 2014-nji ýylyñ halk deputatlarynyñ nobatdaky saýlaw kampaniýasynda sosialistleriñ ýeñlişe uçramagy sebäpli wezipesinden meýletin el çekdi. Ero işden gidensoñ teleýaýlymda eden çykyşynda "saýlawlaryñ sosialistik partiýa üçin uly ýeñliş" bolandygyny gynanç bilen belledi. ■ ABŞ-nyñ Prezidenti Riçard Nikson Riçard Nikson 1968-nji ýylda Respublikan partiýadan talaşgärligini görkezdi we saýlawlarda üstün çykyp 1968-1972-nji ýyllarda Prezidentlik kürsüsinde oturdy. 1972-nji ýyldaky saýlawlarda hem üstünlik ýeñiş gazandy. Emma oña gazanan ýeñşiniñ hözirini görmek uzak nesip etmedi. Niksondan tabşyryk alan respublikançylar garşydaşlary bolan Demokratik partiýanyñ ofisine diñleme enjamlaryny ýerleşdirendigi ýüze çykanda, ol öz islegi bilen işden gitmäge mejbur boldy (Watergeýt dawasy). Aslynda amerikan prokuraturasy işi alyp barýan derñewçileri wezipeden çetleşdirmek bilen uzak wagtlap dawanyñ üstüni örtmäge çalyşdy. Emma "Waşington Post" gazetiniñ žurnalistleriniñ ýadawsyz tagallasy we ýustisiýa ulgamynyñ başda durmagy netijesinde hakykatlar orta çykdy... Riçard Nikson ABŞ-nyñ taryhynda häzire çenli arzasyny ýazyp meýletin işden giden ýeke-täk Prezidentdir. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |