01:44 Ýalan dünýä, ýalan dünýä / hekaýa | |
ÝALAN DÜNÝÄ, ÝALAN DÜNÝÄ
Hekaýalar
Iň gowular bu dünýäni ýeke-ýekeden terk edip, gidip barýarlar. Oň bir görip görgülä şeý diýdiripdirler: «Giden gaýdyp gelenok welin, o taýda bir hezillik bar öýdýän». A-how, şoňkyňam jany bar bolaýmasyn! Hawa, gowular sypba-sypba sypyrylyp gidip barýarlar. Diýmek, bu dünýä bir zad-a bolýar. Diýmek, bu dünýäniň gyzygy gaçyp ýören bolmaly. Diýmek, bu dünýäde gowulara durarlyk ýok bolara çemeli. Gowy diýsegem diýdik welin, kimiň gowy ― kimiň erbetligini kim bilýär?! Diňe Alla bilýär. O-da aýtmaýar. Anha, ýatyr bir kişi. Uzyn süýnüp. Ýüzünde öliniň reňki ýok. Öňden tanamaýanlar ony lüti çykyp, uklap ýatandyr öýder, tanaýanlar bolsa: «Meret han, munyňdan ýalan bolmaz, tur!» diýer. Men näme diýeýin? «Bu ýatan bendä ömrüňde bir gezejik bir ynanyň-how!» diýjek. Onuň tohum-tijinde ýalançy ýokdy. Bu haýsy eneden, haýsy atadan döräp beýle bolduka? Belki, bu gylyk oňa çagalygyň, soňy mydama gowulyk bilen gutarýan, jadyly ertekilerinden galandyr? Belki, owadan gyzlara diňe bäşlik goýup, on alty ýaşly Mejnunyň öz synpdaşyna ýazan hatyny tutanda-da, ony it ýaly ýenjip, mekdepden kowan mugallymlardan galandyr? Belki, onuň on ýyllap okanlaryny soň bir zarbada kül-peýekun eden rehim-şepagatsyz durmuşdan galandyr? Ýalan gyzlaryň ýalan söýgüsinden galandyr? Belki... Belki, hiç kimden, hiç zatdanam däl-de, onuň dözmezek ýüreginden galandyr bu edähet? Onuň ýanyna bir haýyş bilen gelip, «ýok» sözüni eşiden adam ýok. «Bor, agam!», «Bolýar, inim!», «Gaýgy etme,uýam!»... Bugdaý söz onda wagon-wagondy. Şoňa barabar onda bugdaý nanam bolan bolsa, o-da ony eger soňky döwümine çenli ile paýlamasa, tüf ýüzüme! Emma, arman, hatda ýalançylaryňam gowusy hor bolar eken, garyp bolar eken. Garyplygyndan başga-da, ony ýüňsakgal edýän başga bir zat bardy ― o-da onuň huşy. Ýalançylygyňam öz kanunlary bar. Onuň baş kanuny: Huşuň gowy bolsun. Ýalan aýtdyňmy ― ýadyňda sakla! Meret neresse welin, biri öňünden çykyp, «Meret jan,salawmaleýkim!» diýse, oňa-da birwagt bir wada berendirin öýdüp, waleýkimiň ýerine «Seňkem ýadymda, seňkem ýadymda...» diýerdi. Oňa igenmeýän, käýinmeýän, iňirdemeýän, hüňürdemeýän, sögünmeýän, gargynmaýan ýok diýen ýalydy. Emma, ýigrenýän welin... bilmedim-dä... ― Äý, sen-ä bir ýalançy ekeniň! ― diýip, gazap bilen onuň ýüzüni dalarsyň. ― Men nädeýin, dünýäň özi ýalançy-da! ― diýip, müýnli ýylgyrar. Onsoň nädip ýigrenjek?! Seniň bir adama işiň düşüpdir. Tutuş ykbalyň şol adamyň şol işi bitirip-bitirmezine bagly. Dogrusy, beýle adamam, beýle işem ýer ýüzünde ýok welin, şol pursat seniň göwnüňe hut şeýledir. Hawa, ol adamam Meret tanaýandyr. Onuň tanamaýany hem ony tanamaýan barmy! Hawa, onsoň bardyň Merediň ýanyna. ― Pö-ö-w, şomy bar aladaň. Ertir irden gel, gidýäs üstüne. Daş ederis! Ertesi irden ýene bararsyň. Merediň ýanynda eýýäm biri oturandyr. Ýa-da ol ýaraýan däldir. Ýa işlejekdir. ― Pylan jan, görýäň-ä meň ýagdaýymy. Gowusy, seň özüň gidäýsene. Bar-da, göni aýt, şeýle-şeýle diýip. Bitirer. Bitirmese, özüm gürleşerin. Sen aljyrarsyň, tolgunarsyň, gyssanarsyň. ― Onda seniň adyňy beräýeýinmi? ― diýersiň. ― Aý, beräý berseň! Ýene birsalym oýurganar-da: ― Meniň adymy berip nätjeg-aý! Öz adyň, näme, meňkiden pesmi? ― diýer. Sen gazap donuny geýip, gahar atyna-da atlanyp, ýola düşersiň. Şol işiňi bitirmeli adamyň gaşyna göni atyňy sürüp bararsyň. Işiň biter. Hatda şol adam bilen dostlaşybam gaýdarsyň. Hem köşeşeňsoň, Merede minnetdar bolarsyň. Ýeri, onsoň ony nädip ýigrenjek?! Bar, Meretden bir möhümiň bitmänem eken ýa-da onuň «Pylança wagtdan gowy bolar» diýen zady bolmanam eken-dä. Şol pylança wagtlap umytda, ýagşy niýetde, oňat arzuwda gezeniň özi nämä degmeýär. Bu dünýede biziň haýsy bir bolar öýden zadymyz hökman bolanmyş! Onsoňam biz bütin ömrümize öz-özümizi aldap gezenimiz üçin öz-özümizden göwün-garyn edemzok-da, başga biri bizi birki gezejik aldanda, nämüçin ondan gaty görmelimiş! Ynha, petde-petde lotereý alýas. Telim aýlap, şol petdeler ýadymyza düşende, ýüregimizi gürsüldedip gezýäs. Emma bir günden bir gün şol petdeleriň bary puç çykýar. Onsoň şony oýlap tapana, ýasana, satana, hatda alana-da sögünýäs, emma, ýigrenemzog-a! Sebäbi arada şol telim aýyň umydy ýatyr. Umydy bolsa (bitse-de, ýitse-de) ýigrenip bolmaz. Biz «Ýalançynyň jaýy jähennem»diýýäris. «Näumydyň jaýy jähennem» diýen sözem bar eken. Aý, her ýerde özümiz ýaly akylly kişiler bar-ow! Biz ýaňy nirede durduk? Hä, Meretde. Meniňem huşum men diýen ýalançynyňkyçarak bardyr görseňiz. Aslynda menem, aslynda biziň hemmämizem... Biziň hemmämizde-de ýalançylykdan bir zerrejik bar bolaýmasyn?! Baryp-ha gadymy oguzlar aýdypdyr: «Dälilik damary her kişide bardyr, däli diýdikçe, ol damar böýär (ýognar)». Dälilik damary bolan ýerde, näme üçin ýalançylyk damaram bolmaly dälmiş! Aslynda, adamyň özi damardan döremeýärmi? ...Merediň, Merediňem däl-de, umuman, ýalançylygyň nireden, nädip döränligini, barybir, bilip bilmedik. Bilibem bilmeris. Ýöne bu derdiňmi, keseliňmi, damaryňmy ― düýn ýa şu gün dörän zat däldigi-hä belli. Haçan gutarjagy welin belli däl! Bizden has gadymy, has akylly, has gowy adamlar diýip gidipdir-ä: «Ýalançy Taňrynyň duşmany diýrler. Emma, jaý ýerinde ýalan ýagşydyr». Diýmek, munuň jaý ýeri, gerek ýeri öňem bar eken. Bu ― ýalançylygyň gowulyga ýorulýan ýeri. Eger ony erbetlige ýorsaň: «Zamana düzelmän, ýaman düzelmez» diýleni bar. Ony namartlyga ýorsaň: «Şuny belli biliň, namartlar ötmez» diýleni bar. Diýmek, bu dünýede ötýän zat ýok. Diňe bizden başga. Haktagala siňegi ýaradypmy ― diýmek, onuňam bir gerek ýeri bardyr. Eger ol ýamany, namardy, ýalançyny ýaradan bolsa... Emma, onuň Meredi nämüçin beýle tiz alanyna men haýran. Elbetde, gerekdir ― alandyr. Eýesine gerek bolsa... Ýöne Meret neresse kän zat edip öljekdi, arman, diňe ölmäge ýetişdi. Diýmek, onuň ýalançylyk zehininiň bir kemter ýeri bar eken. Ýogsam, neresse, Ezraýyly dagy azyndan togsan dokuz gezek aldar öýdýärdik. Ýalanyň geçmeýän ýerem bar eken, adamlar, ahmal bolmalyň! Meret neressä bir gezek bir kişiniň şeý diýip duranyny gulagym bilen eşitdim: ― E-e-eý, inim! ― diýdi ýaňky kişi. ― Sen dünýäni aldaryn öýdýänsiň. Dünýe saňa aldatdyrmaz. Sebäbi, aldawçylykdan, ýalançylykdan onuň tejribesi, emeli has kändir, has inçedir. Seniň bu ugurdan toplan bäş günlük tejribäň onuňkyň ýanynda oglan oýunjagy ýalydyr. ― Eý, atam! ― diýdi Meret neresse-de. ― Aldanman, aldap bolmaz. Ýalançam ýalançylygy ilki özüni aldap öwrenýändir ― diýdi. Yzyndanam ýylgyryp: ― Ýöne, men ýalançy däldirin! ― diýdi. ― Seniň ýalançy däldirin diýmäň özi barypýatan ýalançylyk ahyryn! ― diýdiler. ― Äý, ol meň tapan sözüm däl ― diýdi. *** Ol ýalançylyga kesp-kär hökmünde däl-de, özbaşyna bir sungat hökmünde serederdi. Kesp-kär adama gazanç, baýlyk getirip biler, emma, sungatyň näme getirýänini sungat adamlary gowy bilýändir. Sungatyň ähli görnüşlerinde bolşy ýaly, ýalançylykda-da körzehinler, galp zehinler bolar eken. Şeýle ýalançylara duşanda, Meret neressäniň jany ýanardy. *** Onuň baş kesbi ― tamadaçylygy hakda kelam agyz aýtmasak, onda Meret hakda asla zat aýtdygymyzam däl. Şenbe, ýekşenbe güni geler welin, öýüniň deňinde bir maşyn düýt-düýtläp durandyr. Gidende, maşyna öz aýagy bilen münerdi, gelende, göterip düşürerdiler. Gapydan girer-de, yranjyrap durşuna: ― Näzlim-ow! ― diýer. ― Merez! ― diýip, öýüň töründen jogap geler. ― A-how, keýwany! Sen içdiňmi ýa men içdimmi? Meň adymyň bir harpyny birhiliräk aýdýaňla-how! ― Häk, seniň adyňam başyňy iýsin ― zadyňam. Gaýdybam, toý diýip gapydan gelsinler... ― Äý, şeýtsene, näzlim! Gapydan goýbermesene. Şü, menem irdim-how, ynansaň. Şü. «Mere-e-et!» diýip gelerler welin, «Mere-e-ez!» diýsene, hälkiň ýaly. Aýaly has gazabyna tutup, birki şenbede onuň daşyndan gulplabam gördi. Pah-haý, bir däl ― on aýaly duran ýerinde aldamasa, Meretden Meret boljakmy! Nädip, nireden habar ýetiripdir ― ertesi bir gyzyl papakly ýetip geldi. Elini papagynyň etegine ýetirdi-de: ― Graždanin Nuryp şu taýda ýaşaýamy?― diýdi. ― Howwa! Howwa? Toba-toba! Näm boldy? ― diýip, Merediň aýaly ýakasyny tutdy. ― Graždanin Nuryp häziriň özünde bölüme barmaly! ― diýäge-de, milisioner Meredi öňüne salyp alyp gitdi. Şeýdip, Meret iki-üç hepde ýany miliseli, toýa gatnady. Gelendenem, tapur-tupur, sessiz-üýnsüz ýatardy. Aýaly ahyrsoň onuň içgili gelýänini aňdam welin, Meret äwmedi: ― Äý, näzlim, şü milisä işiň düşmesin ― diýdi. ― Muňa-how, düşüner ýaly däl. Öň-ä içseň urýadylar, indem içmeseň urýalar. Soň Meret bir aýlap «prokurora» gatnabam gezdi. Meret ýalylara aýalyň bir sadasam duşaýýa. Onuň tamadaçylyk edişi, toýy alyp barşy welin ― sungat. Mekdep. Ol söz berýän adamlaryny Arşa çenli göterip, girdenek adamdan pälwan, gysgançdan Hatamtaý, gorkakdan batyr ýasap bilýär. Toý eýelerini olardanam belende, toýuň günäkärlerini belentdenem belende göterýär. Onsoň, adam görgüliler tä toý tamam bolýança, al-howada gaýyşyp ýörler. Ol bir-birine näzli-näzli, syrly-syrly seredişip, ýylgyryşyp oturan çatynjalara ömürlik bagt arzuw edýär: ― Pylan jigim, pylan inim! Bu durmuşdyr, adamçylykdyr, käte sene-mene-de bolaýgyçdyr. Ýöne ojagaz zatlara perwaý edip ýörmäň. Maşgala dawasy Adam ata bilen How eneden bäri bar zatdyr. Şu gün käýişseňizem, ertesi biriňiz «Gumrujygym!» diýiň-de, beýlekiňizem myr-myrlaberiň... Beýle bagtyň hiç ýerde, hiç kimde ýokdugynam, bu näzlerden, bu syrlardan, bu bakyşlardan, ýylgyryşlardan, nam-nyşan galmajagynam, Adam ata bilen How eneden başlanan bu galmagalyň tä dünýe ahyr bolýança gutarmajagynam, bu gugurdaşyp oturan gumrularyň az möhletde ganat-perden aýryljagynam, ol gowy bilýär. Şonda-da diýýär. Diýmän durup bilenok. Onuň toý hakda toýdan daşarda berýän düşündirişi bir başga: ― Adamyň başyna bir iş düşende, il-gün üýşýär. Adam öýlenende-de, şeýle. Göwünlik bermek üçin gelýärler. «Mert bol, hemmäňem başynda bardyr bu!» diýdikleri-dä. Elbetde, muny daşyndan aýdanoklar. Oň ýerine, aýdym aýdyp berýärler, tans edip berýärler. Ýeri, munuň haýsy gepiniň çyn, haýsynyň ýalan, haýsynyň oýundygyny bilip bilseň bil-dä onsoň! Birzaman «Açlygyň suratyny çekmeli» diýip ýaryş yglan edilenmiş-de, bir suratçy otyrýeriň suratyny, onuň agzyna-da düşdüşiň kerebini çekäýenmiş. Düşünen adam şol otyrýeriň eýesiniň içinden bu golaýda ― bu çakda yssy-ýyly geçmändigini ýaňky suratdan aňaýmalymyş. Men bir suratçy bolsam, «Dünýäniň suratyny çekmeli» diýibem ýaryş yglan edilse, Merediň suratyny çekäýerdim. ...Geň ýeri, onuň yzynda diňe ýekeje suratdan başga suratam galman eken. Ol ýekeje suratam ― çagalyk döwründen. Kiçijik perişde ýaly, ýylgyryp, gözleriň içine seredip otyr. Bu suraty görenleriňem kimsi «Kiçijik perişde» diýse, kimsi «Kiçijik şeýtan» diýýär. Anha, ýatyr neresse. Ýüzem gitdigiçe, nurlanyp barýan ýalymy? Saçlary welin çuw-ak bolaýypdyr. Dirikä, bu saçlaryň «hersiniň düýbünde ýetmiş sany ýalan bar» diýerdiler. Aýdyşlaryna görä, adam gabra girensoňam, saç-sakgaly öser durarmyş. Diýmek, onda, Meret o taýda-da dek ýatmaly däl... Toba-toba, oýnuň ýerimidir bu! ...Sakgaly döşüni ýapyp duran ýaşuly «A-how, halaýyk, Meret pahyr nähili adamdy?» diýip, bizden öwran-öwran soraýar. Näçe gezekler aldananam bolsak, oýnalanam bolsak, öýkelänem bolsak, «Gowy adamdy» diýesimiz gelip dur. Adam ömri ― bir ýowuz synag, ondan abraý bilen geçip, o dünýä sag-aman özüni atan adamy uly beladan sypan ýaly görmeli. «Meret neressäňem sag-aman aşdygy bolsun-da hernä!» diýýäs içimizden. Diýýäs-de, otyrys bir tümmek guma seredip. Hawa, bu neresse-de hiç bir ýalany ykrar etmeýän ýeke-täk Hakykata ― Ölüme boýun bolup, dünýeden gaýtdy. Ýaşany ýalan ýalam bolsa, öleni çyn. Bizem otyrys. Dünýe boşap galan ýaly. Tukatlyk. Göwnüňe bolmasa, bu neressesiz ýagty ýalançyň özüniňem ýüregi gysýana meňzeş. *** Özüne şeýle meňzeş, şeýle gerekli adamlaram şeýle aňsatlyk bilen elden giderýän bolsa, onda bu dünýäniňem ýalanlygy çyn bolmaly. Kömek Kulyýew. | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |