07:01 Ýöne beýle däldi, dünýäň hyýaly | |
ÝÖNE BEÝLE DÄLDI DÜNÝÄÑ HYÝALY
Gözüň açyp, dolduň gujagna dünýäň, Ilki dadan zadyň päk süýdi Enäň, Şol süýt deýin päkdiň, ýokdy seň günäň, Ömrüň şol päklikde ötäýjek ýaly, Ýöne beýle däldi dünýäň hyýaly. Çagakaň bökjekläp oýnadyň kemsiz, Ulaldyň durmuşda gaýgysyz gamsyz, Gark bolup arzuwlaň ummanna soňsyz, Mydam bal kölüne bataýjak ýaly. Ýöne beýle däldi, dünýäň hyýaly. Däliräp joş alyp,geldi ýigrimi, Başlandy ömüriň täze öwrümi. Söýgiňe bagş etdiň ýaşlyk döwrüňi, Saýlap söýen ýaryň öpäýjek ýaly, Ýöne beýle däldi, dünýäň hyýaly. Otuzda taplandyň meňzäp polada, Pikiriň jemlendi, çaga-balada. Ýüküň ýetip, basmarlady alada, Şonda-da göwnüň giň tutaýjak ýaly. Ýöne beýle däldi, dünýäň hyýaly. Saça ak sepeläp, girdiň kyrkyňa, Agraslygam aralaşdy durkuňa. Üç müçäni ataňsoňam arkaňa, Çaga deýin oýnap, bökäýjek ýaly, Ýöne beýle däldi, dünýäň hyýaly. Ellide agralyp durmuş labyry, Beden gowşap, teniň duýdy agyry, Ýygy-ýygy ýatlap ýaşlyk döwüri, Elliden ýigrimä bökäýjek ýaly, Ýöne beýle däldi, dünýäň hyýaly. Arman pursat säginenok bir ýerde, Geçip barýar ulaşdyryp köp derde. Eý, dünýäm, ýüzüňe örtüpsiň perde, Özüň hem jogapsyz soragdan doly, Dillen dünýäm, neçün loly sen loly? Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||