17:01 Yrak türkmen taryhynyñ ýazyjysy Şakir Sabyr Zabit | |
YRAK TÜRKMEN TARYHYNYÑ ÝAZYJYSY ŞAKIR SABYR ZABIT
Edebi makalalar
“Ömür uzak ýaşamak bilen däl-de, edilen işler bilen ölçelýär”. Alym, ýazyjy we metbugat işgäri Şakir Sabyr Zabit 1913-nji ýylda Kekukda dünýä indi. Başlangyç mekdebi Kifride, orta mekdebi Kerkukda, liseýi Bagdatda tamamlady. 1938-nji ýylda harby ýokary okuw jaýyny tamamlady. Yragyñ Ýaragly güýçlerinde işlän Zabit 1959-njy ýylda polkownik harby çini bilen otstawka çykdy. Şakir Sabyr Zabit harby gullukçy bolansoñ, Zabit (ýagny, ofiser) edebi tahallusyny ulanypdyr. Arap we türkmen dillerinde ýazan ýazyjynyñ iñ gymmatly kitaplarynyñ biri-de 1961-nji ýylda Bagdatda neşir edilen "Yrak türkmen taryhynyñ beýany" atly kitabydyr. Kitaba Mustapa Jewat sözbaşy ýazypdyr. Döwrüniñ diýdimzor syýasy režimi bu kitap üçin Zabite gün bermändir. Irginsiz zähmet siñdirilip arap dilinde ýazylan bu gymmatly taryhy eser Yrak türkmenleriniñ geçmiş taryhyny we etniki gelip çykyşyny beýan edýär. Zabitiñ ýene bir gymmatly kitabynyñ biri hem "Kerkukda sosial durmuş" (“Kerkük’te İçtimai Hayat”) atly kitabydyr. Zabit bu eserinde Yrak türkmenleriniñ Kerkukda ýaşaýan böleginiñ jemgyýetçilik durmuşyny, folkloryny, çeper edebiýatyny, sungatyny, metbugatyny we sosial durmuş şertlerini mysallar arkaly örän taýýarlykly görnüşde açyp görkezýär. Zabit esasanam ylmy döredijilik işinde taryh we folklor ugurlaryna üns beripdir. Onuñ türkmen metbugaty boýunça hem gymmatly işleri bardyr. Ol arap jemgyýetine Yragyñ ýerli etniki toparlarynyñ biri bolan türkmenleriñ folkloryny wagyz etmek we tanatmak maksady bilen Bagdatda “El-Turas El-Şabi” atly žurnal çykarýar. Dürli dilde çap edilen bu edebi žurnalyñ işi birnäçe ýyl geçensoñ Yrak diktaturasy tarapyndan gadagan edilýär... Zabit 1964-nji ýylda arap we türkmen dillerinde "Yrak" atly hepdelik gazet çykarmaga başlady. Gazet 62-nji sanyndan soñ aýlyk žurnala öwrülde we bary-ýogy sekiz neşiri çykansoñ, 1968-nji ýylda diýdimzor syýasy režim onuñam işini gadagan etdi. Ýazyjy we taryhçy Şakir Sabyr Zabitiñ taryhy eserleri we öndümli zähmeti arkaly Yrakda türkmen jemgyýetiniñ barlygy gutarnykly ykrar edildi. Onuñ işleri türkmen jemgyýetiniñ tanalmagyna uly goşant goşdy. Zabit ýadawsyz we gorkmazak häsiýeti bilen Yrak türkmen taryhyny ýazyp bütin dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hemişelik ýatlanyljak iş bitirdi. Ýazyjy agyr kesel zerarly 1990-njy ýylyñ 31-nji ýanwarynda Bagdatda aradan çykdy. ■ Eserleri: - "Yrak türkmenleriniñ nakyllary" ("Irak Türkmenleri Ağzında Atasözü") Bagdat-1962; - "Kerkukta sosial durmuş" ("Kerkük’te İçtimai Hayat") Bagdat-1962; - "Baýat taýpasy hakynda barlaglar" ("Bayat Aşireti hakkında araştırma") Bagdat-1965; - "Zabitiñ mekdebi" ("Zabit’in Mektebi") Bagdat-1968; - "Biziñ ahlagymyz we ahlak mazmunynyñ derdi" ("Bizdeki Ahlak Ve Ahlak Anlamı Derdi") Bagdat-1966; - "Zabitiñ gözýaşlary" ("Zabit’in Gözyaşları") Bagdat-1968; - "Zabitiñ gözgüsi" ("Zabit’in Güzgüsü") Bagdat-1968. Şeýle-de mundan başga-da, ýazyjynyñ arap dilinde neşir edilen dört kitaby bar. Şemsetdin KÜZEJI. skuzeci@gmail.com kerkukgazetesi@gmail.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |