ÝÜREGI ÝALYNLY BILBIL
/ şahyrana oýlanma
Gül yşgynda saraý-sayraý pygan bolan bilbil! Şu gün seni daň bilen aýnamyzyň öňünde saýran pursatyň, owazyňy ýüregime salyp diňledim. Diňledigimçe, gül ýaňakly ýarymy ýatladym. Menem sen ýaly yşga düşüp, akar suwuň kenarynda kän gezek heserlenipdim. Şonda göwnüm asmana galkyp, yşk heserimi gökdäki ýyldyzlara aýdypdym. Asmandaky gök yyldyzlar bolsa meni öz söýgi şalygyna tarap alyp gitdi. Şonda men düýş içre söýgä sataşypdym. Bilýäňmi, menem şonda joşup-joşup aýdyma gygyrypdym ynansaň, uzyn boýly ýara sataşdyraňam şol gök ýyldyzlar bolupdy. Örüm-örüm saçlar, gül ýaňaklar, gyzgyn posalar... bary yzda galdy.
Eý, ýüregi ýalynly bilbil! Seniň şu günki zaryn saýraýşyň, heser bilen balkyldaýan nokatýaly garaja dideleriň meniň ykbalymdan geçipgidensöýgimi ýatlatdy. Hany indi, meniň söwer ýar bilen joşgunly bulagyň kenarynda seniň näzik kalbyň öwazyna maýyl bolan ýerlerim?! Ýöne, sen aýt, gursagy heserli guş, belki, wysal bolmadyk şol söýgim sensiň?!
Şeýda bilbilim! Syryňy dessan eýläp, ne beýle joşa düşüpäiň?! Ýa şeýle güýçlümi yşgyň heseri?! Seniň bagy-bossan içinde gülzara, elwan güle aşykdygyňy älem ýüzi; bilýär-ä. Sähel sabyr eýleseň, gül, öýme sini atynyp baharam geler. Bilýän-ä, şonda bu bazygär dünýäň hoşy seniň diliňde bolar. Sen şonda päkize söýgi hakyndaky aýdymyňy has joşgunly aýdarsyň.
Bilýän, seniň ylhamyň joşanda, ýakut dodakly gyzlaram seýkin basyp seýle çykarlar. Şonda meniň ýyldyzlar içre sataşan gül şeçeklimem geler. Gülden näzik, uzyn boýlym seniň namaňa sesini düzer. Şonda men oňa edil häzir saňa guwanyşym ýalý guwanaryn. Bulutlara duwlanyp seredýän Günem aşyklara nununy bolluk bilen eçiler.
Hakyň nury siňen sary guş! Saýra, ýene saýra! Goý, seniň mukamyňdan bossanlar bark ursun, reýhanlar açylsyn! Goý, Hak yşkly aşyklar yşк derdiniň dowasyny seniň şirin heňiňden tapsynlar. Seniň senaňda süýji arzuwlar, söýginiň güýji bar. Seniň nur saçýan kiçijik naşyja gözjeriňde ýaşaýşyň we söýginiň ýeňilmezligi ugrunda göreş bar.
Dogrymy aýtşam, seniň gülzarlyk içinde baky döwran sürşüňe gözüm gidýär. Göwnüme bolmasa, sen şu wagt bagy bossanlygyň ýeke-täk şasy, waspçysy ýaly. Hanha, eşidýärmiň, guşum, gübürt-gübürt darak kakýan halyçy gyzlaram işlerini goýup, seniň joşgunly owazyňa diň salýarlar. Bilýärmiň olaram seniň sesiňe darak kakuwlaryny düzüp, sessizje hiňlenýärler.
Bagtly durmuşy taryp et, guşum,
Lälezar baglara baryp ýet, guşum,
Seni diňläp irden oýansyn güller,
Söýgi şerbetine şerbet gat, guşum,
Daragyň badyna bersen bat, guşum!
Hawa, bu dünýäni aýdym, bolup söýen guş! Men her gezek seniň güller içre, gyzyl güli söýýänligiňi bilmek isleýärin. Muny maňa şahyrlanam, bagşylaram diýýär. Dessanlaryň söhbetinde-de şeýle. Posa bolup açylan, seniň aşygyň elwan bägül-ä maňa güller içre seniň söýgiňe diňe özüniň mynasypdygyny, aýtdy. Ol «Bilbiliň ylhamy meniň çog-gyzyl roýumda, şähdi çirkizjek jigerimdedir» diýýär. Belki halk arasynda «Bilbiliň söýeni gyzyl gül» diýlen ajaýyp, şözüň manysy hem şundan gelip çykandyr.
Jigeri ýalynly bilbil! Gülüň möwsüminde ýene-de seniň bilen baga giderin. Şonda seniň ýüregime ornan owazyňy ganyp-ganyp diňlärin. Bu topragyň beýik bagşysy bolup saýraýan pursatyň belki, ýene-de güller içre gül ysgap garaşan ýaryma sataşaryn. Häzirljkçe gol bulap, sertiň bilen hoşlaşýaryn. Seniň heserdeşiň.
Baýramgeldi ÇARYÝEW.
«Aşgabat» gazeti 26.01.2006 ý.
№12 (7617).
Oýlanmalar