12:56 Zenanlara sowgat beriñ gülleri! | |
ZENANLARA SOWGAT BERIŇ GÜLLERI!
Goşgular
Çilläň gary eräp Günüň nuruna, Öwsen mahalynda bahar ýelleri. Saýlap-seçip ajabyndan ajabyn, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Guşlar joşa gelip saýranda daňdan, Bogazda gaýnadyp şirin heňleri. Nusga bolan şapagyna säheriň, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Şemal ýok ýerinden tapyp öwüsgin, Pyşyrdanda leýlisaçyň telleri. Ter çeçekler päk söýgüden nyşandyr, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Diňe baharda däl, tomus gelende, Maňlaýyndan burçak aldyryp deri. Mähri bilen ýazy kemal tapdyran, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Ine-de, güýz geler, bir ussat zergär bar barlyga çaýyp tylladan zeri. Shabatdan kemal tapar kalbyňyz, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Gyşyň keşbi diňe çapgyn ýeller däl, Akja gary bilen bezände ýeri. Ýüregiňizde bahar pasly çyrpynar, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Gözellik goşulup görmeklerine, Dilegleri sena eýlär dilleri. Ol alkyşlar ömrüňizi uzaldar, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Jümle-jahan gözellige beslenip, Bagtdan paýly bolar dünýä illeri. Sag goluňyz çep gursaga goýuň-da, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Döwletmyrat NURYÝEW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |