07:53

Bahara ýüzlenme

BAHARA ÝÜZLENME

Gyz demi düşüpdir ýaýlalaryňa, 
«Şygyr-şygyr» gülýän ýaly derekler. 
Gülleriňde keteniniň ysy bar, 
Asmanyňa süýt guýmagam gerek däl.

Durulygy gözüň bäbenegi deý, 
Göge bakyp, saçyň darabermeli. 
Ýaýlalaryň gyz ýylgyrşyn ýatladýar, 
Goýny bag-bakjaly, alma, terneli.

Ýüregi gülläpdir ala meýdanyň, 
Çym gyzyl güllerde gyzyň eli bar. 
El bilen çyzylan ýaly asmanyň 
Tes-tegelek çykan nurly Güni bar.

Baharym bolsady ekilen ýaly, 
Seniň jemalyňdan asla ganma ýok. 
Myhman alynmaýar sende geleni —
Gujagyňda keseki ýat saýlanok.

Böwregi böküp dur sonarly sähraň, 
Özünden ýaryljak eliň degirseň. 
Gülküsinden gyzarypdyr güllerem, 
Içiňi gyrjak ol barsaň eger sen.

Baharym, sen ähli gyzlaň seresi, 
Seň söýgiňden uly söýünji bolmaz. 
Waspyňy ýazybam tükedip bilmen, 
Barybir, seň özüň görençe bolmaz...

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 418 | Добавил: Нawеran | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Когда б могла душа на миг с себя стряхнуть…» / Goşgular - 08.01.2023
Слово / Goşgular - 07.01.2023
«Высоко с темнотой сливается стена…» / Goşgular - 11.01.2023
Бунтовщик / Goşgular - 25.01.2023
"Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak..." / Goşgular - 19.01.2023
Duýgularym / Goşgular - 10.02.2023
«Не знаю, право, где я видел…» / Goşgular - 30.01.2023
"Ýanwarda - gardan soñ durlanan asman..." / Goşgular - 12.02.2023
Зеркало / Goşgular - 10.02.2023
Колыбельная песня / Goşgular - 30.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]