DOÑBAGYR
Leýli indi 45 gündir işledilmeýän telewizoryň düwmesine basdy, günlere meňzeýär ýüzündäki ýukajyk çaň. Çaňda jan ýok – esgä agram bermän syrylyp gitdi, emma ýas getiren günler welin, musallat daşy kimin doňup dur. Açylanyna mähetdel ekranda ak telpekli jigitler tans edip iki tarapa at salyşsalar-da içerä, Leýliniň süňňüne ornap giden gussany kowardan ejiz. Şowhunly saz boş otaga boş ýaň saldygyça gaýta Leýliniň bokurdagy dolup, gözlerine ýaş aýlandy. Ol telewizoryň sesini peseltdi, emma özüne zor salyp ony öçürmedi. Öýüň töründäki diwana geçip, telekanaly üýtgetdi. Ruslaryň programasyna geçirenden peýda bolan Petrosýanyň ýasama ýylgyrýan ýuwan ýüzi ony ýene düwmä basdyrdy. Ekranda nirdedir bir ýerde gelen siliň salan weýrançylygy göründi. Bu betbagtçylygam Leýliňň bokurdagyna dykylan agysynyň azaryny ýeňletmese-de tans edilenden-ä gowy ýaly, indi kanala degmedi. Ýaňy durmuşa çykan gelin telewizora seredip otursa-da, görünýänleri ne görýär, ne-de eşidýär – göz öňünde ýaňy kyrky geçen kakasy...
* * *
- Şu ýyl altmyş-a ýaşalýandyr, ölmesek. Ýa täze ýoňa görä ýene bir-iki ýyldan Pygamber ýaş toýuny edäýeliňmi?
- Ikisinem ederis, kaka, şükür ýagdaýymyz bar-a.
Ak gireni gowy bildirse-de entek doly agarmadyk saçlarynyň çala tolkun atmasyna guwanyp, telim daranýan, eginlek, uzyn boýly kakasy bu gürrüňden soň iki aýam ýaşamady.
* * *
Leýli elini ýüzüne ýetirdi. Ähli zada biperwaý telewizory paltalaýasy geldi. Hakykatda welin, onuň özüne gazaby içini ýaryp barýardy. Durmuşa çykyp baran ýerinde bir hepde-de doly bolmadyk Leýli bir-iki günlükde göwresinde çaga galanyny bildi. Dek düýn ejesi nirdendir bir ýerden düşen gök almany dünýäni unudyp, iştämen gemirşine syrly ýylgyryp seredende Leýlini tok uran ýaly boldy. Almany taşlap, gyzaryp, aňyrsyna bakdy. Bu pursady hiç unudyp bilmeýän Leýli telewizoryň düwmesine elini uzadanda ejesi gapydan girdi.
- Degme, öçürme...
Adamsynyň yz ýanyny basyp duranam bolsa ýaşy kän bildirmeýän, ýüzüniň görki solmadyk Gytja daýza gyzynyň gapdalynda emaý bilen oturdy. Ol Leýliniň gözüniň ýaşaranyny görmediklerden bolup telewizora seretdi.
* * *
- Gytja gyzyňy çykar, meň ýagdaýym gowy däl.
- Oň ýalam zat bolarmy? Gutularsyň inşalla. Il näme diýer?
- Ömrüňde bir gezejik bir meň diýenimi diňläý. Bir bolmasy iş bolsa ara ýyl salmaly bolarsyňyz.
- Hommat, gorkuzmasana.
Är-aýalyň arasyndaky bu gürrüňiň ýasamalygndanmy ara düşen dymyşlyk ikisine-de agyr hem agyrlydy. Emma bu içerde çyna dört aýdyr orun ýokdy. Ol içerden baş alyp çykybam gitmändi – ýürekleriň iň gizlin jümmüşinde gizlenipdi.
- Kakasy «Gyzymyň toýuny göresim gelýä» diýýä diý. Ýene on günden aňryk çekme.
Aslynda, on günem tutuş içeriniň gelen karary. Kakalarynyň indi uzak ýaşamajagyny lukmanlar anyk aýdypdylar. Oniki barmak içegedäki düwnük ýarasy gaty çalt ýaýraýarmyş...
* * *
Leýli ses edip aglaryn öýdüp, goňşy otaga geçjek boldy. Telewizor onuň beýnisini iýip barýar. Hamala bar zat ýüzi suratly gapyrjaga goşulyşyp: «Üýtgeşik bolan zat ýok. Çagaň dünýä inmesiniň adaty bolşy ýaly, adamyň ölüp gitmegem adaty zat» diýip gygyrýar.
* * *
- Waleýkim-es-salam. Hä, Zamandurdy senmi? Hawa menem ýagşyrak öz-ä. Gün-günden ysgynym gidip barýa-da. Özüm jaň edeýin diýip ýatyrdym. Bizem Leýli jany durmuşa çykaraýsak diýýäs. Sag bol. Hawa, indiki hepdäň üçünji güni. Beýleki oglanlara-da aýdyşdyrarsyň-da. Işleriňizem ýagşy dälmi? Bor, onda. Toýy eşdişeweriň. Baryp aýtmaga-ra ýagdaýym ýok. Bolýa. Hawa, alty gün bar. Bolýa, sag boluň. Oglanlaryň hemmesine salam aýt.
Hommat aga telefony goýup gussaly ýylgyrdy. Hasapçy ýigidiň «Kakam, men bolan ýyllarym eýýäm zamanaň, döwrüň doňanyny duýupdyr. Bir üýtgeşiklik bolsun diýibem maňa Zamandurdy dakypdyr» diýende, özüniň «Diýseňem-ä kakaň näçe iýsek kolbosa bar, näçe içsek arak tapylyp dur. Şu zaman bir üýtgemän dursun» diýendir-de, soň döwrüň üýtgänini görübem beýleligine agaýan bolaýmasa» diýip degişýänini ýatlady.
Yene alty günden durmuşa çykmaly Leýlem kakasynyň toý aýdyşyny açyk gapydan eşdip oturşyna içinden «Alty gün» diýip gaýtalady. Düýnden bäri iýeni yzyna gaýdyp duran kakasy şoňa çenli bir ölmän galarmyka? Leýli bu sowalyny aňyndan kowjak boldy. Bolmady. Häzir Hommat aganyň içersinde uludan-kiçä her kimiň aňynda şu sowal. Iň köp alada edýänem, gijeler ýatman Alladan «Toýy bir geçireýin, azajyk ajalyňa sabyr ber, men altmyşam ýaşaman ölmäge kaýyl» diýip dileýänem ýene ölmeliň özi.
* * *
- Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Ogullarynyň ählisini okuwly etdi. Öýerdi. Senem okuwa saldy. Oň bar aladasy sizdiňiz, siziňem başyňyzy deňledi. Armany galmady. Ynha, ogluň bolsa, gaýynlaň göwnese kakaň adyny dakarys.
Gytja bu sözleri näler gyzyna aýtjak, emma aýdyp bilmän, şeýle-de zordan oturan gyzyny agladaryn diýen gorkudan gözüni aýyrman telewizora seredýärdi. «Ähli ýaraň dermany wagtdyr» diýip bir ýerden eşden «akylyny» içinden gaýtalaýardy. Aňynyň başga bir künjünden bolsa «Ýara bar – ýara bar. Ýara diýleniň ählisiniň dermany bolaýmalydyr öýdýäs. Bolsady, Hommadyňam ýarasynyňky tapylardy. Oňa ne wagtyň güýji ýetdi ne-de dogtoryň» diýen ses has dury gelýärdi.
Birden gapy jyňňyrdady. Işe giden ogullarynyň ýa gelinleriniň biri nahara gelendir diýseňem entek ir. Megerem, Hommadyň daş ýerdäki tanyşlaryndan biridir, eşdip gaýdyberendir. Gytja daýza «gelim-gidimdenem ýadadyk» diýýän terzde uludan demini alyp, gelşik üçin telewizory öçürdi. Leýli welin, gaýyn tarapyndan gelendirler öýtdi, emma kakasynyň işlän firmasynyň hasapçysy Zamany görüp geň galdy.
- Ejeň öýdemidir?
- Hawa, geliberiň.
Hasapçy ýigit çekinjeňligindenmi, ýa-da başga-da näme diýjegini bilmedimi sesini çykarman elindäki portfelini açmaga durdy. Az salym dörünjiränden soň dört daňy pul çykardy.
- Başlyk Hommat agaň ýaraman galan aýynyň doly aýlygyny hem zähmet rugsadyna çykan hökmünde ýene bir aýyň doly aýlygyny bermeli etdi. Irräk getiräýen bolsam has gowy boljakdy welin, bankdan pul alyp bilmedik. Şu ýere-de gol çekäýseňiz.
Zamandurdy işini bitirenden gelişi ýaly çykyp gitdi. Pullar onuň goýan ýerinde, öýüň ortasynda gözeilginç bolup ýatyrdylar. Gytja daýzaň olara eli barmaýardy. Leýli öňki oturan ýerine geçip otursa-da ýene telewizory açmady.
- Toý diýip arkaýyn ölübem bilmedi. Ölensoňam arkaýyn ýatman aladamyzy edip ýör. Honha, pul iberipdir.
- Oň bar aladasy sizdiňiz-dä.
- Adamyň öz ömrem bolmalydyr-a. Ähli günlerini biziň ömrümize paýlap geçirdi.
Gytja daýza birden turdy-da, pullary ýygnady.
- Laýyk bolaýdy, seni gaýtarjak bolsaňam janly almalydyr diýip alada edip otyrdym.
- Eje sen ýaman doňbagyr-la.
- Men däl, dünýe doňbagyr gyzym...
Gytja telewizoryň düwmesine basdy – ýaş gyz ortada aýdym aýdýardy, onuň arkasynda-da ýadamany bilmeýän ak telpekli jigitler böküşýär.
* * *
Gyzy durmuşa çykandan soň edi gün diri ýatan Hommat agaň gijelerini nädip geçirenini bilýan ýok. Ýogsa ogullary gezekleşip ýanynda ýatdylar. Telim ýola turup, kakalarynyň agzyna suw damdyrdylar.
«Ýyldyzlar ýanyňda ýaly, Aý-a görnenok. Ýa bahym täze aý dogjakmyka? Mümkin penjirämden görünýän däldir, Aý tamyň arka tarapyndadyr...
Gyzymam sag-aman ugratdym, ölmedim...
...Arka tarapda ýaşaýanlar ony görýändir, menden başgalaň ertiri, birgüni adaty keşbinde görüşleri mysaly. Işli, aladaly, aýlykly, tanyşly, dostly, salamly, telefonly ertirler, birgünler... Mende-de edil ýaňam ähli kişiňki ýaly ertir, birgün bardy. Dört aýa dört sany tutuş aýlyk, dört gezek ýigrimi dört iş güni sygýar. Şonda-da oglanlaň onkologiýadan ««Gowy» diýdiler, kaka» diýselerem gözleri görnüp duran gussaly gelenleri düýn ýaly.
«Bu dünýe bir düýşdir
Düýş görseň düýbi hiçdir»
diýip telim gezek dilimiň ugruna gaýtalandyryn. Düýşde düýş görýän ýaly ýaşap indem dört aý bäri ukudan oýanjak bolşummyka, şü? Ol-a özüm eken, aýalym, çagalarym, tanyş-u-dost hiç kimem maňa birden ukudan oýanyp ýatyberer öýden däldir. Bu dünýede diňe bolaýmaly zatlar bolup geçýär diýip ynanýardym-a. Häzirem mensiz Günüň dogjagyny göz öňüme getirip dursamam oňa ynanyp bilemok...
Owf-f! Sagat üç bolupdyr... Uklap bolsady...
Düýşüň dowamyny görmek üçinmi?
Gyzymam-a çykardym. Ölmedim. Ölmejegimi bilýädim. Çagalaryma gerek bolsa, ajala-da güýjüm ýetäýjek eken...
Bahym jaýlarlar. Ilki üçümi, ýedimi, soň aýymy, kyrkymy, iň soňunda-da ýylymy ederler. Bular durarlar, diňe men ýola düşmäge rugsat berlen poýezd ýaly daşlaşar bararyn – üçünji stansiýa, ýedinji, otuzynjy, kyrkynjy... Aslynda, diriler Ýere daňylgy bolansoňlar şol bir duran ýerlerinde durýan, ölüler hereket edýän, gidýän eken. Öýüm, çagalarym, oturşýanja oglanlarym bilen geçirenje hoş günlerim – bu dünýede sizden uly many bardyr öýtmezdim. Birdenem baryňyz, hatda hiç wagt ähmiýetini ýitirmez öýdýän, azajygam bolsa hemişe köpelmegini isleýän aýlygymam manysyny ýitirdi durberdi –düýşüňde yzyňdan ýetip barýan eli pistoletli ganhoryň oýanaňda manysyny ýitirişi ýaly...
Ulujam – Atamyradym, maňa seretmek üçin ýörite ýanymda ýatýan ulujam – süýji ukuda ýatyr. Ulujamyň indi özüniň ulujasy bar. Agtyjagym, «atam» diýýänjäm, indi sizi goýup gidibermelimikäm?! Gitmäge rugsat berlen, ýanyna ýekje-de ýolagçy alyp gidip bilmeýän poýezd. Emma ýatlamalarym, öýlenen günüm, Aşgabatdan jaý alyşym, çagalarymyň ilkinji ädimjigine, dil çykaryşyna, begendirşine çenli – wagon-wagon ýatlamalarym bardyr. Ýa-da olaram üzülip galaýarmyka? Ýok, galmazlar. Olar menden başga kime gerek? Menden başga kim olara düşüner, kim gadyryny biler? Meniň öz ömrüm ýok ahyryn, bary şu içerden girip çykýanlara, täze alan inomarka maşynyma, hatda akwariumdaky balyjaklara çenli paýlanan ahyryn. Ýitip, eräp, pytrap iň soňky minutlaryna, sekundlaryna, sekundyňam müňlerçe, ýüzmüňlerçe bölejiklerine çenli paýlanyp, seçilen. Ömrüm, ömrümiň manysy, bitiren işim diýip setanda-seýranda pikir edäýemde-de onuň öňünde, yzynda, arkasynda, tutuş daş töwereginde, içinde-de, orraortarasynda-da ýene öý-içerim, maşgalam, çagalarym bardy ahyryn. Meniň üçin geljegem, geçmişem, ertirem, düýnem – şular. Indem şular menden galar. Onsoň ertirimem ýok. Düýnümem ýokmuka? Düýnümem ýok. Onam şular mesgäni çörege çalan kimin iýdiler. Noş bolsun. Ýöne... Owf... Aldy-la bi agyry...
...Aý aýlanyp biziň tarapymyza geçäýmel-ä. Kiçijikkäm Aýy synlamagy gowy görerdim. Enem pahyr bu häsiýetimi halamazdy. Ulalamsoň, şu jaýa göçüp gelemsoňam eýwana çykyp Aýy synlamak ýadyma düşmändir. Asla Aýyň yşygy bir düşýämidikä biziň jaýymyza. Düşendir-le. Aý dogsa älem görer diýilýär-ä. Pylanam diýme, jaýymyň penjiresi demirgazyga bakyp dur. Gytja: «Biziň öýmüz Gün düşýän tarapda däl, gaty gyzanok» diýýädi. Haýran galaýmaly otuz ýyllap bir gezegem Aý ýadyma düşmändir. Otuzdanam köpdür. Öýlenenime näçe ýyl boldy?
Arka tarapda bir Aý barmyka? Atamyrad-a bilýändir. Biderek zat üçin çagamy ukudan oýarmaýyn, şol Aýy görmän ýaşapdyryn, öläýemde-de hiç zat üýtgäsi ýok. Göresimiň gelenini diňe özüm bilerin, Aýam bilmez.
Aglama, ene jan, bes et ahyňy,
Täk seň üçin dogulmanma düşün ahyry
diýýämi, Gurbannazar...
O ýatan Mälik janymy öýeremde eden çykdajylary ýazan depderimmi? Şol. Wah, elim ýetsedi, ýene bir gezejik şol aladalarymy ýaşasam... Owf! Agdarynyp bilmezmikäm? Ýanym ýara bolup gitdi-le. Çydaýyn, ýene azajyk ýatsyn, bir sagadyrakdan turuzaýaryn. Şulaň rahatlygy üçin diýjegimi diýip, etjegimi edip bilmedik gezeklerm kän bolandyr. Şolara çydadym, indi bir ýan agyry üçin turuzmaýyn. Gyzymam çykýança ölmänjik ýataýdym, Hudaýa şükür. Allaň öňünde beýle sylagymyň bardygyny öňräjik bilen bolsam, bolmanda kelemämi gaýtarmany gowy öwrenerdim. «Doly bilmeseň, Lä ilähä illalla. Muhammet-er-resulalla diýseňem bolýa» diý-dä Mämmet aga. Lä ilähä illalla Muhammet-er-resulalla... Lä ilähä illalla Muhammet-er-resulalla... Owf-f!
- Ýok, ýatyber oglum.
«Öňi-soňy oýanan bolsaň bir ýuwdum suw äberäý» diýäýmeledim welin... Ýatsyn. Hakyky ukudan oýanyp barýan üçin bir owurt suwuň manysy ýok, ýatan bir ukudan açylmasyn, çagama azar bolup bildim. Indi uzak dert bolman ölsem. Öljek hassa ölüp dynsa ýagşy. Ýedi günümem indi bu içeri üçin artykmaç azar. Azardygymy gizleýäler. Gizleme kemini goýanoklar. Toý geçýänçä gaýrat edip ölmänime begendiňiz, şol begenjiňiziň ýüzi kirlemänkä ölsem ýagşy. Elimiň gözümdäki ýaşy sylmaga-da ragbaty ýok...
Ömür, hakykatdanam, adama özüni tanamasy üçin beriläýýän bir zatmyka, soň Allaň öňüne baraňda «Men dowzahy däl, jenneti» diýip dawa etmez ýaly? Ýok, bahym özüňi tanaýaň-la. Şol tanaýşyň ýalam ýaşap geçýän bolaýmasaň. Men-ä birinji gezek ýöwsellän günüm özümiň kimdigimi bildim, şoňa laýygam ýaşadym. Bu dünýäň seň gaýratyňa aýlap bir ýumruk urmasy bar, şonda köp kişiň gaýraty ýere ýazylyp gidýär-de, soň bigaýrat bolup turaýýar. Men-ä asylam ilden üýtgeşik gaýratly bolmaga höwes etmändim. Poýezdem bolsam demir ýolumy özüm düşändirin.
Bu hakykatdan ömür boýy gaçsamam, Aýsyz gije gelip ýakamdan tutdy. Aslynda, gaçýandyryn öýdýän ekenim, ol welin, iň soňky stansiýada duşuşjagyny anyk bilensoň kowalajagam bolmandyr.
Ýaradan, näme günä eden bolsam, köpüsini, agramlysyny öýüm-içerim, çagalarymyň bagty üçin edendirin. Hatda Saňa ynanmazçylyk edemde-de, öýümiň abat bolmagy üçin etdim. Olary maňa berenem Özüňsiň, eýe bol, horlama diýenem Özüňsiň. Men muny günälerime Özüň sebäpkärsiň diýjek bolup aýdamok. Bilýän, mensizem olar adam bolardy. Özüm bir gezegem «kaka» diýmän ulaldym. Ýöne maňa kaka mähri ýetmedi. Belki, şonuň üçindir özüme ýetmedik zady çagalaryma bol-elin berjek bolanym... Ýene Seni günäkärleýän ýaly boldum...
Owf-f! Öldüm-le...
Ýok, çagaly, agtykly eden Özüňsiň, bagyşlajagam Özüňsiň... Günäm ejizligimde, Sen ejize ganym dälsiň. Men özüme ýetmedik mähriň nämedigini, onuň güýjüniň nähilidigini bilýän. Şoň üçinem Seň mähriňe ynanýan... Owf-f!
- Bir gultumjyk suw.. oglum...
# ekizler2