09:13

Duşuşyk / hekaýa

DUŞUŞYK

On bir ýyldan soň duşuşdyk.
On bir ýyl!
On bir ýyl kän zada ukyply bora çemeli. Onuň üýtgäýşini diýsene. Tanalmaz derejäniň bäri ýany!
Dogrudanam, men ony tas tanaman geçipdim. Aslynda, meniň oňa gözüm düşmezligi–de mümkindi. Bu bir tüýs tötänleýin duşuşyk boldy.
Ýogsa–da, ykbal bizi öňem bir gezek duşurypdy.
Ir bilen oglanlaryň enesi iňirdäp turuzdy.
– Näçe gezek aýtmaly saňa! Nan ýok öýde, nan. Nansyz iýjekmi nahary? Çagalar turuşarlar hemi–zamat…
Çala uky halda dükana ugradym. Baryp, iki ýarym buhanka nan alyp, kassanyň alnyna gelsem, pulum galypdyr öýde. Içi nanly klýonka sumkamy mahorkaly gabyň erňeginden asdym-da, öýe howlukdym. Çatryga gelenimde, pyýada geçelgäniň ýaşyl yşygy ýandy. Uly ýoly ýarpylaberenimde, biz pete–pet geldik. Ol eli köneräk saýawanly, sary giden giň köýnekli meniň garşymda dur. Biziň aramyz bary-ýogy iki ädim. Ýok, ýok, biziň aramyz on bir ýyllyk ýol.
Ol, on bir ýyl mundan ozal däl-de, dek öten agşam duşuşyp, aýrylyşanymyz ýaly, meniň ýüzüme şeýle biperwaýlyk bilen garap dur. Parhsyzlyk bilen. Menem şeýleräk ýagdaýda oňa äňedip durun.
Erkeklerçe, gürrüň açmaga men rowgat tapdym.
– Galka gurgunmy?
Jogaba derek, o-da maňa garşylyklaýyn sorag berdi.
– Myratçik… daýawmy?…
– Erbet däl. Altynjy klasda okaýar, ors mekdepde.
Gurrüň gutardy. Mazut reňk «Wolganyň» bilbil ses signalyna biz gyra howlukdyk. Men bärki kenara, ol aňyrky.
Biz on bir ýylyň içinde iki gezek duşuşdyk. Başky duşuşygymyz üç ýyl dowam etdi. Ikinji duşuşygymyz… swetoforyň gyzyl gözi ýaşyl ýanýança. Tötänlik. Özüňiz şaýat, biz duşuşmanam bilerdik. Gabat gelende nä, birr-birimizi tanamanam geçip bilerdik. Ýöne, ýyllar ony her niçik özgertse-de, erkekler babatda synçylyk gylygyna welin hiç zat edip bilmändir. Meniňem synçylyk gylygyma, aýallar babatda…

1985-nji ýylyň noýabry, Aşgabat.

 Torum Ýaýlan BATAŞY.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 496 | Добавил: Нawеran | Теги: Torum Ýaýlan Bataşy | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Oýnaş /hekaýa - 16.04.2023
Saçdaky ýumurtga bilen toşap / hekaýa - 12.04.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Tost - 20.01.2023
Täze ýyl gijesinde / hekaýa - 06.01.2023
Kaseta / hekaýa - 04.05.2023
Basgançakda / nowella - 06.01.2023
Март / рассказ - 30.03.2023
Ýadyna düşmeýän zat / mini-kyssajyk - 08.05.2023
Daňdanyň dünýäsi / nowella - 12.04.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Yrmak sungaty - 23.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]