22:19 Göwün telwasy | |
GÖWÜN TELWASY
Goşgular
![]() Ýitiren wagtymyň gadyryn bilip, Bagtyýar durmuşda ýaşasym gelýär. Iliň şatlygyna goşulyp gülüp, Jeýhun kimin dolup-daşasym gelýär. Tanap bilsem dosty hemem duşmany, Iň soňunda etmez ýaly puşmany, Dertlerinden saplap biljek ynsany, Ajap aýdym bolup ýaşasym gelýär. Ilime paýlasam şygrymdan şatlyk, Şükür diýarymda bar zat oňatlyk, Ömür bossanynda ýeke pursatlyk, Kalbym söýen güle duşasym gelýär! ■ SEN GELERSIÑ Ugramak agyrmy ýa-da ugratmak -diýip şol gün sowal beripdiň maňa, Ugramak ýeňil däl ondanam beter, Juda agyr eziziňi ugratmak. Ugraýarsyň howlugyp öz menziliňe, Men welin yzyňdan seredýän sessiz. Göýä şatlyk çaýylan deý meňziňe, Ýylgyrýarsyň maňa eliň bulaýyp. Uçar ýuwaşlykdan galar asmana, Özi bilen barlygymy äkidip, Meniň üçin hökman gaýdyp gelersiň, Uçar bilen galan günüň asmana. Ýeňil däl ezizim ugratmak seni, Aşyk kalbym elendirip agladyp, Ýöne men ynanýan erte birigün, Garşylaryn gujak gerip tolgunyp. Elwan güller bilen garşylap seni, Bagra basyp ýene bir gez söýlärin, Duşarys biz şo çynaryň astynda. Zülplem oýnap arzuwlarym sözlärin. Bagtygül TEKÄÝEWA. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |