16:27

Jylawsyz duýgy

JYLAWSYZ DUÝGY

Duýgulam julawsyz, dañyp bilemok,
Sen alysda, sensiz oñup bilemok,
Çagba deý, mowç urýan diñip bilemok,
Suw ýaly kalbyña siñesim gelýär.

Yşkyñ derýa,men teşnesi, ganmadym,
Şol derýada ýol ýitiren salmydym!?
Ugur tapman kän elendim, agladym,
Surnukdym kän aglap, diñesim gelýär.

Synajakmy? Synaglarña taýyn men,
Gynajakmy? Jebirlerñe kaýyl men,
Iñ soñunda bolup bir gün taýyñ men,
Özümi şalara deñäsim gelýär.

Täleý tersmi, şowsuzlykmy bilmedim,
Öñde-soñda ýylgyrmadym, gülmedim,
Wah,bu dünýä iki gezek gelmedim,
El serip bagtymy diläsim gelýär.

Şowsuzlyk guş bolup başyma gondy,
Bagt paýyn bermän ýaşymy ýondy,
Saña sataşmajak aýry bir ýolly,
Bu dünýä gaýtadan inesim gelýär.

Sanjar ANNAGYLYJOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 472 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Sanjar Annagylyjow | Рейтинг: 4.2/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

И опять снега / Goşgular - 08.01.2023
"Yhlas bilen ak tozgañy seçeläp..." / Goşgular - 11.02.2023
Лира часов / Goşgular - 07.01.2023
Deprem Ağıtı / Goşgular - 13.02.2023
"Gel, gowsy baryny başlaly başdan" / Goşgular - 23.01.2023
Janserek / Goşgular - 08.01.2023
Памяти С.Я.Надсона / Goşgular - 24.01.2023
Сочувственное послание Сарре, графине Джерсей, по поводу того, что принц регент возвратил ее портрет м-с Ми / Goşgular - 10.01.2023
В эти дни / Goşgular - 05.02.2023
Белой ночью / Goşgular - 06.02.2023

Teswirleriň ählisi: 2
1
1 jumagylyjovao  
88
Berekella, örän gowy! Pikir ýöredişiň açyk we düşnükli.Dört setire şonça duýgy, many salyp bilýäň. Duýgularyň jylawsyz bolsa-da setirleriň-ä berk galypda. smile Ylhamyňa bereket!

0
2 Garaýolly  
27
Gowy eser

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]