11:27

Ömür hakda nowella

ÖMÜR HAKDA NOWELLA

(Gulbaba bagyşlanýar)

Garaňkydy,
Tüm ýalydy daşary.
Adam – gara gelenokdy golaýa.
Çyra ýandy,
Ýagtylandy töwerek,
Myhman bary geliberdi bu öýe.

Ýagtylygyň hyrydary köpeldi,
Aýlandy adamlar çyraň daşynda.
Her kimde bir hyýal –
Belki, oňatdyr!
Ine-de, bir bulgur adam başyna!

Kimler şerap içdi ömrüň şanyna,
Alkyşa goşuldy bulgurlaň sesi.
Kimler sözler sözledi mertebe hakda
Beýik bolmak,
Beýik bolmak höwesi!

Şagalaň gyzyşdy ýuwaş – ýuwaşdan,
Goşuldy olara dutar – gyjagam.
Göterer şowhuny bagşyň owazy.
Nämemişin,
Nämemişin bujagaz?

Joşup – joşup goşgy okady ýigitler,
Her setiri altyn – düre barabar.
Satyn alyp şol goşgulaň baryny,
Näçe bolsa, goý, bolaýyn bergidar!

Utulsamam utulaýyn goşgudan,
Ömürboýy goşgy bolsun ýoldaşym.
Onuň beýikligi zadyň çaky däl,
Goşgy goragçysy iliň, mal – başyň.

Adamlar otyrlar çyraň daşynda,
Olary güýmeýän şol bir ýagtylyk.
Aýdym – sazam,
Goşgularam,
Bulguram –
Daşyna üýşürdi ýanyp – ýagtylyp.

... Şowhunyň gidişi kemsizdi – kemsiz,
Birden şatylady, çüýşe döwüldi.
Näçe köp bolsa-da arzuw – alkyşlar,
Çyra söndi,
Şagalaňam sowuldy ... 

Begmyrat USSAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 474 | Добавил: Нawеran | Теги: Begmyrat Ussaýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]