06:19

Tekepbiriñ täleýi

TEKEPBIRIŇ TÄLEÝI

Öwgülidim,
Öwülýärdim birmahal.
Şol öwgüler az ýalydy heniz-de.
Men özümi öň hatarda saýýardym,
Başgalar süýrenip gelýärdi yzda.

Toýda, baýramlarda,
Üýşmeleňde-de,
Oturýardym özgelerden saýlanyp.
Göwnüme bolmasa, mähelläň bary,
Synlaýardy meň daşyma aýlanyp.

A men bolsa guwanýardym özüme,
Şan-şöhratyň aňyrsyna çykan dek.
Diýýärdim: “Dostlarym,
Deňi – duşlarym
Meniň derejäme ýetmezler entek”.

Tanaýardym gözel-gözel gyzlary,
Olar maňa aşykdylar ölemen.
Tanyşsam-da, garaşdyryp olary,
Hiç birini halamazdym ýöne men.

Köp eşitdim o gyzlaryň gargyşyn,
Ogryn-ogryn käýediler,
Sökdüler.
Bu zatlara dura-bara düşündim,
Örtesem-de köp wagtlap olary,
Indi weli olar meni ýakdylar.

Duryn...
Şöhratyma söýenip duryn.
Deň-duşlarym geçdi menden ileri.
Gyzlaram duşumdan geçip gitdiler –
Men henizem peşäp duryn bir ýeri.

Olar menden esli açdy arany,
Menem olaň yzy bilen ätledim.
Ýöne öňki gözler maňa bakanok,
Ýöne öňki gyzlar maňa bakanok,
Içim çekip geçmişimi ýatladym:
Belki, ýene begenç dörär gursakda,
Emma gaýdyp gelmez geçen pursatlar.

Şol owadan gyzlaň,
Hem humaý gözleň.
Ýürekde saklaryn ýadygärligin.
Birçak gözüm gördi,
Ýüregim duýdy – 
Tekepbiriň täleýiniň harlygyn.

■ BARMAKLAR

Sygyrar ot dökýän, ýaba iým berýän,
Hereketi hemme zatdan eý görýän.
Keşde çekip, ketenini bezeýän,
Barmaklar!
Bibaty abat edip, öňe uzaýan 
Barmaklar!

Size bagly maşynlaryň açary,
Gül pürkýäňiz içeri.
Adamlaryň üstüne
Ajal getirýänem siz.
Ajalyň garşysyna
Galkan göterýänem siz.

Tükel bolmasa siziň
Her goşarda bäşiňiz.
Berk düwlenok ýumrygam.
Tükel bolsa bäşiňiz,
Size duşan ýumlygar.

Sizdäki hünäre,
Gujur – gaýrata.
Hemmeler mätäç.
Irginsiz, argynsyz döretseňiz-de,
Özüňiz weli, yssyda-da,
Sowukda-da ýalaňaç!

■ HYÝALLAR

Gaýalarna, gasynlarna ser salyp,
Kim bilerkä ýaşyn goja daglaryň?
Jülgeleri gözel,
Ýaýlasy gözel –
Her kim bir zadyna aşyk daglaryň.

Taryp edip sowuk suwly çeşmäni,
Az bolmady hiňlenenler aýdyma.
Özleriniň ilkinjiler däldigni,
Bir adamam düşürenok ýadyna.

Arzuwlara,
Hyýallara goşulman,
Şahyr ýigit diýdi dürsäp nepesin.
“Inip-düşmesinden edemok heder,
Bir görüp geleýin daglaň depesin!”

Begmyrat USSAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 456 | Добавил: Нawеran | Теги: Begmyrat Ussaýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gar ýagan güni... / Goşgular - 10.01.2023
Söz / Goşgular - 01.02.2023
«Как мимолётна тень осенних ранних дней…» / Goşgular - 05.01.2023
Северная берёза / Goşgular - 15.01.2023
Самострел любви / Goşgular - 25.01.2023
Geň-enaýy Mary gyzlary / Goşgular - 04.02.2023
Памяти Ф.М.Достоевского / Goşgular - 20.01.2023
«Когда б могла душа на миг с себя стряхнуть…» / Goşgular - 08.01.2023
Duýgy / Goşgular - 01.02.2023
Git! / Goşgular - 09.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]