10:56 Abadançylygyñ türkmen şalary | |
ABADANÇYLYGYŇ TÜRKMEN ŞALARY
Taryhy makalalar
● Türkmenleriň Hindistanda esaslandyran, Hindi taryhynda «Abadançylygyň şalary» diýip at alan Togalaklar hökümdarlygy barada "– Türkmenistanyň perzendi, sen dünýäde döşüňi gaýşardyp gezmäge haklysyň!" Saparmyrat TÜRKMENBAŞY. Türkmen taryhyny öwrenmäge ak ýol açan parasatly Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýdyşy ýaly, «Türkmenler özleriniň ruhdan düşürip bolmaýan çegini Türkme halkdygyny köp asyrlyk taryhynyň dowamynda kötel-kötel ýollarda başynaky telpegini kakdyrman subut edip gelen halkdyr». Muny biziň ata-babalarymyzyň dünýäniň köp ýerlerinde döreden döwletleri, olaryň döreden buýsançly taryhy subut edýär. Serdarymyzyň taryhymyzy öwrenmäge döreden uly mümkinçilikleri netijesinde, «Nesiliň» ýaş awtorlarynyň biri Baýramgeldi Çaryýew ýakynda üç aýlap Hindistanda boldy we ol ýerde biziň merdana pederlerimiziň guran döwletleriniň taryhy bilen gyzyklandy. Onuň Garagoýunly türkmenleriň we halaç türkmenleriniň guran döwletleri baradaky makalalaryny biz «Nesiliň» geçen sanlarynda okyjylarymyza ýetiripdik. Baýramgeldi Çaryýewiň şu makalasynda bolsa salyr türkmenleriniň – Togalaklar dinastiýasynyň Hindistanda guran döwleti barada söz açylýar. Awtor türkmeniň buýsançly taryhynyň işigini açan, türkmeniň dünýäde döşüni gaýşardyp gezmegine ähli şertleri döreden Saparmyrat Türkmenbaşa çuňňur minnetdarlygyny bildirýär. «Wagt pälwan» diýen zat müdimilik we adyl. Ol asyrlary, ýyllary öz holtumynda gizläp, çarhyny irginsiz şol aýlap dur, aýlap dur. Şol asyrlaryň içinde dörän hakyky şahslar, ynsan paýhasy bilen bina bolan belent-belent ymaratlar bolsa, üznüksiz kerwen gurap gelýän müňýyllyklaryň içinden mertlerçe omzap çykýar-da, özlerini asyrlarda-da äşgär edýärler. Ynha, ýene-de türkmeniň ýeňilmezek, mert asylly şahslary ýüzýyllyklaryň içinden omzap, öňe çykýarlar. Olar iki düne bagtly şalar, bagtly patyşalar. Çünki, beýik Allanyň öňünde özleriniň rehimdarlygy, abadançylyk döredendikleri, päk ýürekliligi, haýyr-sahawatlylygy bilen Deli soltanlygyny döredip, tutuş dünýä ýaň salan kuwwatly türkmen soltanlarynyňhatarynda tanalan Togalaklar şalygydyr. Biz «Nesil» gazetiniň geçen sanlarynda Deli soltanlygy (XII-XV), onuň halaç türkmenleri tarapyndan esaslandyrylyşy, hökümdarlygyň çar ýana pür-pudak ýaýradyşy barada söhbet edipdik. Geliň indi bolsa hindi taryhynda «abadançylygyň şalary» diýip at alan we orun tutan Deli soltanlygynyň on birinji nesil arkasy (dolandyryjysy) salyr türkmenleriniñ esaslandyran Togalaklar (1320-1415) hökümdarlygy barada söhbet edeliň. * * * XIV asyryň başlarynda Hindistana mongollaryň çozuşlary kesilenden soň Deli soltanlygy (Alautdin Halajynyň baştutanlygynda) öz hökümdarlygyny ýene-de ulaltmak we berkitmek üçin elinde baryny edýärdi. Alautdin Halajy 1310-1315-nji ýyllarda Hindistanyň günorta bölegine birnäçe çapawulçylykly ýörişleri edýär. Onuň hökümdarlykeden ýyllarynda ýurduň gündogar abadanlarynyň biri bolan Penjabyň goşun serkerdesi Kyýasutdin Togalak mongollar bilen söweşmekde özüni tanadypdy. Ol Penjabyň harby berkitmesinde goranyş güýçlerine baştutanlykedip, mongollara garşy mäkäm gala bolup durupdy. Kyýasutdini indi Deli soltanlygynda güýçli serkerde hökmünde tanaýardylar. Soňra ol Deli soltanlygynyň bellemegi boýunça birnäçe ýyllap Penjabyň häkimi bolýar. Orta asyr taryhçylary Kyýasutdin Togalagy şu toprakda şeýle hem, Owganystanyň, Hytaýyň araçäklerinde ýaşan salyr türkmenleriniň nesillerinden hasaplaýarlar. Ol barada düşünjeleriň aglabasynda Kyýasutdiniň kakasy şu toprakdan Deli soltanlygyna gulluga gelýär diýip aýdylýar. 1316-njy ýylda Alautdin Halajynyň öldürilmegi bilen onuň ornuna ogly Kutubutdin Mübärek geçýär. Mübärek halaç türkmenleriniň iň soňky soltanydyr. 1320-nji ýylda ýurduň iň güýçli we ösen abadany hasaplanylýan Penjabyň häkimi Kyýasutdin Deli soltanlygynyň tagtyna geçýär. Täze soltan tagta geçen gününden başlap döwlet diwanynda, emirliklerde we abadanlarda berk talabedijilik düzgün-tertibi ýola goýýar. Kyýas Togalak öz ogly Muhammet (onuň öňki ady Jany) bilen günorta Hindistanyň ülkelerine ýörişlere başlaýar. Ataly ogul Deli soltanlygyna öňden bäri basdaş gelýän Kakatiler dinastiýasyny ýok edýärler. Togalaklar Kakatileriň merkezi şäheri bolan Warangaly doly eýeleýärler we onuň adyny üýtgedip, Soltanpur şäheri diýip atlandyrýarlar. Olar basyp alan ýerlerinde ýerli häkimligiň ýolbaşçylygyna Deli soltanlygynyň emirlerinden belläpdirler. Muhammet Togalak öz kakasynyň elinde söweş tärlerini birkemsiz öwrenýär. Kyýas şa öz ogluna soltanlygyň goşunyna serkerdelik etmegi doly ynanýar we ony özbaşdak çozuşlara iberýär. Uruş tilsimlerini birkemsiz ele alan Muhammet Togalak hindi okeanyna çykalga gözleýär we okean kenarlaryny özüne tabyn etmegi ýüregine düwýär. Şeýlelikde ol Bengal aýlagynyň kenarlaryny, Orissiýany özbaşdak uruş hereketleri bilen basyp alýar. Muhammet Orissiýa ülkesiniň ummasyz baýlyklaryny we goşun üçin ulanar ýaly pilleri ele salýar. Kyýas Togalak Deli soltanlygyny dolandyran döwründe oba hojalygynyň ösmegine uly üns beripdir. Şol döwürde Delide we onuň abadanlarda gök we bakja ekinleriniň birnäçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilipdir. Hut şol döwürlerde tüwiniň 21 görnüşi ösdürilip ýetişdirilipdir. 1325-nji ýylda Kyýasutdin Togalagyň aradan çykmagy bilen onuň tagtyna ogly Muhammet geçýär. Atasyndan ummasyz güýç we häkimlik miras galanlygy üçin Muhammet Togalak ýurtda özboluşly reformalary geçirip başlaýar. Ol XIII asyryň ikinji ýarymynda Delini abadanlaşdyrmak, köne şäheriň ornuna täze şäheri gurmak işlerine başlaýar. Ol Adylabat galasyny we Jahanpanna şäherini hem-de özünden öňki ýurdy dolandyran Türkmen soltanlarynyň köşklerini özgerdip, täzeden gurdurýar. Muhammet Togalak hut öz şahsy harajady bilen Jahanpanna we Togalakabatdan tä Kyýasutdin Togalagyň köşgüne çenli aralygyň şorlaşan ýerlerini, batgalygyny, zeý suwlaryny aýyrdýar. Muhammet Togalak öz döwletine Hindistanyň köp abadanlaryny birleşdirýär. Öňden bäri el degirilmän duran merkezi, günorta Hindistanyň ülkeleri, Hind okeanlarynyň kenarlary hem onuň doly golastyna geçýär. Bengaldaky halaç serkerdeleri we soltanlary Deliniň soňky hökümdary Muhammet Toglalakdan heder edýärdiler hem-de ony özleriniň häkimliklerine esasy howp hasaplaýardylar. Deli şäheri indi soltanlygyň golastyndaky günorta ýurtlardan has uzakda (1323 km.) ýerleşýärdi. Şol sebäpli Muhammet şa Delini ýurduň günorta ülkesiniň şäheri bolan Dewagirä göçürmegi buýurýar. Ol Dewagiriniň adyny üýtgedip, Döwletabat (1326) şäheri diýip atlandyrýar, Deli bolsa, ikinji merkezi şäher bolup galyberýär. Şol döwürde Delide ýaşan arap syýahatçysy Ibn Batuty: «Muhammet Togalagyň Deliniň ýaşaýjylarynyň ählisini Döwletabada göçürmegi netijesinde şäher boşap galdy. Ähli ilat öz öý-goşlaryny, mal-mülklerini taşlap gitdiler. Şäher bolsa gugaryp galdy» – diýip ýazýar. Müňlerçe kilometr aralyga paýtagty göçürmek Muhammet Togalaga we soltanlyga has agyr düşýär we ummasyz çykdajylary talap edýär. On ýylyň içinde boşap galan Deliniň töwereklerinde ýerler sandan çykyp başlaýar. 1337-nji ýylda Muhammet Togalak şa ýene-de Delini paýtagt etmeli diýip buýruk çykarýar. Ol boşap galan şähere öňki ilatyny we beýleki abadanlaryň ilatyny hem göçürip getirýär. Deli bilen Döwletabadyň aralygynda her iki kilometrden aragatnaşyk punktlary goýulýar. Kyrk günlük gatnaw ýolly iki şäher aralygynda birnäçe. bazarlaryň, garbanyşhanalaryň bolandygy üçin ýanyň bilen goş torbaňy almasaň hem bolýar eken.Bu ýolda başga-da kerwensaraýlar, çaklaňja ybadathanalar, metjitler, ýolagçylar üçin hyzmat ediş öýleri gurlupdyr. 1351-nji ýylda Muhammet Togalak demgysma keselinden tarpa-taýyn aradan çykýar. Onuň ornuna öňki Kyýas şanyň dogany, Rejep Togalak Salyryň ogly Fyruz, Togalaklar dinastiýasynyň üçünji mirasdary bolup geçýär. Fyruzyň kakasy Rejep salyr Alautdin Halajynyň hökümdarlyk edýän döwründe Deli soltanlygynda emeldar bolup uly wezipelerde işläpdir. Fyruz öz doganoglan agasy Muhammet Togalagyň eýelän üstünliklerini, goýberen ýalňyşlyklaryny sapak edinip, ýurdy gülletmegiň we baýatmagyň aladasy bilen 40 ýyllap Deli soltanlygynda şalyk sürýär. Fyruz şa döwründe ýurtda görnetin ösüşler başlanýar. Ýurtda syýasy ýagdaýlar düzgünleşdirilýär. Ýerlere we daýhanlaryň girdejilerine salynýan salgytlar azaldylypdyr. Deli soltanlygynda (52 sany abadanlarda) ähli harytlar arzanlapdyr. Şol döwürleriň taryhçylary bolan Baraniniň we Afifiň nygtamaklaryna görä, Fyruz şa haýyr-sahawatly, hakykatçyl adam bolupdyr. Ol daş-töweregindäki goňşy ýurtlar bilen gowy aragatnaşyklary ýola goýupdyr. Togalaklar şalary soltanlygynyň golastyndaky dini başga halklary hormatlapdyrlar ýa-da olary öz dinlerine saljak bolup zulum etmändirler. Taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Deli soltanlygy (XII-XV asyrlar) döwründe ýerli induslar musulmançylygy höwes bilen kabul edipdirler. Fyruz şanyň segsen üç ýaşynda aradan çykmagy onuň raýatlary üçin uly hasrat bolupdyr. Togalaklar dinastiýasynyň iň adyl we gaýratly, abadançylygy ornaşdyryjy şasy hökmünde tanalan Fyruz aradan çykandan soň Deli soltanlygy ownuk böleklere bölünip başlaýar. Şonda-da Deli soltanlygy ýene 40 ýyl töweregi Hindistanda iň güýçli we ösen Derejeli özbaşdak ýurt hökmünde ýaşamagyny dowam etdirýär. Ýöne, doganlar arasynda häkimiýet ugrundaky köp ýyllyk özara uruşlar Togalaklar hökümdarlygynyň ýuwaş-ýuwaşdan ysgyndan gaçmagyna getirýär. Söz ugruna, bir asyrlap Deli soltanlygyna ýolbaşçylykeden Togalaklar hökümdarlygynyň nesil arkalary bilen tanyş edýäris. Kyýasutdin Togalak (1320-1325), Muhammet Togalak (1325-1351), Fyruz Togalak (1351-1388), Muhammediň ogly Kyýasutdin II Togalak (1388-1389), Isgender Togalak (1389-1394), Nusrat Togalak (1394-1413). XV asyryň başlarynda Mawerennahrda dörän gazaply we güýçli Teýmurleňkiň otuz ýedi ýyllyk dyngysyz ýörişleri Deli soltanlygynyň hem üstünden düşýär. Eýýäm düýpli ysgyndan gaçan Togalaklar hökümdarlygy Merkezi Aziýadan gelen basybalyjylara garşy durup bilmeýär. Iki türki hökümdarlygyň ganly çaknyşyklary Teýmurleňkiň peýdasyna çözülýär we üç asyrlap dowam eden Deli soltanlygy dargaýar. Meşhur Bombeý şäherinden ugur alan awtobusymyz Döwletabat şäherine çenli 390 kilometri geçmelidi. Biziň hindi ýolbeledimiz Şrirkant ýolugruna ýetişibildiginden Döwletabat, Aurengabat şäherleri barada gürrüň berýärdi. Aurengabat häzirki Maharaştra ştatynyň söwda merkezi we taryhy şäheri eken. Bu şäher Mogol imperiýasynyň iň soňky hökümdary Aurengzebiň (1659-1707) hormatyna atlandyrylypdyr. Şäheriň ýakynynda Aurengzebiň gurduran meşhur «Bibi Makbara» metjidi Agradaky Täç Mahalyňekiztaý metjidi diýip aýtdylar, dogrudanam, onuň owadanlygyna söz ýok. Ýolbeledimiz Maharaştra ştatynyň geçmişine şöhlelenme berýän maglumatlar esasynda başga-da köp taryhy we arheologiki ýerler barada köp zatlary gürrüň berdi. Ol dünýä meşhur we iň gadymy induizmiň, buddizmiň buthanalary bolan Ellora we Ajanta gowaklarynyň (biziň eýýamymyzdan öňki 350 we 700-nji ýyllar) hem Döwledabadyň ýakynyndadygyny aýtdy. Biz Aurengabat şäherine gijäniň ýarymyn-da geldik. Myhmanhanamyzyň eýesi biziň gelýändigimizi eşidip, biziň sanymyza görä ýer taýýarlap goýupdyr. Ertir bolsa, bize günorta Hindistanyň iň gyzykly taryhy ýerleri, ýene-de ýatdan çykmajak pursatlar garaşýardy. Döwletabadyň taryhy galalary Aurengabadyň merkezinden 15 kilometr çemesi aralyk-da ýerleşýän eken, Awtobusymyz kiçeňräk obalaryň arasy bilen Döwletabat galasyna tarap ýola düşdi. Ýygjam ýerleşen obalarda esasan daýhanlar, hünärmentler, maldarlar, söwdagärler ýaşaýar eken. Her öýde şahlary yzyna serpilip duran sygyrlar, gäwmişler, hindi towuklary, goýunlar, geçiler göze ilýär. Janypkeş hindi daýhanlary ekin meýdanlarynda işleşip ýörler. Ýer bu adamlaryň esasy baýlyk çeşmesi bolup durýar. Bu ýerlerde söwda-satyg ösüpdir. Her öýüň deňinde söwda öýleri bar. Söwda öýlerinden ýerli musulman dinli zergärleriň, kümüş ussalaryň sünnäläp ýasan şaý-seplerini satyn alsa bolýar. Meýdanlarda pagta ýygyp ýören oba daýhanlary görünýär. Her kim ýygan pagtasyny özbaşdak harman edip goýupdyr. Pagta bu ýerde ýylyň dört paslynda-da gögerýän eken. Ýerleri örän gurply bolara çemeli. Gülläp oturan ýorunjalar garalyp görünýär. Biz ýarym sagat çemesi ýol ýöräp, Döwletabat galasyna golaýladyk. Her ýerräkde gaýalaryň üstünde garawullaryň diňleri görünýär. Siňe synlasaň, Muhammet Togalagyň daşky duşmanlardan goranmak we habarlaşmak üçin şol görünýän garawul diňlerini gurdurandygyny aňmak bolýar. Biz Döwletabat galasynyň merkezi derwezesinden uly howla girýäris. Demirden guýlan galanyň merkezi derwezesi Galkondanyň «Fateh» (Ýeňiş) derwezesine çalymdaş. Derwezäniň bosagasyndan ätläniňden seni türkmen ruhy siňdirilen şanderwezeler, tagçalar, gümmezler, minaralar gurşap alýar. Derwezäniň arkasynda gümmez bilen örtülen inedördül zallar bar. Zallar kiçeňräk otaglar bilen gurşalyp, tä Çand minara çenli uzalyp gidýär. 60 metr töweregi beýiklikdäki Çand minara galanyň ybadathana metjidiniňki bolup, ol uzaklardan görünýär. Bu minaranyň ýylmanak daşlardan örülen nagyşly aýlawlary we üç guşagy bar. Baýryň üstünde, 200 metre golaý beýiklikde ýerleşýän Çini Mahal köşgüne çykmak üçin gaýa daşlary düşelen basgançaklar bilen galyp gitmeli. Rejeli goýlan basgançaklary sanap çykyp barşyňa, öz ýanyňdan näme üçin gadym döwürlerde ata-babalarymyz tebigy gaýalary, beýik depeleri peýläp we penalap, ýurt tutunypdyrlar diýen sowal kelläňe gelýär. Mysal üçin, Gökdepe, Akdepe, Şordepe, Goşadepe, Mahmaldepe (Kaka), Teňňelidepe (Sarahs), Altyndepe (Kaka) ýaly ýer-ýurt atlary ýönelige döremändir ahyryn. Agzalan depeli şäherler hut taryhda daşky gorag we bent hökmünde uzak wagtlap durupdyrlar. Çini Mahal köşgüne çykyp, daş-töweregiňe ser salsaň, her ýerräkde ýumurtga ýaly syrdam, çowly depelere gözüň düşýär. Ol depeleriň üstünde bolsa goragçylar üçin jaýlar gurlupdyr. Ho-ol aşakda bolsa şalaryň ýaşaýyş jaýlary, metjitler daşy diwar aýlawy bilen 5 gurşalyp, bütewi bina-mukamy emele getirýär. Bu mähnet galanyň daş-töwereginiň meýdany ýüzlerçe gektardyr. Ellora gowaklaryna tarap peslikde bolsa, ätiýaçlyk suw howdanlary ýerleşýär. Galanyň birnäçe ýerlerinde diňli atyşhanalar bolup, ol golaý gelip bolmaýan birnäçe agyrtoplar bilen üpjün edilen, berkitme gala bolupyr. Galanyň iinde bize äpet bäş metrlik agyr topy görkezdiler. Ol çakmak bilen otlanylyp atylypdyr. Döwletabat galasynyň içi jemendeden doly, gelim-gidimli ýer eken. Galanyň her bir desgasy barada aýdara-diýere zat kän. Biz ençeme asyrlara duwlanyp ýatan gadymy Döwletabat galasyndaky galan täsirler bilen onuň düýbüni tutan Togalaklar şalygyna «şöhrat seniň aslyňa we nesliňe» diýdik. Berk diwarly gala bolsa, öz syrlarynyň indi täze garaşsyz Türkmen nesli tarapyndan açylýandygyna buýsanýan ýalydy. Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |