05:02 Adamyñ öz görýän zatlaryndan ölümden soñky direlişe mysallar | |
ADAMYÑ ÖZ GÖRÝÄN ZATLARYNDAN ÖLÜMDEN SOÑKY DIRELIŞE MYSALLAR
Geň-taňsy wakalar
"Ynansañ saña imandyr, Ölmek hak, dirilmek hakdyr". Magtymguly Pyragy. 1. Her gije bir ölüme, her gündiz täze direlişe yşaratdyr. 2. Her gyş bir ölüme, her bahar pasly gaýtadan direlişe mysaldyr. 3. Her agaçda bolsa üç dürli direliş bar: - Her ýyl täzeden güllemegi; - Her ýyl ýapraklaryñ täzeden pyntyk ýarmagy; - Her ýyl ir-iýmişleriñ täzeden getirmegi. 4. Her gyşyñ yzyndan gelýän bahar paslynda 300 müñ dürli ösümlikdir janly-jandar täzeden direlýär we janlanýar. - Bulardan bir bölegi birmeñzeş görnüşde direlýär: ýaprak, gül, miweler; - Ikinji bölegi bolsa bolşy ýaly direldilýär: ösümlikleriñ kökleridir süññüne täzeden jan girýär, gyş ukusyna giden haýwanlaryñam täzeden oýanmagy - şol bir göwrede direlişiñ bolýandygyna mysallardyr. ■ Adamyñ öz synasyndan ölümden soñky direlişe mysallar: 1. Her günki uky bilen ölümiñ bir görnüşine - "kiçi ölüme", oýanmasy bilenem täzeden direlişe. 2. Beden öýjükleriniñ iki ýylyñ dowamynda doly täzelenmegi. 3. Synadan kesilen dyrnagyñ, syrylan gylyñ we ş.m. zatlaryñ ýerine täzeleriniñ ösüp çykmagy. 4. Adamyñ ilki ýaradylyşynda heniz ene garnyndaka dürli tapgyrlaýyn döwürden geçirilip dünýä inmegi: (Bir damja suwdan gan lagtasyna, soñ et böleginden süñkleriñ emele geliş döwri we ahyrynda-da oniki süññi abat çaganyñ dogulmagy). Taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||