15:34 Ak deregiñ aýdymyndan ylham alawynyñ owazyna çenli | |
AK DEREGIÑ AÝDYMYNDAN YLHAM ALAWYNYÑ OWAZYNA ÇENLI
Edebi makalalar
(Ýa-da şahyr Kakabaý Ylýasowyň ömri-döredijiligi barada edebi-çeper söhbet) Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Kakabaý Ylýasowyň ömri we döredijiligi barada gürrüň edilende türkmeniň ýene bir zanny bilen şahyr ogly Bapba Gökleň pahyryň: - Was… Geçip barýan bürgütden, Gaçyp, Ýere dim-dik çümen ýelek dek – Hem syrdam, Hem sagdyn, Başy belentde, Meniñ doganym dek bolup dur derek! - - diýen ajaýyp setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Hawa, Kakabaý aganyň ömri Was ýaýlasynda başyny asmana diräp oturan ak derege, döredijilik dünýäsi bolsa şol deregiň synasyny bezäp oturan gök ýapraklaryň çalýan paýhasly, şirin sazyna meňzeýär. Dogrudanam Kakabaý agany ýada salanyňda emin-arkaýyn, erkin halda ösüp, boý alyp, wagtyň synagyndan geçmegi başaran buýsançly ak derek göz öňüňe gelýär. Onuň goşgularynda köplenç ynsan duýgulary tebigatdan mysal alnyp inçelik bilen beýan edilýär. Megerem şahyryň gözel tebigatymyzyň bezegi hasaplanýan bag-daragtlara bolan mynasybeti: - Ak deregi elläniňde buýsanyp, Kalbyňda syzarsyň duýgulaň oýnun, Ýa-da: - Ýyllaryň içinde gaýnap joş urdum, Ak deregim, ömür geçenok haýp. Saýaňda rahat tapaýyn bir dem, Seniň ak synaňa maňlaýmy goýup - diýen ýaly setirlerinde aýdyň görünýär. Ýa-da: - Ak säherde, Adamlardan haýyşym, Agaçlary silterlemäň gudurap, Bilýäňizmi, ýapraklaryň gözi bar, Synlaň ony, Buldurap dur, buldurap - - ýaly setirlerinde şol mynasybet magat duýulýar. Gözel tebigatyň goýnundaky täsinliklere maýyl bolan ynsanyň bütin barlyk bilen sazlaşykly görnüşde ýaşamagy hakdaky pikir şahyryň poeziýasynda güberçekläp galýar. Şahyryň liriki gahrymany “Çopançalap” diýen goşgusynda: - Ýok, saňa güldesse alyp gelmedim, Ýolmaga dözmedim sähraň güllerin. Seniň deý ezizdir bu sähra maňa, Näzik tene dözmez meniň ellerim - - diýip, öz söýgülisine ýüzlenýär. Şahyryň obaly adamlara meňzeş goýazy, saldamly-salykatly şygryýet dünýäsi barada onuň eserlerini ýene bir ýola okap, soňra uzak oýlardan soň bir zatlar ýazmak arzuwy döreýär. Emma ondan ozal gysgajyk bir zat aýdyp-ony suratlandyrasyň gelýär. Sebäbi halypanyň özi hem bütin döredijiliginde gysgalyga sadalyga ýugrulan goşgulary döretmäge çalyşypdyr. Bir söz bilen aýdylanda, şahyr Kakabaý Ylýasowyň döredijilik äleminde torgaý guşly sähranyň, daň säherler täsin bir şähdaçyklyk bilen oýanýan küren obanyň, güýzde gyssanman akýan derýanyň, umuman ynsanyň kalbyny dogabitdi sazlaşyga salyp duran ajaýyp zatlar hakda özboluşly goşgulary döredendigini aýdasym gelýär. Elbetde, oba temasyndan ýazylsa ilkinji orunda tebigatyň waspy ediläýmeli. Sebäbi oba janly tebigata ýakyn, has takygy tebigatyň goýnunda onuň bilen sazlaşyp otyr. Oba adam bilen tebigatyň hiç bir päsgelçiliksiz ýüzbe-ýüz halda söhbetdeş bolup biläýjek ýeri. Özi hem adamy adam edýän zatlaryň naýbaşy hasaplanýan zähmetiň joşýan ýeri bolan obada ynsan ynsaby we borç hakynda söhbet etmek mümkin. Obanyň daş-töweregindäki ekinzarlyklar hakyky göreş meýdany. Şahyryň “Çakylyk” atly goşgusynda: - Obadyr sowulmaz bagtyň mesgeni, Obadyr hoş geçýän wagtyň mesgeni Özüni göreşe bagş eden mertler, Diňşirgemän, gelibersin göz-göni - - diýip ýazýar. * * * Kakabaý Ylýasowyň täsin döredijilik dünýäsi onuň ykbalyna meňzeş. Belki onuň çylşyrymly ykbaly döredijilik dünýäsine hem belli bir derejede täsir edendir diýip pikir edýäň. Daşoguzyň Boldumsaz, Gubadag sebitlerinde ady belli, dili dogaly pirleriniň biri Zaman işanyň ogullary Ylýas bilen Hudaýberdi 1937-nji ýylda sowuk ülkä sürgün edilende, ýaşajyk Kakabaý ýaňy bir ýaşyny doldurypdy. Ýurtlaryň üstünden agalyk edip, halklary bakna-gul ýagdaýynda saklan gyzyl imperiýanyň zalymlyga, zulma ýugrulan syýasaty golastyndaky milletleriň görnükli adamlaryny ýetişibildiginden ýok edýärdi. Bu bakna halklaryň baş göterip bilmez derejede nadanlygyny üpjün etmek üçin amala aşyrylýan talapdy. Zaman işanyň alty oglundan hökümediň eline ileni Hudaýberdi bilen Ylýas boldy, galanlary Maňgyşlak, Şagadam taraplara gaçyp gitdiler. Garaz uly işanyň ýurdy dagady, ojagy öçdi. Ýaş çaga Hudaýberdiniň aýaly Geňlik eýe çykdy. Kakabaýjyk doganoglan uýasy Ýazbibi bilen bileje ösüp ulaldylar. Çagalyk döwri geçen asyryň haý-haýly, hupbatly ýyllaryna gabat gelip ykbalyň ýowuz hem biadyl oýunlary başyna düşen Kakabaýjyk hakda oýlanyp, belki şeýle kynçylyklary çeken oglanjyk şahyr bolman bilmezdi diýip netijä gelýärsiň. Ýowuz döwrüň zulmundan salamat çyksa-da, agasy Gurbandurdyny alys ülkäniň sowuk topragyna jaýlamaly bolan Ylýasa kän ýyllardan soň dogduk depesine dolanyp gelmek miýesser etdi. Geňligiň elinde ösüp-ulalan Kakabaýy görmek üçin kädaýym dogduk depesine gelip giderdi. Her näme diýseňem perzent perzent bolýar-da… Elbetde, bu zatlaryň baryny Kakabaý uly adam bolandan soň bildi. Bu ahwallar onuň şahyr ýüregine nähili täsir eden bolsa biz olary onuň goşgularynda görýäris. Geňlik ejäniň hamrak elleriniň gudraty bilen şahyr ogul bolup kemala gelen Kakabaýyň bu mährem enä bagyşlap ýazan goşgusyny okanyňda süýji gussa, ýagty umyt, kalbyňy dilýän ýatlamaly duýgulara sataşýarsyň: - Goltuklap ak söwdüň ak taraşasyn, Kesek peçli otagyňa gir enem. Men bir maňlaýgara perzendiň seniň, Bir wagt şol peje kalby örtenen. Nirde gezsem gulagymdan gitmedi, Gübürdäp ýanyşy ak taraşanyň. Otla ene, otla, Kesek pejiňi, Bir wagtky ýaly gönensin janym. Hol ýaşyl çäýnegi oturt ojaga, Mylaýym heň etsin jadyly şyglap. Onuň kalba salýan ýaňy üýtgeşik, Sygyryp gaýnanda petigi buglap. Ak ýalyna goşarymy dagladyp, Özüm alakçyna çekeýin ody. Soňam öňe alsak demli çäýnegi, Muňa ýetmez, käbäm, dünýäň hiç zady. * * * Şahyryň ömri-döredijiligi hakynda gysgajyk zat aýdyp goýmak kyn. Kakabaý Ylýasow Boldumsaz etrabynyň Bozajy obasynda 1936-njy ýylda dünýä indi. Şol ýerde bilim alyp, soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Okuwdan soň öz dogduk obasyna gelip medeniýet ulgamynda dürli kärlerde zähmet çekýär. Halypa şahyrymyz juda kitaphonlygy bilen öz döwürdeş ýazyjylaryndan, kitap janköýerlerinden görnetin tapawutlanýan eken. Onuň okumyşlygy poeziýamyzda täze belentliklere galmaga mümkinçilik beripdir. Şahyryň ýakyndan gatnaşan ýazyjy-şahyr egindeşleri, dostlary Türkmenistanyň Halk ýazyjylary Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Sapar Öräýew, Hangeldi Garabaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Reýimbaý Sabyrow ýaly meşhur adamlar onuň bilen bir ömre duz-emek bolup, gadyrly gatnaşypdyrlar, döredijilik täsirleri barada pikir alşypdyrlar. Elbetde, edebi-döredijilik söhbetleri, şygryýet desterhanynyň başyndaky jedeller, gaýtalanmajak duýgulary serpaý edýän ajaýyp gatnaşyklar hakda näçe söhbet etseň edibermeli. Sebäbi olarda halypa şahyrymyzyň keşbi, ruhy-dünýäsi aýdyňlaşýar. * * * Şahyryň özboluşly döredijilik dünýäsi bar. Onuň şygryýet “ussahanasynda” sünnälenen eserleri hakda pikir edeniňde bir zada göz ýetirýärsiň, şahyryň her bir setiri, her bendi çeper meňzetmelere, durmuş pelsepesine ýugrulan: - Zamana her ýerde seni gereklär, Sen her ýerde gerek bolsaň adama. Käte jeň turmanam, ýarag görmänem, Oňat günde adam ýaradar bolar. Kaklar çalym edýär gök çaýly käsä, Bu ýerleň terligi ýaşlyga ogşar. Müň ýyly kemsiden çynara bakyp, Ene tebigatdan islärsiň deňlik. - diýen ýaly setirleri okanyňda şahyryň döredijilik dünýäsiniň çuňňur gözbaşlardan gaýdýan paýhasa, tämiz duýgulara beslenýändigini görýärsiň. Şahyryň döredijiliginde göze dürtülip duran häsiýetli aýratynlyk-ol hem seýrek ulanylýan gadymy sözleri ussatlyk bilen goşgularynda ulayp bilmegidir. Türkmen diliniň baýlaşmagy üçin özboluşly hyzmat görkezen şeýle goşgulardan mysal getirsek: - Ak bulutdyr diýdim men Süpürgiçdir, desmala. - Dereginde dostluk başardýan eken, Akyl hem güýç taýdan deň gelýänlere. - Çilde ýanbaş taşlan ýönekeý çöpem, Tirsegine ýatan pälwana meňzeş. - Goltuklap ak söwdüň ak taraşasyn, Kesek peçli otagyňa gir enem. - Arkalaşanlara ýowymaz zowal, Daglar derýa üçin zerurdyr her dem. - Şol saçy puşdalap sypan çaglarym, Ömrümiň iň ajap pursatlarydy. - ýaly, goşgy setirlerinde getirilýän “desmal”, “taraşa”, “dereginde”, “ýanbaş”, “ýowamaz” “puşdalamak” kimin köne türkmen sözleri eseriň şireli, reňbe-reň bolup çykmagyna oňaýly täsir ýetiripdir. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda poeziýamyza Gurbannazar Ezizowyň girizen italýan goşgy düzlüş formasy bolan sonetler çemeni öz döwründe täzelik bolupdy. Gurbannazar Ezizowyň ýaşytdaşlaryndan hem-de şägirtlerinden bir topary oňa eýerip sonetler çemenini döretdiler. Kakabaý Ylýasow bu ugurda sonet goşgy düzlüş görnüşine özüçe döredijilikli çemeleşip, adaty soneti göni bir bent kemeldip, üýtgeşik bir sonet görnüşini teklip etdi: - Gül gögerip barýar basan ýeriňden, Bereket dökülýär ak elleriňden, Gezýärsiň gül düze nazaryň aýlap, Eliňdäki rysgy illere paýlap, Sende egsilmejek güýç kän ekeni, Açyş kimin açdy bu döwür seni. Nuruňdan gananok topragam, gülem, Seniň jomartlygňa kemsinýär Günem. Ine, şu söýgüdir söýgi diýilýän, Eý, ýeri söýenim, men seni söýýän. Elbetde, bu ýerde sonet bentleriniň birini aýranyň bilen täze görnüşini tapdygyň bolýarmyka diýip sowal berilmegi hem mümkin, ýöne ýokarda bir ýerde belläp geçişimiz ýaly bütin döredijiligi gysgalyga-sadalyga ýugrulan Kakabaý aganyň täze tapan täri bilen başga millete degişli äheňi biziň kalbymyza kybap, bize golaýlaşdyryp bilmegi diýip düşünýärin. Şahyr Kakabaý Ylýasowyň döredijiliginde sekizlemeler, rubagylar, oýnamlar ýaly goşgular toplumlary belli bir döwürde edebiýatymyzy gyzgyn täsirlere beslän wakalar bolupdy. Torgaýlap ýagýan gyşyň ak gary, ojakdaky oda haýkyrýan tüňçe, bar ýeri dörjeläp dümtünip ýören gyş, güneşden ýüklenen çeşmeler-çaýlar, gursagy Günli bagtly ýigit, bularyň bary köňli oba kökerilen, sähra ýürekli ýigidin dünýäsi. Şahyryň liriki gahrymany sähra ýigidi. Sährada doglan, sährada önüp-ösen, kemala gelen, şu sähranyň özünde galan şahandaz ýigidiň obrazy. Şahyrň liriki “meni”- sähra ýigidi söwer ýaryna “Sähraýüzli” diýip ýüzlenýär. Şahyryň sähraly ýigidi sähraýüzli ýaryny ýyllar dowamynda ezizläp söýüp, küýsäp ýör. Gyş ötüp ýaz geler bähre alara, Gül tirip çykaryn bu alalara, Bir salym çoýunyp ýatlamalara, Sähra söýen söwer ýary küýsedim. * * * Şahyryň ýegeni Täzegül ejeke bilen bir topar kitaplary öňümize üýşürip otyrys. Biri-birinden üýtgeşik many ýaraşykly kitaplaryň atlaryny öwran-öran okaýaryn. “Baky güzer”, “Oba ýollary”, “Aşyk men”, “Gözbaş”. Bu kitaplaryň her sahypasynda, ýazylan setirlerde şahyryň ömür boýy kalbyny gozgalaňa salan ahwallar, ylahy ylhamyndan kemal tapan goşgulary bar. Ol goşgularda bolsa şahyryň ýaşan döwri şöhlelenýär. Kakabaý Ylýasowyň manyly ömründen, köpgyraňly döredijilik dünýäsinden oňa has belet hem-de mähriban adamlaryň birisi bilen söhbetdeş bolup oturşyma bir zada göz ýetirdim. Entek many bilmez çagalyk döwründe ene-atasyndan aýra düşen bu ynsanyň bütin ömrüne adamlara mähir bilen hyzmat edendigine, sada adamlary söýendigine göz ýetirýärsiň. Şahyr haýsy kärde, haýsy wezipede otursada diňe adamalaryň aladasy-derdi, olary ynjalykdan gaçyrýan meseleler barada oýlanyp, hemmelere oňaýly bolan çözgüdini gözläp ýaşapdyr, işläpdir, ine şonuň esasynda hem ajaýyp goşgulary döredip bilipdir diýip arkaýyn aýtsa bolar. Boldumsaz etrap merkezi kitaphanasynyň baýry işgäri Täzegül ejekäniň öz mähriban daýysy barada aýdyp berýän gürrüňlerin diňläp oturşyma şahyryň il-güne bagyş eden ömrüne gözüň gidýär. Kämahal ýekeje söz, ýalňyz hereket adamy tanamaga ýeterlik bolýan eken. * * * Şahyryň gadyrly gatnaşan dostlarynyň biri, şahyr Jumanazar Annaorazow: - Baýramçylyk günleriniň bosagasynda köçe bilen barýardym, Kakabaý aga gabat geldi - diýip bolan bir wakany gürrüň berdi. - Ol meniň bilen salamlaşdy-da “Etrap çagalar sazçylyk mekdebiniň aýdymçylar topary meniň goşgyma döredilen aýdymy öwrenip ýören ekenler, menem diňläp görüň diýip çagyrdylar, onsaň ýaňy ýörite baryp, şolary diňläp gelýärin. Senem ýaltanman baryp bir diňläp gör, kem-käs ýerleri bar bolsa, pikiriňi aýdarsyň” diýdi. Halypanyň sözlerine düzlen aýdymy diňläp öýe gelip giren badyma telefon geldi, trubkany galdyrsam “Şahyry aldyrdyk” diýip ajy habary ýetirdiler. Görüp otursak Kakabaý aga etrap sazçylyk mekdebinden çykyp öýüne baryp, dyzyny epen badyna haly agyrlaşypdyr. - Jumanazar aga sözüne dyngy berip, biraz oýlanyp durdy-da: - Şol gün sataşanda “Dört zat bar, ikisini hemişe ýatlap gez, ikisini derrew unut - diýdi. - Ir-u-giç ölmelidigimiz, Allanyň bardygyny hemişe ýatlap gez, saňa edilen ýamanlygy, öz eden ýagşylygyňy derrew ýadyňdan çykarjak bol. Kakabaý aganyň ömrüniň soňky pursatlary barada pikir-oýa çümüp oturşyma öz sözleriňe düzlen aýdymy diňläp, onsaň gözüňi ýummak - munuň özi hem özboluşly bagt eken diýen netijä geldim. Söhbetimiň başynda halypamyzyň mynasyp ömrüni, ajaýyp döredijilik dünýäsini Was ýaýlasynda başyny asmana diräp oturan ak derege we onuň mukama meňzeş owazyna meňzedipdik. Sözümiň ahyrynda halypa şahyr Kakabaý Ylýasow hakda oýlanyp onuň egindeş şahyrlaryndan biri Kerim Gurbannepesowyň: - Uzakda bolsaňam Kakabaý Ylýas, Seňem ýiti zehindigiňi bilýäs. Ülkäniň bu çetin ýyladyp otyr, Ýurduň o çetinde alawlan yhlas. - diýen setirleri bilen sözümi tamamlasym gelýär. Sylapberdi MUHAMOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |