14:31 Alaeddin Halajy | |
ALAEDDIN HALAJY
Taryhy şahslar
Hindi alymlary N.K.Sinha bilen A.Ç.Banerji Alaeddiniň döwrüniň Deli soltanlygynyň gülläp ösen hem-de iň kuwwatly döwri bolandygyny tassyklaýarlar. Emma biz sowet hindişynasy K.Z.Aşrafýanyň bu hökümdaryň özgertmeleriniň üstünligini diňe ýüzleý diýip görkezip, onuň gazaply öç almalaryň netijesinde geçirilendigini nygtamak bilen, onuň ähmiýetini peseltmäge synanyşmak hakdaky birtaraply netijesi bilen ylalaşmaýarys. Çünki Alaeddin Halajy ýaly köptaraply şahslaryň hyzmatyna baha berlende, olaryň öz döwrüniň çylşyrymly taryhy döwri göz öňünde tutulmalydyr. Alaeddin Halajy binagärlik işlerine uly üns beren hökümdardyr. Onuň döwründe köşkler, galalar, kümmetler, howuzlar, hammamlar yzly-yzyna salnypdyr. Köne Deliniň 3 kilometr golaýyndaky Täze Delide Alaeddiniň küňreli diwarlar we derwezeler bilen gurşalan «Hazar sütün» (Müň sütün) atly köşgi ýerleşýär. Onuň Kutub-minara meňzeş başga bir minarany gurdurmak baradaky arzuwy doly başa barmandyr. Ýogsam 1311-nji ýylda gurlup başlanan Alaý-i minaranyň beýikligi Kutub-minaradan 2 esse beýik bolmaly eken. Emma boýy 15 metre ýetirilen minara Alaeddin Halajy ýogalansoň, tamamlanman galypdyr. Alaeddin Köne Delide Kuwwatyl-yslam metjidine alty sany uly ýaý şekilli germewleri, şeýle hem Kutub-minara «Alaýy derweze» (Alaeddiniň derwezesi) ady bilen mälim bolan owadan bezeg nagyşly derwezäni gurdurypdyr. Alaeddin Halajynyň köşgünde işlän köşk taryhçysy Kabyreddin köp tomly «Fathnama» («Ýeňişleriň beýany») eserini ýazypdyr. Taryhçy Zyýauddin Barany (XIV asyr) soňra bu eseri tankydy nukdaýnazardan ulanypdyr. Alaeddiniň ýygy-ýygydan we duýdansyz ýagdaýda öz taryhçysyndan «Şeýle ýagdaýda pylany-pylany soltan näme edipdir?!» diýip soramak endigi bar eken. Soltan bir zat barada karara gelmezden öň, geçmişde bu babatda edilen işleri öwrenmäge ähmiýet beripdir. Alaeddin Halajy şahyrlardan we şyhlardan ötri, taryhçylary ýanynda saklamagy gowy görer eken. Alaeddin Halajy ökde serkerde bolupdyr. Ol öz goşunynda özgertmeleri amala aşyrypdyr. Esgerlere mülk ýerlerini paýlamagyň ýerine hazynadan ýeterlik mukdarda aýlyk berlipdir. Atlar gözden geçirilip, olaryň ählisi tagmalanypdyr. Onuň bu tejribesi Hindistanda üç asyr soňra Beýik Mogol döwletiniň hökümdary Ekber tarapyndan giňden peýdalanylypdyr. Zerur bolan halatynda Alaeddin 500 müň atla çenli goşun jemläp bilipdir. Mongollar bilen çaknyşyklarda Alaeddiniň goşunynyň artykmaç taraplary görnüpdir. Alaeddin Halajy öz döwründäki bolup geçýän wakalardan çalt habarly bolmak üçin poçta gullugyny («ýam») ýola goýupdyr. Delä gelen ilçiler soltan bilen görüşmegiň aladasyny edipdirler. Alaeddin Halajynyň taryhy şahsyýetine dürli milletden bolan taryhçylar dürlüçe baha berýärler. Emma olaryň ählisi, onuň örän zalym bolandygyna garamazdan, öz döwrüniň güýçli şahsyýeti, serkerdesi bolandygyny inkär etmeýärler. Hindi taryhçylary N.K.Sinha we A.Ç.Banerji Alaeddiniň dolandyran döwründäki iki sany möhüm waka üns çekýärler. Olaryň birinjisi: Alaeddiniň Hindistany syýasy taýdan birleşdirmegi, ikinjiden bolsa, Deli soltanlygynyň dolandyryş bitewüligini gazanmagydyr. Alaeddin Muhammet 1316-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda 50 ýaşynda aradan çykypdyr. Mazarüsti ýazgylardan we teňňelerden mälim bolşuna görä, ol Sultan’ul Azam, Abyl Muzaffar, Adyl, Isgenderi-Sany, Sultan’ul-Dünýä, Emin’ul-Hilafet, Emir’ul-Möminin, Gawsul-Yslam, Sefaryh Soltan, Muyzzel-Muluk, Essalatinul Kaýym, Maharajadhiraja Srimad Alawaduna ýaly dereje-lakamlaryň eýesi bolupdyr. Biziň günlerimize Alaeddin Halajydan iki sany maddy ýadygärlik gelip ýetipdir. Birinjisi onuň köne Delidäki juma metjidiniň ýanyndaky haraba öwrüliberen kümmedi, ikinjisi bolsa, onuň Bombeýiň Şazada Uels muzeýinde saklanýan gylyjydyr. Gylyjyň ýüzünde Besmele bilen başlanyp, parsça «Ýeňiş meniň elimdedir!» diýen ýazgy ýazylypdyr. Alaeddiniň Hydyr han, Şyhabeddin Omar, Mübärek han, Şady han atly ogullary bolupdyr. Gyzlarynyň näçedigi mälim bolmasa-da, olaryň ählisi Hudawendeý-i Jahan diýlip tanalypdyr. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. | |
|