ALLAÝARYŇ AÝDYMLARY
Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy bagtyýarlygyň mekanyna, bagtyýarlaryň ýurduna öwüren zamany, halkymyzyň:
Eziz Watan gadymy
“Dursun-diýip-müdimi.
Urýar batly gadamy,
Prezidentiň ýüregi -
- diýip, öz lideriniň daşyna jebişleşen döwri aýdymlarymyz, aýdymçy şahyrlarymyz hakda söhbet etmegiň lezzeti başga.
Şeýle günde adam öz kemçiligi hakda ýatlasa-da, ýüküň ýeňlän ýaly bolýan eken.
Biziňem “Aýdymçy şahyrlarymyzyň döredijiligini aýratyn bir ylmy iş hökmünde öwrenmeli” diýip, käkeläp ýörenmize esli wagt boldy. Ýa demrinden, ýa kömründen diýlişi ýaly, ýa ezber şägirt duşanok, ýa-da özümiz ýalta. Başa barman-a gelýär.
Ýöne, şu arzuwyň, şu niýetiň wagtal-wagtal böwre dürtýän-ä çyn. ''Ähli mümkinçilik bar. Nesibeli günem bardyr-da’’ diýip, öz-özümizi köşeşdirip ýörüs. Belki, Hudaý!
Bu gün “Inibatyr, akgaňlar-a aýdymlaryny jiltläp başlandyr” diýip, çep elinde saklap duran goňyr papkany çag eli bilen “patdyldadyp” goýberen Allaýar aga şol arzuwa ýene ot berdi. Ýene şol jogapsyz soraglar heýjana çalyp başlady: “Nämüçin goşgularyň ählisi aýdym bolaýanok?! Nämüçin aýdymlaryň köpüsiniň ömri gysga?! Aýdym hyzmatyndaky üçlügi ( bagşy, şahyr, kompozitor) birleşdirýän zat näme?! Olar (üçlük) biri-birini tapan halaty... Garaz, sorag köp-de, jogap az. Bir düýpli ylmy işe “şam ” bolarlyk iş-ä bar” diýip, köne ýarany “gaşap”, elimi aýdymly “ baýlyga” uzatdym. Ine, altmyş töweregi aýdym. Özem, hersi her döwürde döräp, henizem aýdylyp, diňlenip ýörlen aýdymlar. Bu aýdymlary waraklap oturşyma, Allaýar aga bilen günortanlyk çaýy wagty bolan bir gürrüňdeşlik ýadyma düşdi.
“Owaz” radio ýaýlymynda “ Gel, obamyň lälesi” ýaňlanyp başlady. Men bu aýdymyň haçan, nähili döränliginden habarly bolamsoň, “Allaýar aga, bu aýdym kyrk bäş ýyl bäri diňlenilýär. Lezzet berýär. Saňa şu aýdymyň lezzeti nähili?” diýip soradym. Şonda ol ulydan bir dem aldy-da, “Wah, inibatyr, lezzet küje, zat küje, hupbat-la bular. Şu aýdymlar her gezek aýdylanda men bir ölüp direlýän –ä. Birki günläp galpyldap ýörün onsoň. Edil kimdir biri jaň edip, “ Sen şol aýdymyň şu ýerini nädäýipsiň?!” diýäýjek ýaly. Aýdym diýeniň uzak ýaşasa dürli nesle, dürli pikirdäki adama hyzmat etmeli –dä. Birwagt gowy diýilen aýdymdan şu günki nesil bir kemçilik tapjak ýaly bolup dur-da, onsoň. Men inim, aýdymym efire gidende aty aýlawa giren seýis ýaly galpyldaýan. Käte ýaş bagşylar sözleri ýoýup, käte-de başgarak heňde-de aýdyberýäler olar. Ine, şonda ata düşünmedik çapyksuwar bilen seýsiň arasyndaky gatnaşyk, meniň bilen şol bagşynyň arasynda-da bolýar. Käte-de birwagtky aýdymymy diňläp, “ Hak, şu sözi şeýleräk diýip alan bolsam” diýibem, içimi hümledip ýörýän. Meniň, inim, lezzet alyşym--a şeýle. Käte-de, öz aýdymymy ile hödürläp, pälwan ogluny toýa ugradyp, “ Ogul hiç ýerini agyrtman dolansa bor...” diýip, oglunyň ýoluna bakyp oturan enäniň duýgulary başdan geçýär. “At at bolýança, eýesi it bolar” diýýärler –ä öňküler, edil şonuň ýaly aýdymyny il-gün kabul edýänçä, şahyram” diýip, Allaýar aga öz zähmetiniň hupbatyndan hoşal görnüşe girdi-de, ýylgyrdy.
Allaýar Çüriniň aýdymly dünýäsi hakda söz aýtmak üçin “ Gel, obamyň lälesi” (1968) bilen “ Prezidentiň ýüregi” (2010) atly aýdymlaryň arasyndaky aýdymly meýdana seýil etmeli. Bu iki aýdymyň arasynda ýarym asyra golaý wagt ýatyr . Ýarym asyrlap aýdym eçilen galamyň henizler gujury –gaýraty ýerinde.Ol galamyň ýüreginde henizler “ ýalyn lowlaýar” 1. Ol galam “ uzak gijeläp şabyrdap aýdym aýdan güýz ýagşyny” diňleýär.(“Damjalar”), “dagly gyza sawçy ýollap “Dagly gyz”) “Aýdymçy gyzyň mahmal owazyny” diňleýär (“Seň aýdymyň aşygy”), ol “düýş görüp” (“Düýşüme giripsiň ezizim ýene), durnalara “siz asmanyň, men bir ýaryň teşnesi” (“Durnalar”) diýip, söz gatýar. Bu galamyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanasynda bolsa özüne hasam talaby artýar.
Indi, ýokarky ýatlan üçlügimiziň (şahyr, kompozitor, bagşy) soňky ikisi hakda kelam agyz: “Şahyra kompozitor, kompozitora şahyr duşanda aýdymyň sazy, sözi ýerbe-ýer” diýlen baha mynasyp bolýar-da, aýdym uzak ýaşamagyň bir tärini ele alýar.
Allaýar Çüriýewiň aýdyma öwrülen goşgulary Gurbandurdy Çaryýew, Baýram Hudaýnazarow, Gurbanmyrat Nobatow, Ýolaman Nurymow, Döwletgeldi Ökdirow Şanepes Şanepsow, Kakabaý Annanepesow, Akmyrat Çaryýew, Atda Çaryýew, Rejep Gutlyýew, Öwezgeldi Tekäýew, Weli Muhadow, Ata Esadow, Gurban Kulyýew, Durdy Nuryýew, Nury Muhadow, Ata Ablyýew, Aşyr Kulyýew, Kerim Garowow, Rejep Rejebow... ýaly kompozitorlaryň döreden sazy bilen ganyny –gana, janyny –jana goşup ýaşap ýörler.
Üçlügiň ýene bir hyzmaty - aýdymy aýdym ýaly ýerine ýetirip bilýän bagşa degişli. Allaýar Çüriýewiň aýdymlaryny ýerine ýetiren Öwezgeldi Teke, Aýdogdy Gurbanow, Gülendam Artykowa, Annaberdi Atdanow, Myrat Sadykow, Güljan Hümmedowa, Atageldi Garýagdyýew, Gurban Gummanow, Akmyrat Nurberdiýew, Nurýagdy Baýramow, Bibi Welmyradowa, Rehmet Arnagylyjow, Mämi Annamyradow... ýaly bagşylar şahyryňam, kompozitoryňam zähmetine düşünen bagşylar. Şeýdibem, şahyr, kompozitor, bagşy birleşip, Allaýaryň aýdymlary adamlara ýar boldy.
Allaýar Çüriniň aýdymlary hakda köp zat aýdyp bolardy. Ol aýdymlaryň, goşgularyň dünýäsine siňip, sungat bilen poeziýanyň ganybirligi hakda aýdybam, söhbeti uzaldyp bolar. Gurbannazar Ezizowyň A.Çüriýewiň heniz talypka ýazan “ Gel, obamyň lälesi” atly aýdymyna “ Berekella, Allaýar. “Ýüregimde ýalyn lowlar” diýen setiriňi ajaýyp tapypsyň, molodes, şunyňy gaty oňarypsyň, köpräk şular ýaly setirler bilen goşgy ýazsaň, abraý taparsyň!” diýip beren ak patasynyň maňzy hakda, şahyryň aýdymy hakda ýazylan “Altmyş ýaşly şahyryň kyrk ýaşly aýdymy” (Ç.Kulyýew), “Aýdym bolup ýaşamaly” (G.Agalyýew), “Belorusda diňlenen aýdym” (H.Kulyýew), “Galkynyşyň ruhy siňen aýdymlar” (Ş.Amadowa) ýaly makalalar dogrusynda-da köp zat aýdyp bolar. Ýöne edil şu pursatda aýdymyň aşygyny gyzyklandyrýan beýleki soraglaryň jogabyna-da orun berilmegi makul.
A.Çüriýew 1949-njy ýylyň 15-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynda doglan. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini 1971-nuji ýylda tamamlan. A. Çüriýewiň “ Çynar”, “Alty aýdym”, “Zeminiň owazy”, “Parahatlyk ýalkymy”, “ Seniň söýdük gara gözleň”... ýaly goşgular ýygyndylary, “ Ýürek ýatlamasy”, “Ýüregiň emri bilen”, “Ömür kyssasy” ýaly taryhy publisitik oçerkleriň ýygyndylary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan kitaplardyr. Ol häzir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda zähmet çekýär.
Allaýar aganyň terjimehaly hakda maglumatlara seredip oturşyma, ýene bir zada üns berdim. Allaýar aga Magtymguly etrabynyň Magtymguly adyndaky sowhozynda doglup, önüp-ösüp, Magtymguly adyndaky uniwersitetde bilim alyp, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda-da işläp, gözel paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunda ýaşaýar. Bu bäşlik tötänlikmi ýa-da...
Allaýar Çüriýewiň adamkärçiligi hakda aýtmak üçin, “Aýdym nadip adamlaryň göwün syrdaşyna öwrülýär.?! Aýdym nädip adamlaryň baky hemrasyna dönýär?! “ diýip, onuň öz setirlerini soraga öwrüp, şoňa-da jogap gözläýmeli. Sebäbi aýdyma ýüregini, kalbyny siňdirmedik şahyryň aýdymy adamlaryň göwün syrdaşam bolup bilmez, olara baky hemra-da. Dogry, başda belleýşimiz ýaly, aýdyma kompozitoram gerek, bagşam, şahyram. Ýöne şahyr aýdyma mylaýymlyk, sadalyk, düşnüklilik, aýdyňlyk, hyjuw, söýgi... siňdirmeli. Bu giden baýlygy ol nireden almaly. Ýasamalyg-a aýdymyň ganymy. Diýmek, bu zatlar özüňde bolmaly. Özüňden aýdyma geçirmeli. Allaýar agada şu zatlaryň ählisi bar. Ol aýdymlaryna özünden geçirýär. Şonuň üçin Allaýaryň aýdymlary diňlenilýär. Şonuň üçin Allaýar sylanylýar.
Allaýar aga, edebiýatyň, sungatyň howandary Arkadagyň bar, mundan beýlägem Alla ýaryň, Allaýar!!!
Sähetmyrat KAKYŞOW.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.
Aýdym-saz sungaty