18:30 Altyn ýaý, kümüş oklar | |
ALTYN ÝAÝ, KÜMÜŞ OKLAR
• ýa-da türkmenleriň kemançylyk sungaty barada söhbet Ýedi yklyma çawy ýaýran şöhratly ata-babalarymyzyň döreden maddy hem ruhy gymmatlyklary bolan hünärmentçilik, binagärlik, kemankeşlik ýaly milli sungatymyz öwrenilmäge mynasypdyr. Çünki, olar müňýyllyklardan aňyrda doly kemala gelip, milletimize degişli maddy gymmatlyklaryň kämillik nusgasy hökmünde dünýä gymmatlyklaryna goşulypdyr. Allatagalanyň akyl hem erk beren halky bolan türkmenler diňe bir döwlet we millet dörediji halkdygy üçin däl, eýsem şeýle gymmatlyklary döreden halkdygy üçin hem beýikdir. Dünýä taryhçylary tarapyndan Gündogarda şahandaz, batyr hem söweşiji, döwlet gurujy halk diýlip mertebelenen oguz türkmenleri ok-ýaý ýasamakda, kemankeşlik sungatynda unudylmajak miraslary goýupdyrlar. Geçmişde ata-babalarymyzyň esasy döwlet nyşanyny hem-de syýasatyny sypatlandyran altyn ýaý, üç kümüş ok, milletimize häsiýetli kemankeşlik sungatynyň syry bu gün her bir türkmeni gyzyklandyrýar. Medeni mirasymyzyň gorlarynyň gözbaşy bolan meşhur «Oguznama» eserinde altyn ýaý, üç kümüş ok barada türkmeniň döwlet dessurynyň ruhunda söhbet açylýar. Eserde Oguz han Türkmeniň eline döwletlilikden nyşan bolan altyn ýaýyny, üç okuny alyp, türkmen halkynyň milli-syýasy bitewiligini saklap, milletini agzybir hem döwletli edendigi dogrusynda gürrüň edilýär. Biz milli ýaraglarymyz ok ýaý dogrusynda gadymy däp-dessurymyza «Gorkut ata» eserinde hem köp duş gelýäris. Eserde her bir türkmeniň batyr, edermen, goç ýigit bolup öňe çykmagynyň esasy şerti hökmünde ýaý atyp, uçup barýan guşy urup bilmegi dogrusynda. maglumatlar berilýär. Ylmy ýazgylaraa «оk» sözi gadymy türkmeniň sözlük düzüminde «miras» manysynda düşündirilýär. Geçmişde türkmenlerde oky, peýkamy arkama-arka elden-ele geçirmek, miras hökmünde aýawly saklamak däbi bolupdyr. Ok mukaddeslik hökmünde öýüň töründen asylyp goýlupdyr. Soň bu däp wagtyň geçmegi bilen üýtgäp, okuň, peýkamyň ornuna gylyç geçipdir. Käbir taryhy çeşmelerde «oguzyň» «ok» hem-de «uz» sözlerinden gelip çykandygy hakynda täsin bir pikiri öňe sürýärler. Bu pikiriň eýesi J.Marguart «ok» diýmek, ýaýyň okuny, peýkamy, «uz» diýmek bolsa, adamy aňladýar-da, dolulykda «okly adamlar» diýen aňlatmany berýär diýip ýazýar. Bu pikir türkmençede adam düşünjesiniň «uz» şekilinde duş gelmeýändigi üçin ylym äleminde doly kabul edilmändir. Wenger alymy J.Nemethiň pikirine görä bolsa, «oguz» adynyň asly «ok+z»- dan gelýär. Netijede «ok» urug, tire diýmekligi «z» bolsa köplükgoşulmasyny aňladýar diýmesi pikirleriň arasynda hakykata ýakyn diýlip bilnipdir. «Ok» sözüni gadymy zamanlarda «boý», «tire» manysyny berendigi üçin türk taryhçysy F.Sumer hem üçok diýmekligiň üç boý, üç tire manysyny berýändigine ähmiýet beripdir. Şeýlelikde boý, tire, taýpa sözüni aňladýan «ok» sözüne diňe ýarag guraly hökmünde düşünilmän, eýsem geçmişde oguzlaryň mukaddes nyşany hem bolup hyzmat edendigi dogrusynda-da maglumatlar bar. Türk taryhçysy F.Sumer «Oguzlar türkmenler» diýen işinde Günbatar Göktürkmen döwletiniň on boýdan ybarat bolandygyny, on boýuň begleriniň her birine döwlet tarapyndan bir okuň (peýkamyň) berlendigini ýazýar. Şol işde awtoroklartireleriň alamaty bolup, kagan (döwlet) bolsa ýaý hökmündedigini, oguzlarda okuň we ýaýyň öz hukuk manylaryny soňky wagtlara çenli dowam etdirendigini nygtaýar. Söhbetimiziň süňňüni düzýän türkmenleriň kemankeşlik sungatybarada ýazmagy ýüregime besläp ýörkäm, Garaşsyzlyk binasynyň öňünde sol eline altyn ýaýyny, sag eline üç (altyn) kümüş peýkamyny göterip duran Oguz han atamyzyň heýkele öwrülen keşbini ýakyndan synladym. Şonda men türkmenleriň nesil daragtynyň atasynyň ellerinde tutup duran ok-ýaýy türkmeniň milli ýaragy diýip hasapladym. Käbir daşary ýurt taryhçylary ata-babalarymyzyň dünýä ýüzüne eden ýeňişli ýörişleriniň esasy syrlary türkmenleriň bulut deňesinde uçýan atlarynyň, düzgün- nyzamly milli goşunynyň, ýyldyzlara ok ýetirýän ussat kemankeşleriniň bolandygyny ýazýarlar. Taryhçy alymlar Parfiýa döwletiniň ilkinji merkezi bolan Nusaýda gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde, parfiýa medeniýeti, sungaty, olaryň söweş tälimleri, harby ýaraglary dogrusynda ençeme syrly maglumatlaryň üstünden barypdyrlar. Olar bu işlerinde reňkli diwar nagyşlarynda parfiýa söweşijileriniň atly-ýaragly şekillerini tapyp, türkmenlerde kemankeşlik sungatynyň has irki döwürlerden bäri dowam edip gelendigini, olara ok ýaýy örän ussatlyk bilen ulanmagyň häsiýetli zatdygynyýazýarlar. Taryhçy alymymyz Ýegen Atagarryýew, «Taryhda galan yzlar» atly kitabynda Margiana, Parfiýa döwletlerinde ata-babalarymyzyň ulanan ýaraglary barada şeýle ýazýar: «Margiananyň Parfiýa döwletiniň düzümine giren wagty harbyýaraglarynyň, şol sanda peýkam çişlerini ýasamaklygyň has ösen we kämilleşen döwri bolupdyr. Margiana gadymy Gündogaryň Hytaý we beýleki birnäçe ýurtlary bilen-de söwda we ykdysady gatnaşykda bolupdyr. Parfiýa patyşasy Mitridat II (b.e. öňki 124-87-nji ýyllar) tarapyndan geçirilen harby reforma görä, Parfiýa döwletiniň esasy goşuny atly goşun bolup, olar peýkamçylardan we naýzaçylardan bolupdyrlar. Ozalky uly orun tutan pyýada goşun ikinji derejeli hasaplanypdyr. Peýkamçylaryň Parfiýa döwletiniň goşunlarynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny görkezýän faktlar köp. Şol döwrüň teňňeleriniň ýüzündäki urşujylaryň şekilinde hem peýkam ýygy-ýygydan duş gelýär. Hatda Parfiýa patyşasy Arşak hem eli ýaýly şekillendirilipdir». Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletinde bolsa, ok-ýaý adalatly hökümdarlygy aňladýan, nyşan (simwol) bolupdyr. Ok-ýaýyň nyşany seljuklaryň baýdagynyň keşbine-de siňipdir. Muhammet Togrul begden başlap, ähli seljuk türkmen hökümdarlary öz möhürlerinde ok-ýaýyň şekilini ata-baba mukaddes saýylýan nyşan hökmünde ulanypdyrlar. Kemankeşlik sungaty türkmenleriň yslam dinini kabul edenden soňky döwürlerde hem özboluşly ösüşe eýe bolupdyr. Uzak aralyga atýan söweş guraly bolan ok-ýaýy türkmenler yslam dininden has öňem, soňam gylyç ýaly mukaddes hasaplapdyrlar. Taryhy maglumatlara görä, türkmenler oky gadym zamanlardan tä Orta asyrlara çenli «gaýyň» diýen agaçdan, XV asyrda gamyşdan, XVI asyrdan başlap arça agajyndan ýasapdyrlar. Käbirmaglumatlara bolsa, XI asyrdan başlap, türkmen goşunlarynda polat ýaýlaryň, has kämil peýkamlaryň ulanylyp başlandygy dogrusynda ýazylýar. Türkmenler Hindistana ornaşanlaryndan soň, bu ýurduň ýerli agaç ösümliklerinden ýasalan oklary amatly bilnipdirler. Beýleki tarapdan Anadoly sebitlerine köpçülikleýin aralaşan türkmenleriň kemankeşlik sungatynda uly özgerişler we öňegidişlikler bolupdyr. Gamyş oklary bolsa ýuwaş-ýuwaşdan ulanyşdan galypdyr diýen maglumatlar bar. Osmanly türkmen kemankeşleri ok-ýaý ýasamaklygy dünýäde has ösen derejä çykarmakda uly tagalla edipdirler. Olarsebitde köp zähmeti we inçeligi halaýan kemankeşlik sungatynda öňdeligi bermän gelipdirler. Kemankeşlik gülläp ösüşe eýe bolupdyr. Kemankeşler XVI asyryň başlaryna çenli goşunda söweşiň iň aýgytly pursatynda hüjüme geçýän ganat bolup hyzmat edipdirler. Osmanly türkmenleriň ýaý oklary arçadan ýasalyp, oklaryň gaby – sagdaklar eýlenen haýwan derilerinden tikilipdir. Ýurtda ýaş arça agajyndan ýasalan ok iň gowy we amatly hasaplanylypdyr. Osmanly türkmen döwletinde söweş ýaý oklaryny, peýkamlary ýasamak üçin ýörite arça tokaýlary ýetişdirilipdir. Ussalar Kumunç daglarynyň arça tokaýlarynda ýetişdirilen üç barmak galyňlykdaky we bir metr uzynlykdaky agaçlary kesip, olary ýagty düşmeýän ýerde bir ýyldan üç ýyla çenli saklapdyrlar. Iň gowy we kämil oklary ýasamak üçin bolsa, azyndan ýigrimi ýyldan elli ýyla çenli saklapdyrlar. Türk taryhçysy Öwliýä Çelebi XVI asyrda Osmanly türkmenleriň döwletinde ok ýaý ýasaýan ussalar bilen baglanyşykly ýazgysynda Stambul şäherinde ok ýasalýan ussahanalaryň sanynyň iki ýüzden köpräk bolandygyny nygtaýar. Ussalar onuň göni gitmegi üçin gazyň, bürgüdiň we beýleki guşlaryň ýeleklerini ulanypdyrlar. Ýelekler okuň nyşana göni degmeginde we (uly) deňagramlygy saklamakda uly rol oýnapdyr. Tejribeli ok-ýaý ussalary guş ýeleklerini toplamak we saýlamak üçin ýörite hünärmenleri ýetişdiripdirler. Sebäbi bu iş gat inçeligi talap edipdir. Guşlaryň sag ganatyndan, alnan ýelekler çep tarapdaky ýeleklere garanyňda, pugta we ýeňil hasaplanypdyr. Ussalar ýelekler peýkamyň agramynyň sek zden birine deň bolmagy hökmany diýip hasaplapdyrlar Oklaryň ujundaky demir çişlerine «demren», «peýkam», yz taraplaryndaky üç sany perli bölegine hem «ýelek» diýlipdir. Örän inçeligi we ussatlygy talap edýän türkmen oklary ýasalyşyna görä, birnäçe görnüşlere bölünip, olar «menzil oklary», «çawuş oklary», «nyşan oklary», «ýangyn oklary», «aw oklary» diýlip atlandyrylypdyr. Ussalar oklaryň peýkamlaryny demirden, süňkden, bürünçden ýasapdyrlar. Çawuş oklarynyň peýkamlary süňkden ýülmenip ýasalypdyr. «Tüýdükli ok» diýilýän bu ok atylanda şuwwuldap ses edipdir. Ussalar süňkden ýasalan peýkamy ýörite ses çykarar ýaly deşipdirler. Uçlary byçgynyň dişleri ýaly kertik dişli peýkamlar hem bolupdyr. Şularýaly peýkamlarsünjülen ýerini ýyrtman çykmandyr. Demirden ýasalan kütek uçly aw oklary aýy, doňuz ýaly ýyrtyjy haýwanlar üçin ulanylypdyr. Alymlaryň pikirine görä, türkmenleriň harby sungatyny häsiýetlendirýän hünärmentçiligiň bu görnüşi uzak wagtlap nesilden-nesle geçipdir. Beýleki birnäçe hünärmentçilik önümleri ýaly peýkam we ýaý hem barha kämilleşipdir. Ýerli ussalaryň tagallalary netijesinde türkmen ýaýlary dünýäniň iň gowy, kämil ýaýlary, iň çalt gidýän oklary diýlip tanalypdyr. Türkmen ýaýlary çekilende, onuň gollary ýaýyň yzyna däl-de, öňüne tarap egrelipdir. Türkmen ýaýlarynyň ortaça uzynlygy ýüz on, ýüz kyrk santimetr, her bir ýaýyň agramy üç ýüz, dört ýüz grama deň bolupdyr. Ýaýyň ortasyndaky tutulýan ýeri «gabza», kirişleriň saralýan oýuklary «kertik» diýlip atlandyrylypdyr. Ýaýlary ýeňil, amatly hem ýokary hilli ýasamak üçin türkmen ussalary irginsiz zähmet çekipdirler. Türkmen ýaýlary birnäçe topara bölünip, olara «türkmen ýaýlary», «menzil ýaýlary», «nyşan ýaýlary» diýip at beripdirler. Türkmen kemankeşleri şeýle kämil ýaýlarda bir müň bäş ýüz metre çenli atyp tanymal bolupdyrlar. Kemankeşlerýaý çekenlerinde, sag eliniň başam barmagyna «zengir» atly ýüzügi dakynypdyrlar. Ol okuň sowa gitmezligini gazanypdyr. Türkmen ussalary ýaý ýasanlarynda,esasan, «akja» agajyny ulanypdyrlar. Bu agaç özüne çyg çekýän, ýanmasy kyn we ýelimi oňat tutýan agaçdyr. Ýaýlaryň gollarynyň pugtalygy we çeýeligi üçin köplenç öküz şahlary ulanylypdyr. Öküz şahlary igelenip, suwda gaýnadylyp gerekli görnüşe getirilenden soň, ýaýyň gollaryna pugta geýdirilipdir. Ýonulan we ýülmenen şahlarýelim çalnyp, halka-halka kesilip, ýaýyň gollaryna ýelmeşdirilipdir. Şondan soň ýaý oda tutulyp gowuja gyzdyrylypdyr. Ýaý gollaryndan ýüp bilen çekdirilip, birnäçe gün asylyp goýlupdyr. Ýaý çekimini alandan soň, tä agaç doýýança ýene-de ýuwaşjadan oňa gyzgyn ýelim dökülipdir. Muňa bolsa ussalar «ýaýa suw bermek» diýipdirler. Ýaýa «suw içirenden» soňra, ýene-de onuň iki gulagyndan has güýçli çekdirilipdir. Ýaý ýörite demir halkanyň içinde berk ýüpler bilen çekdirilip, ol iň soňky görnüşine gelýänçä, daňyp goýupdyrlar. Muňa ussalar «halka daňmak» diýipdirler. Şu işlerden soňra, ýayyň kertikleri düzedilip, haşamlanypdyr. Ýaýlaryň kirişleri bolsa, köplenç, sygryň damarlaryndan ýasalypdyr. Osmanly türkmenlerde söweş oklary ýasalanda, «Ýigrimi dörtlüge» aýratyn ähmiýet berlipdir. Ýigrimi dört sany oguz türkmen boý-tire gurluşyndan gelýän dessur bilen baglanyşdyrypdyrlar. Oklar ýaýyň ululygyna we görnüşine görä ýasalypdyr. Türkmen ussalary oklara we ýaýlara dürli hili ýazgylar ýazyp, olary derejelerine görä haşamlapdyrlar. Ok-ýaýa ýasan ussanyň ady, eýesiniň ady, senesi ýaly ýazgylar ýazylypdyr. Patyşalar we begzadalar üçin niýetlenip ýasalan ok- ýaýlara bezeg, haşam işleri ýokary derejede ýerine ýetirilipdir. Osmanly türkmenleriniň döwletinde kemankeşlik sungatyny ösdürmek boýunça ýurduň dürli ýerlerinde ýörite ýaryş meýdançalary, tälimhanalar gurlupdyr. Osman türkmenleriniň soltany Orhan begiň tagallasy bilen Bursa şäherinde ok-ýaý ýaryş meýdanlarynyň sany otuz töweregi bolupdyr. Şol ýaryr meýdanlaryndan şu döwre çenli saklanyp galanlary hem bar. Türkmen kemankeşleri ýaý atmakda, esasan, «usul ulanmak, üşükli bolmak güýçden üstündir» diýen düşünjäni öňe sürüpdirler. Tejribeli kemankeşler ýaryş meýdanlarynda taplanan ýigitlere aýratyn üns we ähmiýet beripdirler. Olara tejribeli ussalar kemankeşligiň we mergenligiň syrlary we tilsimleri dogrusunda ýörite sapak beripdirler. Kemankeşleriň arasynda geçirilýän ýaryşyň esasylarynyň biri uzak aralyga ýaý atmak, ok ýetirmek hasaplanypdyr. Ýaryş meýdançalarynda, tälimhanalardatejribeli türkmen ýaýçylary ýaý bilen tegelek galkanyň merkezi göbeginden urmagy başarypdyrlar. Kemankeşler tegelek galkanyň göbeginden urup bilseler, şolara-da «soltançy kemankeşler» diýipdirler. Çünki, ol indi soltanlygyň doly ýetişen, men diýen kemankeşi diýlip ykrar edilipdir. Mälim bolşy ýaly, türkmenlerçagalaryna ýedi-sekiz ýaşyndan başlap, ok-ýaý atmagy, at münmegi öwredip başlapdyrlar. On-on iki ýyllap ýaý atyp, keman çekip, başlangyç söweş tälimlerini alan türkmen ýigdekçeleri nähili uzak menzil bolsa-da, oky nyşana atmagy başarypdyrlar. Tälimi ýeten her bir türkmen ýigidi ýaýyň kirşini gulagynyň arasyna çenli çekip bilipdir. Öň ok-ýaý atyp görmedik adam näçe güýçli bolsa-da, türkmen ýaýlaryny gulagyna çenli ap-aňsat ýaýyp bilmändir. Sebäbi eýlewi ýeten öküz derisi bilen pugtalandyrylan ýaýlaryň kirişlerini çekmek ýeterlik güýji talap edipdir. Hawa, altynyň, kümüşiň suwy siňdirilen türkmen ýaýlary, milletimiziň kemankeşlik sungaty islendik döwürde-de syrlylygyna, inçeligine galýar. Ata-babalarymyzyň kemankeşlik sungatynyň syrlary geljekde doly açylyp halkymyza ýetiriler. Ebedi Garaşsyz, Baky Bitarap türkmen döwletini gurujy Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallasy bilen ata-babalarymyzyň harby sungatynyň, hünärmentçiliginiň köp görnüşleri il-günümize aýan bolup gidip otyr. Indi biz ata-babalarymyzyň «ýaý – erk, oklar – güýç we kuwwat» diýlip mukaddesleşdirilen hem-de şöhratly zamanalarynyň aýrylmaz harby seneti bolan milli ýaraglarymyza-da, şöhratly geçmişimize-de guwanýarys, çäksiz buýsanýarys. Muny, Beýik Alla köp görmesin, hernä! Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||