19:08 Amanmy? | |
AMANMY?
Goşgular
Tarlañly, sugunly, laçynly, guşly, Howasy belentli, altynly başly, Jülgesi umgaly, gollary goçly, Kap dagyñ bölegi Balkan amanmy? Ajy ýeli mydam öser köwlenip, Deger boran inçe çaýlar towlanyp, Jülgesinde aýrak, gulan awlanyp, Kiçi Balkan, boýa daglar amanmy? Syrygar deresi, jülgesi akar, Keýikler guzlaýyp, tokgarlar böker, Çagyrşar ütelge, ganatyn kakar, Perhadyñ bölegi Gorgan amanmy? Ümürli, dumanly ýagmyr-ýagyşly, Çeşmesi çamyrly, bagly, agaçly, Arkajy keýikli, ütelge guşly, Uhudyñ bölegi Küren amanmy? Kyn bolardy ýolsuz ýeriñ aşmasy, Gelişerdi bozly goýun çaşmasy, Çendir, Sumbar ol jülgäniñ çeşmesi, Bedel Ata, Molla jomart amanmy? Çasamykda çaltja çiller zyrlaşar, Arwanasy, iner-maýa bozlaşar, Ýigitler mes bolup, şonda gürleşer, Düz meýdanly Akbabata amanmy? Ýigitleri keýik tutup gezermiş, Gyz-juwanlar altyn-kümüş düzermiş, Bozly goýny çar tarapa ýazarmyş, Ajy, Aladere jaýlar amanmy? Otlagly, suwlagly çemenli jaýlar; Ýylba-ýyl öwrüler, dolanar aýlar, Onda köp oturar döwletli baýlar, Ak oba, Gök oba, daglar amanmy? Degse baran çaltja başlawlar akar, Onuñ oty goýun-guzyga ýokar, Çopanlar baýlaryñ malyny bakar, Garry, Ýañak, Beleklerim amanmy? Otlag bolar dereleriñ içleri, Ýaýlag bolar Halwat, Haryñ başlary, Taryp etsem Soñudagy, daşlary, Ikigat dag, Şiş pygamber amanmy? Güzeg bolar Töretiniñ billeri, Onda otyr igdir, köçek illeri, Boz bulakly bolup akar silleri, Akbent, Masan, Alajasy amanmy? Goýunlar mälese, maýa bozlasa, Gyşlasa, güýzlese, mydam ýazlasa, Eýäm döwlet berse, bärsin gözlese, Uly diwan, Kemen jaýlar amanmy? Gulaş şahyr garry Watan ýatlasa, Arwanalar iner-maýa botlasa, Kemal han dörese, kendin otlasa, At çapylan däli Gürgen amanmy? Gulaş şahyr. | |
|
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Eý, Habybyňdan gelip, hamdyňda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |