18:56 At gaýraty | |
AT GAÝRATY / hekaýat
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Salyr Gazan zamanynda bir oguz gerçegi ýarag esbabyny dakynyp, dor atyna atlanyp, hanyñ ýanyna baryp, özüni nökerlige almagy haýyş edipdir. Salyr Gazan ony tanamansoñ, synagdan geçirmegi ýüregine düwüp, ýigidi maşgalasy bilen giñ sähra goýberip, ýaraglaryny ýerzeminde goýup, özi-de bir depä çykyp, gernip, güneşläp ýatyrka, iki sany atly gelip, onuñ öýüni talap gidýärler. Aýal agysyny eşidip, öýüne ylgap gelen gerçek gelninden: "Näme boldy?" diýip soranda, gelni oña öýüniñ ýagmalanandygyny görkezýär. Ýigit gelnine: - Atym barmy? - diýýär. Gelni sährada otlap ýören atyny görkezýär. Ýene-de ýigit gelnine: - Ýarag-esbabym düzmüdir? - diýýär. Gelni ýerzemine tarap ümleýär: - Atym bolsa, ýaragym bolsa, özüm bolsam, zadymam bolar - diýip, ýaraglaryny dakynyp, atyna atlanyp, ýagmaçylaryñ yzyndan kowýar. Ýigit olaryñ gabat garşysyna baryp: - Ýeke başmy, iki baş? - diýip soraýar. - Sen bir gögele bolansoñ bize ýeke başam bolýar - diýip, ýekme-ýek söweşe gidýärler. Ýigit ähli güýjüni goýup söweşýär. Ahyrda garşydaşynyñ gylyjyny elinden gaçyrýar. Onsoñ ikinji "duşman" bilen garpyşýar. Eýesiniñ güýjüniñ gaçyp, asgynlanyny duýan dor at "duşmanyñ" aýagyndan agyz salýar. Şol wagt ýigit hem onuñ elindäki gylyjyny göge uçurýar. "Duşmanlar" ýeñlip, Salyr Gazanyñ ýanyna barýarlar. Olaryñ birinjisi: - Ýigit güýji zor ekeni - diýip, goluny görkezip, boýnuny sallap durýar. Olaryñ ikinjisi: - Aty özündenem zor ekeni - diýip, aýagyny görkezýär. Ýigit bolsa öýüne ähli goşlaryny getirýär-de: - Atym bolsa, ýaragym bolsa, özüm bolsam, zadymam tükeldir - diýenden adamsynyñ edermenligine buýsanyp, seredip duran gelnini görüp: "Hatynym hem" diýip pyşyrdapdyr. Şondan soñ Salyr Gazan gerçegi syýrgynyna göçürip getirip, ony öz ýanyna nökerlige alypdyr. Toplan: Ajap AŞYROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |