09:05 Bagda - balaýman, suwda - süleýman | |
BAGDA - BALAÝMAN, SUWDA SÜLEÝMAN
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ýere-göge hökümi ýeten Süleýman pygamber ähli janly-jansyz zatlaryñ diline düşünipdir hem olar bilen arkaýyn gürleşip bilipdir. Bir gezek ol bossana bürenen, bol miweli - barly bagyñ deñinden geçip barýarka, bagyñ gamgyn halda oturanyny görüpdir. Süleýman pygamber bu ahwaly bagdan soranda, bag oña: - Meniñ şahalarymda guş kän bolsa-da, näme üçindir, ýekejesiniñ-de sesi maña hoş ýakmaýar - diýip jogap beripdir. Muny eşiden Süleýman pygamber döwlere üýtgeşik bir şirin saýraýan guşy getirip, baga goýbermegi buýrupdyr. Döwler şeýle guşy tutup getirip, bagda goýupdyrlar. Ol guş şeýle bir şirin saýrapdyr welin, bag ala-ýaza dönüp, gül-gül açylypdyr. Hatda ol guşuñ owazyna Süleýman pygamberiñ özi-de aşyk bolupdyr. Onsoñ Süleýman pygamber oña balaýman diýip at dakypdyr. "Balaýman" sözi Beýik adamyñ (Süleýmantñ ady) bag guşy diýmekligi añladypdyr. Ýene bir gün Süleýman pygamber şol bagyñ deñinden geçýär. Görse bag öñküsi ýaly gussaly otyr diýýär. Bag öz ýagdaýyny Süleýman pygambere şeýle düşündiripdir: - Eý, hökümdarym! Men öz şahalarymda saýraýan balaýmandan juda hoş bolup otyrkam, gapdalymdan akyp ýatan suwa seredip, onuñ ýalñyzlygyna gaty gynandym. Şondan bäri hem men hiç şatlanyp bilemok. Balaýman bagyñ görki bolsa, suwuñ görki nämedir, eý, tagty-rowan şahym?! Süleýman pygamber döwleri çagyryp, olara dessine suw üçin üýtgeşik bir guşy getirmegi tabşyrýar. Döwler älem gezip, ap-ak owadan guşy getirip, suwa goýberýärler. Suw şondan soñ şildiräp, şatlanyp, akyp başlapdyr. Süleýman ol ak guşy görüp, onuñ gözelligine juda haýran galypdyr. Ony her gün görüp durmasa, hiç sabry-karary bolmandyr. Onsoñ Süleýman pygamber ol guşa süleýman, ýagny Beýik adamyñ suw guşy diýip at dakypdyr. Müñläp asyrlar geçip, balaýman - bilbil, süleýman bolsa guw adyna eýe bolupdyrlar. Ýöne bag bilen suwa Süleýmandan galan şatlygy welin, mese-mälim görüp bolýar: bagda bilbil saýranda, bagyñ şahalary iki ýana yranyp, ýapraklary "şabyr-şabyr" edýär, suwda ak guw ýüzende bolsa, suwuñ ýüzi tolkun atyp, lummurdap ses edýär. Taýýarlan: Ajap AŞYROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |