19:37 Azerbaýjan şahyry Türkmenistan hakynda | |
AZERBAÝJAN ŞAHYRY TÜRKMENISTAN HAKYNDA
Goşgular
■ "Dostluk aýdymy" Baryp 1961-nji ýylda doganlyk Azerbaýjanyñ halk şahyry Süleýman Rüstemiñ (Süleyman Əliabbas oğlu Rüstəmzadə, 1906-1989) "Dostluk aýdymy" atly goşgular ýygyndysyny Türkmen döwlet neşirýaty çap edipdi. Bu kitaba şahyryñ watan, dostluk, parahatçylyk, söýgi we beýleki temalarda ýazan goşgulary girizilipdi. Süleýman Rüstem birnäçe gezek Türkmenistanda bolubam gidipdi. Şeýle-de ol 1960-njy ýylyñ noýabr aýynda-da beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyñ 225 ýyllyk ýubileýine gatnaşmak üçinem Aşgabada gelipdi. Kitapçylar saýty hem öz gezeginde aşakda Süleýman Rüstemiñ Türkmenistan hakynda ýazan goşgularyndan birnäçesini okyjylara hödürleýär. Ol goşgulary Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Anna Kowusow terjime edipdir. ■ A m y d e r ý a Durun kenarynda Amyderýanyñ, Seredýän ýalynly gum çöllerine. Täze adamlary täze dünýäniñ Alypdyr bagtyny öz ellerine. Eşdilýär dört ýandan çöllügiñ sesi, Garagumuñ başy, aýagy-da gum. Tebigat güneşden geýnip lybasy, Yssydan ýarylan dodagy-da gum. Adamlar, maşynlar edil goşun dek, Guraklyga hüjüm edýärler bary. Howañ ýüzi misli erän gurşun dek, Naýzasyn gezeýär güneş tyglary. Çölde ýalyn bilen bile atýar dañ, Ne ir säher sergin, ne-de giç agşam. Çägäniñ üstünde ýumurtga goýsañ, Az salym geçmänkä bişýär ol hökman. Hažžyklar depeden depä süýrenýär, Ýylanlar düýrlenip ýuwudýar olary. Alakalar hinlerinden görünýär, Çölüñ iñ gadymy "gahrymanlary". Amyderýa! Sen syn edýän bulara, Kanalyñ boýundan geldim men ýañy. Bendi ýaly urunýarsyñ kenara, Indi Garagumdan salýañ ýoluñy! Hiç peýda görmändir asyrlar boýy, Türkmenler özlerniñ gara gumundan. Indi oba, şäher edýärler toýy, Çöl böwsülýär adam, maşyn deminden. Eý türkmen gardaşym! Ýeke dälsiñ sen, Hemme halklar durlar seniñ arkañda, Edil şu gün ýaly ynanýaryn men, Gür tokaýlar seleñ atar dört ýanda. Saña kömek üçin eziz doganlañ Ýerden hem howadan, deñizden gelýär. Gelýär azerbaýjan, rus jana-janlañ, Hem özbek, hem gyrgyz doganlañ gelýär. Mähriban doganlar bu gün bu ýerde Ebedilik bagt dünýäsin gurýarlar. Asyr boýy gurap ýatan çöllerde Kommunizmiñ desgasyny gurýarlar. Biz gorkmaýas agyr zähmetden, işden, Kynçylyga dogry bakýarlar gözler. Otly naýzasyny urýan güneşden Mis dek gyzarsa-da merdana ýüzler. Bu ýerde gepleşýär adamlar bütin Aýdyñ dili bilen kommunistleriñ, Taryh ýeñişler ýazýarlar her gün Güýçli eli bilen kommunistleriñ. Amyderýa! Saña uly paý düşdi, Sen çöl bilen günbatara akýarsyñ. Döwrümizde halk arzuwy jaý düşdi, Sen suwsuz topragy suwa ýakýarsyñ. Jeýhun derýa, eşidýärin üstüñden Zähmet owazyny, ýeñiş sesini. Wagt bolar, şatlanaryn şonda men, Kaspiñ kenarynda garşylap seni! ■ A ş g a b a t Ýene Aşgabada basdym men gadam, Türkmen doganlarym gysýar elimi. Ýeñişden söz açýar munda her adam, Olar gurýar ajap gözel älemi. Meñ bir şahyr dostum diýýär: Şübhesiz - Biz täze ýerlere berýäris jany. Çöllügiñ üstünden akdyrýarys biz Kaspi deñzine çen Amyderýany. Sowet tehnikasy girende işe, Çet künjeklere-de durmuş getirýär. Salam ýollap hiç batmaýan güneşe, Aýdymlarmyz guş dek ganatyn gerýär. Diñlämde dostlarmyñ hoşbagt sesini, Tolgunyş duýýaryn sözlerinde men. Görýärin ertiriñ päk höwesini Ýaş şahyr dostumyñ gözlerinde men. Aşgabat, dostumyñ doglan şäheri Meni doganlarça basýar bagryna. Aşyklar şäherne gelelim bäri Uly söýgi bilen bakýan dört ýana. Ine baş köçeden düşýär ýolumyz, Bu köçe düp-düzdür, uzyndyr, dostlar! Guş dek ganatlanyp uçýar ýolumyz, Köçäñ gijesi-de gündizdir, dostlar! Aşgabat! Ogluñ dek söýdüm men seni, Tanyşdym gündiziñ hem gijäñ bilen. Guwançly ädimi basýaryn göni, Dünýäde iñ uzyn señ köçäñ bilen. ■ D e m i r ý o l Öñler bu ýerlerden kerwen geçmezdi, Adamlar diýýärdi "bagtymyz gara". Bu çölde gülälek ganat açmazdy, Horlukdan ýürekler bolupdy ýara. Asyrlar degmändi adam aýagy Ýeliñ demi bilen akýan gumlara. Bilbil myhman bolman baharyñ çagy, Guwlar aýlanmandyr yssy diýara. Zulmatdan gutaran ençe illeri Oktýabr nur saçdy Türkmenistana. Doganlyk halklaryñ dostluk elleri Giñden gujak açdy Türkmenistana! Indi çöl üstünden uzalyp giden Goşa oklaw ýaly ýatyr relsler. Öçli jöwzasyny düýpden üýtgeden Çölüñ dört ýanyndan eşdilýär sesler. Garagumuñ gara göwsüni dilip, Çölden otly ýolun çekdi adamlar. Gumlular bagbanlyk hünärin alyp, Bu ýerde gür baglar ekdi adamlar. Bu ýerlerde şatlyk, göwünler gülýär, Dostlukdyr islegi kommunistleriñ! Ýakyn, uzak iller muny berk bilýär, Berk dynçlyk dilegi kommunistleriñ! Ýaş maşinist dilden nagmalar saçýar, Sürýär täze ýoldan parawozlary. Kalbynda ol özi bilen söz açýar, Kirpiklerne gonmaz çölüñ tozlary. Göreşleriñ joşan çagy bu merdan Gahryman hatarna girýär guwançly. Ony gelejege çagyrýar zaman, Şoña otlusyny sürýär guwançly! ■ Ç a k y l y k Gelsin Garaguma dostlar, tanyşlar, Bagymdan gyzyl gül goparyp gitsin. Kalbymda dil açan meniñ söýgimi Dost ilden dost ile ýetirip gitsin. Yşyk düwme dakdy goja kenara, Indi Garagumuñ keşbi däl gara, Otly kerwenleri düzlüp hatara, Ürgün depeleri goý ýaryp gitsin. Gelenler zamanyñ atyna münsün, Kalbynda begençden nagmalar önsün, Men bagtly günüme bakyp begensin, Çöl göwsünden gämi bir sürüp gitsin! | |
|
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Dowamat / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |