14:22 Baş-baş söwda / hekaýa | |
BAŞA-BAŞ SÖWDA
Hekaýalar
Ol wadalaşylan güni onuň ýanyna bardy. Özem Arça zalymyň şertine razy bolup bardy. Öňem näçe gezekler dilege gelen öýüniň işigine baryp ulagyndan düşdi. Ýene yzyna dönüp, ulagyň işigini açdy. Maşynyň resminamalaryny, sürüjilik şahadatnamasyny alyp, jübi sine saldy. Soňam güne öwşün atyp duran, häzire çenli özüniňki bolan, şu pursatdan başlabam kesekiniňki boljak ulagyna ýüregi awamak bilen seretdi. Arça zalym öýünde ekeni. Ol Öwezgeldiniň salamyny göwünligöwünsiz aldy: — Ýene geldiňmi? Aýtdyma: «O zatlar arzan beriljek zatlar däl» diýip. Maşynyňy berseň, ylalaşmagymyz mümkin. Bolmasada zat meniňki. Öwezgeldi guraksy ýuwdundy: — Men seniň şertiňe razy bolup geldim. Ulaga işikde dur. Ynhada, resminamalary. Sürüjilik şahadatnamany alýan. Ýöne ilki atamyň ýazgylaryny öýe eltip onsoň gidýäs. Meniňem şertim şol. Arça zalym geregini artdyryp göwünsiz mydyrdady: — Onda näme... Bu günä başga işlerimem bardy. Bolýada onda... Arça zalym ýerinden turdyda içki jaýa girip gitdi. Soňam gujagyny dolduryp duran, eliň bilen aýlap aýtdyrylýan köne patefony hemde ullakan tarelkanyň ululygyndaky, ýaglyga dolanan aýdym ýazgyly iki sany karty alyp çykdy. Birdenem Arça zalymyň ýüzi açylyp gitdi: — Onda näme? Başabaş alyşýas da. Magtymguly aýdypdyra «Deňme deň söwdanyň üstesi bolmaz» diýip. Al, razy bolmaşak. — Men razy. — Onda saňada, maňada alan zatlarymyz nesip etsin! Öwezgeldi maşynly baran öýünden goltugyna patefony hemde iki sany aýdym ýazgyly karty alyp, pyýadalap yzyna gaýtdy. Ýoluň gyrasynda durup, geçip barýan ulaglara el göterdi. Öwezgeldi gelip duran ulagyň öňki oturgyjy boşam bolsa, elinde goşlary bolansoň, yzky gapysyny açdy. Sürüji patefona geň galyjylyk bilen seretdi. Müşderiden ýol soramak adaty däl ýagdaýam bolsa, onuň nämedigini soraman durup bilmedi. — Näme zadaý, bi zat? — Patefon diýilýär. Öňler: «Maşyn bagşam» diýýän ekenler. Üstüne kartyny goýup, şu ryçagyny aýlasaň, aýdym aýdýar. Munda atamyň geçen asyryň 30njy ýyllarynda ýazylan dört sany aýdymy bar. Täzeje maşynymy berip, başabaş çalşyp gelýän. Sürüji gözüni tegeläp, yzyna gaň rylyp seredenini duýman galdy: — Şeýle gymmat zatmaý, bi zatlar. Ýa muzeýe dagy gymmat satmakçymyň?! —Ýogeý. Eýdip näme? Atamyň 80 ýyl mundan ozalky ses ýazgylary bi. Meniň üçin bularyň bahasy ýok. Kyn görmeseň, öýe golaýlat. Zähmet köçesi on ýedi... * * * Atabaý çolak öz döwrüniň atly bagşysydy. Ýaňy ýetginjek çykan wagty jüp öküz bilen ýer sürüp ýörkä, çep aýagy bir säwlik bilen kündäniň aşagynda galdyda, daraklygynyň süňk leri owramowram boldy. Tommy tebip gatnaýgatnaý elinde baryny etsede, Atabaýyň bir aýagy çolak bolup galdy. Öňemä haýsydyr bir atalarynyň birinden galan köne dutary tiňňildet mesi bardy weli, ýöne şondan soňra oýnagy şol dytar boldy. Bir günem atly bagşylaryň biri dogry geldide, onuň dutar çalşyny, aýdym aýdyşyny görüp, şägirtlige aldy. Biriki ýyldanam Atabaý çolak ady bilen ta nalyp ýören ýigidiň has ýörgünli ady Çolak bagşy boldy. Bir günem Çolak bagşyny idäp, iki sany del adam geldi. Olar gysgajyk saglykamanlykdan soňra resmi gürlediler: — Bagşy aga, siz ýola şaýlanyň, Aş gabada gitmeli. O ýerde radioda çykyş edersiňiz. Ondanam Moskwa gitmeli. — Radio diýýäniňiz ötüki sütüniň başynda gepleýän zat dälmi? Gelenler makullansoň bagşy ýene sorag berdi: — Onsoň meň içine girip aýdym atmaly ýerim giňräk sandyk ýaly bir barmy? Sütüniň başyndaka... Gelenleriň ikisem güldi: — Bagşy aga, siziň içine girip aý dym aýtmaly ýeriňiz o mekdebiň ýygnak geçirilýan otagyndanam giň. — Eýle bolsa boýala. Agajyň ba şynda gepläp durana beýle uly däl ýaly gördüm. Hol gezek şähere baramda gepläp duran ekeni. — Indi o zatlar tizara her obada, her öýde geplär. — Bä, şeý diýsene... Gelenler bagşyny uly oýlara batyryp, tizden turmak bilen boldular. * * * Çolak bagşy Moskwa barandada sadalygyny edipdir. Adyny soranlarynda «Atabaý» diýäýmän, il içinde tutulýan adyny aýdypdyr. Ýazyp oturanam çala eşidipmi ýa säwlik goýberipmi Çolak bagşy diýmän onuň adyny Çonak bagşy diýip ýazypdyr. Şeýdibem Atabaý çolakdan ýazylyp alnan baryýogy dört sany aýdymly (hersine iki aýdymdan) iki sany kartyň daşyna hem «Çonak bagşy» diýlip ýazylypdyr. Tizara uruş başlanypdyr. Atabaý çolagyň ýaňy öýlenen ýekeje oglunam urşa alypdyrlar. Çolak bagşy heniz aýa lynyň ýylynam sowman eken. Onsoň şol hamyla gelni bilen iki bolup galyberipdir. Tizden bagşynyň ýeke oglundanam gara hat gelipdir. Bu zatlara çydap bilmedik bagşy 1943nji ýylyň gazaply gyş günleriniň birinde panydan bakyýa göç edipdir. Çolak bagşynyň nesil daragtyny dowam etdirmeli Öwez bolsa ejesiniň penalara başga hossary bolmansoň, babasynyň öýünde dogulmaly bolupdyr. Çolak bagşynyň ýazga alnan dört sany aýdymy uruş ýyllaram, uruşdan soňam radioda berler ekeni. Ýöne 1948nji ylyň ýer titremesinde Çolak bagşynyň ýazgylaram ýitip gidipdir. * * * Öwez ýigit çykyp öýlendi. Ilkinji oglunada, kakasynyň dälde atasynyň adyny dakdy. Ýöne bagşynyň adyny göteren çagada durmady. Onsoň ikin ji bolan çaga öz adyna ýakynragam bolsa: «Meniň çyn adyma Öwezbaý, munuň ady Öwezgeldi bolaýsyn» diýip Öwezgeldi dakdy. Şondan soňra Çolak bagşynyň nesil şejeresi şaha ýaýradyp başlady. Öwezgeldi ýigit çykandan soň birä uruşda wepat bolan atasy baradaky maglumatlary, birem garry atasy Çolak bagşy baradaky maglumatlary ýygnap ugrady. Onuň aýdym ýazgylaryny ýurt söküp yzarlady. Ýöne tapyp bilmedi. Öwezgeldi mugallymyň öz garry atasy Çolak bagşynyň aýdymlarynyň ýazgysyny il aşyp, yzarlap ýörenini Gatagaç obasynda bilmeýän ýokdy. Ýöne bu meselede garaşylmaýan adamyňky — Arça zalymyňky çüwdi otyryberdi. Arça zalymyň işi bazarda mal alyp satmak. Ol pul üçin hiç zatdan gaýtjak adam däl. Arça zalymyň garry atasy ir döwürde arçynlykda işläpdir. Arça zalym bir gün garry atasyndan galan goşlary dörüp otyrka ir wagtky maşyn bagşy bilen Çolak bagşynyň aýdymlary ýazylan iki sany kartyň üstünden baraýdy. Öwezgeldi mugallymyň bu zatlary nähili yzarlap ýörenini bilensoň wagtyhoşlukdan ýaňa onuň iki erni bir ýere gelmedi. Ondan näme ýonjakdygy barada oýlandy. Onuň zatlaryny birmebir göz öňüne getirdi. Şol gün bazardan gaýdyşyn Arça zalym hemişe mal ýüklenip ýören ýük ulagyny Öwezgeldi mugalymyň işigin de saklady. Öwezgeldi Arça zalymyň öz öýüne näme üçin gelenini birbada çaklap bilmedi. Habaryny aýdanda bolsa gözleri tegelenip gitdi. — Men seniň at derledip tapman ýören zadyňy tapyp bersem, näme berersiň? — Sen haýsy zadyň gürrüňini edýäň? — Çolak bagşyň aýdym ýaz gylaryny. — Aý, goýa. Ony nireden tapýaň? — Onuň bilen işiň bolmasyn. Berjek zadyňy aýt! — Näme diýseň bereýin. Ol ýazgylar meniň üçin dünýe maly... * * * Öwezgeldi ahyry Arça zalymyň şertine razy bolupdy. Öýündäkiler bu gün onuň näme maksat bilen Arça zalymlara gideninem bilýärdiler. Şonuň üçinem eli gadymy patefonly howla girende aýaly, çagalary üýşüp onuň öňünden çykdylar. — Alyp bildiňmi? Aýalynyň bu soragyna Öwez geldi goltugyndaky parefony ýokary galdyrdy. — Ütülmiş ýagyrnyişligimizä ot ladyow. — Ýok gelinbaý. Biz utduk. Beýle diýme. Giden maşyn bolsun. Biz olary halal işlesek ýene taparys. Ýöne Çolak bagşyny welin tapyp bilmeris. Ol parefony emaý bilen ýerde goýdy. Oňa karty ötürdi: — Diňläň, häzir ataňyz aýdym aýdýar. Öwezgeldi patefonyň çarhyny aýlap ugrandan köne kart aýdym aýdyp başlady: — Ýaranlar, dünýäniň paýany bolmaz... Öwezgeldiniň öýünde segsen ýyla golaý mundan ozal dünýäden öten garry atasy Çolak bagşy aýdym aýdýardy. Bagşy gaýdyp gelipdi. Ondada Arça zalymyň tussaglygyndan halas bolup, diňe bir öz gadymky öýüne dälde, tutuş iline gaýdyp gelipdi. Indi onuň aýdymyny tutuş il diňlär. Şöhrat ABDYÝEW. | |
|
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |