10:45 Başa göwher täç eýle | |
BAŞA GÖWHER TÄÇ EÝLE
Edebi makalalar
"–Türkmen şaý-sep, zergärçilik sungatyna keramat hökmünde garaýar. Biziň gadymy şaý-seplerimiz peri-peýker ýaly gözelleriň bezegi bolup geldi. Dünýä bazarlarynda gadymy şaý-seplerimize örän gymmat baha kesilýär. Saparmyrat TÜRKMENBAŞYNYŇ "Ruhnamasyndan". Hakdan halatly Beýik Serdarymyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan şygyr şalygy çeper meňzetmelere diýseň baý. Şa şahyrymyzyň «Türk- meniň bäş eýýamynyň ruhy» şygyr diwanyndaky: – Göwher jygam – başyňdaky otaga! * * * Kim dür sözläp, başa göwher täç geýse... * * * Oguz handan galan nakyl, Nur saçyp dur göwher kimin. * * * Ýygnaýardym göwher damjasy kimin, Del nakyly, Hem ýakymly jümläni. * * * Göwnüňi göterýär – bir gysym göwher – ýaly dürdäne setirlerde milli gymmatlyklaryň dür-göwher kibi öwşün atýan keşpde suratlandyrylmagy, türkmeniň gymmatbaha daşlara uly ähmiýet berýänliginden nyşan. Gymmatbaha daşlaryň şasy hasaplanýan göwheriň gözelligi we täsinligi ynsanyýetin ünsüni köpden bäri özüne çekip gelipdir. Irki düşünjelere görä, «göwher daşynda gudrat bar, Allanyň söýen röwşi bar» diýlip, oňa çokunylypdyr. Şeýle hem gadymy döwürlerde patyşalar söweşe ugranlarynda, hökümdarlygyň nyşany we tebigy bela-beterlerden goraýan doga, Taňrynyň nury siňen daşy hökmünde göwherleri ýanlarynda göteripdirler. Dünýä ýüzüniň halk döredijiliginde, çeper edebiýatynda göwher we beýleki gymmatbaha daşlar, köplenç, gözelligiň, päkligiň, baýlygyň we hökümdarlygyň nyşany hökmünde wasp edilýär. Muňa biz dünýä edebiýatynda uly orun tutýan «Müň bir gije» rowaýatynyň, Omar Haýýamyň rubagylarynyň, Ferdöwsiniň «Şanamasynyň», Nasyretdin Tusynyň eserleriniň mysalynda hem anyk göz ýetirýäris. Hindileriň gadymy ruhy eserleri bolan «Ramaýanada» we «Mahabharatada» hem göwherleriň müň röwüşli tebigy öwüşgini, özüne maýyl ediji gözelligi, gudraty dogrusynda gyzykly ýazgylara duş gelýäris. Hindileriň düşünjelerine görä, göwherler dört sany tebigy toparlara bölünýärler. Olar: ýer, suw, asman we howa göwherleri. Ýer göwherlerine eýe bolanlar dünýäniň erkini elinde saklaýarlar. Suw göwherine eýe bolanlar rysgal-döwlete we egsilmez şöhrata eýe bolýarlar. Asman göwherleri öz eýelerine saglyk we güýç berýär. Howa göwherine eýe bolanlar söýgä, görk-görmegeýlige ýar bolýarlar. Şeýle hem göwherler öz eýelerini ýyldyrym urmasyndan, erbet ruhlardan goraýar diýen düşünje-de bar. Araplaryň «Müň birgije» eseriniň «Deňizde gezen Sindibad hakynda hekaýat» atly bölüminde adamlaryň baryp bilmeýän jülgelerinden göwher daşlarynyň alnyşy barada söhbet açylýar. Hekaýatda täjir ýaňyja soýlan goýnuň etini göwherli jülgä oklap, oňa ýelmeşen göwherleri çöpläp alýarlar. Türkmenleriň suw düýbündäki gymmatbaha daşlary aňsatlyk bilen alar ýaly, ýörite suw bürgütlerini eldekileşdirendikleri dogrusynda gadymy edebi mirasymyzda duş gelýäris. Muňa mysal hökmünde Ýunus Emräniň: – Bähri gerek deňizden Girip göwher alasy – – diyen goşgy setirlerem güwä geçýär. Gadymy rimliler zergärçilikde ýylman madyk ýa-da tehniki taýdan işlenmedik göwherleri ulanypdyrlar. Fransiýanyň patyşasy Lýudowik XI (1214-1270 ý.ý.) bolsa, öz ýurdunda zenanlara, hatda, şa aýallaryna-da göwher zynatlary dakynmagy gadagan edipdir. Allanyň nury siňen bu gudratly daş durmuşda bezeg daş bolmagyndan gaýry kem-kemden tehniki gurala öwrülipdir. Eýýäm adamzadyň medeniýetiniň ilkinji ösüşi döwründe, bu ajaýyp daşy pyçgy hökmünde ulanyp boljakdygy baradaky maglumaty Horezmde doglan Abu Reyhan al Biruny (973-1050ý.ý.) özüniň «Gymmatbaha daşlar hakda» diýen meşhur kitabynda ýazypdyr. Ol öz ylmy işinde gaty daşlara deşik deşmek üçin we ýylmamak üçin göwher külkesini nähili ulanyp bolýandygyny ýazýar. Gymmatbaha daşlar barada birnäçe ylmy kitaplaryň eýesi, rus alymy A.Ýe.Fersman «Daşlar boýunça taryhy oçerk» atly eserinde: «Ol otda ýanmaýar, dürli reňkde tebigy öwüşgin atýar. Göwher ganhoruň eline düşse, gündiziň gününde-de öz tebigy bolşuny ýitirýär» diýip baha berýär. Taryhçylaryň, müneçjimleriň aýtmaklaryna görä, göwherler planetalar bilen aragatnaşykda bolup, olaryň ylahy güýji birtarapdan, uruşlaryň öňüni alyp, hökümdarlaryň ýa-da bütin bir taýpanyň janyny tebigy bela-beterlerden halas edýän bolsa, beýleki bir tarapdan, gan döküşikli ölüme getirýär. Iň esasy bellemeli zat, ol öz hak eýesine gowuşmaly. Hakyky göwher ýokarda minerolog alymyň ýazgylarynda beýan edişi ýaly, öz eýesini tapmasa, hoşsurat jemalyny, tebigy bolşuny, adama edýän Hak täsirini ýitirýär, öçügsi daşa öwrülýär diýýärler. Muny meşhur göwherler barada eser ýazanlaryň köpüsi birnäçe hökümdarlyklaryň synmagynyň esasy sebäbini «tebigatyň bu gözel hem gudratly perzentlerine» hakyky eýeleriniň duşmandygy bilen düşündiripdirler. Günbatarda göwher we ol baradaky düşünjeler biraz soňrak dörän bolmaly. Aristoteliň döwründe (b.e.öň.371-264ý.) ýaşap geçen ýunan alymy Teofrast özüniň «Gymmat bahaly daşlar hakynda eser» diýen işinde göwheri görkezmändir. Rus ýazyjysy A.N.Tolstoý tarapyndan «daşlaryň şahyry» diýlip atlandyrylan A.Ýe.Fersmanyň (1883-1945ý.ý.) ýazmagyna görä, göwherler adamzadyň taryhynda 4-5 müň ýyldan bäri mälimdir we meşhurdyr. Birnäçe ylmy maglumatlaryň tassyk etmegine görä, göwheriň ilki tapylan ýeri Hindistandyr. Iki ýarym müň ýylyň dowamynda Hindistan dünýä bazaryna ýeke-täk göwher çykarýan ýurt bolupdyr. VI asyrdan başlap özüniň gözelligi we täsinligi bilen özüne çekip gelen göwher Borneo adasyndan hem tapylyp başlaýar. 1730-njy ýylda göwher Braziliýada, 1529-njy ýylda Orsýetde (Uralda), 1851 -nji ýylda Awstraliýada täze Günorta Uelsde tapylýar. 1867-nji ýylda Günorta Afrikada peýda bolýar. Göwhere bolan gyzyklanma netijesinde bu yklymyň başga-da birnäçe künjeginde şeýle gymmatbaha daşyň barlygynyň üsti açylýar. Häzirki döwürde Afrika yklymyna dünýä boýunça öndürilýän göwheriň 70 göterimine golaýy düşýär. Biz ýokarda Hindistanyň göwher çykarýan ýurtlaryň arasynda iň gadymysydygyny ýaňzydypdyk. Edil şonuň ýaly-da Hindistanda göwhere bolan garaýyş gadymydyr we örän mukaddesdir. Hindi rajalar gadymdan bäri göwhere ruhyýetinde, gündelik durmuşynda ýokary baha, aýratyn ahmiýet berip gelipdirler. Olardan buddalaryň gözlerini ýasap, çokunypdyrlar. 1298-nji ýylda Hindistana syýahat eden Marko Polo hem özüniň ýol ýazgylarynda bu ýurtda, esasanam, Golkondanyň töwereklerinde arassa, tebigy göwherleriň köpdügini ýazypdyr. Taryhda öz üstünde köp goh-galmagallary, ganly çaknyşyklary, elden-ele geçip, göçüp-gonmalary, täsin wakalary başdan geçiren hindi göwherleri bolan «Kohinur», «Derýaýynur» we «Şa» barada täsin ýatlamaly maglumatlar saklanyp galypdyr. Şol dünýä meşhur göwherleriň taryhy söhbeti belli bir derejede Jahanyň hatyraly köşkleriniň eýeleri bolar türkmen soltanlary bilen hem baglanyşyklydyr. Geliň, şol geçmişi täsin göwherler dogrusynda taryhy maglumatlara salgylanyp, söhbet edeliň! Tebigy taýdan görkanalygy, taryhy taýdan has baýdygy bilen tapawutlanýan «Kohinur» göwheri Hindistanda (köp maglumatlarda Golkondanyň Kollur diýen jülgesinde) tapylýar. Döwründe gözellik hem tebigy taýdan arassalygy, saplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk bu göwher 18 sany hökümdaryň eline düşüp, onuň eýeleriniň hiç birisi hem ýagty jahanda elpe-şelpe durmuşda bagtly ýaşap, uzak ömür sürmändirler. Iň gynançly ýeri, bu göwheriň eýeleriniň kimler bolandygy dogrusynda anyk ýazgylar saklanmandyr. Bolanlaram başly-barat. Biz turuwbaşdan bir zady nygtamalydyrys! Häzir dünýä boýunça göwheriň göwrüminiň ölçeg birligi hökmünde «karat» kabul edilýär. 1 karat 0,2 grama barabardyr. Karat arap sözi bolup, däne diýmekligi aňladýar. Abu Reýhan al Biruny bolsa, göwheriň ýa-da gymmatbaha daşlaryň ölçeg birligi hökmünde «mysgal» sözüni ulanypdyr. Meşhur «Kohinur» göwheriniň taryhy söhbeti baryp, Karna (b.e.öň 300ý.) atly hindi hökümdary bilen bagly bolupdyr. Rus alymy N.I.Kokşarow «Orsýediňminerologiýasy boýunça makalalar» atly kitabynda Gün hudaýynyň Karna atly ogly mundan 5 müň ýyl ön «Kohinury» boýnuna dakynyp gezendigini ýazýar. Birnäçe ýüz ýyllyk taryhy bolan «Kohinur» göwheri türkmenleriň guran Deli soltanlygy bilenem baglanyşýar. Öz döwründe «Ikinji Zülkarneýn» adyna eýe bolan Alautdin Halajy «Kohinury» Malwanyň patyşasynyň hazynasyndan (1304ý.) Delä getirdipdir. Göwher birnäçe ýyllaryň dowamynda türkmenleriň guran Deli soltanlygynyň hazynaly sandygyny bezäpdir. Şol wagt göwheriň agramy 793 karata deň bolupdyr. 1526-njy ýylda Muhammet Babyryň Demirgazyk Hindistany basyp almagy netijesinde, onuň ogly Humaýun Agra galasy bilen bilelikde «Kohinury» hem ele salypdyr. Şondan soň waspy şahyrlaryň dillerinden düşmän gelýän «Kohinuryň» mundan beýläkki ykbaly mogollar döwrüniň ganly çaknyşyklary, dogan-dogany gyrýan uruşlar bilen bagly bolupdyr. Bu göwher Muhammet Babyryň neberelerine, tagt mirasdüşerlerine onçakly üstünlik, öz aralaryna agzybirlik, ýurduna asudalyk getirmändir. Mogol hökümdarlary dünýäde iň bezemen, meşhur göwherli tagtyň eýeleri bolsalar-da, olaryn iň ýetip bilmeýän zady il asudalygy bolupdyr. Muny Humaýunyň, Şajahanyň we beýleki mogol hökümdarlarynyň mysalynda-da görüp bolýar. Muhammet Zahyretdin Babyryň «Babyrnama» eserinde Humaýuna berlen gymmatbaha daşlaryň arasynda meşhurgöwheriň hem bardygy ýatlanylyp geçilýär. Hususan-da, eserde şol göwheriň Babyryň özüne-de hödür edilendigi, olam eline alyp, soňra-da ogly Humaýuna gaýtaryp berendigi taryhy wakalaryň mysalynda beýan edilýär. Şeýle hem, şol döwürde birtäjir meşhur göwheriň bahasyny kesgitläp: «Onuň bahasy jahanyň daşyna 2,5 gezek aýlanyp çykmaga ýeterlik harç boljak» diýip, belläp geçipdir. Meşhur «Kohinury» Humaýun öz duşmanlaryndan gaçyp Eýrana baranda, ony Sefewi türkmenleriniň hökümdaryna sowgat hökmünde beripdir. 1547-nji ýylda «Kohinur» ýene-de öz taryhy watanyna gaýdyp barypdyr. Şol ýyl sefewi döwletiniň şasy göwheri Günorta Hindistanyň özbaşdak Nyzamşalar atly soltanlygyň hökümdary Burhan Nyzam şa sowgat hökmünde berýär. Taryhy wakalarda beýan edilişine görä, «Kohinur» iki asyrdan soň ýene-de ikilenji gezek Eýrana gaýdyp gelmeli bolýar. Ol iki asyryň dowamynda birnäçe gezek öz eýesini çalşyrypdyr. Nedirguly şa Sefewi döwletini syndyrandan soňra, Hindistana çenli uzalyp gidýän topraklary, mogollaryň meşhur göwherlerini, genji-hazynalaryny ele salmak üçin ýörişe başlaýar. 1739-njy ýylyň Nowruz aýynda Nedirguly şa ýüzugra Hindistanyň paýtagty Şajahanabady (Deli şäheri) eýeleýär. Ol paýtagt şäheri talamak üçin esgerlerine 6 sagat wagt beripdir. Özi bolsa mangollaryň zergärçilik sungatynyň kämil eseri bolan Tawus tagtyny ele salmak üçin köşge tarap eňipdir. Durşuna iň naýbaşy gymmat bahaly daşlar bilen bezelip älemgoşar kimin köşge şugla saçyp duran mogollaryň bu kaşaň tagty iki sany tawus guşuň biri-birine bakyp duran şekilinde bejerilipdir. Öz döwrüniň iň kaşaň hemgymmat bahaly patyşa tagty bolan «Tawus tagty» sap altyndan guýlup, ony zergärler müňlerçe dürler, hersi 100 karatlyk 108 sany lagl gaşlary, hersi 60 karatlyk 160 sany zümerret hem-de ownuk-uşak göwher daşlary bilen sünnäläp bezäpdirler. Tawus guşlarynyň gözlerinde bolsa, meşhur göwherleri oturdypdyrlar. Haçan-da Nedirguly şa «Tawus tagtyna» golaýlanda, ondaky meşhur göwherleriň ýeriniň oýulyp durandygyny görüpdir. Ol nökerlerine göwherleri ýeriň astynda bolsa-da tapmagybuýrupdyr. Mogollar hökümdarlygynyň kaşaň köşgünde göwherleriň gözlegi başlanypdyr. Teý ahyry, hindi şasynyň haremhanasyndaky bir aýalyň üsti bilen «Kohinuryň» MuhammetSurhanyň başyndaky sellesindedigi mälim bolýar. Muhammet Gurhanyň türkmendigini Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynyň ikinji kitabynda hem nygtalýar. Nedirguly şa öz hormatyna berlen hoşlaşyk naharynda hindi şasyna dostluk nyşany hökmünde öz bezemen sellelerini çalyşmagy teklip edýär. Muhammet Gurhan şa Nedirgulynyteklibine alaçsyz boýun bolmakdan gaýry alaç tapmaýar. Selleler çalşylýar. Nedirguly şa bolsa, hindi patyşasynyň sellesini dörüp, öz gözleýän oljasyny tapyp, «Kohinur» diýip gygyrypdyr. Käbir edebi ýazgylara görä, şol pursatdan bäri hindi göwheri «Kohinur» (Daglaryň nury)diýen ady göteripdir. Gymmatbaha daşlaryň taryhy barada ýazanlaryň bellemegine görä, Nedirguly şa Hindistandan ownukly-irili göwherlerden, lagllardan, dürlerden 60 sany demir sandygy dolduryp ýurduna aşyrypdyr. «Tawus tagtyny» bolsa söküp, sekiz sany düýä ýükläp alyp gaýdypdyr. Mogol şalary bu kaşan hökümdarlyk tagtyna dünýäniň genji-hazynasyny, ummasyz köp pul harjy siňdiripdirler. Taryhçy K.A.Antonowanyň ýazmagyna görä, mogol hökümdarlary bu tagtyň çeper bezegi üçin, şol döwrüň puly bilen 90 million rupiýa harç edipdirler. Bu bolsa, Hindistanyň iň naýbaşy we ajaýyp Täçmahal aramgähindenem (70 million rupiýa) gymmatdyr. Fransuz syýahatçysy we zergäri Tawernýeniň ýazgylaryndan belli bolşy ýaly, «Tawus tagtyna» harçedilen gyzylyň agramy ýüz müň tola sap altyndan ybarat (1 tola 11,5 gram) bolupdyr. Nedirguly şa «Tawus tagty», «Kohinur», «Derýaýynur» we «Şa» göwherleri öz çagalaryndanam eýgörüpdir. Ol müň röwüşli tagtyna, ajaýyp göwherlerine guwanyp, bary-ýogy 8 ýyl döwran sürüpdir. 1747-nji ýylda Nedirguly şanyň dildüwşükli öldürilmegi bilen general Ahmet Abdally meşhur «Kohinur» göwheri alyp Kandagara gaçýar. Ol şol ýyl Durranylar döwletinin düýbüni tutýar. Ahmet Abdally hem öz guran döwletiniň, ogurlan göwheriniň uzak hözirini görmän, bu ýagty jahan bilen hoşlaşýar. Onuň tagt mirasdary Teýmir 1773-nji ýylda Durranylardöwletiniň paýtagtyny Kabula geçirýärwe özi bilen «Kohinury» hem alyp gelýär. 1793-nji ýylda Teýmiriň dünýäden gaýdyş bolmagy bilen, onuň 23 sany oglunyň arasynda tagt üçin ganly çaknyşyklar başlanýar. Şol garma-gürmelik wagtynda Teýmiriň ogullarynyň biri 1813-nji ýylda döwletiň hazynalary bilen «Kohinury» alyp Lahora, häzirki Päkistana gaçýar. Ol bu ýerde tä 1849-njy ýyla çenli Lahor Penjaba birleşdirilýänçä ýaşaýar. Şol wagt Hindistanyň demirgazyk welaýatlarynda iňlisleriň basybalyjylykly hereketleri başlanýar. 1850-nji ýylda meşhurgöwher iňlisleriň «Ost indian» atly kompaniýasynyň wekili Deýlhauza satylýar. Iňlis lordy Deýlhauz «Kohinury» iki sany iňlis serkerdesiniň goragy astynda Angliýa ugradýar. Göwher 1850-nji ýylyň Gorkut aýynyň 3-inde iňlis patyşasy Wiktoriýanyň doglan güni mynasybetli sowgat berilýär. Patyşa Wiktoriýanyň tabşyrygy boýunça amsterdamly Forzanger atly harrat «Kohinury» 38 günläp, 4 at güýjünde işleýän bug maşynyň kömegi bilen ýylmapdyr. Netijede bu ajaýyp göwheriň ýene-de 80 karatlyk agramy ýitirilipdir hem-de onuň öňki tebigy görnüşi üýtgedilipdir. Iňlis patyşasy «Kohinury» boýnuna dakynyp gezýär. Ol aradan çykansoň, «Kohinury» 1911-nji ýylda patyşa jygasyna oturdýalar. Häzir ady rowaýata öwrülen, öz döwründe muşdaklary tarapyndan «hindi bägüli» diýlip atlandyrylan «Kohinur» göwheri Londonyň Winzor köşgünde iňlis patyşalarynyn beýleki genji-hazynalary bilen bilelikde goralyp saklanýar. Dünýäde ýene-de bir meşhur göwherleriň biri bolan «Derýaýynur» XVII asyryň başlarynda göwher mesgeni Golkondanyň Kollur jülgesindeň tapylýar. Bu meşhur göwheriň ykbaly-da gyzyklydyr we taryhy wakalara juda baýdyr. Iň esasy bellemeli zat, bu göwher çeşme ýaly arassa, kristall görnüşli bolup, ol özi bilen bäsleşýän göwherleriň arasynda iň göze ýakymlysydyr. Hindileriň gadymy rowaýatlaryna görä, «Derýaýynur» göwheri Seringapatam buthanasynyň Brama atly hudaýynyň üçünji (iki gaşynyň ortasynda) gözi bolup hyzmat edipdir. Iňlis ýazyjysy U.Kollinz «Aý daşy» atly romanynda bu göwheriň dört elli hindi hudaýy Aýyň (göwresini) synasyny bezändinini, soňra XI asrda Mahmyt Gaznalynyň bu ýuruň Somnaut atly berk gala şäherini basyp alanda, oňa olja bolup düşendigini, soňra Mahmydyň bagty çüwüp, tutuş Gündogaryň hökümdary bolandygyny ýazypdyr. Iňlis ýazyjysy öz eserinde «Derýayynur» göwheriniň sary Günüň reňkinde öwüşgin atýandygyny çeper suratlandyrypdyr. Fransuz zergäri Žan Tawernýe hem özüniň Hindistan baradaky ýol ýazgylarynda 1665-nji ýylyň Sanjar aýynda mogol patyşasynyň razyçylygy bilen bu meşhur göwheri ýewropalylaryň arasynda ilkinji bolup synlandygyny buýsanç bilen ýazypdyr. Mogol hökümdary Şajahanyň Günorta Hindistanyň özbaşdak soltanlaryny öz golastyna geçirmegi netijesinde ganly çaknyşyklar bilen elden-ele geçip ýören «Derýaýynur» göwheri hem beýleki oljalarbilen hökümdarlygyň hazynalar sandygyna düşýär. Teýmirleňkiň onunjy arkasy bolan Şajahan «Derýaýynury» öz ussahanasynda ýylmadypdyr. Emelsiz bir harratyň işiniň netijesinde 400 karatlyk göwhere hiç ýerine salyp bolmajak şikest ýetirilipdir hem-de ol özüniň ýarpy agramyny ýitiripdir. Taryhy maglumatlara görä, Şajahanyň özem gymmatbaha daşlar bilen içgingyzyklanypdyr, olaryň ölemen muşdagy bolupdyr. Onuň kakasynyň ýazyp galdyran ýatlamalarynda beýan edişi ýaly, Şajahanyň gymmatbaha daşlary gyraňlaýan we bejerýän dükanlary bolupdyr. Öz döwründe meşhur Täçmahal atly kaşaň hem ajaýyp aramgähi gurup, taryha giren Şajahana-da «Derýaýynura» uzagyndan guwanmak bagty miýesser etmändir. 1666-njy ýylda meşhur göwher Şajahanyň tagtdan zorluk bilen agdarylmagy netijesinde, onuň ogly Aurengzebiň eline düşýär. Öz pederini zyndana oklan Aurengzeb «Derýaýynuruň» taýy bolan «Kohinury» hem ele salmagyň ugruna çykýar. Ors minerologlarynyň käbirleriniň pikirine görä, «Kohinur» we «Derýaýynur» göwherleri ekiz, ýagny, şol bir göwheriň ikä bölünen bölekleri bolmaly. Aurengzeb göwherleri ele salyp, olary XVIII asyryň başlarynda Suringan diýen ýere getirdýär. Ol bu ýerde zergärlere meşhur «Tawus tagtyny» haşamladýar. Göwherleri bolsa tawus guşlaryň gözi hökmünde oýduryp, tagta goýdurýar. Soňra ýokarda belleýşimiz ýaly, Nedirguly şa Delini talanda, «Derýaýynury» beýleki oljalary bilen bilelikde Eýrana alyp gaýdýar. Nedirguly şanyň ölüminden soň, göwherli hazyna onuň ýakyn garyndaşlary tarapyndan talanýar. Meşhur «Derýaýynur» 1747-nji ýylda ogurlanýar. Rus alymy N.A.Ioninanyň «100 sany beýik hazyna» atly kitabynda bu meşhur göwheriň şondan soňra Grigoriy Safras atly ermeni täjiriniň eline düşendigi, 1767-nji ýylda bolsa, onuň Amsterdam bankyna goýlandygy, şondan bäş ýyl geçenden soň bolsa, göwheriň Iwan Lazerew atly rus zergärine satylandygy dogrusynda ýazylypdyr. Rus zergäri hem göwheri graf Grigoriý Orlowa satýar. Graf G.Orlow ajaýyp göwheri 1773-nji ýylyň Sanjar aýynyň 24-inde Ýekaterina II doglan gününe sowgat berýär. Şol dabara gatnaşan Prussiýanyň ilçisi özüniň ýatlama kitabynda ors patyşasy Ýekaterina berlen sowgatlaryň içinde özüniň gözelligi bilen lowurdap duran göwhere hemmeleriň haýran galandyklaryny ýazýar. Häzirki wagtda Orsýetde «Lazerew», «Romanowlaryň öýüniň daşy» adyny, Ýewropada «Amsterdam» adyny alan meşhur hindi göwheri Moskwanyň Kremller köşgünde saklanýar. Hindi topragynda kemala gelen «Şa» göwheriniň syrly ykbaly hem bulam-bujarlyklardan doly. Onlarça asylzada adamlaryň eline düşen bu ajaýyp gymmatbaha daş öz eýelerine uzak ýaş ýa-da bagtyýarlyk eçilmändir. Bu gymmatbaha daş mundan 500 ýyl öň göwherler mesgeni Golkondanyň golaýyndan tapylypdyr. «Şa» göwheriniň şöhraty, onuň ajaýyplygy baradaky gürrüňler dilden-dile geçip, ýurt gezipdir. Italýan syýahatçysy Marko Polo hem öz gezeginde hindi göwherlerine aşyk bolupdyr. Ol ýatlama kitabynda: «Dünýä ýüzünde sap göwherler diňe şu soltanlykda (Golkondada) tapylýar, olar bu ýerde örän köp we hemmesem örän ajaýyp» diýip ýazýar. Sarymtyl öwüşgin atýan «Şa» göwheri ilki indus zergärleriniň eline düşüp, soňra ol Ahmetnagaryň soltany Burhan Nyzam şa II satylypdyr. Burhan Nyzam şa II göwhere 1591-nji ýylda ilkinji bolup öz adyny oýduryp ýazdyrypdyr. Şol ýazgydan soň, hem göwheriň taryhynyň ýazgysy başlanypdyr. Golkondanyň «Şa» göwheri 4 ýyldan soň, ýagny, 1595-nji ýylda mogol şasy Ekberiň (1556-1605ý.ý.) eline düşüpdir. «Şa» göwheri 40 ýyldan gowrak mogollaryň hazynaly sandygynda el degirilmän ýatypdyr. Haçanda döwlet başyna Şajahan geçende, ol «Şa» göwherini gyraňlatmak we öz adyny ýazdyrmak üçin harrata tabşyrypdyr. Fransuz syýahatçysy «Şa» göwherini mogollaryň «Tawus tagtly» köşgünde synlandygy dogrusynda ýazypdyr. Onuň ýazmagyna görä, mogollar «Şa» göwherini altyn sapaga düzüp, «Tawus tagtynyn» öňünde, hökümdaryň golaýynda asyp goýupdyrlar. Soňra Nedirguly şanyň talaňçylygynda bu meşhur göwherem beýleki genji-hazynalar bilen Eýrana getirilýär. «Şa» göwheri Eýrana barandan 100 ýyl geçen soň, onuň ýüzünde üçünji ýazgy peýda bolýar. Göwheeriň ýüzündäki ilkinji ýazgy ýokara belleýşimiz ýaly, 1591-nji ýyla degişli bolup, «Burhan Nyzam şah ikinji 1000-nji ýyl», ikinji ýazgy 1651-nji ýylda ýazylyp, «Jahangir» şanyň ogly Şajahan 1051-nji ýyl». Sonky üçünji ýazgy 1824-nji ýyla degişli bolup, «Beýik Gajar Feth Aly şah soltan 1242-nji ýyl» diýlip ýazylypdyr. «Şa» göwheriniň ilkinji agramy 88,7 karat bolup, göwrümi edil kepderiniň ýumurtgasy ýaly eken. 1829-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 30-ynda orslaryň Eýrandaky wekili ýazyjy A.S.Griboýedow öldürilyär. Ýazyjynyň huny hökmünde Eýran şasy Hosrow Mürze ors patyşasy Nikolay I «Şa» göwheri beýleki gymmat bahaly sowgatlary öz eli bilen eltip berýär. «Şa» göwheri tä 1914-nji ýyla çenli Peterburg şäherinde ors patyşalarynyň hazynalar ammarynda saklanýar. Birinji Jahan urşunyň başlanmagy bilen «Şa» göwheri Peterburgyň Gyş köşgünden Moskwa getirilýär. Türkmen edebiýatynda, halk döredijiliginde tebigat gözelliginiň kämil eserleri bolan göwherler bilen baglanyşykly dürdäne sözlere häli-şindi gabat gelýäris. Ol sözler saýrak dilli türkmen şahyrlarynyň döredijiligine özboluşly bezeg çaýypdyr. Şeýle hem gymmatbaha daşlar türkmen halkynyň durmuşynda biçak uly ähmiýetli orun tutupdyr. Mysal üçin, göwher adama güýç berýär, zümerret görejiňi ýiteldýär, pöwrize bagt getirýär, lagl söýgi getirýär, sadap uzak ýaşadýar diýen ýaly. Daşlar bilen baglanyşykly yrymlar biziňhalkymyzyň arasynda häli-häzire çenli ýaşap gelýär. Peri-peýker gözellerimize Göwher, Merjen, Sadap, Altyn, Kümüş, Dürsoltan ýaly atlaryň dakylmagy hem türkmeniň zer-zümerrete uly sarpasynyň bardygyny görkezýär. Hawa, ençe asyrlar geçse-de, lagly-göwher daşlarynyň ähmiýeti, gymmaty birjigem peselenok. Çünki, külli ýnsanyýet Hak yşgyndan dörän gymmatbaha daşlara hemişe aşyk. Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |