16:04 Birwagtlaryñ Täze ýyly... | |
BIRWAGTLARYÑ TÄZE ÝYLY....
Ýatlamalar
• Näme ederdiñ? Täze ýylyñ başynda lotoreýa petegini satyn alan garry adamyñ bagty çüwüp, lotoreýasyndan 70 million lira çykaýypmyş. Munu gören ogly: "Kakam peteginiñ munça pul utanyny bilse, begenjine ýüregi ýarylyp öläýmesin" diýip gorkupdyr. Şonuñ üçinem tanyş bir lukmanyny öýe çagyryp, ondan bu şatlykly habary kakasyna kem-kemden öwrenişdirip aýtmagy haýyş edipdir. Lukman ýaşulynyñ ýanynda oturyp, gürrüñe başlapdyr. Ol ondan-mundan gaçdy-kowdy gep açan bolup, ahyryn lotereýaly gürrüñe gelýär. Soñam: "Ahmet beý, siziñ lotoreýañyz 70 million lira utsa, näme ederdiñiz?" diýipdir. Ahmet beý säginmän-zat etmän: "Eger men 70 million utsam, ýarsyny saña bererdim" diýip jogap beripdir. Lukmanyñ duran ýerinde ýüregi ýarylyp ölüpdir. • Düzzüm oýnalan günler... Öñki Täze ýyl günlerini Orhan Boranyñ radioda okaýan henekleri bezärdi. Gijäñ içi hemmeler radionyñ başynda oturyp, ellerinde-de lotoreýa petekli lotoreýadan alan san belgilerini gaýtalardylar. Şol wagtlar telewizoryñ, planşet komýuterleriñ, akylly el telefonlaryñ ady-eseri ýokdy. Täze ýyl güni çagalar düzzüm oýnardy. • Adamhorlar we totyguşlar Indi ýaşaýyşyñ okgunlylygy artdy... Indi hiç kimin henek diñlemäge sabyr-takaty galmady. Hemmeler henegiñ soñuny başyndan bilmek isleýär. Onsoñam o negözel adamhorly we totyguşly henekleri gürrüñ berip ýören wäşilerem indi ýok diýen ýaly. Men şonda-da öwrenşen endigime dowam edeýin: Adamhor ataly-ogul derýanyñ boýunda ýöräp barýarka ýaşajyk owadam gyzyñ ýalañaçlanyp suwa düşüp duranyny görüpdirler. Adamhor ogul: "Kaka bu gyzy iýeli" diýipdir. Atasy garşy çykyp: "Ýok, bu gyzy öýe äkideli, ejeñi iýeris" diýip jogap beripdir. • Napoleonyñ henegi Ýogsa-da ruhy taýdan näsaglar baradaky heneklere ne döw çaldy? Bir gezek dälihanada özleriniñ Napoleondygyny aýdýan iki sany dälini bir otaga gabap goýupdyrlar. Ertesi gapyny açsalar, birinji däli: "Men Napoleon" diýse, ikinjisi "Men Stalin" diýip gapydan çykypdyr... Ýetip gelen Täze ýyl size berk jan saglyk, yrsgal-döwlet we bagt getirsin! Mehmet BARLAS. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |