05:09 Bize şahyr ýürek ýigitler gerek | |
BIZE ŞAHYR ÝÜREK ÝIGITLER GEREK
Goşgular
Nätjek, boýun alýas, öwrenşipdiris... Düýn ýagşyň kalbynda çiglende düwün, Deňinden biperwaý geçipdik, indem Düýnüň agysyna aglaýas şu gün. Gowy zat, ýalňyşy düzetjek bolýas, Seýikleýäs synan göwünleň käsin. Arman, şu işde-de sokulyp, käte Perdeleýär ýamanlaram günäsin. Haýyş bar, geliň biz birigeliň-de, Haýr işde ýamana bermäliň gezek. Çünki çöken göwni galdyrmak üçin Bize şahyr ýürek ýigitler gerek. Bilýäris, üýtgeşik däldir bu günem, Bilýäris, şerdenem daşda däldiris. Emma düýnki ýalňyş gaýtalanaýsa, Gün däl-de, özümiz günäkärdiris. Günäkärler bolsa, jeza çekýärler, Çekýärler özüniň kimdigne bakman. Şoň üçin şu günki ýalňyşlygmyzy. Şu gün düzetjekler gerekdir hökman. Seret, an-ha, ýetip gelýär gije-de, Diýmek, gapymyzy kakar ol basym. Веlli zat, ýene-de agşamky ýaly Arzuwlar maňlaýda goýar bir gasyn. Aňsat däldir arzuwlary götermek, Onsuz ýaşamagam kyndyr, elbetde. Görünüp dur, bu gije-de uklanman Oýlanarys nobatdaky gün hakda. Ol gün hakda oýlanýanmyz çyn bolsa, Onuň gözelligni küýsese ýürek, Biliň siz Erte giç, hut şu gün, şu gün Bize şahyr ýürek ýigitler gerek. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Ol gözler... / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ «Baglar ýanýar seň toýuňda...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |