11:03 Bürgüt ruhly türkmenler | |
BÜRGÜT RUHLY TÜRKMENLER
Edebi makalalar
• ýa-da türkmen asmanynyň mukaddes guşlary barada söhbet «Biziň bäşinji eýýamymyzda türkmen ruhy bedew bolan bolsa, üçünji eýýamymyzda türkmen ruhy bürgütdir. Şonuň üçin hem bu eýýamda türkmen serkerdeleriniň bürgüt adyny götermekleri tebigy zatdyr». Saparmyrat TÜRKMENBAŞYNYÑ "Ruhnamasyndan". Türkmen ruhunyň üçünji eýýamynyň oňony bolan keramatly guşlara BSaparmyrat Türkmenbaşynyň eýýamynda – türkmeniň bäşinji eýýamynda gaýtadan jan girdi. Serdarymyz bäş kelleli bürgüdi şa tuguna salanda Taňry guşlarymyzyň altyn ganatlary ýene-de türkmen nesillerine pena boldy. Türkmenbaşy nesli pent tutalyň, bizi Taňry aýasynda garasaň türkmen asmanynyň mukaddes guşlary ganatlaryny gerip, pena berse, türkmeniň agzybirligini, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bina edn altyndan döwlet sütünlerini hiç kim ýyka bilmez! Maddy babatda-da, ruhy babatda-da sarp edijilikden döredijilige tarap, özüniň dolanuwsyz Altyn asyryna tarap barýan milletimize Saparmyrat Türkmenbaşy onuň içki döredijilik ukyplaryny oýarjak we olary görlüp-eşidilmedik beýik derejelerde işeňňirleşdirjek Ruhnamany sowgat berdi. Biziň şu gezekki oguz-türkmenleriniň oňonlary – mukaddes guşlar baradaky söhbetimiziň gözükmesi hem Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasyndan başlandy. Türkmen halkynyň içinde «Bendäm bendäme sebäp» diýlişi ýaly, Beýik Serdarymyzyň döwet-galamyna degişli ýazgylar, hut onuň özüniň döreden döwlet ştandartynda (tugunda) şekil tapan bäş kelleli bürgüt şu söhbetiň döremegine sebäp boldy. Şöhratly taryhymyzyň üçünji eýýamyndaky ylahy oňonlarymyz bolan mukaddes guşlar baradaky düşünje häzirki güne çenli halkymyzyň içinde bölek-büçek saklanyp gelýär. Oguzlaryň döwlet dessury, halkyň gadymy ruhy medeniýeti, milletiň güýjüniň nyşany bolup çykyş eden mukaddes guşlar türkmenleriň döreden onlarça döwletleriniň tuglarynda, maddy miraslarynda orun alyp, olar dogrusyndaky däpler kalplarymyzyň, ýüreklerimiziň törüne siňip gidipdir. Haçanda türkmen balasy geçmişden gopup gaýdýan ümmülmez nagralaryň sesine, bedewlerimiziň toýnak güpürdilerine, oňon guşlarymyzyň pasyrdap uçmasyna tomaşa edende, diň salan-da derrew ata-babalarynyň geçmişdäki Şady-horramlyklaryny hakydasyna getirýär. Ýa-da diýeli her bir türkmen ýigidi öz gadymy dessury boýunça eline laçynyny gondursa, derrew onuň Ýeriň-Gögüň arasynda, ýedi yklyma soltanlyk eden ata-babalarynyň ruhy özünde jemlener, mäkämlener, gaýratlanar, beýgeler, derejesi ýokarlanar. Hawa, bu hut şeýle. Söhbetimiziň özeni ata-babalarymyzyň milli guşlary (käbir taryhy maglumatlarda oguz guşlary diýlip hem atlandyrylýar) olaryň irki ruhy medeniýetimize täsiri dogrusynda bolansoň, halkymyzyň içinde aýdylyp gelinýän bir rowaýaty ýatlamagy müwessa bildim. Gadym eýýamlarda ynsandan ozal bir ajaýyp bürgüt guş elli müň ýyllap döwran sürüpgeçipdir. Bu Beýik Magtymguly Pyragyda şeýle wasp edilýär: «Elli müň ýyl döwran süren Benijan...» «Ahyry ynsandyr, öňi Benijan...» Şol ullakan, owadan guş Ýeriň-Gögüň arasynda ýeke özi ganat ýaýyp, döwran sürüp gezipdir. Onuň ýeke täk iýmiti dary bolupdyr. Ýöne wagtyň geçmegi bilen dary azalypdyr. Ahyry bu owadan guşuň güni ýeke dänä diklenip galypdyr. Ol iň soňkuja dänesini diliniň astyna goýup, al-asmana çykandan soň, dänesini aşak oklapdyr. Şeýdip ömrüniň birgününi uzaldypdyr. Soň ol gözläp-gözläp şol ýekeje mukaddes dänejigi tapypdyr. Ol mundan buýana bolmajagyny bilip, dänäni diliniň astyna goýup, owadan uzyn ganatlaryny ýaýyp ýatypdyr. Guş başyny ýerden galdyrman kän ýatypdyr, ýöne dänäni ýuwutmandyr. Ahyr soňy şol däne guşuň agzynda şineläp, tümmül bolup gögeripdir. Sary dünýäde ýene- de ýaşyl reňk, baky ýaşaýyş peýda bolupdyr. Ýadyňyza salyň, biz taryhy çeşmelerde oguztürkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň baýdagynda ganatlaryny gerip duran bürgüdiň şekilini görýäris. Beýik Hun döwletini dünýäde iň güýçli döwlete öwren ata-babalarymyz ýaşaýyş ugrundaky göreşlerde güýçli haýwanlara (öküze, möjege) tagzym edip, ýyrtyjy guşlardan ruhlanyp, olary keramatlaşdyrypdyrlar, hatda olary biri-biri bilen dogan hasaplapdyrlar. Köp taryhçylaryň öz maglumatlarynda tassyklamagyna görä, gadymy oňonlaryň – guşlaryň, bedewiň, keramatly öküziň, möjegiň güýjüne sarpa goýmak ýaly däpler oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti döwründe has örňäp-ösüpdir. Muňa Beýik Hun döwietiniň taryhyna degişli namalarda has aýdyň göz ýetirmekmümkin. Oguz türkmenleri yslam dini gelmänkä bürgüdi Taňrynyň kölegesi, Günüň ýylylygy, goraýjy ruh hökmünde görüp, onuň güýjüne sygynypdyrlar. Oňa göze görüner-u-görünmez külpetlerden, erbet ruhlardan, mahluklardan goraýan guş hökmünde garalypdyr. Dünýä ylmyna uly goşant goşan, türkmen we türki halklarynyň taryhyny, medeni mirasyny, irki ruhy medeniýetini öwrenen daşýararzehinli taryhçylar L.N.Gumilýowiň, N.A.Baskakowyň, M.Kaşgarynyň, Reşideddiniň işlerinde ata-babalarymyzyň tagzymlaryna, oňonlara degişli ýürekleri gopduryjy ajaýyp maglumatlar bar. Geliň taryhçy alym M.Kaşgarynyň galamyna degişli bir goşgynyň manysyny tirmäge synanyşalyň. Anyň işin keçürdüm, Eşin ýeme gaçurdum Ölüm otun içurdum, Içti bolup ýüzi turi. Onuň işin bitirdim Ruhuny(huşuny)hem gaçyrdym Ölüm suwun içirdim, Içdi ýüzi ap-ak boldy. Bary-ýogy dört setirde çugdamlap orta atylan bu dörtlemede M.Kaşgary keramatly ruhy goraýan guşuň göze görünmeýän hyzmaty dogrusynda söhbet edýär. Bedeni terk eden ruhy gaçyryp, oňa uçmaga hemaýat eden guşa oguzlarda Taňry guşy diýipdirler. Yslam dinine çenli ynançlarda ölümden soňky ruh bir päk guşuň ganatlaryna ýüklenilýärmiş. Şol«Taňry habarçysy» diýen guş ruhlary jennete daşaýarmyş. Oguz türkmenleriniň bütin taryhynyň dowamynda ata-babalarymyzyň irki dünýägaraýşy gitdigiçe kämilleşipdir.Olaryň tagzymlary bolan guşlar, möjek, öküz ýuwaş-ýuwaşdan ruhy medeniýetinden içki döwlet nyşanlaryna öwrülipdir. Taryhçy A.Reşideddin öz işinde oguz boýlarynyň bozoklara we üçoklara bölünendigi, Oguzhanyň 6 oglunyň hersiniň bürgütler maşgalasyndan bir guşy özlerine oňon edip göterendigi dogrusynda ýazypdyr.Onuň maglumatyna görä, Gün han – ak bürgüt, Aý han – towşançyl, Ýyldyz han – aw bürgüdi, Gök han – uç, Dag han – gyrgy, Deňiz han – çagry bürgüt oňonyny göteripdirler. Edebiýatçy alym A.Bekmyradow «Edebi miras – ebedi miras» diýen işinde «Oguznama» eseriniň ähli nusgalarynda diýen ýaly Oguz hanyň alty oglunyň hersine bürgütler maşgalasyndan bolan bir guşuň oňon edilip berlendigini ýazýar. Salar Babanyň ýazmagyna görä, «oňon» gadymy ata-babalarymyzyň totem, keramat hökmünde uýan guşuny aňladypdyr. Gadymy ata-babalarymyzyň keramatly guşlar baradaky ynanjy ilki Oguznama eserlerine siňdirilip, soň ol haýwanlar hakyndaky ertekileriň döremegine gatnaşypdyr. Guşlaryň ähmiýeti, olaryň ata-babalarymyzyň durmuşynda uly orny diňe bir gadymy milli hem döwlet miraslarymyzda däl, eýsem maddy we ruhy medeniýetiniň köp babatlarynda mesaňa ýüze çykýar. Meselem, zergärçilik, binagärlik sungatynda, haly, kilim nagyşlarynda, möhürlerde, teňňelerde, türkmen gelin-gyzlarynyň milli lybaslarynda guşlaryň şekilleri mesaňa saklanyp galypdyr. Gadymy ata-babalarymyzyň ynanjyna degişli bürgüdiň altyndan heýkeljigi Parfiýa şalarynyň genji hazynasy bolan Nusaýdantapylypdyr. Taryhçy-arheolog W.Sarianidigadymy Marguşyň harabalyklarynda geçiren gazuw-agtaryş işlerinde bürgüt şekilleriniň birnäçe görnüşlerini ýüze çykardy. Türkmen halylarynyň gözel tebigatynda özboluşly mesgen tutan mukaddes guşlaryň many-mazmunyny, taryhy gelip çykyşyny yzarlasaň, gadymy ata-babalarymyzyň ruhy durmuşy hakdaky pikirleriň syrly ýumagy çöşlenip başlaýar. Baslygyp ýatan gaty täsin syrlaryň dünýäsine düşýärsiň. Toprakdan soň başlanýan guşgözler, her gölüň içinde oturan guşlar, döwletliligiň nyşany ok-ýaýlar, sagdak... Gadymy oguz-türkmenleriniň Beýik Hun döwletine degişli bolan halylardaky ulanylan şol ajaýyp däpler, mukaddes nagyşlar (ok-ýaý, sagdak, guşlar) häzirki zaman halylarynda, kilimlerinde ýaşamagyny dowam edýär. Bellemeli ýeri oguz-türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň halysy hasaplanýan Noinulin depeliginden tapylan halyda dürli guşlaryň şekili çitilipdir. Bu barada rus halyşynas alymy. G.Moşkowa şeýle ýazýar: «Ähli oguz taýpa toparlarynyň oňony guş bolupdyr. Türkmen halylarynyň göllerinde guşlaryň ol ýa-da beýleki görnüşde şekillendirilmegi hakykatdan hem olary taýpalaryň oňonlarynyň şöhlelenmesi diýmäge esas berýär. Türkmen halylarynyň içinde iň köp ýaýran nagyş içinde guşlaryň hem haýwanlaryň şekili bolan sekizburçly medalondyr. Bu nagyş iňňän gadymy bolup, ol IХ-ХI asyroguzlaryň däplerine baryp direýär. Hat-da bu däbiň has gadymdan gaýdýandygy barada hem pikir etmek mümkin». Hawa, gadymy oguz-türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň kä wagt ylmyň gözi ýetmeýän älem ynançlarynyň maddy we ruhy eserlere siňdirilmegi diýseň gyzykly hem syrly zat. Geliň, halkymyzyň ruhy dünýäsine belet, ony ezberlik bilen ösdürip ata-babalarymyzyň älem, keramatly guşlar bilen baglanyşykly ynanjyny, däplerini inçelik bilen yzarlap, köp namalary ýazan milli şahsyýetlerimiziň işlerine üns bereliň! Salyr Babanyň öz eli bilen ýazan «Oguznama» eserinde mukaddes guşlar bilen baglanyşykly käbir däp-dessurlar diýseň gyzykly beýan edilýär. Eseriň beýanynda: «Ala atly, salyr donly Kaý (mümkin Gaýa – B.Ç.) Ynal hanyň köp wagtlap oguzlarda hökümdarlyk edendigi bellenilýär. Gaýa Ynal han ölmezinden öňinçä ähli guşlaryň dilini ýolduryp, bir halta salyp goýýar. Eger ogly bolsa, şol guş dillerini oňa iýdirmegi wesýet edýär. Ala atly, salyr donly Gaýa Ynal han aradan çykandan soň, onuň yzynda ogly bolýar. Oguz halky üýşüp Gorkut atadan täze bolan çaga bir gowy at dakyp bermegi soraýar. Gorkut ata çaga Tuman diýip at berýär. Tuman heniz kiçijikkä oňa kakasynyň halta salyp ýygnap goýan guş dillerini ezip iýdirýärler. Şunuň netijesinde hem Tumanda ähli guşlaryň dilinedüşünmekukyby peýda bolýar». Biziň pikirimizçe, şeýle däp-dessuryň berjaý edilmegi ýöne ýerden däl. Guş dilini çaga iýdirmek, guş ýeleklerini dakynmak, ýyrtyjy guşlaryň dyrnaklaryny ýanyňda götermek, duluňdan asyp goýmak ýaly gadymy däpler irki ýazuw namalarymyzda ýazylypdyr. Türkmenistanyň medeni mirasynyň üçünji möhüm ugry beýik seljuk türkmenleriniň, Görogly beg Türkmeniň döwri bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde goşa kelleli bürgüt guşy ruhy we maddy mirasymyzyň esasy çeper beýany bolup çykyş edipdir. Geliň, şu ýerde biz ata-babalarymyzyň üçünjieýýamynyň ruhy dünýäsiniň özboluşly nyşany bolan keramatly saýylan bürgüdiň ruhuna duwlanyp, seljuk türkmenleriniň dünýägaraýşyna açylan kiçijik penjireden bakalyň! Şonda biz türkmeniň döwletini jahan döwleti derejesine çykaran gaýratly ogullaryň çarpaýa galan parlak ruhuna sataşarys. Olaryň ýedi gat asmanda mukaddes guşlaryň kümüş ganatlarynyň astynda türkmen asmanyna nur saçyp, bezäp oturanlaryna gözüňiz kaklyşýar. Siz Beýik Seljuk döwletini esaslandyryjylar we onuň ilkinji soltanlanlary Togrul begiň we Çagry begiň, olaryň şöhratly mirasdüşerleri Alp Arslanyň, Mälik şanyň, Soltan Sanjaryň goşa kelleli bürgüt nyşanly baýdagyň astynda musulman dünýäsinde keramatlylar ornunda oturanyna şaýat bolarsyňyz. Beýik SaparmyratTürkmenbaşy özüniň ýazan Mukaddes Ruhnamasynda türkmen ruhunyň üçünji eýýamyny (X-XVI asyrlar) diňe birtürkmen gylyjynyň däl, eýsem türkmen ruhunyň hem dünýä çykan eýýamy bolandygyny nygtap geçýär. Ol: «Bu döwürde taryhy sahna ymykly çykan oguzlar-türkmenler şeýle bir uly hem çuňňur döwlet-syýasy tejribesini topladylar. Onsoň Gündogarda «döwlet gurjak bolsaň türkmeni çagyr» diýen nakyl döredi. Çünki, sanly asyryň içinde Magrypda we Maşrykda, Müsürde, Hindistanda we gaýry ýurtlarda gurlan türkmen döwletleriniň sany onlarça boldy. Ol türkmen soltanlarynyň köpüsiniňbürgüt atlary bolupdy. Aslynda Oguz hanyň her agtygynyň öz bürgüt ady bardy. Gaýa – şüňkar, Begdili – bähri, Dodurga – garçgaý, Owşar – laçyn, Çepni – humaý, Salyr – bürgüt, Bükdüz – ütelgi. Beýik seljuk-türkmenleriň döwletini esaslandyran Dawudyň hem Muhammediň ruhy atlary-da – bürgüt atlary – Togrul we Çagry boldy. Şol döwürde symrug hem humaý guşlary türkmen ruhunyň daýançlary bolupdy. Bu döwürde türkmen ruhy bürgüt bolup, kertden kert gaýalara çykdy. Şeýdip, türkmen ruhy beýiklik, howalalyk häsiýetine eýe boldy. Howada, ýeriň ýüzünde öz awuny uçuryp, gaçyryp aldy. Şeýdip hereketlilik, janlylyk häsiýetlerini aldy. Güne ýakyn boldy, Günüň mährini özüne siňdirdi. Elýetmez, okýetmez, sesýetmez gaýada oturyp, şol ýerden bu pany dünýäniň bimanylygyna, ötegçiligine, aşakdakylaryň hars uruşlaryna bakdy. Şeýdip, hem belentlik, hem çuňluk häsiýetine eýe boldy» diýip, nygtap geçýär. Hawa, dünýäde «Beýik» diýen ady alan seljuk-türkmen döwletini döreden türkmen serkerdeleri Togrul beg (993-1063ý.) we Çagry beg (991-1061ý.) dagy bürgüt ady bilen abadançylygyň şalaryna öwrüldiler. Hakaýyl kişiler boldular. Olar belentlige çykan döwürlerini dessanlaşdyryp, sapaly pursatlarynyň waspyny ýetirip, geljegiň hatyrasyna gowudan-gowy işleri etdiler, ullakan gujura we güýç-kuwwata eýe boldular. Mälim bolşy ýaly, gadymy oguz-türkmenlerinde bürgütler maşgalasyndan bolan guş atlaryny oglanlara dakmak has ýörgünli bolupdyr. Mysal üçin Şihabeddin En-Nesewiniň «Soltan Jelaleddin Meňburnynyň ömür pursatlarynyň teswiri» diýen kitabynda Horasanyň emiri Ýegen Sunkur, Köneürgençtürkmenleriniň döwletiniň düýbüni tutujy AnuşTegin Garçgaýdiýen ýaly atlara duş gelýäris.XI asyr alymy M.Kaşkarynyň kakasy hem guş adyny göteripdir. Onuň doly ady Barsdanly HüseýinÇagry Tegindir, atysy Muhammet Bugra Handyr. Şeýle hem oguz-türkmenleriň arasyndaTurum-taý, ÇagryTegin, Behri Balaban, Tarlan, Şuňkar ýaly atlar has ýörgünli bolup, olar edebi we taryhy namalarymyzda duş gelýär. Türkiýede «Altaýlardan Amyderýa çenli türk dünýäsindäki meňzeşlikler» ady bilen çap bolan bir kitapda seljuk-türkmenlerine we Diýarbekirde (1101-1312ýý.) gurlan Artykly türkmenlerine degişli binagärlik we dokmaçylyk sungatynda, el senetlerinde hem-de altyn we kümüş pullarda şekil alan ýeke we goşa kelleli bürgüdiň suratlar arkaly çeper beýany berlipdir. Anadoluda we seljuk türkmenleriniň merkezi şäheri Konýada gurlan binalaryň derwezelerinde, galalaryň köşgi-eýwanlaryň, medreseleriň diwarlaryndagoşa kelleli bürgüdiň şekilleri ussatlyk bilen ýerleşdirilipdir. Her zaman Taňrynyň güýjüne we kuwwatyna, asmanyň hemaýatyna bil baglan halkymyzyň milli lybaslarynda guşlaryň orny az bolmandyr. XIV-XV asyrlara degişli eserleri okap, çeper bezegleri synlap, türkmen esgerleriniň jygalarynda guş ýeleklerini göterendiklerini derwüşleriň guş ýelekli donlary geýendiklerini aňmak bolýar. Mysal üçin käbirtaryhy maglumatlarda ilkinji türkmen derwüşleri guş ýelekli donlary geýip halkyň içine çykandyklary dogrusynda çeper beýan edilýär. Türk taryhçysy A.Golpinarly «Wilaýetnama» diýen işinde ýazyp beýan edişine görä, Hoja Ahmet Ýasawy durna ýelekli don, Hajy Bekdaş Weli gögerçin ýelekli don, Abdal Musa keýikderisinden don tikinip geýip, täze dini ilat arasynda wagyz edipdirler. Anadoly türkmenleriniň arasynda Togrul Baba atly bir derwüş bürgüt ýelekli don geýip il gezipdir. Mukaddes guşlar türkmen saz we söz sungatynda hem çuň yz galdyrypdyrlar. Guşlar bilen bagly türkmen sazlarynyň, aýdymlarynyň ýüzlerçesi mälim, «Tilim guş tilidir, suratym ynsan» diýýän Hakdan içen beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde guşlara köp orun berilýär. Ol: – Doga kylyp säher wagty, Nalyş kylsam guşlar bile» ýa-da: «Aç garçgaý, algyr laçyn öňünde, Müň ýygylsyn, ördek nedir, gaz nedir». diýýär. Bedew münüp keýpini çaglan, guş uçuryp köňlün açan, çuwal-çuwal gülküli Kemine şahyrymyz bolsa: «Garçgaý, laçyndyr guşlaryň başy, Mirşikärler gola almaz her guşy». diýýär. Ýa-da Görogly beg Türkmeniň eline sazyny alyp, Şuňkar guşuny uçuryp, nama düzüp, dünýäni mest edişini ýadyňyza salyň! Göwnüňizganatlanyberer. Dessuragörä, oguztaýpalary gadymdan bäri öz oňonyna garşylyk görkezmändirler we onuň etini iýmändirler. Dulunda aw guşlary saklamak, olar bilen şikar etmek, göwün açmak, her hili oýun guramak, at bilen ýaryşdyrmak ýaly däplere aýratyn üns beripdirler. XVI-XVII asyrlarda Balkan sebitlerinde ýaşap geçen Dana Ata Abulhany özüniň «Oguznama» atly kiçijik eserinde guşlar we guş oýunlary dogrusynda kelam getirýär. Ol: Taghan ogly Salgur, Eýmur, Aty düldül, kuşy algur. ýa-da Hesen – ili, eli sazlyg, Dal bedewlig, tebil bazlyg, Yügrük at, boýny kotozlyg, Bile kuşlar çapganymyz. diýýär. Onuň soňky söhbetinde ýüwrük at bilen guş ýaryşy däpleri dogrusyndaky waka çeper beýan edilýär. Biziň döwrümize has ýakyn ýaşap geçen Ata Gowşudow özüniň «Dordepel»hekaýasynda Dordepel diýen at bilen elguşuň ýaryşdyrylyşy barada şeýle ýazýar: «Garçgaý elguşy bir gün aç sakladylar. Atyň çapyp gaýtjak pellesine elguşy hem eltdiler. Guşuň eýesi bolsa toýhanada durup, albaý bulap, öz guşuny nahara çagyrmaga başlady. Çapyksuwar atyň başyny öwrüp goýberen mütdetinde guş hem albaýa baka goýberildi. Aty ilkibada özüniň kim bilen ýaryşýanlygyny bilmän, töweregine ýaltaklap, aňka-taňka bolan bolsa-da, märekäniň gykylygy göge göterilen wagty atyň gözi depesinde ganat kakyp barýan elguşa düşüpdir. Şondan soň at gulaklaryny gyrpyp, bar güýji bilen öňe baka atyldy we guşy taýak basdyryp yzda goýup, toýhananyň duşundan geçdi». Käbirtaryhy maglumatlaryň söhbetine görä, türkmenler öňüne at geçirmeýän iň ýyndam bedewleri garçgaý-elguşy bilen ýaryşdyrypdyrlar. At bilen guşuň barmaly pellesindäki diňiň üstüne çykyp, guş eýesi eline çig eti alyp, albaý bulaýar. Guş oňa tarap uçýar. At ýerde, guş howada ýaryşýar. Türkmenler öz bedewlerine guşlar bilen baglanyşykly atlary has köp dakýarlar. Guşa meňzedilip, ýanalyp dakylýan atlaryň arasynda Laçyn, Garaguş, Gyrgyguş, Dorguş, Bürgüt, Tarlan, Algyrguş, Gyrgy, Humaý ýaly atlar has ýörgünlidir. Türkmen alymy S.Atanyýazowyň «Türkmen diliniň etnonimi» diýen ylmy işinde ýazyp beýan edişi ýaly, halkymyzyň arasynda ýyrtyjy guşlar bilen baglanyşykly tire, ýer-ýurt atlaryna köp duş gelmek bolýar. Olardan bürgüt, akguşly, tarlan, humaý guş, guşçy we beýlekilerdir. Käbir ownuk tirelerde mergen, mergençi, mürüşgär, awçy ýaly atlara hem duşmak bolýar. Gajar, baloban (bürgüdiň bir görnüşi) ýaly ýyrtyjy guşlaryň atlaryny göteren tireler taryhda uly yz galdyrypdyrlar. Hindistanda Deli türkmen soltanlygyny (1206-1526ý.) dolandyrmaga gatnaşan baloban atly şahsyýet bar. Türkmenler balobany «ütelgi» diýip hem atlandyrýarlar. Abylgazy (XVII) balobany «italgu» diýip atlandyrypdyr. Ata-babalarymyz geçmişde öz hyýaly okunyň töwereginde örän çalt hereket edýän Ýupiter saýýarasyny hem ýyrtyjy guşuň ady bilen baglanyşdyryp, ony Garaguş diýip, atlandyrypdyrlar. Ynha saňa inçelik! Ata-babalarymyz Ýupiteri bürgüdiň awda algyrlygy, güýç-kuwwatlylygy, çalasynlygy asmanda höküm ýöredýänligi bilen baglanyşdyryp, Garaguş diýip atlandyran bolsalar gerek. Näme- de bolsa «Iň uly sähet» diýilýän Ýupiter saýýarasy Gündogaryň müneçjimçilik sungatynda iň gowy görülýän ýyldyzdyr. Türkmen ruhunyň üçünji eýýamynda ynsan aňynda has düýpli orun alan keramatly guşlar hakyndaky düşünjäniň çeper şöhlelenmesine, bütinleý diýen ýaly unudylan oguz-türkmenleriniň medeni mirasyna bäşinji eýýamda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň zamanasynda täzeden jan girýär. Beýik Serdar türkmen döwletini gurup, bäş kelleli bürgütli tuguny döredip, öz milletiniň baý hem şöhratly geçmişini dikeldip, halkyň ruhuna ruh goşdy. Hawa, bu gün Beýik döwleti dörediji Ogluň howandarlygynda bitewi millet bolup ýaşamagyň hözürini görüp, bagt gämisinde ýüzüp ýörkäk bize ýene-de Taňry guşlarymyz altyn ruhda, altyn zamanada ýaşamagymyza tekge berýär. Üstümize kümüş ganatlaryny gerýär. Türkmen nesli pent tutalyň, bizi Taňry aýasynda gorasa, ho-ol türkmen asmanynyň mukaddes guşlary ganatlaryny gerip, pena berse, türkmeniň agzybirligini, Beýik Serdarymyzyň bina eden altyndan döwlet sütünlerini hiç kim ýyka bilmez! Sebäbi indi bize penakär – Abadançylygyň Türkmen soltany, ählimizi goraýan bäş kelleli oňonymyz – altyn heýkele öwrülen bürgüdimiz üstümize ganat gerip dur. Onuň galkynyp duran keşbinde geljegimizi, türkmen gudratynyň asyryny görýäris. Ata-babalarymyzyň yşga düşen ruhlaryny Taňrynyň deňesine göteren şol keramatly guşlarymyzyň hyýalynda türkmen ýurduny we onuň nesillerini goramak duýgusy bar. Belentliklere sary galkynyp duran Beýik Serdarymyzyň akyl-paýhasy bilen dörän bäş kelleli bürgüdimiziň haýbatynda ata-babalarymyzyň buýsanjy bar. Olaryň gyzgyn ýüreklerine oranan synmaz ruh bar. Goý, saňa milletimiziň buýsanjy, halkymyzyň ruhuny goraýan mukaddes guş bolup baky ýaşamak miýesser etsin, Bäş kelleli Altyn Bürgüt! Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |