08:58 Çymçyk we mäjik | |
ÇYMÇYK WE MÄJIK
Hekaýalar
Tamyň üçeginiň aşagyna serçeleriň çüňklerine çöp-çalam, ýelek-per we sapak bölejigini alyp höwürtge gurunýandygyny bilýärdim. Goňşymyzyň çypar pişigi indi birnäçe gündir serçeleriňhereketlerini birin-birin yzarlaýardy. Pursatyny tapsahöwürtgä aralaşmakdy. Ýöne ol adam gördigi bu ýerden gaçyp zym-zyýat bolýardy. Bir gezek çypar pişik töwekgel hereket edip höwürtgä golaýlady. Şonda çymçyk bilen mäjik howsalaly jürküldeşip aýgytlyherekete geçdiler. Şonda olara beýleki serçeler hem ýardama geldiler. Guşlaryň toparlaýyn hüjüminden goranjak bolan çypar pişik şonda deňagramlylygyny ýitirip,tüwdirilip başaşak gaýtdy. Soňky gezek bolan wakanyň ahyry tasdanam pajyga bilen tamamlanypdy. Höwürtgä golaýlan çypar pişigi görende ala köpek “wawflap” göýberdi. Şonda çypar pişik tisginip, şol ýerden kelemenläp ala köpegiň öňüne patlap düşdi we tasdanam ganymynyň girisine düşüpdi. Oltüýlerini hüjjerdip zordan başyny gutardy. Şol wakadan soňra çypar pişigi höwürtgäniň golaýynda gören bolmady. Ir säherde til siminde seteran oturyp jürküldeşýän serçeleriň sany öňküsinden has köpelipdi. Ene serçeler jüýjelerine uçmagy-gonmagy öwredýärdiler. Serçe çagalary tiz ulaldylar we olary hossarlaryndan tapawutlandyrmak kyn boldy. Güýz çigregi düşende serçe maşgalasy kowumdaş sürä goşulyp ýyly ýurtlara uçup gitdi. • DÜÝE WE ÝYLAN Ala ýylan düýäni ilkinji gezek görýärdi. Ol düýäniň boýnunyň egriligine haýran galypdyr: - Özümden özge egri jandar bardyr öýdemokdym. Seniň boýnyň meniňkiden has egri, üstesine biliň-de bükür eken--diýip, çölde otlap ýören düýä ýüzlenipdir. Ýylynyň sözlerine düýe birjikde pitiwa etmändir we tiz wagtdan ýandak gözleginde ýola düşüpdir Ala ýylan. şonda onuň yzyndan garap duruşyna: - Düýe ýörände boýny gönelip, egriligi ýitrim bolýar eken. Men ýöresem-de, ýatsam-da şol egriligim diýenmiş - diýip, kemsinenmiş. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |