23:19 Çynar / hekaýa | |
ÇYNAR
Hekaýalar
/Hekaýa/ Obanyň ortasynda, ene ýabyň raýşynda başy asmana ýetip duran çynar otyr. Ol aýbogdaşyny gurup oturan peşeneli goja kimin, diýseň haýbatly hem keremli.Bu çynara görenleriň gözi gidýär. --Jüýp, jüýp... Bu çynary Gary daýza ogullary fronta giden güni ekipdi, jüýp, jüýp - diýip, beýik çynaryň ýogyn şahasyndaky höwürtgede oturan ene guşjagaz, jüýjejiklerine, öz dilinde gürrüň berýärdi. Eteneje guşjagazlar öz dillerinde Gary daýza alkyş aýdýardylar... Çynaryň gür ýaprakly şahalary at gaýtarym meýdany tutup ýatyr.Yssy günler bu çynaryň eşretli kölegesinde telim obanyň ilaty saýalap biljek. Bu gün çynaryň kölegesini syryp, süpürip, suw sepip, oňa düşek ýazdylar.Bu ýerde iki ýaş juwanyň toýy toýlanýardy. Sähel salymdan bagşylar şirwan perdä çykyp aýdyma başladylar. Bagşynyň ýakymly sesi dutar-gyjagyň owazy bilen garyşyp, alyslara akyp girýärdi.Bu eşretli aýdymlary alyslardan hem diňläp, adamlar işlerini taşlap, toýa gaýdýardylar. Obanyň aksakaly Oraz aga gülälekli meýdan ýaly, ýaýylyp ýatan türkmen halysynyň üstünde oturan ýerinden toýa serenjam berýärdi.Onuň ýanynda Nagym aga otyrdy.Toýa Gulty aga-da geldi.Ol: --Oraz, toýlar gutly bolsun, ýaşlar gazygynda garrysyn!- diýip, töre geçdi. - Eger, maslahat bilseňiz, ertir şu çynaryň astynda ak goýun toýpumy belläýsem diýýän.Nähili görýäňiz!? Oraz aga-da, Nagym aga-da begendiler. --Oňa ýetjegem zat bolarmy!Oňarýaň, mübärek bolsun. - diýişdiler. Ertirem, birigünem, soňky günlerem aý, garaz, aýlap, günläp, il-gün bu çynaryň saýasynda toýlar tutup otrdy. --Gary görgüli, ogly Hudaýguly fronta ugran güni şu çynary ekipdi.Ogly, neresse, frontdan dolanmady. Indi Gary görgüliniň özem aýatda ýok.Emma çynar welin galdy.Indem, il-gün önuň hözirini görüp ýör.Adam ýalkanjak bolsa, her zatan ýalkanjak ekeni. Oraz aganyň bu sözüni onuň deň-duşlaram makulladylar. --Dogry aýdýaň, Oraz, yzyňda bidöwlet ogul-gyzyň galandan, şylar ýaly çynaryň galany kem däl ekeni. --Hawa, ine, görýäňmi,yzynda bolgusyz perzent galan bolsa, Gary görgüli il-günden ýa munça ýalkanardy, ýa ýalkanmazdy.Şuny unutmaň, adamlar, Garry görgüli, ýalňyz zenanam bolsa bizden akylly eken, Gidenlerimize derek herimiz bir çynar eken bolsak, obamyz tutuş çynar bolardi. Indsi welin demimiz gelip-gidip durkak, Gary görgüliniň göreldesini ýöredeliň. Oraz aganyň bu sözüni makullan köp boldy. 30-njy maý 2000. Öwezdurdy NEPESOW | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |