15:31 Daýhançylyk hem ýazyjylyk | |
DAÝHANÇYLYK HEM ÝAZYJYLYK
Edebi makalalar
Daýhançylyk adamzadyň ýaşamagynyň esasy şertleriniň biri. Ýene bir şert ruhy baýlyk. Ýazyjylar, sungat adamlary ruhy baýlygy döretmäge gatnaşýarlar. Iki şertiň arasyndaky baglanşyk gadymyetden gaýdýar. Şumerleriň, poeziýasynda daýhan gurallarynyň aýdyşygynyň beýan edilendigi hakda öň durup geçdik. Daýhançylygyň dürli taraplary bilen bagly dörän çeper rowaýatlary gadymy taryhçylar, filosoflar öz kitaplaryna girizipdirler. Mysal hökmünde Gerodotyň, Platonyň, Diogeniň ýazgylaryny getirse bolardy. Antik hem soňky döwurlerde ady adamzada belli ýazyjylaryň daýhançylyk tärlerini kemsiz bilendiklerini, toprak bilen iş salyşýan adamlara döwrebap, progressiw maslahatlar berendiklerini biz birnäçe mysalyň usti bilen subut edip biljek. Biziň eýýamymyzdan önki sekizinji asyrda ýaşap geçen grek şahyry Gesiod «Jepalar hem gunler» atly poemasynda plugy ýasamakda, topragy bejermekde daýhana maslalar berýär oba hojalyk işleriniň kalendaryny getirýär. Elbetde, şu günüň şahyrlaryna beýle problemalara setir sarp edip ýörmek zeruram däldir, sebäbi ylmyň gazananlary halka kitap, metbugat, okuw arkaly ýaýradylyp dur. Emma gadym mahalda bu serişdeleriň çäklidigi üçin meşhur ýazyjylar, taryhçylar, filosoflar birgiden zady üstlerine almaly bolupdyrlar. Metbugatyň ýokdugy, mekdepleriň juda azdygy üçin geçen asyrlarda edep-ekram, ahlak terbiesini köplenç turkmen şahyrlary alyp barypdyrlar ahyry. Biz wezipäniň menzeşligini aýdýarys. Oba hojalygyndan ýazan gadymy awtorlaryň köpüsi şu ugurdan alymyň derejesine göterlip bilipdirler. Gesiodan bäş-alty asyr soň ýaşap geçen grek ýazyjysy Teofrast botanika boýunça eser ýazyp, ösümlikleriň klassifikatsiýasyny düzýär, her ösümligi nähili ösdürmegi, nämä ýaratmagy ýazýar. Gadymy rim ýazyjysy Pliniý «Tebigy taryh» dien kitabyny ýazanda rim awtorlarynyn bir ýuz kyrk altysynyň keseki awtorlaryň bolsa üç ýüz ýigrimi edisiniň ekerançylyk, daýhançylyk barada ýazan eserlerinden peýdalanypdyr. Ýeri, Mark Portsiý Katona näme diersiň? Ol biziň eýýämimizden öňki üçünji-ikinji asyrlarda ýaşan görnükli rim serkerdesi, syýasy işgäri, ýazyjysy. Ol uly er eýelerine niýetläp giň traktat ýazýar, tebigy dökunleriň, dersiň peýdalydygyna uly orun berýär, şüdügär sürümi nähili geçirmelidigini jikme-jik görkezýär.. Ondan asyr ýarym soň ýaşap geçen Mark Terentsiý Warron hakynda bilmek hasam gyzykly. Döwrüniň iň bilimli adamlarynyň biri, işjeň döwlet işgäri. Ol segsen ýaşyndan soň ekerançylyk, toprak bilen örän içgin gyzyklanyp, «Oba hojalygy» atly üç tomdan ybarat eser ýazmaga etişýär. Bappon birinji bolup ekerançylygy ylym diýip yglan edýär. Ol ekin dolanyşygyna ünsi guýçlendirmegi teklip eden adam. Gadymy Rimiň beýik şahyry hökmünde taryha giren Bepgiliniň «Georgiki» poemasy tutuş oba hojalygyna bagyşlanandyr. Şahyr daýhanyň zähmetine söýgüsini hakyky gimne öwurýär. Ol tarp erleriň tebigatyny, topragyny öwrenmekden ötri, daýhana maslahatlar berýär. Bize-de peýdasy bolar dien niýet bilen onuň bir maslahatyny getirmekçi bolýan. Topragyň şoruny kesgitlemek isleseň, ony arassa suwda süzüp gör. Süzülen suw ajy tagam berse, topragyň şordugydyr. Orta asyr Galkynyş döwrüniň ägirt hudojnigi Leonarde da Winçiniň arhitektor, sazanda, wertolýotyň çyzgysyny çyzan oýlap tapyjy bolandygyndan başga-da, botanika ylmynda uly açyşlar edendigini aýtmalydyrys. Dünýä poeziýasynym beýik ussady Iogann Gýote «Faust» ýaly: ölmez-ýitmez eserleriň daşyndan, öz döwrüniň görnükli biologiýa alymy hökmünde hem tanalýar. Ýigriminji asyr hakynda gurruň açylmaly bolsa, öňi bilen beýik amerikan ýazyjysy, Nobel baýragynyň eýesi Folkneriň adyny tutmaly bolar. Ol alan bilimi boýunça agronom, fermerlik bilen meşgul bolan. 1943-nji ýylda onun «Ýer sürýäniň akylsyzlygy» atly kitaby çykýar. Folkner Amerikanyň şertlerinde çuň şüdügär sürümiň akylsyzlykdygyny Ogaýo ştatynda geçiren tejribeleri esasynda subut edýär. Emma wagtynda oňa gulak asmaýarlar, betbagtlyk mazaly özüni görkezenden soň Folknere hä diýýärler. Onuň mamladygyny altmyşynjy ýyllarda Gazagystanyň tarp erlerinde dörän ägirt kynçylyklar hem görkezipdi. Seredip otursak, önümçilik temasy çeper edebiýatda has irden bäri dowam edip gelýän ekeni, ýöne sowet edebiýatynda bu temanyň işlenişi bilen öňküleriň arasynda uly parh bar. Biz ony agalyk sürüji ideologiýanyň islegine görä işletdik. Meseläni önümçiligiň ýa-da daýhanyň bähbidine görä çözmedik, ideologiýanyň bähbidine görä çözdük. Ideologiýa genetikany pisledimi, çeper edebiýatam bu beýik ylmy pislemelidi. Genetikasyz oba hojalygynyň ösmejegine köpümiz onuň pislenýän mahaly hem düşünýärdik. SSSR-iň dürli howa şertli ägirt uly territoriýasynyň hemme ýerinde diňe çuň sürüm geçirmeli diýip, partiýa görkezme berdimi, edebiýat şol görkezmäniň durmuşa geçmegi ugrunda göreşýärdi. Ýogsa, gar köp ýagmaýan, şemally, gurak erlerde agyr sürüm juda zyýanlydy. Defolýasiýa meselesini aýtjakmy, ýa-da SJK usulyny diýjekmi! Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasyny», Mätäjiniň «Bugdaýyny» okamyzda kalbymyz kanagat tapýar. Olaryň obraz berişleri-de tebigy, sebäbi biz şahyrlaryň şäriksiz pikirlerini, arassa kalblaryny görýäris. Emma Kerim Gurbannepesowyň «Mekgejöwenini» eşidemizde ynamsyz ýylgyrýarys, ýogsa onuñ ýazylyşam ýokardakylardan pes däl-ä! Mekgejöwenem peýdaly ekin. Onda näme sebäbe ýylgyrýarys? Şahyryň kalbynda tebigylyga derek bu ýerde ideologiýanyň oýny bar. Altmyşynjy ýyllar Hruşýow ähli ýerde mekgejöweni başymyza täç etmeli diýipdi, şol görkezmä eýerip Kerim Gurbannepesowam mekgejöweni taryp edipdi. Wah, bi ideologiýa zerarly ekinleriň başyna-da oýun bary getirildi! Hernä, geçdigi bolsun-da! Tirkiş JUMAGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |