11:06 Degerli çäre / satiriki hekaýa | |
DEGERLI ÇÄRE
Satiriki hekaýalar
- Tankydy zat bolsa gözüñ açylýandyr, me, ynha şu haty redaktor saña ýollady - diýip, hatlar bölüminiñ müdiri elindäki bukjany öñüme oklap goýberdi. Körüñ eline büre düşen ýaly etdim-de, ony alyp seýfe saldym. Öñki ýazyp oturan zadymdan bir dynaýyn, onsoñ onuñam daşyna geçerin. Ýok, ýürek takat bermedi. Okap görmesem ynjalman. Belki, has möhümräk bir zat bardyr. Ana, gördüñmi? Ýüregim syzan eken. Alyp okanym gowy bolaýypdyr. Asyl ekologiýa degişli bolsa nätjek. Ekologiýa! Şu-şu wagtlar bu problemalaryñ naýbaşy ahwetin. Häzir onuñ töwereginde her kim ýaka tutuşyp gygyryşýar. Hawa, lap edip aýtdygym däl, bütin dünýä aýak üstünde. Dagy näme, geljekki nesliñ öñünde ýüzigara bolmajak bolsak, bu mesele bilen biz ymykly meşgullanmaly. Tebigatyñ rehimdarlygyna garaşyp durup bilmeris, "biz onuñ elinden gañryp alarys" diýib-ä, ýetjek derejämize ýetdik. Boş sözler bilen, baý, pañladyg-a. Haty elimde saklap oturşyma hopukdyryjy zatlar ýadyma düşdi. ...Häzir ýer ýüzünde bäş milliard adam ýaşaýar. Şonça gektar hem çöllük bar. Diýmek, her adam başyna bir gektar tozap ýatan ýer ýetýär. Bu san köpelmese azalanok. Çöllük öñe hüjüm edýär. ...Aslynda adamzat ýer planetasyna düşen gurt mysaly bir zatdyr. Ol ony iru-giç gemrip gutarar. ...Ekologiýa problemasy adamzadyñ bokurdagyndan ymykly bogdy. Onuñ garşysyna güýji birikdirip ymykly göreşmeli! Aý, garaz aýdylýan zat kän-de, edilýän iş ýok. Ine, ýene bir muşakgatly habar. Özem on bäş adam gol çekipdir. Sen bir adamdan habar ber! Çaltrak ugruna çykmasañ, olar alyp ýatarlar. Hata ýene-de bir gezek göz gezdirdim. "...Şäheriñ gündogarsynda kiçijik Çernobyl peýda boldy. Täze gurlan zawodyñ biziñ başymyza nähili oýun getirýändiginden siziñ habaryñyz barmy?! Ýokdur, sebäbi siz bu ýerde ýaşanyzok-da. Ýaşamalam etmesin. Öz duşmanyña-da arzuw eder ýaly däl. Gaty erbet porsy ys demikdirip alyp barýar. Haýsydyr bir ýakymsyz gazyñ bölünip çykyp, howany zäherleýändigini bilýäs. Bilenimizde näme, görüp bilýän çärämiz ýok. Ýel gündogardan dagy öwüsse oturar ýaly däl, huw-hak diýip, başyñy alyp gidibermeli. Ýöne nirä? Ine, bar gepem şonda. Guşlaram öz höwürtgesine dolanyp gelýärler ahwetin. Biz-ä, Hudaýa şükür, adam. Şu ýerden zawody göçürmelimi ýa-da bizi?! Ony, goý, hökümediñ özi çözsün. Näme, ony guranlarynda biz bilen geñeşdilermi..." Bäý-bä-ä, on sahypadan ybarat bu hatyñ içinden şeýle bir zeýrençler eşidilýär welin, halalyñ bolsun, "gulak eşidenini göz görmesin" diýleni. Ýazylanyna ynansañ-a, olaryñ ýüz tutmadyk ýeri galmandyr. Şäheriñ ähli ketdeleriniñ gapysyny kakypdyrlar. Gör-ä muny! Men öñki ýazyp oturan zatlarymy bir gapdala süýşürdim-de, geçdim ýañky hatyñ daşyna. Dogrusy, käbir ýerlerini kak-sok etdim diýäýmesem, ullakan azap edip üýtgeden zadym ýok. Wiý, gaýtalanýan ýerlerini hem gysgaldyşdyrdym how. Gazet sahypasynyñam ýeri çäkli. Hawa, iki gün geçip geçmänkä çykdy makala, ýalpyldap. Elbetde, haty ýazan adamlaryñ öz gollary bilen. Böwrümde başga bir ünji peýda boldy. Birden hatyñ aşagyna goluny goýan adamlar "biz beýle zat ýazamyzok" diýäýseler näme ederin?! Golsuz arzalara seretmeli däl edilenden soñ şeýle pyrryldaklara ýüz urýanlar hem ýok däl. Çykmanka gidip, barlap geläýen bolsam gowy bolardy. Onda bu wagtlar beýdip bükgüldäp oturmazdym. Ah, adam bir çig süýt emen-dä. Bir iş edip mydama yzyndan düşjek galam hakynyñ üç manadyny hudaý ýoluna aýtdym. Redaktoryñ kabulhanasyndaky gyz gelip: - Bekgi Berdiýewiç, Sizi başlyk çagyrýar - diýip, aýdandan, imanym depämden göçdi. Şagga der basdy. O-ho-how, indi eşidersiñ gykylygy. Wah, hudaý ýoluna bäş manat dagy aýdan bolsam beýle-de bolmazdy. Her hili içgepletmelere gümra bolup, bardym başlygyñ huzuryna. - Ýaşuly, salawmaleýkim. Neme,.. ol... - diýip, men çöp-çalama urup başladym. Her hal, başlygyñ keýpi kök eken. Ol maña bir käse çaý hödürledi. Içilen suwlardan ýaña öýkenim ýüzüp ýörenem bolsa, syr bildirmedim. Işdämenlik bilen içdim. - Bekgi Berdiýewiç, gutlaýan! - diýip, ol elimi gysdy. - Ekologiýa baradaky taýýarlan materialyñ uly seslenme döretdi. Öñi bilen-ä awtorlañ biri jañ edip, uly minnetdarlyk bildirdi... Onuñ soñky aýdan zatlary gulagymyñ ýele ýanyndan hem geçmedi. Begenjimiñ çeni-çaky ýokdy. Kellämiñ gyzgynyna başlygyñ öñündäki duran çaýly käsäni hem başyma çekäýipdirin. - Sähet Sapaýewiç, redaksiýanyñ her bir işgäriniñ üstünligi Siziñ üstünligiñiz. Çünki biz hut siziñ ýolbaşçylygyñyzda işleýäris, ahwetin. Siziñ özüñizi hem uly üstünlik bilen gutlaýan - diýip, men turmakçy boldum. Ol hoşlaşyp durşuna ýene-de sargyt etdi. - Makalanyñ çykany bilen çäklenmeli däl. Onuñ yzyna düşmeli, özem atly-ýaragly. Adamlaryñ ýakasyndan ebşitläp tutaga-da, talap etmeseñ, indi olar tankyt bilen halys öwrenişipdirler. Edil huwwalanýan ýaly görýärler... Başlykdan beýle görkezme alnansoñ dek oturyp bolýamy. Kabinetime geldim-de, hut ministriñ öz adyna hat ýazdym. Bu makalanyñ redaksiýada aýratyn gözegçilikde saklanýandygyny aýtdym. Jogap hernä köp garaşdyrmady. Ministrligiñ degişli uprawleniýesiniñ naçalniginiñ goly bilen gelen hat gysga-da bolsa, anyk eken. "Makala ýerindw barlandy. Onda görkezilen faktlar dogry tapyldy. Haty ýazan on bäş hojalygyñ (jemi 43 adam) jyñky çykmaz ýaly edildi, ýagny olaryñ hemmesine protiwogaz geýdirildi, özem zawodyñ hasabyna". - Bäý-bä-ä, dogrudan hem, haty ýazañda göni ministriñ öz adyna ýazsañ, derrew degerli çäre görüljek eken - diýip, men redaktoryñ ýanyna ýumlugaýdym. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |