19:41 Deñiz joşgunyny kalbyna siñdiren | |
DEÑIZ JOŞGUNYNY KALBYNA SIÑDIREN
Aýdym-saz sungaty
Esenguly etrabynyň belli balykçysy Annaguly Kazynyň ýanýoldaşy Jemal gelneje obasyny başgalanda, Annagüljük ýaňy üç ýaşapdy. Käbesinden juda ir jyda düşen gyzjagazyna Annaguly aga hem kakady, hem ejedi. ...Ökde gyjakçy Annaguly Kazynyň öýüne ýygnanýan mähelle onuň çalýan sazlarynyň muşdagydy. Gyjagyň şirin owazyna meýmireýän gyzjagaz kakasynyň dyzyna kellesini goýup uklaýardy. Annaguly aga göwünhoşunyň döwür bilen aýakdaş gopmagyna nägilelik bildirmedi. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynyň gowgaly günlerinde göze ýaňy görnüp ugran gyzyny Diýarymyzyň iň çet künjeginden paýtagta üç ýyllyk okuwa ýollamaga her öňýeten kişi aýgyt edip bilenokdy. Annagül Aşgabadyň Aýallar mugallymçylyk mekdebinde okap başlaýar. Ol aýdym-saz sapaklarynda bile okaýanlaryndan görnetin tapawutlanýar. Ýekelikde, horda yzygiderli çykyş edip, şäheriň iň ökde aýdymçysy adyny alýar. ...Ýurdumyzda 1941-nji ýylda opera we balet teatryny açmagyň ugruna çykylýar. Ägirt medeniýet ojagynyň düýbüni tutmaga ýardam bermäge Moskwanyň sazly teatryndan hünärmenler çagyrylýar. Kompozitor A.Şapoşnikow «Zöhre-Tahyr» dessanyna saz ýazýar. Tahyryň operadaky keşbini döretmek üçin Marydan aýdymçy Ýolaman Hummaýew çagyrylýar. Emma Zöhräniň ýokary sesi üçin niýetlenen ariýalary ýerine ýetirip biljek gyz tapylmaýar. Operany sahnalaşdyrmaly Tysian Şarazadzä Aşgabadyň Aýallar mugallymçylyk mekdebinde sesi ýakymly gyzyň okandygy eşitdirilýär. Ady, familiýasy aýdylýar, häzir nirede işleýändigi salgy berilýär. Režissýor Annagülüň täze açyljak teatra getirilmegini gazanýar. Aýdymçy gyz muňa ör-gökden gelýär. Sebäbi ol beýle teatryň adyny-soruny hem eşitmändi. Aýdyşlaryna görä, keşp döredip, täze teatryň sahnasynda çykyş etmek üçin diňe ýakymly ses ýeterlik däldi: notadan, sazdan başyň çykmalydy. Sesiň arkaly döredýän keşbiňi talapkär tomaşaçylara ýetirmelidi. Sen hem sesiňe erk etmeli, hem dirižýory gözden salmaly däl, hem bilelikde çykyş edýänleriň bilen bir perdeden gopmaly... Moskwaly hünärmenler Annagüle irginsiz öwredýärler. Täze käre höwesek gyzy umyt atyna atarýarlar. Annagül beýlekilerden has çylşyrymly sungatyň bu görnüşiniň tärlerini ele almaga örän erjel ýapyşýar. Aýdym mugallymy onuň sesiniň barha durlanyp, öwrenmegi, özleşdirmegi kyn aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirmegini gazanýar. Uly simfoniýa orkestriniň sazlaşykly owazynyň, köp sesli hor toparynyň aýdymynyň içinden parran geçýän ýakymly ses mese-mälim saýlanýardy. 1941-nji ýylyň noýabr aýynyň 6-synda Türkmen döwlet opera we balet teatry «Zöhre-Tahyr» operasy bilen dabaraly açylanda, Annagül Annagulyýewanyň döreden Zöhresiniň keşbi tomaşaçylaryň kalplaryna mäkäm ornaşýar. On ýedi ýaşly, çynar syratly, görmegeý näzenin, hakykatdanam, dessandan çykana meňzeýärdi. Sahnadaky Zöhräniň ýakymly labzy diňleýjilerini rişdesiz baglap, özüne bendiwan edýärdi. «Soltan Sanjarda» Bibiniň, «Ýusup we Ahmetde» Ejegyzyň, «Gül-Bilbilde» Gülüň, «Abadanda» Abadanyň, «Şasenem-Garypda» Şasenemiň, «Ýewgeniý Oneginde» Tatýananyň, «Leýli-Mejnunda» Leýliniň, «Çio-Çiosanda» Hanym Batterflýaýyň, «Kemine we kazyda» Ogulbegiň hem-de Karmen, Jemal, Nataşa, Frosýa, Maýsara kibi keşpleriň ençemesi onuň döredijilik menzillerini şöhlelendirdi. Tomaşaçylar teatra jaň edýärdi: «Şu günki spektaklda Zöhre ýa Şasenem bolup kim oýnaýar?». «Annagül Annagulyýewa çykyş edýär» diýen jogap berilse, şol gün teatrdan orun tapmak kyn bolardy. 1955-nji ýylda Moskwada geçirilen Türkmenistanyň medeniýet günlerinde «Şasenem-Garyp» operasy görkezilende, meşhur saz döredijiler, öwrenijiler, režissýorlar Şasenemiň keşbiniň ussatlyk bilen ýerine ýetirilendigini aýratyn nygtaýarlar. Bu barada Moris Kowal: «Şasenemiň çylşyrymly keşbini ýerine ýetirýän Annagül Annagulyýewa drama öwüşginli sesiniň täsiri, hyjuwy arkaly keşbiň üstüni ýetirýär. Onuň millilige eýlenen sesiniň ýakymlylygy, labyzlylygy, saza ukyby diňleýjileri haýranlar galdyryp, ýüpsüz daňýar» diýip ýazypdyr. Meşhur kompozitor Wano Muradeli: «Şasenemiň keşbini döredip, tomaşaçylaryň göwünleriniň güzerine ýol açan Annagül Annagulyýewa spektaklyň ýüregidir» diýip belläpdir. Iň ilkinji operada Zöhräniň keşbini ýerine ýetiren ýaş aýdymçy Annagülüň «Ene jan» ariýasy sungatda gaýtalanmajak ussatlyk hökmünde ykrar edilýär. Sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, professor Guwanç Kerimi türkmen operasy baradaky kitabynda: «Annagülüň Ýewropa wokal medeniýetini aýdym aýtmagyň milli ýörelgesi arkaly örän jaýdar baglanyşdyrýandygy aýratyn nygtalmaly. Ýewropa opera mekdebini özleşdirip, ol sesine täsin özboluşlylygy çaýýan ýerine ýetirmegiň milli usullaryny, tärlerini hiç haçan ýitirmedi» diýip, ýörite belläp geçýär. Ussadyň halypaçylyk eden döwründe onuň täsirli sapaklaryny kalbyna keşdeläp, kemala gelen opera artistleriniň biri Liliýa Zarudina begenjini şeýle beýan edýär: «Halypam kompozitor Weli Muhadowyň «Keýmir köründe» şa zenanyň keşbinde bary-ýogy ikije minut sahna çykýar. Ýöne şojagaz sähel salym şeýle bir belent hyjuw bilen ýerine ýetirilýär weli, ol labyzly owaz hakydaňa ömürlik dolýar. Şol heň, hyruç, jadylaýjy ses, ýürekleri elendirýän ýakymly pursatlar gulagymda henizem ýaňlanyp dur». Meşhur aýdymçynyň döredijilik ýaýlasy ýaýlymlydy. Egsilmeýän joşgunlylygy kenarynda kemala gelen goja Hazara kybapdaşdy. Aýdym-sazly kinofilm «Jadyly dürde» Zöhräniň, «Aýratyn tabşyrykda» Annajemalyň, «Daşgaladaky wakada» enäniň, «Şasenem-Garypda» şa zenanynyň, «Derýanyň aňyrsy serhetde» Heseliň keşpleri kinosöýüjileriň gursaklarynda galyplandy. Merdana halkymyzyň ynsanperwer, asylly duýgularyny ýadawsyz wasp eden Annagül Hindistan, Eýran, Kanada, Türkiýe, Wengriýa, Owganystan ýaly ýurtlaryň ençemesine bolan döredijilik saparlarynda ýerli ilatyň dillerinde azyndan, hökman bir aýdym aýdyp berýärdi. Soprano labzy bilen Şasenemiň ýa-da Leýliniň keşplerinde aýdymlary ýerine ýetirende, diňleýjilerini doňup diňlemäge mejbur eden ýönekeý balykçynyň gyzyna 1943-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1952-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen atlar berilýär. Annagül Alty Garlyýew bilen durmuş gurýar. Bular goşa döwletbaşa — Myrat bilen Nura guwanýarlar. Zürýatlarynyň ikisi-de kino sungatyna köňül berýär. Myradyň perzentleri Serdar, Alty, Baýram, Leýli, Nurynyň çagalary Atajan, Batyr dagy sungaty sarpalap, her haýsy göwünsöýen hünärlerinden ýokary bilim alýar. Öz kärlerine ýürekden ýapyşyp, il-gününe hyzmat etmegiň asylly nusgalaryny görkezýär. Ömür saly segseni mazaly serpikdirende hem meşhur artistiň hyzmatyna örän gaýym kiçi gelni Lýubow Garlyýewa gaýynenesini dilinden düşürenok: — Durky-düýrmegi, lükgeligi bilen mähir-muhabbetdi. Üýtgeşik datly tagamlary taýýarlamagyň ussadydy... Sähelçe hyzmatyňa örän hoşaldy. «Sagbol, Taňryýalkasyn!» sözleri diliniň senasydy. Eli diýseň açykdy. Myhmanyň sowgat-salamdan ýüküni ýetirýärdi. «Hany, gelin, ojagaz tüwiňem äkel!» diýýän sesi gulagymdan asla gidenok. «Ynha, aýagym bir gutulsyn bakaly, oba gidip, öten-geçenlerimiziň ruhlaryna degsin edip hatyralaryn. Deňiz şemalynyň üp-üýtgeşik owazyndan gulaklarymy gandyryp, müň bir derman howasyndan demime dartsam...» diýerdi pahyr. Görnükli kompozitorlar Daňatar Öwezow, Nury Halmämmedow dagy Annagül Annagulyýewa üçin birnäçe şygyrlara saz ýazýarlar. Deňziň jana şypaly şemalyndan, gözelligi jadylaýan tebigatdan owaz duýup bilýän ussadyň ýerine ýetirmeginde «Näme sen?», «Öz Watanymyň aşygy», «Gyzlar», «Säher aýdymy», «Söýgülim gelýär» deýin aýdymlar ýaňlananda, häli bu günem diňleýjileri haýran galdyrýar. Diýmek, Annagül aramyzda aýdym bolup ýaşaýar... Baýrammämmet TÄÇMÄMMEDOW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |