12:37 Deputatlara öwretmeli / satiriki hekaýa | |
DEPUTATLARA ÖWRETMELI
Satiriki hekaýalar
Näme üçin, bütin ýurt bazar ykdysadyýetine geçýärkä, biz öz öýümizde şeýtmeli dälmişik?! Biziñ öýümizem özbaşyna bir kiçijek döwlet ahyryn. Gök çaýyñ başynda keýwany bilen urduk maslahaty. Deputatlaryñky ýaly çekeleşip oturman, derrewjek düzdük öz programmamyzy. Dogry, ol akademikleriñki ýaly gaty çylşyrymly däl, gaty ýönekeý. Sebäbi olaryñky ýaly ylmymyz ýok, biz bir daýhan adam. Şonda-da ses berlende çagalañ iki-ýeke hyk-çok edeni boldy. Olara-da ýagdady düşündirdik. Wessalam! Şeýdibem, dek şol günüñ ertesi ýañky gürrüñi köp edilýän bazar ykdysadyýeti başlandy. Biz-ä täze ýyldan zatdan diýip garaşybam durmadyk. Hawa, her gün irden işe gitmänkäm sakgal syrmak häsiýetim öñdenem bar. Hemişeler gyzgynjyk suw taýýar bolmasa heñkiribermelidi. Indi näme, düzgün başga, öz najatyñy özüñ garamaly. - Sakgalymy gury syraýsammykam? - diýip, ýaýdanjyradym. Aşhanada öz işi bilen gümra bolup ýören keýwanym duran ýerinden gygyrdy. - Ezizim, gaýnan suw gerekmi ýa-da aralyk?! O-ho! Geñ galdym. Aýalymyñ hemişeki gyñyrlygy ýok. Şeýle bir mylaýym, eräp-akyp barýar. Wah, beýle ýumşajagyny bilen bolsam, öýlenen günümiñ ertesi geçerdim, bazar ykdysadyýetine. - Aralyk suwdan bolsa bolýa - diýip, men törpi ýaly eñegimi sypaşdyrdym. Aýalym bijaý çuslanypdyr. Hut şo wagtyñ özünde bir käse suwy getirdi-de: - Me, bahasyny berseñ, bolany şo - diýip, öñümde goýdy... Baý-bo-ow, her käse suw üçin töleg töläp otursañ, juldan çykarsyñ. Oýlandym. Has arzanrak tapdyrmazmy?! Meniñ ikirjiñlenmäme gyzym şobada düşündi öýdýän. - Kaka, arzanrak aljakmy? - diýip, ol içi suwly kürşgesini maña tarap somaltdy. Ine, muña hakyky bäsleşik diýilýär. Haýsysy özüme amatly bolsa men şony hem alýan. Başa-baş söweşde keýwanym üstün çykdy. "Başyñ ýassyga ýetende, ogul-gyzyñ ýatça bolmaz" diýleni çyn eken. Ýassykdaşym bir käse suwy bir köpüge berdi oturyberdi. Eñegimi taýpy ýaly edip içki otaga girsem, uly oglum henizem hor çekip ýatyr. - Köşek, tur-how, işiñden gijä galarsyñ - diýip, men ony yraladym. Gerinjiräp ýerinden galdy. - Ukudan oýaranym üçin sen maña tölemeli bolarsyñ - diýip, men öz nyrhymy aýtdym. Çagalary çuslandyrjak bolsañ, jübülerine giribermeli eken. Soñabaka dagy, dañ saz berenden galýalar zöwelşip. Hezil bolaýdy. Her kim öz eşigini özi ütükleýär. Men-ä ilik çatmanam öwrendim-how. Öýdäkiler biri-birine hyzmat etjek bolşup, ber-başagaý. Dagy näme, her kim bäş şaýy gazanjak. Biziñ programmamyza durmuşyñ özi düzediş girizip başlady. Öýüñ içinem bölüşdik. Öñler akan-dökänlikdi, indi gül pürkülen ýaly. Goýan zadyñam gözläp ýörmeli däl. Adam ellänok. Hemişeler dagy jorabyñam tapyp bolmazdy, geýer gidibirdiler, jübüñi ýukaltmajak bolsañ, ýorgan-düşegiñem galdyrmaly. - Kaka, men-ä aýlyklyrak ýere geçmesem boljak däl. Ýogsam, gazananyñ bezeneniñe ýetenok - diýip, ortanjy oglum elini owkalaşdyrdy. Düşnükli. Oña karz pul gerekdir. Agyryña çydasañ müñ ýaşa. Göterimne berdim. Hemişeler pul alsa yzyna gaýtarmalydyr öýdenokdy. Hany, indem bir bermän görsün. Bir gün işden gelsem, aýalym öñümde ýüzüni kürşerdip süllerlip otyr. - Heý, arak düşnügi bamy, sende? - diýip, ol öýe gireninden sorady. Be, bi nä boluş, hemişe munuñ beýle oýny ýokdy-la. Aragy näme näme etjekkä? Öwrülip agzyna almaz ýaly edeýin-le. - Bar. Ýüz gramy bäş manatdan. Gerekmi? Getir stakanyñy. Aýalymyñ ýüzi hasam çytyldy. Onuñ sesem sandyrap çykdy. - Bazar ykdysadyýeti diýleni bilen gözüñi ýumup agzyñy açyp oturmaly däl. Ynsap diýlenem bir zat bardyr. Onsoñam maña dermanlyk üçin gerek. Ýaramajak bolýan, işdenem irräk geldim. Däri-dermany gymmatlatmak haýasyzlykdyr... Häliden şeýdip düşündirip aýdaýma-la. El-aýagyna özüm çalyp berdim aragy. Özem mugtuna. Hyzmatym üçinem kör-köpük almadym. Arkalaşygam gerek how. Özümiñem häli-şindi ýumşup düşüp dur. Wah, bazar ykdysadyýetine bir wagt geçmeli eken. Hökümetimiz bäş ýüz günde ýagdaý kadalaşar diýýär welin, biziñ öýmüzde onuñ netijesi bäş günden soñ bildirip başlady. Özüñki diýlen ýaly zat ýok. Adamyñ nebsem otugýan eken. Mellek ýerimizi paýlaşanymyzdaky turan gohy diñlän adam ýaka tutup, toba eden bolsa gerek. Öñ mellegiñ içine ýalbarybam eltip bolmaýan uly oglumyñ gykylygy al-asmana galdy. - Ýok, bagyşla welin, kakamam bolsañ, men beýle zada ýol berip bilmen. Munuñ özi baryp ýatan adalatsyzlyk bolýa. Näme üçin, özüñe bäş santy ýeri artyk alýañ? Señ ekýän pomidoryñy meñem ekesim gelýä. Maña-da pul gerek, gazanç gerek... Bir santimetr ýer üçin ýaka tutuşyp, ikini iki kesişjekler. Her kime ýetenjesinden deñje bölüşdirip, bije atdyk. Ýer janawar ömründe görmedigini gördi. Çynyñy etseñ bir ýylda näçe hasylam alyp boljak eken. Dogrusyny dogry aýtmaly, az salymyñ içinde öýmüziñ ezeneginden çekilen ýaly bolaýdy. Agzybirligem bar, bol-telkiligem. Umuman, işleşiñe görä ýaşaýan ekeniñ. Her kime geregem şo-da. - Geliñ, indi bir zat edeliñ - diýip, çagalaryñ enesi bir gün çaý başynda maşgala ýygnagynyñ gün tertibini yglan etdi. - Garşy bolmasañyz birleşeliñ. Her kim öz pikirini beýan etsin. - Ejeñiz dogry aýdýa, birleşeliñ. Ýöne... Sag ýüzümde oturan ortanjy oglum aýtjak sözümi agzymdan kakyp aldy. - Ýöne her kim öñküsi ýaly çynyny edip işlemelidir... Öz gezeginde uly oglumam teklibino orta atdy. Oña hemmämiziñ pisindimiz oturdy. - Aýdylan teklipleri oñlaýan. Indem geliñ, deputatlara telegramma ibereliñ. Bazar ykdysadyýetine çaltrak geçmeli diýip. Onda gorkuly zat ýok eken. Gürrüñi azrak edip, köpräk işläbermeli. Bolany şo. Nyrhyndan gaçmasalar, iki günüñ içinde barybam öwredip biljek... Dogry-da walla, deputatlar mydama ile öwredip ýörmän, gerek ýerinde ildenem öwrenme-lä olar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||