20:26 Din üstünden syýasatyñ kökleri | |
DIN ÜSTÜNDEN SYÝASATYÑ KÖKLERI
Taryhy makalalar
Şu gün ýazmaly temamy indiki hepdä goýanym üçin ötünç soraýaryn. Sebäp, gelen elektron hatlara göz aýlap, birküç meselä degip geçmeli bolýaryn. "Nämüçin arap syýasy taryhy boýunça ýazýarsyñyz, ol dawalaryñ bize nä geregi bar, bizi gyzyklandyranok" diýen ýaly nägilelikler gelýär. Haýyş edýän, ilki şu hakykaty göreliñ: Hawa, biz türk halky, özümize mahsus medeniýetimiz bar. Emma bu medeniýetiñ bir şahasy-da yslam, şoñ üçinem musulmançylygyñ şekillendiren medeniýetiniñ içinde ýaşaýarys. Gürrüñi edilýän döwürde emele gelen ähli fraksiýalar musulman ýurtlaryñ musulmançylyk düşünjesini kesgitleýşi ýaly, biziñem medeni köpdürliligimize şert döredipdir. Irki döwür musulmanlaryñ özara dawalary syýasy taryh bolmakdan çykypdyr, ygtykatlaşdyrlyp ýa-da ygtykadyñ kesgitleýjisine öwrülipdir. Şu ýerde bir zady aýratyn belläp geçmek gerek: göreş Hudaýa ynanýanlar bilen ynanmaýanlaryñ arasynda däl-de, hernäçe diniñ dürli-dürli düşündirişleriniñ netijeleri ýaly bolup görünse-de, ahyrsoñunda agalyk ediji güýçler bilen ezilenleriñ, haky iýlenleriñ arasyndaky dawanyñ gürrüñi gidýär. Ygtykady-amaly mezhepler bu syýasy taryhyñ önümidir ýa-da dowamydyr. Galyberse-de, syýasy yslamyñ taryhy köklerini bilmezden din-syýasat boýunça berilen her bir düşündiriş suw gysymlan ýalydyr. Yslam mezhepleri boýunça hünärmen professor Sönmez Kutlynyñ aýdan şu sözleri diýseñ möhümdir: "Sünni syýasy düşünjesi Kuran aýatlaryndan ugur alyp däl-de, pygamberden soñ bolup geçen taryhy-syýasy tejribelerden ugur alyp düzülipdir. Halyflaryñ artykmaçlyk gezegi, döwlet ýolbaşçysy boljak kişiden talap edilýän ukyp-başarnyklar, jogapkärçilikleri we häkimiýete geliş taktikalary, ideal we altyn eýýam hökmünde kabul edilen ilkinji dört halyf döwrüniñ durmuşa geçirilen işlerinden ugur alyp, kesgitlenipdir. Ýagny, bolup öñ geçen zatlar ýene bolaýmaly zat ýaly ideallaşdyrylypdyr. Taryhyñ belli bir müddeti dini taýdan many çaýlyp, faktiki ýagdaý bolmakdan çykarlypdyr we gymmatlyk terezisine öwrülipdir. Şonuñ üçinem sünni syýasat düşünjesi yslam jemgyýetleriniñ ähli döwürlerinde ýörgünli bolup biljek teoriýa bolman, has beter musulmanlaryñ geçmişde başdan geçiren we köpçülik tarapyndan tassyklanan syýasy tejribäniñ alamatydyr. Has soñra by pikirler syýasy ulgamdan ynanç ulgamyna aralaşyp, dini ýa-da kelamy (teologik) taýdan kanunylaşdyrylmaga jan edilipdir". Sönmez Kutlu makalasynda ("Ehli-Sünnet syýasy düşünjesiniñ dini esaslarynyñ derñelmegi"): "Ehli-Sünnetiñ syýasy düşünjesiniñ emele gelmeginde adalatyñ berjaý edilşinden we zulmuñ aradan aýrylmagyndan zyýat, gara güýç häkimiýetde we howpsuzlyk merkezinde rol oýnapdyr. Şol sebäpli zalym-da bolsa, pasyk-da bolsa, häkimiýet başynda oturanlara ytagat etmek ündelipdir, gozgalañ turuzmak gadagan edilipdir" diýýär hem-de şu jan alyjy kesgitlemäni berýär: "Bu ýagdaý taryhyñ dürli döwürlerinde has adyl syýasy we sosial düzgün talaplarynyñ, adalatyñ tarapyny tutup öñe çykmaga döwtalap hereketleriñ ýoluna böwet basypdyr". • SERETMESEÑ GÖRÜBILMERSIÑ Görlüşi ýaly, bolup geçenleri sosiologik we taryhy nukdaýnazardan derñemesek, biziñ häzirki günlerimize-de geçen din-syýasat meselelerini we diniñ adyndan orta atylan pikirleri çözmekde kynçylyk çekeris. Demokratiýa, dünýewilik, deñlik, azatlyk, watandaşlyk, adam hukuklary ýaly häli-häzirlerem özleşdirip bilmedik syýasy musulman añyýetiñ sözde diniñ adyndan orta atan argumentleriniñ çeşmesi-de şol döwürde bolup geçen haý-haýly wakalardan gözbaş alyp gaýdýar. Günbatar medeniýetini añlamak üçin Antik Gresiýa we hristianlyga dolanmak hökmany şert bolşy ýaly, türk medeniýetini çözmek üçinem taryhy kökleri yzarlamak hökmany şertdir. Ýeri gelende aýdaýyn: Türk düşünje taryhynyñ üç uly öwrülişik sepgidi bar. Birinjisi, atly çarwa ýa-da göçüp-gonup ýören sähraýy türk medeniýetine Uzak Gündogaryñ ýetiren täsiri (b.e.öñki 6000-nji ýyllar). Ikinjisi, türkleriñ yslam bilen tanyşmagy we eriş-argaç bolmagy (IX-X asyrlar). Üçünjisi-de (XVIII asyr) Günbatar bilen garşylaşmagydyr. Şonuñ üçinem türk medeniýetine dogry analiz bermek üçin Uzak Gündogar, Ýakyn Gündogar, Günbatar medeniýetleriniñ köklerini gowy bilmek gerek. Emma Ýakyn Gündogar we yslam medeniýetiniñ tapawutlandyryjy tarapy biziñ ynanç sistemamyzy hem-de medeniýetimizi kesgitlänligindedir. Uzyn gepiñ gysgasy, görmek üçin seretmeli bolýar. Medeniýetiñ mitleri bir jemgyýetiñ arhetipleridir. Jemgyýetler bu arhetipleri dowamly orta atyp, özlerini gözden geçirýärler. Günbatarly biri Renessansy we Gadymy Gresiýanyñ arasyndaky baglanşygy şular ýaly okaýar. Katolik protestant hereketi Injile dolanyp barma hereketidir, edil bizdäki tejdit we ihýa (täzelenme hereketleri) köklere dolanyp barmaga bolan girişmelerdir. Medeniýetler özlerini derñäp durmasa, düşünje petiklener. Ýa-ha taryh, taryhy şahslar, wakalar mukaddesleşdiriler, ýa-da sapak alynmandygy üçin taryh gaýtalanar durar. Serediñ, XXI asyrda ýaşap ýörüs, emma häzirem jemöýleriniñ (alawy dini ojaklary) ýakylmagynyñ gürrüñini edýäris. Şeýle näsag, göýdük añlary kimler, nädip, nämüçun döredibildi? Alawy-sünni bölünşiginiñ düýbünde haýsy parametrler ýatyr? Medeniýetiñ genetiki kodlaryna aralaşmazdan owal bulary analizlemek mümkin däl. Türk intelligensiýasynyñ şu günüñ problemalaryna çözgüt tapyp bilmezliginiñ añyrsynda köp sanly sebäp tapsa bolar, emma taryhyndan we yslamdan öñki dört müñ ýyllyk taryhy köklerinden üzñeleşdirilmegi iñ wawwaly problemadyr. Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 08.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |