01:07 "Diñe men däl, köpümizem..." | |
"DIŇE MEN DÄL, KÖPÜMIZEM..."
Diñe men däl, köpümizem, Bulutlara aglaýandyr öýderdik. Aglaýannyñ sebäbini gözlemän, Ýagýan ýagşa gözýaşlary diýerdik. Eger ýagyş olañ gözýaşy bolsa, Nä sebäpden aglaýarka bulutlar. Eger-de göwnüne degen bar bolsa, Aglap için dökse, belki gutular. Gün lowlap-lowurdap duran mahaly, Bulut gelýär ýuwaş, dähedem-dessem. Hüjüm edip, gaplap Günüñ daşyny, Bir zadyñ ugrunda, ýa etsem-petsem. Şeýdibem örtdüler Günüñ ýüzüni, Indi ol ýagtysyn saçanok bize. Bulutdan ýokarda näme bolýany, Ne-hä size mälim, ne-de bir bize. Bulut ýakyn baryp Günüñ ýanyna, Çydamansoñ ýiti, elhenç ýalnyna, Üst-başyny hem zemini, Myžžyk edip derlän eken, Bulutlar aglanok eken. Bibi GULNAZAROWA. | |
|
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||