DIRILIK
Ol goja tuda ýaplandy-da, içi-içine sygman sojady. Galpyldady. Dyňzap gelen agysyny daşyna çykarmakdan ätiýaç edip ejir çekdi.
Gelniň ýüreginde ençeme ýyllap gubar baglap giden yzaly gussa kemeler ýerde kemelmedi. Ahyry özüni dürsedi. Duran ýerinden welin butnamady. Onuň kalbyny elendiren täsin mukam ýoluň gyrasyndaky jaýjagazdan heniz hem eşidilýärdi. Maral bolsa ýedi ýoluň üstünde durandygynam, bütin dünýänem unudyp, saz bilen ugurdaş ýuwaşja yranýardy.
Dutar saýraýardy. Maralyň hyýaly indi başga ýerdedi. Bir gerçek gözüniň öňünde başyny aşak salyp, saz çalyp otyrdy. Perdeleri yzarlaýan barmaklar dutaryň tarlaryna degende, goşa kirişden çykýan owaz ýaz şemalynyň ugry bilen uzaklara ýaýylyp gidýärdi. Ol gürsüldäp urýan ýigit ýüreginiň sesini alyslara alyp gidip, adamlara eşitdirmäge howlugýan ýalydy. Ene topragy gaplap alan gara bulut bolsa aşak ineýin-ineýin diýýärdi. Köpi gören gojalaram, çal saç mährem enelerem beýle buludy heniz görmändiler. Dutar saýraýardy. Gerçek dünýäni unudypdy. Ol topragy elendirjek, maýsalary süllertjek gara buludy mukam bilen köşeşdirjege meňzeýärdi.
Sazanda ýalňyzdy. Goşa taryň gadyryny bilýän eziz dostlar uzakdady. Parasatly gojalar, gara göz gelinler, gyz juwanlar başagaýdy. Olar öz sazandalaryny unudana meňzeýärdiler. Ýok, unutmandylar. Sazanda hoşlaşypdy, olar hoşlaşmandyrlar. Gara bulut sowlup, älemi ýagty güneş gaplap alanda-da olar öz sazandalary bilen hoşlaşmandylar.
Ine, şol saz şu gün gaýtalandy. Ony kim çaldyka? Ýa bir gerçek dostuny ýatlady. Ýa-da Begenç gaýdyp geldi. «Goňurbaş mukamyny». Begenç üýtgeşik çalardy. Şu günem şol saz üýtgeşik çalyndy.
* * *
Böwet ýykylyp gijäni başagaýlykda geçiren ýigit özüni sowugyň mazaly eýländigini ertesi duýdy. Jalbaryny baldyryna çenli çermän, eliňi-aýagyňy kesip barýan suwa telim girip, telim çykan Begenç ýandakmy, akbaşmy, töwerekde ot-çöp goýman, suwa basyp, zordan böwedi saklady. Diňe daňdan ýabyň raýşynda ot ýakyndy. Oduň ýylysyna bedeniniň doňy çözüldi, süňňi ýyladygyça saly gowşady.
Begenç öýlerine gelende, oglunyň reňki-peti gaçan ýüzüne seredip, allaniçigsi bolan Aknur daýza:
–– Balam, saňa nä döw çaldy? – diýip, sazanaklap ýerinden galdy.
–– Eje, howsala düşer ýaly bolan zat ýok-la!
Az-owlak agyry ýa ýoňlama sebäpli, oglunyň gündiziň günortany düşege geçmejegine akyly ýetip duran Aknur daýza el-aýagyny ýitirdi.
Ýigit daň atýança samrap çykdy. Diňe dört-bäş güni arka atyp zordan başyny galdyrdy. Ýuwaş-ýuwaş bäri bakdy. Kellesi ýeňlese-de, bir tarapdan iş-alada, ikinji tarapdan Maral bilen ara düşen bulaşyklyk ýigide ynjalyk bermedi. Arkan ýatyşyna şundan bir aý öň bolan wakany ýatlady. Şol gün işden keýplije gelen Begenji öýlerindäki susluk geňirgendirdi. Gyz jigisiniň salyk ýüzünden, ejesiniň ýaýdanjyrap oturyşyndan bir näsazlygyň bardygyny aňdy.
–– Eýgilikmi, eje?
Aýna bada-bat ýerinden galdy-da, sesini-üýnüni çykarman çykyp gitdi.
–– Ýene geldilermi? – diýip, ýigit törde penjegini asyp durşuna, ejesine ýüzlendi.
Oglunyň soragyna üns bermän Aknur daýza özbaşyna käýindi.
–– Men-ä bilmedim, agaň, ýeňňeň baryňyz bir çukura tüýküren ýaly siziň. Bu gyzyňam göwnüni bilip bolýamy? Ne gelnejesine dil ýarýa, ne-de ejesine. Sorasaňam ýeňsesi gataýar, ýeňsesi gatamyşyň. Kyn günde galdyk biz-ä. Bermeseg-ä...
–– Näme bermeseg-ä...
–– Aý, hiç-le – diýip, Aknur daýza ýöwselledi. Begenç ejesiniň gürrüňinem bolşunam halamady.
–– Öňem aýtdym, ýene aýdýan, eje, bu zatlar howlugylyp edilýän ýa çem gelen bilen çözülýän mesele däl.
–– Wah, olar bolmanda-da howlugyşyp baranoklar, jan oglum. Hoş söz alsalar kaýyl. Sen öýli-işikli bolman...
–– Şu gürrüňi goýaly – diýip, Begenç ejesiniň sözüni agzyndan alyp, howlukmaç gürledi. –– Utanjam bolsa Aýna bilen özüm düşünşjek.
–– Aýyp, bor, oglum!
–– Eje ýalbarýan, gürrüňi uzaltma. Şu zatlaryň hemmesine menem düşünýän. Aýybam bolsa, gürleşjek.
Aknur daýza ýaýdandy. Nämedir diýmek isledi. Muny ýigit duýdy.
–– Sen, eje, arkaýyn bolaý. Meň üýtgeşik gürrüňim ýok.
Begenç dultorbadan bizdir temen aldy-da, ýüpden gatlap, sapak işdi. Oňa mum çalyp, tikini sökülen çokaýynyň daşyna geçdi.
Maralyň kakasy daşgynrak garyndaşlarynyň biri üçin Begenjiň uýasyna gudaçylyga gelipdi. Şolar bilen guda bolunmasa, Maraly Begenje bermezler öýdüp howatyr edýän Aknur daýza indi näçe hepdedir, gyzynyň razylygyny aljak bolup dert-azara galyp ýördi.
Çakylyga Aýna çekinjiräp, öýe girdi. Ol doganynyň ýanyna geçip oturybermäge ejäp etdi. Dulda duran sübsä ýapyşdy, öňem arassa içerini süpürip ugrady.
Begenç çokaýynyň eýlesine-beýlesine seredişdirip oturyşyna aýlabrak sorag berdi.
Agyrly ýerinden tutulan gyz dikelip durdy-da, sübsäni hol dula zyňyp goýberdi:
–– Bar işleri men bolaýypdyryn. Razy men, razy diýdim-ä, goýuň-da indi ugruma.
Aýna diňe bir gygyrmady. Tebigatyna gelişmeýän gödeklik bilen gap-böwürdäki gap-gaçlary şakyrdadyp, iki ýana süýşürişdirdi. Ýanyp duran pejiň agzyny açyp, uzyn sazagy peje sygdyrjak bolup, dert-azara galdy, içerini ala tüsse etdi. Hemmesini synlap oturan Begenç jigisiniň bolşuna güljegini, gaharlanjagyny bilmedi-de:
–– Näme, aryň köýen ýaly gygyrýaň? Bolşuň nähili? Razy bolsaň bolupsyň-da. Parahadragam gepleşmek bolar-a. Men-ä saňa düşünemok. Gürleşeýin diýsem turup gitýäň. Elbetde, şu gürrüňleri edip oturanym üçin bagyşla. Ýöne gerek ýerinde seniň ykbalyň bilen gyzyklanmak meniňem borjummyka diýýän. Şonuň üçin gaty görseňem, ýumşak görseňem, gulak as. Mundan öň-ä iki jynyň biri şody. Bu günki günem... Eger şuny meň bähbidim üçin edýän bolsaň-a, munyň baryp ýatan akmaklyk. Seniň ykbalyň bu meselä çigidiň gabygy ýalyjagam dahyly ýokdur. Muny Aşyra-da aýdypdym.
Indi Aýna sesini-üýnüni çykarman, pejiň gapdalynda başyny aşak salyp otyrdy. Ol hemişeki alaýaz, şadyýan gyza düýbünden meňzänokdy. Iki-üç hepde bäri gulagy gazalyp ýörlenligindenmi, horlanypdy.
–– Jijim, sen menden zat gizleme! – diýip, indi Begenç dogrudanam, oňa nebsi agyryp ýalbardy. –– Aýt, göwnüňdäkini.
–– Men olara razy däl – diýdi-de, Aýna aglap goýberdi.
Şu gürrüňden iki hepde geçipdi. Begenç ekin meýdanlaryna aýlanyp gelýärdi. Oba tarap atyny säpjedip gelýän ýigidiň keýpi diýseň kökdi. Ol mes toprakly giň meýdanlary höwesjeň synlap kä ýerde, kä ýerde aýak çekýärdi. Atdan düşüp, sürlen ýerlerde nämedir bir zatlara güýmenýärdi.
Begenç derýanyň boýuny syrdy-da, hiňlenjiräp, oba tarap ýüzüni öwürdi. Ýolda mal-gara ýakylýan güzerde, deň-duş ýigitleriniň birini görüp, atynyň başyny çekdi.
–– Ýeri-ow, bimahal çykypsyň-la.
Ýigit jogap bermäge howlukmady.
Işi dagysy çykandyr-da, rugsat sorajak bolýandyr öýdüp çaklan Begenç atyň üstünde keseräk oturyşyna, garşydaşyna geplemäge ýol arçady.
–– Näme, bir ýerik ýolagçymyň?
–– Aý, ýok, ýolagçy-ha däl. Ýöne senlik iki agyz gürrüňim bardy-da...
«Meniň bilen nähili gürrüňi bolup bilerkä?» diýip geňirgenen Begenç atyndan böküp düşdi. Şol bada-da ýigidiň haýsy ugurdan gopjakdygyny aňşyryp, ýüzi birneme gyzardy.
–– Ýol üstüniň gürrüň-ä däl, öýüňize barmaga-da çekindim. Aý, garaz, gelşiksizräk. Başga-da ýer agtaryp ýörmedim-de, ind-ä işden geler-dä diýip, öňüňi gabalap durşum – diýip, ýigit söze başlady. –– «Ýetim oglan öz göbegini özi keser» diýipdirler, utanjam bolsa, diýmeli boldum. Sen menden gaty görme Begenç. Maňa dogry düşünersiň diýip gelşim. Ýogsam, öňi bilen ýaşulularyň ýanyna barmalydygymyzam bilýän. Ilerkiler ara düşensoň, adamam iberip bilmedim. Sowlarlar öýtdüm.
Begenç atynyň boýnuny sypap durşuna, ikisi üçinem düşnükli gürrüňi uzaldyp oturmagy halaman, gönümel sorag berdi. «Bilmän berýärmikä şu soragy, Aýna göwünsiz bolsa, men şeýder durarynmy?» diýip, içini gepleden ýigit göwnündäkini çekinmän aýtdy. Şonda Begenjiň beren jogaby oňa ganat bekledi.
Şu meseläni çürt-kesik edenem bolsa, Begenç agasy çölden gelende, oňa aýtmagyň ugruny tapman, ýaýdanjyrap köp oturdy. «Özüňden uly barka, bu zatlaryň maslahaty saňa ýetipmi, işiň bilen bol» diýse bildiňmi? Ýöne henize çenli Aşyryň öz eden işine «däl» diýen ýeri ýadyna düşmänsoň, birneme göwrümi giňedi. Akyly ýeteli bäri ýekeje gezek Begenç agasyndan şarpyk datdy.
Ýigit çykanam bolsa, elbetde, akyly ýetmänmi ýa bezzatlykdan etdimi, Aşyr ýuwunmak üçin köneje kepbelerine girende, Begenç gabsanyň daşyndan agaç söýäp gaýtdy. Soňam ony düýbünden unudyp, okuwa gitdi. Gygyryp durmaga namys eden Aşyr şol jaýyň içinde ýary gije çenli galdy. Ejesi bir iş bilen barmadyk bolsa ýa Begenjiň özi ýatlaýmasa, ol kepbäniň haçan açyljagam belli däldi.
–– Maňa bir zat aýtjakmy?–diýip, ahyr agasy inisiniň ýaýdanyp oturmasyndan many alyp sorady.
–– Aýna barada gürleşäýjekdim. Begenç gelnejesiniň ýüzüne seredip goýberdi. Ýüwürjisiniň özünden çekinýändigini duýan Dursun oguljygyny göterip, gaýynynyň ýanyna çykdy.
Begenç jigisi bilen baglanyşykly wakany bolşy ýaly gürrüň berdi. Aşyr ep-esli dymyp oturdy.
–– Bor-la, Aýna göwnese... Ýöne bir hili gelşiksizirä-gä bolupdyr, goja yrsaraman duraýsa...
Aşyr şundan soň bu mesele hakynda ýagşydan-ýamandan bir agyz hem gürlemedi. Maralyň kakasynyň gahary ýatyşýança olara adamam ibertmedi.
Bu bir bolýan zatdy. Ýogsam Maralyň kakasyny gudaçylyga alyp gidäýmek her kişiniň işem däldi. Gitdimi, baran gapysyndan boşam gaýtmazdy. Ýöne goja iki tarapyna-da mazaly göz ýetirmän, razylygyny bilmän adamyň öňüne düşübem gitmezdi.
Iki arada Begenjiň ejesem dili gysga bolup galdy. Gyzyň kakasynyň habaryny alanam, salym geçmänkä «oglanlar göwnänok» diýenem onuň özüdi. Gojanyň bolsa özüni «oglan-oglanjyga» dönderilendigine jany ýanypdy. Şu wakadan soň, Begenç Maralam görenokdy.
Ýatlamalara gümra bolan Begenç başyny ýassykdan galdyryp, daşaryk seretdi.
Günbatardan öwüsýän şemalyň gitdigiçe güýjemegi onuň ynjalygyny has-da gaçyrdy. Bir salymdan gar gatyşykly jöwenekler şatylap, aýna degip başlady. Ýürek gysgynç şuwwuldy, käte möjek kimin uwlaýan tupan ýaş ýigidi howsala saldy. Işe werziş ýigidiň dünýäsi daraldy. Içini it ýyrtdy. Goňşularyny täze açylan meýdana ibereni ýadyna düşüp hasam darykdy. Törde nämedir bir zatlara güýmenip oturan gyz jigisine ýüzlendi.
–– Jijim, Esen agalara gidip gelsene. Öýlerinde bolsa çagyr. Howany bahana edip galaýmagam ähtimaldyr.
Aýna ýerinden gozganmanka Esen aganyň aýaly içerik girdi.
–– Turaweri-ä, Begenç! Beýdip ýatmak saňa gelişjek zat däl – diýip, ol gele-gelmäne ýigide degdi. Saglygyny sorady-da, Begenjiň aladasyny ýüzünden okap suňşurdy:
–– Sen oglum, meýdandan arkaýynja bol-da, gutulanyňy bil. O tük-ä aýdylan ýalydyr. Daňdanky gidişi. Agşamam köwlenjegi nägüman.
Esen aganyň aýaly gelşi ýaly, eglenmän çykyp gitdi. Ýigidiň göwrümi birneme giňedi. Köpüň zady-da. Ýogsam şu sowukda Esen aga öz melleginde işle diýseler, öýdenem çykmazdy. Dogrusy, Begenjiň özem şeýdip bükgüldäp ýatjak däldi. Gapy ýene açyldy. Ýel bilen kürsäp, garry suwçy içerik girdi. Onuň sowuk şemala üşäp gyzaran ýüzi gamaşyp durdy. Begenç gojanyň biri bilen tersleşip gaýdandygyny şobada aňdy.
–– Şumat böwedi açyp gaýtdym – diýip, goja gaharyny bokurdagyndan çykarmakçy bolýan ýaly, sesine bat berip gürledi. Başlygam çöle gidýä diýip eşitdim. Seň ýanyňa köwlenmeli ol, geler welin gürleş. Özünem aýt. Sazakly suwdan ganman böwede ýapyşaýsalar, soňundan gaty görmesinler. Adam bary şu sowukda oýnamaga garantgy duranok şo taýda.
Gojanyň gürrüňine Begenç ýylgyrdy. Garry dyzynam epmedi. Gapa ýetensoň yzyna öwrüldi.
–– Bizde huşam galmandyr, oglum, ýeri ganymatlaşýarmyň?
Ol alňasap çykyp gitse-de, pilini galdyryp, dolanyp geldi.
–– Brigadirlerem bassaş-aýt. Hersem özüniňkini bitirjekdir. Gezejigine garaşaýmanlar – diýip, Begenç käýindi. Görüň-dä şol meýdanlar ýakylman-a suw almasaňyz gerek. Sizem-ä şu gojany tanarça bolansyňyz.
Begenç başyny ýassyga goýdy.
Daşky işik ýene açyldy. Begenç gapa seretdi. Hiç kim görünmedi-de, el işine güýmenip oturan Aýna çiňerildi. Jigisiniň ýüzi ýagtylyp gitdi. Gyz işini zyňyp, gapa okduryldy. Tirsegine daýanan Begenjiň ýüregi gopdy.
«Maraldyr... Dünýä, sende söýgüden güýçli näme barka?» Ýigit dikeldi. Onuň ýüregi gürsüldäp, göwresinden çykyp giderli göründi. Diýseň syratly, uzyn boýly, inçesagt gyz gapydan girdi. Ol ýigidiň ýanyna geçibermedi-de, giren ýerinde uzyn saçlaryny öňüne düýrläp, aşak oturdy.
–– Ýüregiň daşmydy. Maral, geçäýsene ýanyma.
Ýigidiň gylygyna belet gyz myssa ýylgyrdy-da, «toba» diýdi.
–– Näme ýaraňokmy?
–– Dynç alýan.
–– Şeý diýsene, ýüzüňem aýdyp dur.
–– Neneň geläýdiň, Maral!
–– Garaşmadyňmy?
–– Garaşmanmy, nädip sypdyň?
–– Toba, jaýa salyp daşymdan gulplaýandyrlar öýtdüňmi?
Aýna çaý demläp geldi-de, eglenmän çykyp gitdi.
–– Maral!
Maral başyny galdyrdy.
–– Sen menden öýkeläňok gerek!
–– Näme üçin öýkeläýin. Aýnanyň göwnüni ýykmajagyňy bilýärdim.
–– Gojaň göwnüne degdik-dä.
–– Kakamyň öýkesi uzak gitmez-le.
Daşardan başlygyň ýognas sesi eşidildi. Ol Aýna degýärdi.
Gyz tez maral ýaly bolup, böküp ýerinden galdy. Häzir başlyk giräýse, Begenç bilen iki-çäk oturanlygy üçin utanjakdy. Ses tapba kesildi. Maral-a däl, Begenjem geňirgendi. Her halda gyz pursatdan peýdalanyp çykyp gitdi. Gapydan Aýna göründi. Ol agasynyň soragly nazaryna ýylgyryp jogap berdi:
–– Başlygy Esen agalara alyp bardym. –– Begenç ýap-ýaňy şolara çykdy – diýdim.
–– Esen aga işde ahyryn.
–– Bilýän-le, dogry getirsem Maral utanjak. Dolanar-la, häzir.
–– Şeýtan siz, başga zat däl.
Başlygyň bimahal peýda bolmagy Begenji gynandyrdy. Ýeri, howlukmaç bolsaň, şu dara-direde sowlup nätjek. Sorama-da gidiberdä. Bilýän, yzyndan ynjalan däldir. Çöle gitse, aňrujy başym galsa, arkaýyn ýatyp bilmejegime akylam ýetýändir welin...
Begenç gyzyň öwrülip gelmejegini bilse-de, göwnüne Maral gitmän, daşky tamda gizlenip duran ýaly, öwran-öwran gapa seretdi. Onsoň uludan dem aldy-da, ýüzüni diwara öwürdi.
Maral obada atly-abraýly gojanyň körpe gyzydy. Maralyň özünden başga-da bir aýal dogany, birem erkek dogany bardy. Ulularyň ikisem öýli-işiklidi.
Ýa tebigaty şeýlemi? Ýa gojanyň beren terbiýesindenmi, doganlaryň biri-birini sylaşam, söýüşem üýtgeşikdi. Diýseň ýumşak, şadyýan läliksiredilýänligi üçin käýarym garagollyk hem edýän Maraly diňe doganlary däl, gelnejesem eliniň üstünde saklaýardy. Süýji dilli hoşgylaw Maraly kim hormatlaman biljek. Ýöne ynha uly-kiçiň söýgüsini gazanan şol lälik hoşgylaw gyz Begenji örtemäge welin ökdedi. Aslynda, ol ýigidi gynamakdan lezzet alýan ýalydy. Ol hut Begenje pete-pet gelende-de, ony görmediksiräp, sowlup geçýän wagtlary az bolanokdy. Ýa başynam galdyrman, öýlerine girip gidýärdi. Begenç oňa adyny tutup gygyrybam, ýüzüne seretdirip bilmezdi.
Ýöne gyzyň özünem bir gezek çalarak gynany ýadyna düşüp, Begenç ýylgyrdy.
Begenji görse, gaçyp ýören gyzy bir gezek Aýnanyň joralary olara alyp geldi. Deň-duşlary bilen gülşüp-degşip keşde çekmegi haýsy gyz halanok. Aýnanyň bolsa daşynyň gyzsyz-gelinsiz wagty barmy? Ol muňa ejesinden geçen häsiýet bolmaga çemeli. Begenjiň ejesi bir gün keçe güllär, ertesi ýorgan gaplar, üçünji gün semeni gaýnadýandyr. Iki adamyň edäýmeli işi üçinem, obanyň gyzyny-gelnini ýygnar. Onsoň toý edýän ýaly, şol gazanyň daşyndadyr. Baý, şondan lezzetem alýandyr-a.
Bu gün obaň ýigitlerinem çagyrýarmyň, Aknur daýza! Gazanyň gaba görünýär-le – diýşip, oňa degerler.
–– Şu gün şojagaz mellegem depdiräýin diýdim. Ol mellek bolsa öňem telim gezek depilendir. Saz diňlemek üçin ýigitler günaşa bahanany nireden tapsynlar. Gelin-gyzlar üýşse-de, Begenjem sypmaz. Ýogsam näme, onuň şirin mukamlaryny diňlemek diňe ýigitleriň paýyna düşüpmişmi? Toýda-da şolardan ýaňa ýer-jaý ýok. Sazandanyň alkymyna dykylyşyp, süýşmelidir öýtmezler. Bir özlerini bilýärler.
Şol gün Begenjiň ejesi ýorgan gaplap, üme etdi. Gelin-gyzlardan içki jaý däl, daşkam doldy.
–– Aýu, Aknur daýza, ýene bir ýorgan tapsana, ýogsam bize işem ýetenok – diýip, ojagyň başynda garabaşyna gaý bolup ýören garra gyzlaryň biri gygyrdy.
–– Işsiziň bärik geläýiň.
Aknur daýza yzyndanam çyna berimsiz edip käýindi.
— Sizi halys başyňyza goýberdim. Çorbamy, ýarmamy, mäşimi nahar dannamaňyz ýokdu-la. Şu gün sizi nä hudaý tutdy. Baryňyz dilleşen ýaly «belke-de, belke». Belke iýjek bolsaňyz, hanha hamyr, ýaýyň kesiň-de getiriberiň.
Gyzlara aýtmak geregem däldi. Olaryň biri ellerini çermäp, aldygyna hamyr ýaýýardy. Beýlekisi çommalyp oturyşyna, ýaýylanlary kesişdirýärdi.
Şol wagtam Begenç işden gelipdi.
–– Wagtynda geläýdiň, Begenç. Törejik geç-de, dutarjygyňy eliňe al – diýip, gelinleriň biri gapyda girjegini-girmejegini bilmän ýaýdanjyrap duran ýigide ýüzlendi.
–– Men ýeke däl-de, oglanlaram geljekdi-dä...
–– Görmän ýören oglanlarymyz däl, gelibersinler – dişýip, gelinler biri-biriniň gürrüňlerini tassykladylar. Soňam gyzlara degdiler:
–– Wiý, toba, bulara nä döw çaldy gyz. Ýap-ýaňam gülküleri içerini ýarýardy--la. Sülmüreşiň-ä.
Dogrudanam, Begenji ugruna goýman töre geçirip, eline-de dutaryny tutdurdylar. Onsoňam üstünden düşdüler.
Begenç meýdanda uzynly günem-ä şular bilen. Degseler degýär, gülseler gülýär. Häzir bolsa gara dere batyp otyr. Her halda ol dutaryny düzmänkä, üç-dört ýetginjek gapydan göründi.
–– Aknur daýza, toý edýäňizmi?– diýip, olaryň biri Aýnanyň ejesine gygyrdy.
–– Toýam ederis, oglum, hany geçiberiň bakaly.
Ýigitlerem Begenjiň gapdalyna geçdiler.
Bileje işleşip ýören oglanlary bolansoň, gyzlaram uzak utanyşyp oturmadylar. Birsalym Begenjiň sazyny diňlediler. Soň iki taraplaýyn ýomak atyyp başladylar. Begenç beýlekilere duýdurman, Maraly synlady. Şonda dili duzluja gyzyň çüňke gysylyp, sessiz-üýnsiz başyny aşak salyp ýorgan çekip oturyşyna geň galdy. Maral gabanjaňmyka? Muny diňe bir Begenç däl beýlekilerem duýýan bolaýmasyn. Ýogsam degjek bolsalar içerde Begençden başga-da ýigit gyt däl-ä. Gyzy, gelni oňa degmeli bolsa, edil iki paý berlen ýaly.
–– Sen, Begenç, gyz baryny gyrana berip ýörme-de, öýlenjek bolsaň öýlen-de dyn – diýip, gelinleriň biri gabak astyndan Marala garap goýberdi.
–– Obamyzyň gyzy azalýar diýýädik welin, görgüliler «gyrlyp» ýören ogşuýa. Bilmändirisem asyl. Galanlaryna bir uzak ömür berewersin – diýip, gyzlaryň biri onuň gürrüňini ýaňsa aldy.
Çetine deglen gelnem duzlap goýberdi:
–– Wiý, ýogsa-da keýgim, ejeň hatçylar bilen guda bolýan ýalydy-la. Ýa ugrunda ýokmy. Otuz-a tegeläp ýörensiň-le, oturjakmy indi şeýdip.
–– Çykanlar näme gördi. Seňňem ol okumyşyň şäherden birini getirjek diýýärdiler, heniz gara berenokmy?
Bularyň gürrüňlerine oturanlar gyzyl-gyran gülüşýärdiler.
Gelinleriň biri içerik giren Aknur daýza sorag berdi:
–– Ýogsa-da, Begenjiň ejesi, araky öýüňize gelen owadan gyz kim-dä!
–– Gelýän gytmy, gelin. Men olaryň haýsy birini ýadymda saklaýyn.
–– Nädäýdiň, Begenjiň ejesi? Ho mollym gyz-la. Goňşy obadanmy şo? Ilerki baga daňlan ýalydyr-la, ertir geçseňem, agşam geçseňem Begenç bilen şol durandyrlar.
–– On-a menem tanaýan, daýzalarynyň gyzy dälmi?
–– Eje, ikimizde gizlin syr galjak däl-ow!
–– Soňky wagtlarda bize tutdurman ýitäýmäň bardy welin, bir emmajygy bar eken-dä – diýip, oglanlaryň biri Begenjiň sözüni agzyndan aldy.
Begenç ýene Marala gözüniň gytagyny aýlap goýberdi. Gyzyň şol oturyşy. Wah, şu wagt Begenç bilen Maraly ýekeje minut ikiçäk goýsadylar. Ýigit gyza degip keýpden çykardy.
Ýorganyň ýekeje çekimi galypdy. Oňa-da Maral ýapyşansoň, gyzlar nahar daşamak bilen boldular. Iňňesine sapak ötüren Maral oýmagyny gözläp etegini silkişdirdi. Telim gezek oturyp turdy. Oýmagyny tapmady. Oýmaksyz ýorgan çekip bolýarmy?
–– A gyz, jübüňe salan bolaýma – diýip, gyzlaryň biri oňa ýüzlendi.
Göwnüne garalyk giden Maral Begenjiň ýüzüne seretdi. Begenç hiç zatdan habarsyz kişi bolup, saz çalyp otyrdy. Ýylgyrýardy özem.
Süýji ýatlamalardan soň, Begenç oýmagy şol wagt däl, häzir ogurlan ýaly, göwnühoş ýylgyrdy.
On-on bäş güni ýyla dönen Begenç, başy ýerden galandan, ysgyna gelerine-de garaşman, işine ugrady.
Meýdanlar, kolhozçylar bilen bagry badaşan ýigidiň şähti açyldy gitdi. Esen aga-da ony begendirdi. Arada ol gojanyň ýanyna bir sellem gümür-ýamyra baranda, Begenç üçin gudaçylyga geljekdigini ýaňzydypdyr. Maralyň kakasy esli wagt dymyp oturypdyr-da, «agzyboşa gep ýassygy etje-gow meni. Düýn dälmidi, yzlaryna it salyp kowlany, bu günki günem gyzlaryny berýär» diýdirjek-dä diýip, ak sakgalyny owuçlapdyr.
Ýöne Esen aga gojanyň gep salgyndan onuň Begenje göwnüniň ýetýändigini aňypdyr.
Soň bir gün ol ýigide şeýle diýdi:
–– Aşyr bilenem gürleşdim. Sen, oglum, ýanymyza başlygy goş, oň ýaly zady peläketiň kyn göreri bolmaz. Onda-da seň üçin. Isleseň, «Stambula git» diýseňem gider. Gojadanam kem oturmaz. Köneden, tutsa-da, gidişer, täzeden tutsa-da.
Ýigidiň şol gün ökjesi ýere degmedi.
Esen agadyr başlygyň gudaçylyga barşyny obadaşlary soň-soňlaram ýatlaşyp gülüşdiler ýördüler. Gyzyň kakasy bilen ep-esli çekeleşen başlyk gojanyň hyk-çokuna darykmandyr-da, giň göwrümlilik bilen:
–– Şu goja bar-a, hoş söz alman, şu gün maňlaýymyza berseňem turmajagymyz hak – diýip, aýbogdaşyny gurup oturyberipdir.
* * *
Toý gününiň ertesi işe ugran Begenje daş-töwerek, bütin tebigat hemişekilerinden üýtgeşik göwün göteriji täsir etdi. Ol giň, ýagty dünýä höwes bilen syn etdi. Şol dünýä ýigit üçin täsin mukam döredip, ol mukam guşlaryň sesinde, adamlaryň gülküsinde jemlenip, ýigidiň gulagynda, kir-kimirsiz ýüreginde, aladasyz-gamsyz ýaş kalbynda şol ýaňlandy durdy. Ýigit gara görnümden eşeklije işe barýan Esen aganyň öwran-öwran yzyna seredip ýylgyryp barmasynyň sebäbine-de bir bada düşünmedi. Keýpi kökkä hiňlenäýmesi bardy welin, özem duýman aýdyma zowladyberipdir. Gojanyň-a häzir yzyndan ýetip bolmaz. Degesi gelipjik durandyr. Duzluja dilem bardyr. Dogrusy, ädim ogurlap, beýleki ýol bilenjik giden ýagşy.
Gojadan mazaly arany açansoň, Begenç aýdymyny dowam etdi. Ir bilen oýanyp, giň meýdana serhet çekilen ýaly biri-biriniň yzyndan uzalyp gidýän simagaçlaryň depesine düzülip saýraşýan guşlaryň owazy daýhan ýigidiň sazyny düzdi. Begenç sazy ezber çalsa-da, märekede onuň hiňlenenini heniz gören ýokdy.
Ekin meýdanlaryna ýadaman aýlanyp çykan brigadir kolhozçylar bilen oragam ordy. Olaryň gutlaglaryna-da şol wäşiligi bilen jogap gaýtardy. Esen aganyň agtyjagyna telpegini geýdirip gülüp keýpden çykdy. Kölegede ymyzganan suwçynyň aýagyny tala daňyp gaýtdy.
Işden gelen Begenç öýlerinde Maraly görmän, ejesinden sorady.
Ejesi kinaýaly ýylgyryp, ýüzüne seredende, ýigit beren soragyna utandy.
–– Çykanyň ýaňyja-la, jan ogul, eýýäm göresiň geläýdimi?
Maraly Aýnadyr joralary aýagyny ýazmaga alyp çykan ekenler. Aknur daýza ogluna çaý äberdi-de, goňşularyna gitdi. Ýigit nahary öňüne çekse-de, bokurdagyndan zat geçmedi. Gaýta-gaýta gapa seretdi.
Gyzlar Maraly getirdiler. Başy gyzyl kürteli, apbasyly köýnekli, çapraz-çaňňaly çabytly, uzyn boýly Maral dünýäň gözelligini özünde jemläp, täsin gudrata meňzäp, ýuwaş basyp, sallanjyrap töre geçdi. Begenjiň gozganman oturyşyny gören gyzlar oňa degip keýpden çykdylar. Maralam aýap goýmadylar. Ol-a ýylgyraýdy. Begenç welin gyzlardan kem oturmady. Içerini ala-ýaz eden gyzlar gelniniň gapdalyna çüýlenen «utançsyz» ýigide Maraly tabşyryp, gapydan yzlaryna dolandylar.
Begenç gapa seredip hiç kimi görmänden soň, çabydyny çykaryp duran Maralyň bilinden gujaklady-da özüne çekdi.
–– Bolşuň nähili, Begenç, biri geläýse nätjek?
–– Ine şeýtjek.
Gelniniň bilini döwere getiren ýigit onuň ýaňagyndan mäkäm öpdi.
Maral utanjyrap ýigidiň elinden zordan sypdy-da, aşak oturdy.
–– Ýadansyň, Maral jan, içerimiz-ä tanar ýaly etmänsiň. Men-ä başga öýe düşendirin öýdüpdirin.
— Kakyp–silken Aýna-la. Men diňe kömekleşdim. Märekeden soň, kakmasaň, silkmeseň bolýarmy? Ejeňem gapyda garawul goýduk – diýip, Maral henizem özüne seredip duran ýigide jogap berdi.
— Näme üçin? – diýip, Begenç törden asylgy dutaryny alyp, Marala golaý oturdy.
—Näme üçini – bomy oň! Täze gelin gelen güni içeri kakyp ýörse, il-gün näme diýer?
— Sen gelinmi, Maral!
Maralyň ýüzi gyzaryp gitdi.
Maral öň hyýalynda telim gezek Begenjiň gujagyna dolupdy. Ýigidiň ellerini boýnuna orap oturmak ýetip bilmeýän arzuwydy. Hany gyzkaň ol zatlary edip bolýarmy. Utanjaňlyk ýol berýärmi? Ýigit bilen araň açykdyram welin, saňňyldap duransyň. Agşam ikiçägem galypdylar. Maral ýigidiň gujagyna dolaýmady. Ýogsam onuň ýagdaýam Maralyňkydan öwerlik däldi. Gepläp bilmän gyzaryp oturdy. Begenç bilen ikiçäk galan Maral tutulan guş ýaly galpyldap oturyşynyň sebäbine düşünip bilmändi. Maraly görse, dil-ä däl, garaw görmejegini bilse, elem dek durmajak ýigidiň iki söz aýtmaga dili barman oturyşyna-da geň galypdy. Köpden bäri görüşmändilerem ahyryn. Ýigidiň didaryny küýsän gözler kimden gizlenipdi. Ol Begenç bilen süýji-süýji gürrüňler etjekdi-le.
Ahyrda Begenjiň eli Maralyň goşaryna ýetipdi. Tisginip giden Maral garşylyk görkezmäge-de ýetişmändi. Ýigit bir gujagyna gysansoň sypjak gümanyň barmy? Maral hopugyp ýüzüni iki tarapa sowsa-da, dodagyna Begenç dodagyny basansoň, durşy bilen onuň ygtyýaryna berlipdi. Bu zatlary ýatladygyça-da gyzaryp Begenjem garşysynda ýüzüne bakyp oturansoň, Maral ýüzüni kürtesinde gizledi. Dutary aldyň, taň etdiň, çalyber-dä! Sähelçejik ýygralýanyňy dagy bilse keýpi geler! Şeýder ýüzüňe sereder oturar.
–– Maral gabajygyňam ýellenipdir.
Maral aljyrap gapdalynda ýatan iş düwünçegine ýapyşdy. Begenç düwünçegi alyp töre oklady. Maral ýüzüni galdyrmady.
–– Maral!
–– ...
–– Maňa bakaý!
–– Juk.
— Bakaý-da. Öýkelärin. Sazam çalyp bermen.
–– Çalsana – diýip Maral näzik pyşyrdady.
–– Juk.
Maral biygtyýar ýylgyrdy. Onuň gara gözleri birenaýy buldurap tämiz ýüzünde, nar ýaly al öwüsýän dykyzja ýaňajyklaryna nur çaýyldy.
Maralyň iň ownuk hereketlerine çenli synlap, maýyl bolup oturan ýigit ýuwaşja pyşyrdady.
Ýekeje gezek oşaýyn. Maral jan.
Maral turdy-da, beýleki böwre geçip oturdy.
Begenç hezil edip güldi. Onuň barmaklary dutaryň taryna kakyp başlady.
Maral sazyň akylyňy haýran ediji täsin owazyna berlip oturyşyna, ýigidiň perdelerde seýil edýän ellerini döşüne gysaýasy geldi. Begenç saz çalanda, dünýäni unudýardy. Ýap-ýaňam gelnine degip gün-mydar bermeýän ýigidiň häzirki bolup oturyşy Maralyň barlygynam unudana meňzeýärdi. Pursatdan peýdalanyp Maral Begenjiň goýun gözlerine, at ýüzüne gelşik berip duran gönümel burnuna, ýaňagyndaky meňine çenli synlady.
Maral aldanypdy. Ýigit görmezlige salsa-da, ogryn bakýan gara gözleri görüp otyrdy. «Synla, Maral jan, öň görenem dälsiň! Onsoň aýt. Göwnüňe ýaradymmy ýa ýok?» diýip, ýigit içini gepledýärdi. Duýdursa welin, ol bu lezzetden mahrum boljakdy.
Şol wagt üç-dört ýaşlaryndaky oglanjyk gapydan yşyklady.
–– Gel-gel! Men saňa gelin görkezeýin – diýip, Begenç Maral bilen degişmäge bahana tapylanyna begendi. Oglanjyk utanyp yza çekildi. Ýene-de jyklady.
Begenç ýeňillik bilen ýerinden galdy-da, oglanjygy göterip öýe saldy. Saçagyň burçundaky gantdan bir bölejigini eline berip, ony Maralyň gujagynda oturtdy.
–– Maral jan, goltujagyňa gelşipjik dur. Höwes edýärmiň?
–– Utanaňokmy?
Maralyň gujagyndan turan çaga gözjagazlaryny gyrpyldadyp, onuň ýüzüne bir enaýyja seretdi. Onsoň gapa ýöneldi. Şol wagt öýe giren Aknur daýza gelin görmäge gyzlaryň gelýändigini aýtdy.
Begenç gülümsiräp gelniniň ýüzüne seretdi-de, çaýyny göterip beýleki jaýa ugrady. Maralyň ýüzünde bolsa «Bolaýdy-da saňa şol» diýen alamat bardy.
Maral törde keşde çekip otyrdy. Goňşularyna çykan Aknur daýza howsalaly gaýdyp geldi.
–– Ogulmaralym, oba bir şum habar-a ýaýrapdyr, gelnim. Uruş-sögüş gürrüňi bar welin, soňy puç bolsun-da hernä.
* * *
Ene dilegi ýer tutmady. Uruş başlandy...
Göräýmäge obada hemme zat öňki-öňlüligi ýaly. Hawa, ol diňe göräýmäge şeýle. Edil sanlyja günüň içinde hemme zat üýtgedi. Maralyň göwnüne her säherde şeýle şowhun bilen oýnaýan obasy-da suslanan ýaly boldy. Girse-çyksa, otursa-tursa gülüp-degip günmydar bermeýän Begenjem ylla diýersiň ähli iş-alada öz gerdenine düşen ýaly, şeýle bir başagaýdy. Maral indi onuň ýüzünde öňki şatlyga, garagollyga derek çuňňur aladany, birden-birdenem agyr gussany görýärdi. Ol adamsyny çagalykdan tanasa-da, şeýle aladaçyldyr, işjanlydyr öýtmändi. Şeýle giň göwrümli hem geçirimli Begenç birden-birden darykmanam çykardy. Wagtal-wagtal ol örän möhüm işlerini gutarjak bolup, şol bir wagtyň özünde-de ony gutaryp bilmejegine gözi ýetip, darykýan hem alňasaýan örän howlukmaç ýolagça meňzedi. Bir gün ol özüne traktor berilmeýändigi üçin galagop bolup gelýär. Ikinji gün haýsydyr bir geleňsiz suwça ýa ýalta arabakeşe janyny ýakyp oturýar. Birdenem, göwnüne bir zady düwüp gijäniň bir wagty öýden çykyp gidýärdi-de, kolhozçylaryň birine ertir etmeli ýumşuny tabşyryp gaýdýar. Onuň işdenem Maral bilen deň gelýän wagtlary seýrek. Köplenç gijäniň bir wagtlary öýe köwlenýär.
Maralyňam ýüki ýetýärdi. Uzynly gün meýdanda orak orup, desse çekip halys surnugyp özüni zordan öýe atýardy. Hojalykda Begenjiň etmeli işlerinem özi edýärdi. Aşyr-a ýyl boýy çöldedi. Käwagt bir gelýärdi. Dursunam çagalydy. Işden geldigi, şolardan sypynyp bilenokdy. Onsoň iki öýe-de Maralyň özi ýetmeli bolýardy.
Maraly gelin edinenden soň, Aknur daýza uly oglunyň erkine bakman, hojalygyny aýrypdy. Şonda-da olaryň diňe jaýlary aýrady. Yrsgallary biledi.
Bir gün Maral işden gelende, kendiriklerden hatda aş etmäge-de un tapmady. Şol gün Begenç işden ir gelip, haraza gitmelidi. Ogluna diňe bir agşam sargany bilen oňman, Aknur daýza ir bilen işe gitjek bolup durka-da sargap-sargap goýberdi. Özi goňşy kolhozlaryň birine ýasa gitdi. Maralam şol gün öýe hemişekilerinden giç geldi. Gelse, Begenjem ýok, unam. Maral başyny ýaýkady-da, haýal etmän bir okara bugdaý alyp, kepbelerindäki el degirmeniň başyna gondy. «Begenç jan, şu gün-ä ejeňden igenç eşidäýmeseň» diýip ol kimedir birine gürrüň berýän ýaly edip aýtdy. Maral bugdaýy derrew ýaryp bolup, haýal etmän ýarma atardy. Ýarma bişdi, Begenç henizem gara berenok. Maral nahary düşürse-de, iýmedi. Daşarda çygşyldy bolsa diňşirgendi. Ahyry adamsynyň aýak sesini eşidip, ýüzi ýagtyldy.
Begenç giren ýerinde ýylgyryp, bir durdy.
–– Maral jan, arma, otyrmyň?
Maral örüp oturan jorabyny beýlede goýup, alňasak ýerinden galdy.
Gelniniň hysyrdysyna şol bada düşünen ýigit nahar meýliniň ýokdugyny aýtdy:
–– Bir hili ýadaw ýaly. Düşek atsaň kem däl gaýtam – diýip, daşky eşiklerini çykarmaga durdy.
–– Iýmän-içmän ýatyberjekmi? – diýip, düşek salyp durşuna Maral ýüzüni az-kem asyp dillendi.
–– Ýa özüňem iýeňokmy?
Begenç ýokardan bir ýassygy alyp orta oklap goýberdi-de, keýp edip Marala seretdi. –– Gelinjigiň öýkelese neneňsi ýakymly.
–– Men-ä hiç-le, igenji ejeň gelende eşidersiň.
–– Onyň-a dogry, ejem jan geler-de, oguljygyna käýýäp başlar. Gelinjigine ýaramajagyny o bende nireden bilsin. Onsoň ogul-a diňlär oturar. Maral jan bolsa, Begenjiniň günäsini ýuwmarlamaga başlar.
–– Şeýdip Maral Begenjinem sandan çykardy-da, – diýip, Maral nahar guýmaga oturdy.
Häzir Maral Begenje gatyrgansa gatyrganyp oturmalydy. Adamsynyň gylygyna-da beletdi. Onda-da her gün iýmän-içmän oňa garaşyp oturýardy. Bu Begenjiň perwaýyna-da däl ýaly. Ýöne ol adamsyndan gatyrganyp bilmeýändiginiň sebäbine öňem, soňam, edil şu wagtam düşünip bilenok. Häzirem gaýynenesiniň öýde ýokdugyna begenip otyr. Aknur daýza öýde bolanlygynda, ogluny gyssap, haraza ibermezmidi? Maral bolsa ýadaw Begenjini edil çaga ýaly söýgüläp, hoş sözler bilen ukladasy gelýär...
Begenç ejesiniň sargydyny unutman eken. Uny öýlerine eltip taşlamagy arabakeşe tabşyrypdyr. Arabakeş iş bilen etraba gidipdir. Mundan habarsyz Aknur daýza ertesi ogly işden gelende, ony käýinip garşy aldy:
–– Jan ogul, senem bir wagtynda geläý ahyryn. Ogulmaralyň ilkagşamkyja haraza gidişi. Özüňdenem, birgat bolup purgunyňdanam peýda görmedik. Görgülijigimiň ezenegi-hä agjak-da.
Begenç penjegini egnine atyp gapa ýönelende, unly haltasyny arkasyna alan Maral burnuny ýere degiräýjek bolup öýe girdi. Ýigit hasyr-husur haltany düşürip, jaýa söýedi.
–– Näme gapyda dursuň, ýaňy geldiňmi? Dem-dynç alsaň bolmaýarmy – diýip, Maral eýýäm gaýynenesiniň öňüni gabalady.
–– Wah, janyňa döneýin. Özüň ýykyljak, ýene şu gepýakmazyň aladasyny edýäň. Döwem çalmaz muňa. Hany, geç, guzym, bir çaýjagaz içip içiňi ýylyt.
Aknur daýza gelnini gyssap, özi çaý demlemek üçin çykyp gitdi.
Begenç Maralyň ýüzüne düşen saçlaryny tertibe saldy.
–– Horlanýaň-la Maral jan! Özüm gitjekdim-ä. ––Yzyndanam öz-özüne jogap berdi. ––Şeý, diý-ä. Getirýän bolsaň köwşüň aýagyňdan gaçdy. Getiräýmediň-ä. Käýinişip köwüş getirmedik bolsalar aýakýalaňajam gezjekdiň, Begenç han.
Adamsynyň elini egninden aýran Maral onuň gürrüňine güldi.
Begenji köteklemäge bahana köpdi. Bir hepde huruşsyz oturyp iýjek goýunlarynam sürüden ahyr çopanyň özi bir bahana bilen gelende oba getirip gidipdi. Köwşünem dükandan Esen aga getiripdi.
Häzir Begenç Maralyň nahar guýaryna alňasap, ony gyssady. Maral okara ýuwup oturyşyna uludan bir demini alyp dillendi:
–– Begenç jan, bilýän senem gidersiň. Bu galjaňlygyň bilen o taýda-da özüňi aýamarsyň. Wah, ol ýezitleri bir gün öň ýok etseň şonça gowy-la. Bolmanda seni az-kem aýan tapylaýsady, iş-ä bitirerdiň-le.
Gelniniň sadaja gürrüňine myssa ýylgyran Begenç:
–– Oň aladasyny edip ýörme, Maral jan! Iş bitirjegime gözüm ýetse, aýawajymy ýanyma alar ötäýderin – diýdi.
–– Şeýdäý. Seň aýawajyň Begenjini garawullap ýörmekden başga işem ýokdur.
Şu ýerde Begenç urşa gitmek üçin beren arzasyny Maraldan gizläp ýörenine gynandy. Boýnuna alyk ekeni ahyryn!
Begenç alňasak çykyp gitdi. Onuň brigadasyna bir traktor bilen kombaýn berilmelidi. Ony berkitmese, ikinji brigadanyň haýal-ýagallyga saljagyna düşünýärdi. Şonuň üçinem ol brigadirem, başlygam, MTS-iň inženerinem tapyp bu meseläni bişirdi.
Ertesi Begenç meýdana ýalançy ýagtylmanka gelse-de, işi ýola goýup bilmän darykdy. Ahyrynda-da «kombaýn şu günem şu brigadada işlemeli, MTS bilen gepleşdik” diýip, dawa tutup başlan traktorçy bilen çekeleşip durmady-da, böküp onuň ýanyna mündi. Begenjiň hyrsyzraga-da aýgytly keşbinden eýmenen ýaş ýigit oturan ýerinden ýeňil gopdy. Begenç traktory ýigide-de bermän hut özi sürüp gaýtdy. Iş köpdi, adam azdy.
–– Häk, şulary bir aýry işledip bolsady – diýip, Begenç kombaýnynyň çekisini düzedip durşuna, traktory bökdäp duran kombaýndan zeýrendi.
Begenç brigadasyndaky öküzleriň dördüsinem ýer sürmek üçin iberipdi. Gyssananda çallyk üçin brigada berkidilen düýelerdenem peýdalanýardy. Döwek üçin bolsa kolhozçylaryň eşeklerini ulanýardy.
Begenç traktory ýola salyp, döwekçileriň ýanyna ugrady. Üç harmanda döwegi birden başlapdy. Şolaryň diňe birinde molotilka işleýärdi. Saldamly, ädimläp barýan ýigide tomsuň gyzgynjak şemaljygy altyn güýzüň salkynjak şemaljygyndan pes täsir etmedi. Ol şemaljyk orakçylaryň desselerini tozduryp laplaryny keç etse-de, bugdaý sowurmak üçin indi telim günläp garaşylan gereklije öwüsgindi.
Işi ugrugan ýigit birneme ynjaldy. Keseýabyň boýna çykdy-da, sap-sary bolup, tolkunyp ýatan bugdaý deňizine göwnihoş nazar aýlady. Onsoň ilersindäki meýdanda işleşip ýören kolhozçylara garşy ýöneldi. Kolhozçylar bilen salamlaşyp, özem duýman içki pikirini daşyna çykardy. Olary ýene gyssady. Yzyndanam:
–– Armaweriň! – diýip ýylgyryp goýberdi.
Begenjiň edil alkymynda işläp duran goja:
–– Oglum, özüň arma! – diýýip, oňa çiňerildi. Gojanyň gülümjiräp durşundan özüne degjek bolýandygyny aňan ýigit ondan öňürtdi.
–– Şu gün dört gektar gutardarmyka? –– Begenç gülümsiräp hem ýaýdanybrak elini ýeňsesine ýetirdi. Bu-da onuň özboluşly bir gyssamasydy. Muňa kolhozçylaram düşüşdi. Goja bolsa gysymyndakyny dessäň üstüne oklap goýberdi-de:
–– Seret, hanha şoňa – diýip, meýdanyň o başynda gara başyna gaý bolup desse bogup ýören uzynak hor aýala elini salgady. Şol meň kempirim – diýip, näbelet adama gürrüň berýän ýaly edip aýtdy. Şomy? Ol bir başa gelen musallat. Tüýs ornuňa goýaýmaly adam.
–– Zwenewody brigadiriň ornuna goýup, Begenji başlyk bellejek hyýalyň-a ýokdur – diýip, kolhozçylaryň biri başyny galdyryp henek atdy.
–– Begenji başlyk goýsaň gaty oňarar, gelin – diýip, goja jogap berdi. Soň ol bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly böwrüni diňläp durdy-da, ýene ýigide ýüzlendi: –– Dur entek, häki sözümiň yzyna gulak as. Ana, şol kempirim oragy şu gün gutaraýsak diýýä. Sen arkaýynja bolaý, oglum!
Gojaň gürrüňine diňe Begenç däl, beýlekilerem gülüşdiler.
Brigadir kolhozçylaryň ýanlarynda uzak eglenmän, harmanlaryň birini entegem beýgeltmelidigini tabşyrdy-da, başga ugra gitdi. Köpürdenem aýlanmaga howlugyp, bat aldy-da keseýabyň beýle ýüzüne düşdi. Ýöne ol harmana ýetip bilmedi. Traktoryň sesi tapba kesildi. Ýigit yzyna seretdi, onýança-da traktorçy ýigit gulakjynyny bulap, ony çagyrdy.
–– Bu bar-a, iki günlük alarsyň welin, işlemän dişiňi döker. Hut şeýledir. Gerek şaýynam tapjak gümanyň ýokdur – diýip içini gepletdi.
Ýagdaý brigadiriň çak edişi ýaly bolup çykdy. Traktor ýatypdyr. Begenç traktorçyny gyssagly MTS-e iberdi.
Begenç her näçe daryksa-da, şol gün kombaýny işledip bilmedi. Döwegiň gidişinden welin, Begenjiň göwni suw içdi.
Harmanda Begenjiň peýda bolmagy çagalar üçin uly şatlykdy. Häzirem ýigidiň wagty barmy, ýokmy sorap durmadylar-da, brigadiri ugruna goýman, münüş görmedik kürrä mündürdiler. Aýagy ýere ýetip ýatan satanlak pyýadany halamadyk taýhar gulaklaryny keýertdi. Onýança-da oglanlaryň biri onuň böwrüne taýak bilen dürtüp goýberdi. Kürre ýazzyny berdi. Oglanlar uly gykylyk edip Begenjiň yzyndan sürdüler.
–– Bedewiň jylawyny çek.
–– Atyňy sow how!
–– Häý, zalywat, ýolumdan sowlaweri?
Şert şol bir şertdi. Begenç ýykylman oturaýsa, oglanlar oňa okuwdan soň döwek döwüp bermelidi.
Taýhary kowalap, dürtüp uly gykylyk gopdurýan çaga bezzatlygyndan kürräniň üstünde ýykylman oturaýmak aňsadam däldi. Şonuň üçin hem ýykylmajak bolup dert-azara galýan Begenje uly bolubam gülmän seretmek mümkin däldi. Çagalary işledýän goja-da bularyň bolşuna keýp etdi. Brigadiriň şol ýetişmän ýörşüne degişmäge-de, oýun etmäge-de, wagt tapyşyna begendi. Begenje döwekçi tapdyrýanam belki, şonuň üçindir. Obada oglanlaryň biri gereklenip tapylmasa «ýet Begenjiň harmanyndadyr» diýýärdiler.
Şol günüň ertesi irden işe gelen Begenç aňk-taňk boldy. Oraga başlanylmaly pelleri orlup gutarylypdyr. Ol daňyň alagaraňkysynda meýdanyň ileri başynda duran kombaýny hem-de onuň töwereginde gaýmalaşýan birküç sany garany zordan saýgardy.
Traktorçy ýigit töweregindäkilere nämedir bir zatlar öwredýän bolmaga çemeli. Diňe onuň sesi eşidilýärdi. Kolhozçylaryň hemmesi bolmasa-da, aglabasy eýýäm meýdandady. Planlary bozulan soň, entek işe girişmändiler. Duýdansyz edilen işe hoş bolup, ýyljyraklap, uçaýjak bolýan brigadirleriniň traktorçy ýigidi neneňsi sylaglaşyny bilmäge howlugyşyp seredişip durdular.
Älem ýagtyldy, traktorçy ýigidem, golaýyndakylaram aýyl-saýyl göründi.
Begenç barşyna traktorçy ýigidi mäkäm gujaklady.
––Sag bol, inim! Iş bitiripsiň.
Ýigit näme üçindir şeýle agras sypata girdi-de, birhili bozuldy «Sag bol» sözüni soňam birki gezek gaýtalady.
Traktorçy ýigit az-kem gyzaryp, brigadiriň ýüzüne äňetdi-de ýolagçydygyny duýdurdy. Begenç geňirgendi:
–– Haçan?!
Ýigit ýene iki sagatdan ýola düşmelidigini aýtdy.
–– Öýüňiz bilýärmi?
Brigadiriň soragyna ýigit başyny ýaýkady.
Begenç gapdalynda duran jahyllaryň birini döwekçileriň ýanyna iberdi. Begenjiň aty şol ýerdedi.
–– Sen onsoň aty oglanlaryň birinden iberäý. Ýogsam gijä galarsyň – diýip şol ýigide sargady.
Traktorçy ýigit kolhozçylar bilen ýeke-ýeke hoşlaşyp çykdy.
Şol gün brigadir bilen başlyk etraba ýygnaga çagyrylypdy. Begenje ýygnakly gürrüň düýbünden ýaramady. MTS-den adam gelýänçä kombaýnyny özi ýöretmeli bolupdy.
Traktoryň tarryldysy bilen Begenç edil gapdalyna gelen başlygyň sesinem eşitmedi.
–– Adam tapylanokmaýt, Begenç! – diýip alňasak gelen kolhoz başlygy çaňdan-tozandan ýaňa gözleri zordan ýyldyrap görünýän brigadire ýüzlendi.
–– Adam ýogam däl, öwrenjeräk bolýarlar-da. Onsoň traktor işlemän ýatyberýär.
Etrapdan ýörite adam gelip, traktorçylary taýýarlaýan iki aýlyk kurslary açmakçy bolýandyklaryny başlyk gürrüň berende, brigadir begendi. Okuwçylar işden soň agşamyna okadylmalydy. Şol kurslara aýal-gyzlaryň ençemesiniň-de adyny ýazypdyrlar. Ýöne olam häli-häzir-ä ýola düşübermedi. Ýola düşäýende-de onuň şu ýylky bugdaý oragyna kömegi degjek däldi.
Başlyk gyssap durandan soň, Begenç ýüzüni asyp atyna tarap ýöneldi. Şol wagtam ýabyň boýunda gury söwüde eşegini iltäp duran Esen aga gözi düşdi.
Gojanyň işden galanyna salymam geçmändi. Begenç bilen birki günlükde hoşlaşyp fronta giden ýigidem Esen aganyň ogludy.
–– Ýol bolsun, Esen – diýip, başlyk brigadirden öňürtdi.
–– Dynç berşiňiz şumy maňa. Düýn rugsat berip, bu günem gyssap gaýdyp, indem ýol soraýaňyzmy? – diýip, Esen aga başlyga ümläp goýberip, Begenje degdi. –– Düýnüň özünde iki gezek baryp gaýtdy. Halymy soraýarmyş. Dili bir zat diýýä kişiň, ýüregi başga zat.
Esen agalara telim gezek baryp, niýetini mälim edip bilmän gaýdan Begenç, gojanyň özüne oklaýan ýomaklaryny sesini çykarman ýylgyryp diňledi. Onsoň garrynyň kombaýna ýüzlenenini görüp ynjaldy. Ol indi etraba arkaýyn gidip biljekdi.
Ýap-ýaňam ýüzi gamaşyp duran brigadiriň açylanyna başlygam öz ýanyndan begendi. Keýpi kök bolanda, Begenç bilen ýol sökmegiňem öz hezili bar. Gep tapmaga-da baý ökdedir-ä. Her sözüne gülde bar. Içiňi gyrar. Halaýan zadam öýkünmekdir. Öýkünen adamynyňam edil özi bolar. Başlyk telim gezek Begenjiň özüne öýkünip, kolhozçylary gyzyl-gyran gülüşdirip duranynyň üstünden gelipdi. Joşup gürlände başlygyň sözüne özünden başga adam düşünmeýän bolsa nätjek. Şeýdip çalt geplemegi, demi-demine ýetişmän öýkünmegi Begenjiň oňaryşyna haýranlar galaýmalydy. Ellerini kelemenledip, eglip durşam, el-ýaglyk gözläp, häli-şindi jübüsini sermeşdirmesem edil özüdi. Şonda özem kolhozçylara goşulyp gülüpdi. Telim gezek bolsa görmedik bolupdy. Ýöne şondan soň başlyk ýygnakda söz sözlände Begenç ýadyna düşüp haýal geplemäge çalyşdy.
Begenji fronta ugratmak kolhozçylara, aýratynam başlyga ýokuş degdi. Şol gün hiç kimiň ýadyndan çykmady. Öýläne çenli dymyp gezen ýigit, edil ikindinler dillendi.
–– Men-ä gidýändirin, adamlar, gatyrganyşan, käýişen bolsak geçeweriň.
Kolhozçylar duran-duran ýerlerinde doňup galdy. Birbada hiç kimden seda çykmady. Brigadirleri fronta gitmelidir öýdüp, şu wagta çenli olaryň hijisiniň kellesine gelmese näme? Indem sered-ä onuň bolup durşuna, heý, aýrylyp gitjege meňzeýärmi? Adamlary özüne bent edýänem Begenjiň şol häsiýeti-dä! Şeýder-de ýylgyrar durar. Soňam gitsin-dä gözüň öňünden. Mähriban adam uzak ýola şaýyny tutup, hoşlaşyp durka, merdemsi gepläp, oňa ak ýol salgy beräýmegem her kişiniň işi däl. Şu duranlaryň hemmesi diňe şol bir zat hakynda hem ýumşak, hem talapkär brigadirden aýrylyşmagyň özlerine kyn düşjegi hakynda oýlanýardy. Ýekeje sagat işi gaýry goýup, ýygnaga gitmegi kyn görýän brigadiriň şu adamlary, şu meýdanlary aýlap-ýyllap taşlap gitjegine akylyň çatmajak bolýar. Şonuň üçinem aňalyşyp durlar.
Göbek gany siňen şu meýdanlar, eziz adamlar bilen hoşlaşyp duran gerçegiň aňynda gopýan harasatdan welin hiç kimiň habary ýok. Ol harasady ýigit ýüzüne çykaranokmy? Şu meýdanlary ýarym gün görmese, Begenjiň karary ýetýärmidi? Onuň şatlygam, diriligem şu adamlar, şu toprak bilen ahyryn. Dünýä syn etmegem, adamlary söýmegem Begenç şulardan öwrenmänmidi?
Aslynda, ýigidiň fronta özüniň meýletin gitmegine-de, şu toprak, şu adamlar sebäp bolmadymy. Ol toprak Begenjiň giň Watanynyň bir bölejigi dälmidi? Begenç kolhozçylaryň hersiniň ýanyna baryp, ýeke-ýeke hoşlaşyp çykdy.
–– Yzyňy gaýgy etmegin, oglum, gaty arkaýyn bolgun. Ekerisem, orarysam, döwerisem – diýip, zwenowod ahyr bölüp-bölüp gürledi.
Diňe Maral dymýardy. Ýigit oňa öwran-öwran seredip goýdy. Maral başyny galdyrman, harman bilen peliň arasynda goltugy desseli dokma ýüwürdýän ýaly, şol gatnap durdy. Onuň üçin Begenç ýok ýalydy. Adamlaryň degişmelerem, adamsyna aýdylýan hoşniýetli sözlerem Maralyň gulagynyň duşundan geçýän ýalydy. Begenjiň göwni üçin bolmanda, olam ýekeje söz aýdaýmal-a.
Brigadir ýola düşenden soňam yzyna gaňrylyp, gelin-gyzlar bilen ýene bir laý hoşlaşdy.
–– Gaýrat ediň! Ýoklugymyzy bildirmäweriň!
–– Wah, jan ogul, siziň ýeriňizem gädilmezmi? Onda-da Begenç boljak barmy? Ýöne päliýamanlary güm ediň-de, bahymrak dolanjak boluň! – diýip, aýallaryň biri onuň yzyndan hümürdedi.
Şol gün Begenç ekin meýdanlaryna aýlandy. Öz hyýalynda şol meýdanlaryň her daban ýeri, baglary, ýaplary, özüne tanyş bolan zatlaryň hemmesi bilen hoşlaşyp çykdy.
Häzirem ol alňasak bolsa-da, obalarynyň ýeňsesindäki bugdaýly meýdanyň gyrasynda aýak çekmän bilmedi. Ol deňiz ýaly tolkun atýan guşgursak bugdaýlara, meýdanyň gyrasyny jähekläp, hellewleşip oturan toraňňylara (şol toraňňylaryň aşagynda ol ilkinji gezek öz Maralynyň goşaryndan tutupdy) gözüni aýyrman seretdi. Doýmady. Ine-de, onuň edil gabat garşysynda ene ýabyň güzeri ýazylyp ýatyr. Şol güzerde gyzlar telim gezek Begenji özüne duýdurman suwa itipdirler. Güzerem häzir Begenje tukat göründi. Onuň ýüreginden edil daş asylan ýalydy. Hoşlaşmak kyndy. Ol ahyr ýola düşüp, ýene yzyna gaňryldy. Bugdaýlar ýigide tagzym edýän, hoşlaşýan ýaly başlaryny egdi. Begenç uludan bir dem alyp, soň yzyna seretmän ädimini batlandyrdy.
Öýlerinde-de Maralyň şol dymyp oturyşy. Bu ýagdaýa Begenjiň takaty ýetmedi. Hemişe ejesiniň ýanynda gelnine eli uzamaýan ýigit edil gapdaljygynda aş ýaýyp oturan Maralyň düýrlenip düşekde ýatan saçlaryna elini uzatdy. Maral geňirgenip, adamsynyň ýüzüne seretdi.
Begenç näme aýtjagyny bilmedi-de, «dutary alyp bersene» diýdi.
–– Toba, dutar saňa ýakynmy, ýa maňa!
Gelnidir oglunyň bolşuny geňräk gören Aknur daýza ardynjyrady. Begenç müýnürgäp ýylgyrdy-da, turup, asylgy dutary aldy. Soň «eje, men gitmeli welin, ony saňa nähiliräk aýtsamkam» diýýän terzde ejesiniň ýüzüne seretdi.
— Eje!
Gurt owup oturan Aknur daýza başyny galdyrdy. Maralam howsalalyraga-da Begenjiň ýüzüne seretdi.
–– Men-ä, eje çagyryş hat aldym.
Begenç ejesiniň ýüzünden gözüni aýyrdy-da, dutaryň kirişlerini düzüp oturşyna sözüniň üstüne goşdy.
–– Eje, kyn görmeseň-ä, Aýnanam çagyryp gelsene. Men daňdan ugramaly!
Aknur daýza bu habara öňden bäri garaşýan ýaly sesini çykarmady. Ýöne syr bildirmezlige çalyşsa-da, onuň gurt owýan elleri saňňyldap, diýenini etmejek boldy. «Sen aglamaly dälsiň, Aknur! Wah balam-a bir syrjagazyň bar eken-dä? Duýdum-la. Eneň kaýyldyr, guzym, gereklenseň, gidibermelisiň. Atalaryň ýodasy bardyr, janlaryny berer welin, gelmişege bir daban ýeri rowa görmez. Onsoň ýalbaryp ýa özelenip, seni saklap bilmejegine, eneň akyly ýetip durandyr. Saklajagam bolman, balam, otda bolsaňam, aman gel. Her ýerde bolsaňam, seni ekläp kemala getiren eneň adyna ysnat getirmejegiňi bilip durandyryn».
Ejesiniň ýagdaýyny duýsa-da, Begenç akylynyň ýetip duran zady üçin oňa göwünlik berip oturmaklygy artykmaç gördi-de düýbünden başga zat diýdi:
–– Eje, şu wagt aýdaý, ýaltanman, ýadaman göwün söýen sazyň hemmesini çalyp bereýin.
Powestler