21:24 Elhenç düýş / pamflet | |
ELHENÇ DÜÝŞ
Satiriki hekaýalar
Stambuluň radiosy öz gepleşiklerini geçirip gutarypdy. Bu gije men iki sany hekaýa, felýeton ýazmalydym, bir žurnalyň anketine jogap bermelidim. Bu materiallar ertire ýetişmelidi. Emma men diňe ýeke işi bitirmegi - bir hekaýa ýazmagy başarypdym. Mazam ýokdy. Men eýýäm ikinji hekaýam üçin bir petde kazgy taýýarlapdym, emma mende ýekeje-de tema ýokdy. Iýip-içesim geldi. Hemişe şeýle bolýar. Hekaýa üçin taýyn sýužet tapylmadyk wagty, men näme-de bolsa bir zada güýmenmäge bahana gözleýärin. Men ýokaryk, zala çykdym. Hemmeler uklap ýatyr. Kuhnýa girdim. Sowuk palaw-a bar... Ony kim gyzdyrjak?.. Men stoluň başyna dolanyp geldim. Men: "Iň gowusy ýatmaga gyşarmakdyr!.. Ertir irdenjik turaryn-da, hemmesini ýerine ýetirerin" diýdim. Adam düýşünde-de ýaşaýar. Emma beýle ýaşaýyş kime derkarmyş!.. Ýaşajaksyň-a - onda seniň ömür sürüşiňe, ýaşaýşyň syrlaryna akyl ýetirmegiň gerek. Şu gije men özümiň düýşürgejegimi bilýärdim. Dogry, bitirilmedik işler myrryhymy tutdurýardy, şonuň üçin hem şu gije maňa elhenç düýş görünmelidi. Şeýle oý-pikirler ede-ede, men uka gidipdirin. Hakykatdan-da men düýş gördüm. Bu bähbide çekdi... Men nirededir başga bir ýurtdadygym anyk ýadymd-a däl welin, öz-ä Amerikadamy ýa Günbatar Germaniýadamy, garaz, şonuň ýaly bir ýurdty. Men özümi örän giň we owadan zalda görüpdirin. Siziň nähilidigiňizi bilemok welin, özüm-ä düýşürgeýän wagtym, onuň huşum däldigini bilýärin. Men özüne Ak tamda gezip ýörün diýýärmişim. zaldaky adamlar uzyn stoluň kese töwereginde gyslyşyp otyrmyşlar. Men özümiň nire-nirelerdedigimi we bu ýerde näme bolup geçýänini soramaga ejap edýärmişim. Men resmi komissiýa bilen gelenmişim we özümi gülkünç halda goýmakdan çekinýärmişim. "Nirä gelenini-de bilenok!"... - diýip, üstümden güljeklermiş. Şonuň üçin meniň özüm nämäniň-nämedigine akyl ýetirjek bolýarmyşym. Resmi gepleşikler geçýärmişin. Biziň ýurdumyzdan diňe men gatnaşýarmyşym. Zaldakylaryň menden başgalary kileň - gopbamsy, ýüzlerinden gany damaýyn diýşip duran, ynjyk daşary ýurtlularmyşyn. Olardan biri: - Hoş geldiňiz! - diýip, meni gutlaýarmyş. - Siz bizi öz ýurduňyzyň ýagdaýy bilen habardar ediň. Men howsala düşenmişim. Emma men özüme: "Gorkma, bu bir düýş ahyryn" diýip, göwünlik berýärmişim. Düýşlügine-hä düýüm welin, eger biläýseler... - Bilýän zatlarymyň baryny men size uly höwes bilen aýdyp bererin. - Siz yzagalak ýurtlardansyňyz ahyryn, şeýle dälmi? Meniň dilim tutulypmyşyn. Merhemetli Allam, men muňa näme diýip jogap bermelimişim? Men: "Hawa, yzagalakdyrys" diýäýsem, daşary ýurtlularyň gözüniň alnynda, meniň öz ýurdumyzy erbet şekilde görkezdigim boljakmyş. Jenaýat kodeksi bolsa muny agyr günä hökmünde jenaýata çekýär. Eger: "Ýok, yzagalak dagy däldiris, gaýta öňe-de gitdik" diýsem, - onda meniň ýalan sözledigimmiş. Men haýsy birini saýlap almaly ekenim? Jenaýatçy bolanyňdan-a, ýalan sözläniňem janyň ujumyş, kezzaplyk üçin jezalandyrmaýarlar ahyryn. - Siz näme dymýarsyňyz? - diýip, menden sorapmyşlar. - Bagyşlaň, siziň näme soraýanyňyzy men eşitmän galaýypdyryn. - Siziň ýurduňyz yzagalakdyr, şeýle dälmi? - Muny siz ekim aýtdy? - diýip, men haýkyrypdyrypmyşym. - Hemmeler şeýle diýýärler. Biz hem öz gulagymyz bilen eşitdik. - Hormastly jenaplar, bu ugursyzdyr! Biziň ganymlarymyzyň kändigini unutmasň. Olar biziň garşymyza öwüt-ündw geçirýärler. Olaryň barjasy şeýle bir geň galanmyş welin, hut agyzlaryny öweldişip, doňňarylyp oturanmyşlar. - Eýsem, biz nädogry habardar edilen ekenik-dä - diýip, kimdir biri sesini sogduryp goýberipmiş. - Hawa, bu şeýle. - Äý, siz, öz sarpaňyzy saklaýan adamlar, özüňize "yzagalak" diýseler, elbetde, gatyrganýarsyňyz. Kesgitlemäni üýtgedeli, siziň ýurduňyzy "gowşak ösen" ýurt diýip atlandyrmaly. Şonda göwnüňize jaý bolýarmy?.. - Ýok, bolmaz. Biz "gowşak ösenlerden" däldiris, biz iňňän, örän gaty ösgünlidiris. Ýene hemmesi aňk-taňk bolanmyşyn. - Sizde elektriksiz şäherler barmydyr?.. Men muňa makullaýjylykly jogap bersem-ä, ýene meniň öz ýurdumyň garaňky tarapyny görkezdigim boljakmyş. Bä, bulara ýaranmagyň kyndygyny!.. - Ýok!.. Biziň şäherlerimiziň hemmesinde, biziň obalarymyzyň, mülklerimiziň barjasynda elektrik bar. - Berekella.. Ajap zat. - Ýöne sizde elektrige örän gymmat hak tölenýärmiş diýýärler. - Näme, elektrigemi?.. Ol bizde mugt ahyryn... - Ajap... Juda-da gowy... Men daşary ýurtlulara öz ýurdumyzy diýseň gowy şekillendirip görkezenime, öz ýanymdan monça bolupdyryn. Gazetler meniň sözlerimi ikilenç çap edäýseler, meniň nähili peýdaly wagyz-nesihat ýöredýänimi, juda bolmanynda, öz ildeşlerim-ä biljekmişler-dä. - Sizde, hany, jaý kireýi örän ýokary, kwartira tapmak müşgül, ýaşaýyş jaýsyz kösenilýär diýýärler-er? Orta gürpdäki adam ýaşaýyş jaýa girdejisiniň gylla ýarysyny bermese, onda ol hiç hili sümelge tapyp bilmeýär diýýärler. Bu şeýlemidir? Içimden göwnüm: "Aýt, dogryňy aýt" diýip dürtgüleýärmiş. Men bolsam muňa: "Menňkä ynanýarlar" diýip jogap berýärmişim. Göwnüm bolsa: "Bu bir düýş ahyryn. Olar seniň düýşüňi görmeýärlerem, näme aýdanyňy bilmeýärlerem. düýşüňde berin dogrujaňy aýt" diýip, öz eňegine tutup otyrmyş. Men gara dere batypdyryn.. Men maňlaýymyň derini çalyşdyrypmyşym-da: - Ha-ha-ha! Onda biziň ýurdumyz barada sizde şeýle düşünje bar eken-dä!.. Munuň üstüne meniň-ä hiç zat goşara çakym ýokdur. Hudaý biziň duşmanlarymyzyň garaklaryny berin tizräk gapdyraýsady hernä. Biziň ýurtdaşlarymyz hiç hili jaýsyz kösenenoklar. Aýanmy?.. Gaýry siwilizleşen ýurtlardakysy ýaly, biziň ildeşlerimiz-de aýlyk-günlükleriniň on prosentini jaý kireýine berip, allanäme jaýlarda ýaşaýarlar - diýip gaty gülüpmişim. - Çinownikler näme?.. - Äý, olaram öz maşgala sanlaryna görä kireýine kwartira tutunýarlar. Böwşeňlikde ýaşaýarlar. Ýaşaýyş jaýyna hemmeler hem şeýle bir az kireý berýärler welin, asla kwartira-da ýaşasyň-da gelip duranok. - Jaý eýeleriniň çagaly maşgalalara kireýine jaý bermeýändiklerine näme diýýärler? - Ha-ha! Galatdyr... Muny size kim aýtdy?.. Kireýine jaý aljak adam jaýyň hojaýynynyň garasynam görenok. Munisipalitetde ýaşaýyş jaý sowet bar. Ol hoajýynynyň üstüne barýar, aýdaly, meselemki: "Maňa gök kafelden edilgi wannaly, bäş otagly kwartira gerek. Gyrymyzy reňklisi göwnüme ýaranok. Beýle reňk meniň aýalymyň kakyn-silkinini tutdurýar" diýýär. Zalda oturanlar: - Baý, ýurd-a ýurt ekeni!.. Ura! - diýip gygyryşypmyşlar. Men hem öz ýurdumyzyň zowky-sapalaryny birin-birin gelşirip aýdyp beripmişim: - Sizde işsizlik, zähmetiň erbet şertleri, arzan günlükçilik haky bar diýýärler-le? - Gulak goýuň - diýip gaty gygyranmyşym. - Siz öňýeten bulagaýlaryňka ynanjakmysyňyz ýa maňa! - Elbetde, size. - Onda gulak asyň. Ine işçileri alyp göreliň... Bizoň işçilerimiz örän oňat ýaşaýarlar. Düşnüklimi? Olaryň özler-ä hiç zatdan zeýrenenoklar, başgalaryň-da näme üçin dek oturmaga kararlary ýetenok? Biziň işçilerimizden başga kimiň köp aýlyk alýanyny meniň bilesim gelýär. Hiç kim, hiç kes şolarça aýlyk alýan däldir! Oňa beýle ýokary gazanjyň asdla geregi-de ýok... Size gizlin bir zat aýdaýyn, işçi özüni iýmit, içgi, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edip, şondan artyk galanyny ýygnap başlasa, onda ol bir aýyň içinde fabrik salyp biler. Emma fabrik onuň nä derdine! Ol onsuz hem bar zatdan kemsiz üpjün... - Aý-haý!.. Ine ýurt diýip, şoňa diýäýseň! Wah, meniň öz ýurdumyzy öwäýşimi "Anadoly" habarlar agentligi bir bilsedi, meniň bihuda hyýal etmändigimi alyp eşitdirsedi... - Sizde magaryf işleri nähilidir-ä? hany ilatyňyzyň segsen prosenti sowatsyz diýýärler-le? - Ýa-da walla... Häýk, kezzaplar! Diňe çypdyrmalar şeýle bolup biler. Bizde hemmeler şeýle bir sowatly welin, adamlar indi okamakdan we ýazmakdan halys bez bolupdyr welin, okyjylarymyzyň içinden ýekeje sowatsyzy berin tapjak bolup synanyşyp görüň. Biziň professorlarymyz, žurnalistlerimiz, ýazjylarymyz ýa ýazmak bilen, ýa-da okamak bilen meşguldyrlar. Bir bada hem ýazyp, hem okap biläýjegimiz az bolsa-da, azdyr welin, okyjylarymyz bilen ýazyjylarymyz bar. Bizde mekdepler şeýle bir kän welin, täze ýol çekjek bolsaň, mekdepleri bozuşdyrmaly bolýar, mugallymlarmy, olar-a ite dökün... Niräňe seretseň - hemme ýer mugallym bolup durandyr. - Hany mekdepleri ýerleşdirmek üçin Amerikadan getirilen baraklara näme diýjek?.. - Ha-ha. Bu bälçiklikden, biziň güýç-kuwwatymyzy özgeleriň bilmezleri ýaly, biz oýun etdik, biz mekdepler üçin jaýlara ýalandan mätäç bolan bolup jögülik etdik. - Ýok, bu beýle däl bolsa gerek - diýip, zaldakylaryň biri tarsa ýerinden turanmyş. - Biz siziň makalalaryňyzy okapdyk. Siziň felýetonlaryňyzyň çap edilýän gazetlerinde özüňiz elmydama mekdep bilen mugallym... ýetenok diýip ýazýardyňyz. - Sizem şoňa bek ynandyňyzmy? Äý, ýog-a? Men oppoziziýa döretmek üçin ýazýaryn. Biziň halkymyz oppozisiýada bolmagy halaýar. Hemmesiniň ýerbe-ýerdigi barada ýazanlarynda bolsa, olar gaty-da görýärler. ine biz gazetlerimizi köp satyn alsynlar diýip, oppozisiýa üçin-de özümizde mekdepleriň ýokdugyny we gaýrylary ýazýarys. Bu biziň içki habarlarymyz, daşary ýurtlar üçin bolsa biziň başga informasiýalarymyz bar. - Siziň ýollaryňyz ýok, barjalaram bolsa - derde degenok diýýärler. Indi bu meniň halys degnama degenmiş, menem ýerimden zöwwe turanmyşym. Mem: - Bes, men gidýärin - diýipmişim. - Nirä, sen hiç ýere gitmersiň, sen düýşüňde ýaly-la... Diýmek, munuň düýşümdigini olar hem bilýän ekenler-dä. - Azar bermäň, men gitjek. - Nirä? - Öz ýurduma... Men işige baka ugrapmyşym. Zaldakylaryň ählisi meniň üstüme okdurylypmyşlar we bir burça gabapmyşlar. - Goýberiň meni! - Sen ukyňda, hiç ýeeşre aýagyňam ätmersiň. Men elimi-e, aýagymy-da gymyldadyp bilmeýärmişim. Zaldakylaryň biri: - Biziň saňa ýene ýekeje soragymyz bar. Sizde azatlyk barmy-ýok? - diýipmiş. Wehimden ýaňa dilim tuutulypmyş. Men: - Ähem... üh-ü... ähem... - diýip üsgürip başlapmyşym. Sözler meniň bokurdagymda doňup galypmyşlar. - Hany, aýt, bol, aýt, sizde azatlyk barmy? - diýip, şol ýerdäkileriň bary meni gyssamaklaryny dowam etdiripmişler. Teý ahyr meniň sesim çykypdyr-da: - Bar... Köp, dos-doly - diýip samyrdapmyşym. - Siziň ýurduňyzda hemme azatlyklar barmy? - Sizi haýsysy gyzyklandyrýar? - Meselem, metbugat azatlygy? - Gulak goýuň, bar, bar... Bizde hemmesi bar. Ählisi dos-doly. Metbugat azatlygy-da bar. Isläniňçe bar. Meni goýberiň!.. - Eýsem sizde hemme azatlyklar bar-da onda? Men öz ýanymdan "Hökman daň hem atar... Bu elhenç düýş baky dowam edip bilmez-le. Her edip-hesip edip, ahyr daň atar, menem oýanaryn..." diýipmişim. - Sizde metbugt azatlygy barmy? - Aýtdym ahyryn, bar. Bar! - Hop ýagşy, emma metbugat hakdaky köne kanun entegem öz güýjünde diýýärler. Onda bu nähili azatlyk boldugymyş? - Bolsa bolupdyr-da köne. Siziň nä işiňizmiş... Ol kanun mundan beýläk ulanylanok-la... Biziň ýurdumyzda fatihiň Stambuly basyp almagyna peýdasy degen toplar hem bar, emma hiç kim olary ulanjak bolanok, olar öz başlaryna durlar, indi nä olary ýok etmelimi? Biz köne antidemokratik kanuny, it görse gözi agyrjak horluklary çekenimizi bilmek üçin bilgeşleýin ýatyrmaýarys ahyryn. Bizde metbugat azatlygy-da, gaýry azatlyklar-da bar. Azatlyklar şeýle bir kän welin, biz olary nätjegimizi-de bilemzok. - Siziň ykdysady ýagýayňyz ýaramaz, býužetiňiziň çykdajysy girdejisinden agdyk diýýärer. Siz bu baada näme aýdyp bilersiňiz? - Alla, ýa, Alla, men näme diýeýin? Men derläpdirin. - Näme men gaýdyp hiç haçan oýanmajakmykam? Şu düýş menden az däl! - diýip gygyrmaga başlapmyşym. - Seň dogryňy aýtmasaň, saňa ömrülla ukudan açylmak ýokdur. Men dogrymy aýtsam, öz ýurdumyň garşysyna wagyz-nesihat etdigim boljakmyş... Ýa, Alla, beýle bela-beter maňa nireden sataşyp ýörkä? - Biziň ýurdumyzyň ykdysadyýeti, siziň göwnüňize gelşi ýaly, şeýle bir ýaramaz däldir. Tersine, ol edil gözüňi deşip gelýändir. Kim ony görse, ol şeýle bir ýalpyldawukdyr welin, gözi gapylar... Býužete gezek geleninde bolsa, onda onuň girdeji-çykdajysy deňlenendir. - Men entegem uzak gürelejek ekenim welin, meniň sözümi böläýipdirler. Zaldakylaryň biri: - Hawa, onda siz kömege mätäç däl ekeniňiz-dä... Biz sizi özüňiziň dogrujaňyzy aýtmagyňyz üçin, sie kňmek bermekligiň hajaty bar bolsa, özüňize kredit açmaga, pul bermäge çagyrypdyk... Emma siziň işleriňiz gülala-güllük bolany üçin, kömek berip ýörmegiň zerurlygy ýok. Alla ýaryňyz! - diýipmiş. Şonda men akylyma aýlanypmyşym. - Näme? - diýip, men gygyryp goýberipmişim. Diýmek, meni daşary ýurt kömegini almaga wekil edip, komandirowka iberen ekenler. - ýagşy, emma siz näme üçin muny maňa öň aýtmadyňyz, men şoňa kybapdaş hemmesini bolşy ýaly gürrüň bererdim!.. - Hoş!.. Men gaty gynanjyma aglap başlapmyşym. maňa daşary ýurt kömegini almaklyk nesil edeňkirlän eken, men hemmesini garbap alaýmaly bolan ekenim. Emma men öz ýurdumyzy ýaramaz ýagdaýda görkezmek bilen, günä etdigim bolar öýdüp, ony elden sypdyrypmyşym. Men aglap oýandym. Entek daň atmandyr. Men çyrany ýakdym. Stoluň ýeňsesine geçip oturdym. Düýşümde çyndan aglapdyryn. Gözümiň ýaşyny süpürdim we şol elhenç düýşi beýan etmäge girişdim. Heý, bir wagt daň atmazmyka? Baý, bu gijäniň uzaga çekäýşini... Eziz NESIN. Rusçadan terjime eden N.ESENMYRADOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 24.08.1961 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |