04:51 Gaçan gutular... / satiriki hekaýa | |
GAÇAN GUTULAR...
Satiriki hekaýalar
Içim eljuk diýip duransoñ täze açylan naharhana sowuldym. Dogrusy, bu ýerik meniñ birinji gezek gelşimdi. "Garny doka bela ýok" bolsa, onda ol meniñ golaýyma-da gelmeli däl. Iýdim iýip bilenimi. Göjek ýaljak garnymy sypap turmakçy boldum. - Näme, sen gap-gaçlaryñy Puşkin ýygnar öýdýäñmi? - diýip, egni ak ýektaýly gelin ýeñimden çekdi. Men ötünç sorap, boşan tarelkalarymy ýygnaşdyrdym-da, eltip aýlanyp duran gaýyş çekiniñ üstünde goýdum. Daş çykyp sagadyma seretdim, entek wagt bar. Has dogrusy, okuwyñ başlanmagyna ýene-de ýarym sagat galypdyr. Pyýada gitsemem arkaýyn ýetişýän. Ýöräp ugranymam şoldy welin, güpbe bir zat ýadyma düşdi. Görsem elim boş, hany meniñ depderlerim? Yzyma dolandym. Baryp ýañky oturan ýerime seretdim. Hiç zat ýok. Görseñizläñ bu bolýan zatlary. Konspektlerim şol gap-gaçlar bilen bile aýlanyp duran çekiniñ üstüne ataýan bolsam nätjek. Nobatçy aýaldan haraý gözläp onuñ ýanyna bardym. - Bagyşlañ, men ýañy, ho, nemedip duran çekiñ... - Başymy agyrtma, jigi. O çekini men aýlamok, oña jogabam beremok. Ölümiñ öýünde oña ýagdaýy düşündirdim. Özelenip okuwdan gijä galýandygymy aýtdym. Ol ahyry yryldy. Meni yzyna tirkäp bir jaý bardy. Kabinetiniñ eýesi bilen tanyşdyrdy. Dogrusyny dogry aýtjak, ony görenimden depe saçym düýrükdi, bir hili hopukdym. Eý aman, beýle-de bir semiz adam bolar oguşýan. Lap edip aýtdygym däl, onuñ ini boýuna görä ýasyrak eken. Gaýa ýaly güberilip dur. Her näçe özümi ele aljak bolsamam bolmady. Sesim sandyrap çykdy. - D-d-daýza jan, ýañy nemedip, o nemämi... - Näme sakawlap dursuñ, ýa puluñy tölemän jyrjak bolduñmy? - diýip, ol al-petimden aldy. Men bolan zatlary bolşy ýaly edip oña gürrüñ berdim. Ol meniñ üstüme sorag baryny ýagdyrdy. - Jemi näçe depder bolmaly, olaryñ reñki nähili? - Iki sanydyr, daşy könelip giden. Özem biriniñ reñkä garadyr, beýlekisem goñyr. Ýanynda-da ýukajyk... - Bu ýerde zadyny galdyrýan özüñ ýaly erni suwly kän. Biz ony ýöne şeýle berip bilmeris. Direktoryñ adyna düşündiriş ýazyp, ertir pasportyñy alyp gelmeli bolarsyñ. Ýogsa-da depderiñ çyzyklydymy ýa-da kletka? Ýeser ýerde gaý tutdy öýdýän. Gözümi göge tutup oýlandym. Be, nähili bolanda onum bulara näme derkar ýeri barka? Daşdan ýasalan heýkele çalym edýän ol aýal meni hasam gyssady. - Näme bileñokmy?! Puluñ güýji bilen girenje gul diýerler saña. Ýa kakañ nemeräjik ýerde işleýändir. Bizem bu zatlara akyl ýetirýäs, çöregi ýeñsämizden iýemizok. Öz göterip ýören depderiñ nähilidigini bileñok, ekzameni nädip tabşyrdyñ? Wah, şu ýokary okuw jaýyna kabul edýänleñ başlygy özüm dagy bolaýsam bar-a, gözüñizde ot ýakjak-da... Men elimi-aýagymy ýitirip, öñküdenem beter aljyradym. Boýurganyp ýalbarmaga oturdym. - Başyña-gözüñe döneýin, daýza jan ýaşuly. Gaýrat ediñ, okuwymdan gijä galýan. Birinji sagadym filosofiýadyr, gaty bet mollum okudýa. Bizden "ýer ilki döräpmi ýa-da adam" diýip özüniñ bilmeýän zatlaryny soraýa. Ekzamende o meñ işimi görer. Düşünýäñizmi, daýza jan?! Ol edil soky daşy ýaly sarsman otyrdy. Be, men näme etsemkäm, heý bir yryp bolmazmyka muny. Inçe damarynam tapar ýaly däl, ýogsam tutaýjak welin. Ýene-de höre-köşe edenden gowusy ýokmukan öýdýän, gañryşyna bir gaýtmaýyn. - Daýza jan ýaşuly, ynanmasañyz baryñ barlap göräýiñ. Şo zatlaryñ arasynda Allanazarow Begnazaryñ "Ýiten onlugam" bolmalydyr. Walla çynym, dogrymy aýdýan. E-he, bu aýala bir zada boldy. Onuñ aýagynyñ aşagynda pružin barmykan-aý, edil gop berlen ýaly zöwwe ýerinden galdy. Iki elini stola diräp öñe egildi. Gyzyl dişlerini gyjyrdadyp gürledi. - Kimiñ ýitiren onlugy diýdiñ? Şo depderleñ arasynda kör-köpügem ýok, it uwlaýa. Biz ony eýýäm barladyk. Sen şeýdip bize ogurlyk ýöñkejek bolýañmy? Töhmetçi diýerler saña. Ýo-ýok, başartmaz. Pul diýilýän zat depderiñ arasyna salynýan däldir, ýa jübiñe syganokmy? Onsoñam ony kimiñ ýitirendigini bilýän bolsañ, näme üçin puly eýesine bereñok. Hä? Gel-gel, senjagaz dagam bizi soýjak bolýañmy. Biz näme zikge kakýandyr öýdýäñmi? Men depderdenem geçdim, beýlekidenem. Şu dawadan sag-aman başymy sypdyrsam oñdum. - Daýza jan... - "Daýza jan, daýza jan" diýip ýürege düşdüñ, meñ señ ýaly töhmetçi ýegenim ýok - diýip, ol meniñ sözümi böldi. Her zat etmeli welin ýagdaýy düşündirmeli, ähli zadyñ bulaşaýmagy mümkin. - Ýeññe jan, men sizden pul aljak bolamok, dogry düşüniñ. O meñ ýañky ýiten onluk diýýänim neme... - Hä-ä, gorkduñmy? Züwwetdin. Gyssaberseñ çybşylda uraýarsyñ asyl. Etjek bolýan pyrryldagyñ baş barmaz. Kim bilen iş salyşýanyñy bilmek gerek, ýoldaş student. Señ öñüñde oturan sähel ýalbaranda pagyş-para ereýän institutyñ mugallymy däl. Entek tozany direktirimiz gelende görersiñ. Okaýan ýeriñe hat ýazyp, ryswa ederis. Masgara edip, gazede ýazdyrys, häzirki žurnalistleñ gözleýäni şuñ ýaly pakt. O-ho-how! Bulardan gowy zada garaşmaly däl. Men ýuwaşjadan götinjekläp ugradym. Elbetde, niýetim gaçmakda. Onýança büdüräp ýykyldym. Stoluñ üstünde duran suwly grafin gaýtdy şakyrdap, üstüm öl-myžžyk boldy. "Asta gaçan namart" diýenlerini edip eñdim. Ulili bilen uwlap yzymdan gygyran aýalyñ sesi bütin şähere eşidildimikän öýdýän. - Gaçyp gitjek ýeriñ ýokdur. Depderde adyñ bar bolsa ýeriñ deşigine girseñem taparys!.. Yzymy garaman gaçdym. Ýüregime bir teselli beren zat, ol depderler özümki däldi. Dagy näme, konspekt-hat ýazyp, bu adamlar samsykdyr öýdýäñizmi? Okuwa salmany başaran kakam ony gutartmanam başarar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |