14:30 Galstugyñyzy... / satiriki hekaýa | |
GALSTUGYÑYZY...
Satiriki hekaýalar
Mekdebiñ direktory Meret Meýdanowiç başyny ýaýkap, telefon trubkasyny ýerinde goýdy. Onuñ bitişip duran ösgün gür gara gaşlary çytyldy. - Ow-ff, ýeri indi bi ikiarada barlagçy nämämiziñ görgüsi diýsene, onsuzam öz işimiz özümize ýetik ahyryn - diýip, ol sagadyna seretdi. Ikä çenli sanlyja sagat galypdyr. Howlukmaly. Biliñi berkje guşamasañ, bi mugallymlañ käbiriniñ ýüñ sakgal edäýmekleei gaty ähtimaldyr. Gygyryp durkañam, gözüñe çöp atjak bolşup durlar how! Ýok, bu işe ýüzleý garamak bolmaz, hut ministrligiñ özündenem wekil barmyş. Görseñizläñ bularyñ tapýan meselesini. Hawa, bulary mugallymyñ şahsy göreldesi, olaryñ üst-başy gyzyklandyrýarmyşyn. Golsuzja arza düşendir, hökman şeýledir. Wah, hany, o-ol öñki döwür! Akly-gyzylly çüýşeleri geleniñ öñünde setirläp goýsañ, olaryñ birenteginiñ iş bilen işi bolmazdy. Ah, döwür, döwür! Meret Meýdanowiç özüniñ iç gepletmesinden hasam howsala alyp, howlukmaçlyk bilen ýerinden turdy, elini ýakasyna ýetirip galstugyny düzedişdirdi. Nämedir bir zat güpbe ýadyna düşen ýaly, çalasynlyk bilen ýerine geçdi-de sekretar gyzy çagyrdy, oña anyk görkezme berdi. - Solmaz, çakganja bol-da, meniñ ýanyma häziriñ özünde fizika mugallymy Gullyny... - Ýarym geçirijinimi? - Sözümi bölme gürläp durkam, bi birinjiden. Ikinjiden bolsa, mollumlañ lakamyny tutmañyzy bes ediñ, olaryñam öz ady bar. Düşnüklimi? - Düşnükli. - Düşnükli bolsa diñle. Fizika mollumy Gullyny, onnan dilçi Durduny, ä-ä, ýene-de Bally bilen Şüküri meniñ ýanyma çagyr. Solmaz direktoryñ görkezmelerini ýerine ýetirmek üçin işige tarap ýöneldi, birdenem hyrra yzyna öwrüldi-de: - Meret Meýdanowiç, olar häzir sapakdadyr welin, jañdan soñ geläýsinlermi? - diýip sorady. Direktor beýle sowala garaşmadyk bolara çemeli, onuñ keýpiniñ gaçandygy daşyndanam bildirip durdy, kesgitli gürledi. - Keýgim, sen näme, türkmençä düşüneñokmy? Jañyñam bilemok, pañyñam, hut şuş-şu wagtyñ özünde gelsin. Solmaz sesini çykarman, çykyp gitdi. Heniz aradan wagt geçmänkä, direktoryñ gapysy açyldy. - Girmek mümkinmi? - Gel, Gully. Işigiñ agzynda duran Gully töweregine garanjaklap, elini owkalaşdyrdy. Direktoryñ içinden geçip gelýän garaýşy onuñ sussuny basdy. Ara düşen dymyşlygy direktoryñ özi bozdy. - Gully Girdenekowiç! - Men. - Bilýäs sendigiñi. Bi, üst-başyñ nähili how?! Mekdebe geleñde, mazalyrak geýnip bolanokmy, han-ha, iki dyzyñam çykyp dur, özem gum, görer ýaly däl, ýa... Gully eglip, dyzyny kakyşdyrdy, köýneginiñ eplenip duran ýakasyny düzedişdirdi. Onýança işik ýene-de açyldy, añyrdan iki mugallym birden girdi. - Hormatly direktor, çagyran ekeniñiz welin... Direktor dilçi Durdynyñ sözüni böldi: - Ýurdumyzyñ Azyk programmasyna goşýan goşandyñyz üçin köp sag boluñ, ýoldaş mugallymlar. Mellegiñizde gök önüm ösdürip ýetişdirýäñiz, bi gowy zat... Gürrüñiñ nirä syrykdyryljak bolýanyna özüçe düşünen Durdy dilewarsyrady. - Pomidoryñ täze hasylyny añyrsy birki günden öz öýüñizde görüp bilersiñiz. Başga wagt bolanda direktor bu habara begense-de begenerdi. Ýöne onuñ häzir girre gahary geldi, sesi sandyrap çykdy. - Nebsiñiziñ guly bolmañ. Işlemäñ aýby ýok, işlemeli. Ýöne... Ýene-de işik açyldy. Gapydan Bally boýnuny uzatdy. Aýak üstünde sömelişip duran mugallymlary görüp, ol birhili tisgindi, girmän gapyny ýapjak boldy. - Gir, jyklap durma-da. Meret Meýdanowiçiñ azmly çykan sesini eşiden Bally rejäñ geñ däldigini añdy. Ýuwaşlyk bilen girdi-de, müýnli ýaly sesini çykarman, öñki duranlaryñ arasyna goşuldy. Direktor olara ýagdaýy düşündirdi. - Üst-başyñyzy oñaryñ. Häziriñ özünde öýüñize gidiñ-de, eşikleriñizi çalşyryp geliñ. Ýakañyzam galstukly bolsun. Gürrüñ gutardy, eñiñ. Galstuk sesini eşiden dört mugallym dört ýerden biri-biriniñ ýüzüne soragly seredişdiler. Olar tirkeşip, direktoryñ kabinetinden göni obañ dükanyna bardylar. Dürli reñkdäki aslyşyp duran galstuklara gözi düşen mugallymlaryñ dünýesi giñän ýaly boldy. - Hany bularyñ taýýar dañylgysy ýokmy how? - diýip, dilçi Durdy ekabyrsyrady. Kimdir biri bilen söwda edip duran satyjy "ýok" diýen äheñde başyny ýaýkady. - Mekdepde galstuk dañyp bilýän bardyr-la, alalyñ, dañdyrarys-da - diýip, Şükür elinde saklap duran galstugyny ýakasyna tutup gördi. Olaryñ hemmesi hyrydarlyk bilen Şüküre seredişdiler. Söwdasy oñan täjirler mugallymlar başyny dik tutup, epeý-epeý ädimläp mekdebe tarap ýöneldiler. Direktor olary howlynyñ agzynda garşylady. - Galstugyñyzy düwmäge adam taparys welin, ýöne ony mugallymlar jaýynda goýup gidiñ, öýüñize äkitseñiz, çagalaryñyz düwünini çigişdirermi nädermi. Barlagçylarym bu gün däl-de, ertir geljekler, ýañy raýondan tilpun etdiler - diýip, direktor olaryñ elindäki galstuklaryny synlady. Mugallymlar üstlerinden agyr ýük aýrylan ýaly ýeñillik bilen dem aldylar. Ýylgyryşyp biri-biriniñ ýüzüne seredişdiler. Soñra olaryñ hersi öz klasyna tarap ýöneldi. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |