GARAGUM KANALY HAKDA
Bu kanalyň gurulmasynyň sebäbi hakdaky hakykaty men türkmen halkymyň bilmegini isleýärin. Bu kanalyň gurulmasynyň sebäbi türkmen halkynyň islegi boýunça däl, ýok, ol Türkmenistanda köp pagta hasylyny öndürip, merkeze çekmek üçin gurlupdy.
1954-nji ýylda SSSR Ministrler Soweti «1954 – 1958-nji ýyllarda Türkmenistan SSR-nde pagtaçylygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda» ýörite karar kabul edýär. Şol pagta maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçinem Türkmenistandaky tarp ýerlere suw eltmeli. Ine, şu maksat bilen hem türkmen topragyndan köp pagta hasylyny almak üçin Garagum kanalynyň birinji nobatdakyny gurmak bellenilýär.
Kanal dört nobatda guruldy. Birinji nobatkysy Başsaka – Mary aralygydy. 1960 – 1962-nji ýyllarda kanalyň ikinji we üçünji nobatdakylary guruldy. 1960-njy ýylyň maý aýynyň 12-sine Jeýhunyň suwy Aşgabada getirildi.
* * *
Türkmen topragynyň üstem hazyna, astam hazyna. Sowet hökümeti muny bilýärdi.
Türkmenistandan üsti çig mal ýükli uzyn-uzyn wagonlaryň yzy üzülenokdy.
Allatagala türkmene – dogrusyny dogry aýtmak gerek – eçilip bilipdir. Her näçe alynsa-da, gory egsilenok.
SSSR-e köp, gaty köp gerekdi, doýdumy-doldumy ýokdy, şonuň üçin hem altmyşynjy ýyllarda SSSR-iň 500-e golaý metallurgiýa kombinatlarynyň işlemegi üçin örän zerur bolan türkmen bişofitiniň öndürilişi 3 esse, tehniki uglerodyň öndürilişi bolsa 2,6 esse artdyryldy. Natriý sulfatyny, kükürt kislotasyny, ýodly kalini öndürýän liniýalaryň kuwwatylygy artdyryldy, kükürtli-turşy alýuminiý, azot kislotasyny almatlyk ýola goýuldy. Kükürdiň, tehniki uglerodyň, ýodly kaliniň we beýleki önümleriň hili ýokary bolup, olar daşary döwletlere satylýardy.
Türkmenistanda, gaz, nebit, nebithimiýa, himiýa senagat pudaklary örän çalt depginler bilen ösdürildi. Ýöne olar «haty-çoty» bilen soýuz ministrlikleriniň ygtyýaryndady. Ol ministrlikler respublikanyň ýerasty baýlyklaryndan düşýän girdejiniň 1 göterimini onuň býujetine geçirmelidiler. Emma şolam yzygiderli geçirilmedi.
Respublikanyň senagatynyň beýleki pudaklarynda edilen işlerem az däl. Ýeňil, ýerli, aýna, pagta arassalaýjy, ýüpek, ýüň, gön, azyk, balyk senagatynda täze kärhanalar, tehnologik liniýalar işe girizildi. Ýöne senagatyň bu pudaklarynda öndürilýän önümleriňem köp bölegi ýurduň beýleki raýonlaryna ibermek üçin niýetlenýärdi. Mysal üçin, 1985-nji ýylda respublikada pagta süýüminiň 348 müň tonnasy (1965-nji ýylda 150 müň tonna), çig ýüpegiň 280 tonnasy (1965-nji ýyla 272 tonna) öndürildi, şolaryňam bolaýsa ujypsyz bir bölegi taýýar önüm öndürmek üçin ýerli kärhanalarda galdyrylyp, galany ýurduň degişli raýonlaryna iberildi. Gidýän zatlar başga-da köpdi: nahar duzy, ýuwulan ýüň, buýan köki, garaköli bagana, haly, çigit ýagy we ş.m.
Pagtaçylyk, gök-bakjaçylyk bilen bir hatarda, garaköli goýundarçylyga uly üns berildi. Garakölçülik sowhozlarynyň 34-si bolup, dürli reňkli sur baganalary taýýarlamak ýola goýuldy. 1965-nji ýylda respublikada taýýarlanan garaköli bagana 1.176 müňe ýetdi. Ýöne merkeziň «ýumşak altyna» bolan islegini kanagatlandyrmak üçin bu sany hiç bolmanda 1.300 müňe ýetirmelidi. 1980-nji ýylda bu tabşyrygam berjaý edildi. Emma garakölçülikde emeli tohumlandyryş usulynyň (SŽK) juda çendenaşa köp ulanylmagy mallaryň tebigy seleksiýasyny zaýalady, tohumyny peseltdi. Bagana-da ýoýuldy. Wagtynda dünýä bazarynda sarpasy tutulan türkmen garaköli baganasy ambarlarda baslygyp galdy.
Respublikanyň ykdysadyýeti soýuz ministrliklerine baknady. Olar edenini edip, goýanyny goýýardylar. Türkmen topragynyň mineral-çig mal serişdeleri, halkyň milli baýlygy talanýardy. Türkmenistanyň ilaty SSSR-iň ilatynyň 1 göteriminiň sähel köprägini tutýardy. Emma ol ýurtda öndürilýän bişofitiň, ensomitiň, glauber duzunyň 100 göterimini, kükürdiň, tehniki ýoduň, bromyň 50, tehniki uglerodyň 40, tebigy gazyň 16, garaköli baganynyň 20, pagtanyň 14, piläniň 7, ösümlik ýagynyň, süýdüň, ýüňüň 3, üzümiň 2 göterimini we başga-da köp önümleri öndürýärdi. Türkmen topragynyň astyny, üstüni tozduryp, halkyň şunça baýlygyny alyp, ýene-de oňa «sen dotasiýada otyrsyň», ýagny iýen nanyna degmez ýalýagysy diýýärdiler. Bu, iň bärkisi, ahlaksyzlykdy.
1988-nji ýylda SSSR-de 624 million tonna nebit çykaryldy. Şol ýyl dünýäde nebit çykarýan döwletleriň ilkinji onlugyna girýän ABŞ 455 million tonna, Saud Arabystany 251 million tonna, Meksika 143 million tonna, Hytaý 135 million tonna, Yrak 128 million tonna, Welikobritaniýa 115 million tonna, Eýran 113 million tonna, Kuweýt 73 million tonna, Nigeriýa 70 million tonna nebit çykardy. 70-nji ýyllarda Türkmenistanda her ýylda 16 million tonna nebit alynýardy.
1988-nji ýylda SSSR-de 770 milliard kub metr gaz çykaryldy. Şol sanda hut Türkmenistandan çykarylýan gaz 88 milliard kub metre barabar boldy. Şunça gazy, mysal üçin nebite öwürsek, takmynan 80 million tonna nebit bolardy. Munuň üstesine, öňki 5 million tonna nebiti goşsak, bu görkeziji 85 million tonna nebite ýeter. Diýmek, Türkmenistan çig mal çykarmakda Nigeriýadan däl, eýsem ilatynyň ýaşaýyş derejesi boýunça ilkinji orunda durýan Kuweýtden hem öňe geçip, dünýäde esasy nebit çykarýan döwletleriň onlugyna girjek eken.
Türkmen gazynyň 85 milliard kub metrden gowragy tebigy, 3 milliard kub metre golaýy bolsa nebitiň gapdaly bilen çykýan ugurdaş gazdyr. Jemi çykarylýan 88 milliard kub metr gazyň 95 göterimi, ýagny 83,6 milliard kub metri respublikanyň çäginden daşary iberilýär, 5 göterimi (4,4 kub metr) respublikanyň özüne satylýardy.
Sowet hökümeti gazyň uly bölegini daşary ýurtlara satýardy. Elbetde, mundan has uly girdejiler alynýardy. Respublikanyň çäginden daşardaky şu guramalaryň türkmen gazyny satyp alýan girdejilerinden Türkmenistan ýeke köpük hem peýda görenokdy.
1982-nji ýylyň maý aýynda SSKP MK-nyň plenumynda Azyk maksatnamasy kabul edilip, ilata «hä diýmän ýaplardan bal akjakdygy» wada berlen bolsa-da, netije çykmady, milletiň aglabasynyň saçagynda diňe çörek galyp, beýleki azyk önümleri ýitdi. Oňa derek arak-şerap suw bolup akdy. Elbetde, respublikada gök-bakja, üzüm, hatda injir, badam, pisse öndürilişi ýyl-ýyldan artýardy. Mysal üçin, Guşgy etrabynda, Köpetdagyň gerişlerinde 50–60 müň gektar meýdany tutýan pisse agaçlaryndan müňlerçe tonna hasyl ýygylýardy. Ýöne ol ilatyň dişine-de degmän, «mertebeli» ýerlere ýüklenilýärdi.
Tebigatyň meseleleri ýitileşdi. Aral basseýninde ýerleşen Daşoguz etraplarynda ýagdaý ýaramazlaşdy. Bu ýerde içilýän suw biçak şorlaşyp, iç keselleriniň epidemiýasyny döretdi. Bag-bakjalar gurap başlady. Emma Aralyň barha gurap-tozap, tutuş sebitiň ilatyny gözgyny ýagdaýa sezewar etmegi «belent mertebeli» çinownikleriň rahatlygyny bozup bilmedi. 1980-nji ýylda Garabogaz bilen Kaspi deňziniň arasyny baglaşdyrýan bogaz petiklenildi. Sebäbi Garabogaz deňziň suwuny sorup ýatanmyş. Ýogsam aýlagyň alýan suwunyň deňiz akwatoriýasynyň derejesine bary-ýogy 0,5 – 1 santimetr tapawut berýändigi bellidi. Şeýle hem ol peýdaly magdanlaryň hemmesini diýen ýaly özünde jemleýän ägirt hazynady. Deňziň artykmaç duzlaryny özüne çekip, «saglygyny» kadaly saklaýan tebigy laboratoriýasydy. Bogaz petiklenen soň aýlag guramak bilen boldy. Sebitiň howasy hapalanyp, dem almak kynlaşdy. Şol barmana deňziň derejesi ýokary galyp kenar ýaka port desgalaryny, ýaşaýyş jaýlary basyp başlady. Deňizdäki bekre, takgaz ýaly örän gymmatbaha balyklar süri-süri bolup gyryldy.
Türkmenistanyň suw gorlary, suwlulygy boýunça ortaça 25 milliard kub metre barabar hasaplanýar. Onuň esasy bölegi – 92 göterimi ekerançylyk üçin peýdalanylýar. Suwuň 22 milliard kub metrini Amyderýadan, galan 3 göterimini Murgap, Tejen, Etrek, Sumbar derýalaryndan alýar.
* * *
1961-nji ýylda SSKP-niň XXII gurultaýynda partiýanyň üçünji maksatnamasy kabul edildi. Şol maksatnama laýyklykda aňyrsy iki onýyllygyň içinde (1961 – 1980-nji ýyllarda) ýurtda kommunizm gurmak bellenilýärdi, eşretli kommunizm eşretinde ýaşamaklyk wada berilýärdi. Bu maksatnama halkyň partiýadan ynamyny ymykly gaçyran maksatnama boldy. Halk Durdy Gylyjyň «Indi bildim bolşewigiň kimdigin, soňy gelmez ýaňradygyn, paňdygyn» diýişi ýaly, partiýanyň berýän sözi bilen edýän işiniň deň gelmeýändigine, galp şygara duwlanýandygyna doly göz ýetirdi.
XX asyryň başynda zorluk, zulum, uly gan dökülip gurlan kommunistik SSSR döwletinde 1987-nji ýyldan başlap jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň, milletleriniň agzalalygy, haramçylygyň çenden çykanlygy sebäpli döwletde hökümet, häkimlik gowşady, tertip-düzgün ýitip başlady. Şol taryhy pursatda syýasy-ykdysady ýagdaýyň SSSR-de erbetleşýändigini duýup, özygtyýarlygy isläp, 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň adyndan Jarnama bilen çykyş etdi. Şonda Türkmenistanyň bütin çäginde häkimiýetiň hökmürowanlygyny, öözbaşdaklygyny, doly ygtyýarlylygyny, mizemezligini, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda özüniň garaşsyzlygyny we deňhukuklylygyny, döwlet özygtyýarlylygyny kanuny taýdan durmuşa geçiriljekdigini yglan etdi.
Soňky iki aýyň içinde döwletdäki syýasy, ykdysady gatnaşyklar doly diýen ýaly kesildi. Durmuş öz talaplaryny öňe sürdi. SSSR-iň düzüminde garaşly, ygtyýarsyz ýagdaýda uzaga gidip bolmajakdygy, halky bagtyýarlykda ýaşadyp bilmejekdigimiz aýdyňlaşdy.
Ata-baba arzuw edilen taryhy pursat geldi. Şol döwürde Saparmyrat Nyýazow öz kärdeşleri bilen garaşsyz döwlet döretmek üçin gijäni gündiz edip, ýadawsyz zähmet çekmeli boldular, kynçylykdan gaçmadylar. 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň geňeşini geçirdik, onda türkmeniň taryhy karary – Türkmenistan döwletiniň garaşsyzlygyny ebedi ykrar etdi.
Indi türkmenler öz ýakasy, öz eli bilen täze çatynja ýaly öýüni dikeltmeli, güzeranyny oňarmaly, durmuşyny ýola goýup, ekin-dikiniň, mal-garaň bilen bolmaly...
Müňlerçe asyrlap otdan-suwdan geçen türkmen geljekki nesline örän jogapkärli garap, täze tutulan öýüň ile goşulyp, il hataryna düşüp gitmegi üçin köp alada edipdir.
Biz täze döwlet: bize iňňeden başlap uçara, däri-dermandan kompýutere çenli hemme zat gerek. Biz ozal çaýy Nusaýda ataryp, odunyny Orsyýetden getirip gördük, biz ozal Maryda pagta ekip, Ýewropada mata etmäge iberdik.
Baýlyk kändir doganda, baýsyň günüň özünden dolansa – diýip, atalarymyz pent edipdir.
Biz SSSR-den dostlugy alyp galdyk, emma onuň duşmançylygyny kabul etmedik.
Biz ozalky dostlarymyz bilen saçakly gatnaşarys, täze dostlar tutunarys, duşmançylygymyz bolsa ýok, bize-de duşman boljak bolup ary köýüp ýatan ýok. Onsoň dürli-dürli syýasy, ykdysady, harby bileleşikler nämä gerek!
Türkmen taryhynyň dördünji eýýamynyň ruhy aýratynlyklary hakda:
Türkmen milli ýolunyň taryhy – wagt taýdan kemala gelşiniň basgançaklary hökmündäki eýýamlary aşakdaky ýaly göz öňüne getirip bolar:
Oguz han Türkmen eýýamy – ezeli eýýam.
Gorkut ata Türkmen eýýamy – başlangyç eýýam.
Görogly beg Türkmen eýýamy – orta eýýam.
Magtymguly eýýamy – täze eýýam.
Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk eýýamy – iň täze eýýam.
Bu eýýamlar biri-biri bilen hemmetaraplaýyn baglanyşyklydyr, bir bitewülikdir. Öňden gelýän eýýam özünden soňkyny taryhy taýdan şertlendirýär, soňky eýýam özünden öňkiniň taryhy netijesi bolup durýar.
Şolaryň içinde Magtymgulynyň eýýamy häzirki türkmen üçin iň ýakyndaky bir eýýamdyr. Sebäbi taryhy eýýam hökmünde Magtymgulynyň eýýamy ýaňy-ýakynda – geçen asyryň 90-njy ýyllarynda tamam boldy. Çünki Garaşsyz we Bitarap Türkmen döwletiniň gurulmagy bilen beýik akyldar Magtymgulynyň milletiň öňünde goýan taryhy wezipesi amala aşdy, onsoň täze bir taryhy döwür başlandy.
Elbetde, men diňe taryhy döwürler manysynda aýdýaryn. Emma ruhy manyda, türkmen halkynyň ruhy-ahlak tejribeleri we gymmatlyklary manyda entek türkmen milleti ýaşaýarka, Oguz han Türkmen ýa-da Gorkut ata, Görogly beg ýa-da Magtymguly geçmişe gitdi, geçmişe öwrüldi diýmek bolmaz.
Taryhy Allanyň erki kesgitleýär.
Allanyň taryhdaky erki, ilkinji nobatda, utgaşdyryjy erkdir. Ol erk taryhy zerurlyk bilen mümkinçiligi utgaşdyrýar.
Allatagala her bir beýik taryhy şahsyýeti, ozaly bilen, ösüşiň mümkinçiliginiň serişdesi hökmünde orta çykarýar. Mümkinçilik zerurlyga jogapdyr.
Magtymguly Pyragynyň derejesi şahyryň derejesinden has beýikdir. Şonuň üçinem onuň ruhy ýoly hatda iň beýik şahyryň tapan ýolundan has uludyr we has giňdir. Ol guran eýýamynda durmuşyň täze talaplaryna laýyklykda aňdan geçirip, türkmene elýeterli eden danadyr. Bu beýik ynsanyň taryhy hyzmatlaryny şeýle düşündirmelidir: Magtymguly Pyragyny türkmeniň döwletsizlik pajygasy we döwletsizlik derdi öňe çykardy. Ol bitewi bir döwletiň zerurlygyny öz milletine ruhy, ahlak we pelsepewi nazarýetlerden çuňňur düşündiren şahsyýetdir. Milletiň täze bir belentlige galmagy üçin zerur bolan ruhy gözýetimleri we täze ahlak gymmatlyklaryny açan akyldar Magtymguly Pyragydyr. Ol öz taglymatynda orta asyrlaryň beýik türkmen döwletleri dargandan soňky başdan geçiren taryhy ýaşaýşymyzyň jemini jemledi hem-de şol esasynda täze ýörelgeleri görkezdi.
Türkmeniň döwletsizlik pajygasyny beýik akyldar öz şahsy dert-elemi, öz pajygasy hökmünde kabul etdi. Onuň döredip giden ahlak hem-de ruhy gymmatlyklar ulgamynyň düýp manysy-da şuňa syrygýardy: türkmen millet hökmünde saklanyp galjak bolsa, onda ol täze ýörelgelere geçmeli hem-de bir syýasy-döwlet ýaşaýyş usulyny esas edinmeli.
Şeýle taglymata gelmek üçin Magtymguly köp zatlary öwrenipdir. Onuň türkmeniň eýýamynyň ruhy pelsepesini beren ynsan derejesine ýetmegi aňsatlyk bile bolup geçmedi. Ylaýta-da akyldaryň ýaşlyk, ýigitlik ýyllarynyň çylşyrymly durmuş we ruhy gözleglerden ybarat bolandygyny ýatda saklaň.
Milletine yäze ýoly görkezmek üçin ol, ilki bilen, türkmeniň milli geçmişini içgin hem-de anyk öwrendi. Onuň pikirleri Hoja Ahmet Ýasawynyň, Rumynyň, Ýunus Emräniň, Nejmeddin Kubranyň, Burhaneddin Siwasly Türkmeniň, Nagyşbendiniň, Mäne Babanyň, Baýram hanyň pikirleri bilen äheňdeş gelýär. Ol bu ärleriň pikirlerini soňuna çenli öwrendi we täze eýýama laýyk täze bitewi ýörelgäni bina etdi.
Magtymguly Pyragynyň öňki türkmen ruhy taryhy bilen baglanyşygy hakynda şuny aýtmalydyr:
Magtymgulynyň sesi beýik türkmen imperiýalarynyň soňky ýaňydyr!
Onuň howalasynyň juda belentligi, sözüniň juda esaslylygy hem-de aşa çuňňurlygy we giňligi şunuň bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem men aýdýaryn:
Magtymgulynyň taglymaty diňe bir XVIII asyryň önümi däldir.
Magtymgulynyň taglymaty XVIII asyrda biri-birinden bihabar sanlyja taýpanyň ruhunyň şöhlelenmegi däldir.
Magtymgulynyň kökleri türkmeniň has ozalky beýikliginden we ägirtliginden gaýdýandyr.
Şonuň üçinem onuň akyldarlyk gabarasy we pikirleriniň gerimi XVIII asyryň pese düşen ruhunyň içine sygmaýar.
Şahyr milletine täze ýoly görkezmek üçin bütin adamzadyň, ylaýta-da Gündogaryň ylmyny we pelsepesini ilik-düwme öwrendi.
Magtymguly adamzat kalbynyň şahyrydyr.
Magtymguly dünýäniň akyldarydyr. Ol umumyadamzat şahyrydyr. Hut şonuň üçin-de Magtymguly bir göwne, bir ömre, bir döwre sygmaýar. Ol ähli göwünleriň, ähli döwürleriň şahyrydyr.
Ol dünýäniň ähli ylymlaryndan baş çykaran beýik ynsandyr. Men ony Sokrat, Aristotel Eflatun, Eýnşteýn ýaly äpetler bilen bir hatarda goýýaryn.
Türkmenleriň Magtymgulyny pygamber, weli derejesinde goýandygyny hemmämiz bilýäris. «Magtymguly geçeni-geljegi, bolany-boljagy bilen adamdyr» diýip türkmenler hasaplapdyr. Bizde şeýle ýokary derejede goýlan şahsyýetler gaty bir köp hem däldir.
Halkyň akyldara şeýle garaýşynyň anyk taryhy manysynyň bardygyny aýtmalydyryn: geleni-geçeni bilmek – munuň özi ilkinji nobatda türkmeniň taryhy ykbalyna degişli zatdyr. Şu manyda bolsa Magtymguly türkmeniň özünden öň hem beýik millet bolandygyny, özünden soň hem beýiklige ýetjegini bilen, gören adamdyr. Diňe bir özi bilmän, eýsem halkyny hem ynandyran beýik adamdyr.
Ine, biz Magtymgulynyň bu beýikligine – halky ynandyrmak, ruhuny götermek ukybyna eýermelidiris. Ýogsa weli şahyryň öz döwründe türkmeniň taryhy ýagdaýy pese düşüpdi ahyryn. Magtymguly şunuň sebäplerini doly öwrendi we milleti ýokary götermegiň ýalňyz ýoly ony ruhy taýdan galkyndyrmak diýip netije çykardy.
Pikir edip görüň: türkmende şahyr hem köpdi, akyldar hem, alym hem, weli hem köpdi. Emma olaryň hiç biri-de Magtymgulynyň belentligine ýetip bilmedi. Sebäbi olaryň hiç biri millete täze ruhy daýanç, milletiň taryhy ömrüni uzaltjak täze ruhy höregi berip bilmedi.
Türkmen halkynyň täze eýýamdaky mertebe, ar-namys, ynsan ölçegleri beýik Magtymgulynyň şygryýetiniň özenini tutýar.
Magtymguly yslam edebiýatyny dolulygyna öwrenip, zehin eleginden geçirip, sada, düşnükli dilde – täze eýýamyň dilinde öz halkyna bagyşlan ynsandyr.
Magtymguly türkmen halkynyň owazyny, namys-arynyň päkligini türkmen diline ýugrup, öz halkyna beren ynsandyr.
Magtymguly türkmen halkyny näçe asyrlyk döwletsizlikden soň ilkinji bolup döwletlilige, birleşmäge çagyran, oňa göni ýol görkezen ynsandyr.
Magtymguly – täze eýýamda ilkinji bolup milletiň ynsap, hukuk kadalaryny kesgitlän ynsandyr.
Magtymguly türkmeni bu bäş günlük dünýede mertebeli, namysly-arly ynsan bolup ýaşamaga çagyran akyldardyr.
Magtymguly türkmeniň ahlak düzgünleriniň ýokary derejä galmagyna, dünýä gymmatlyklaryna, türkmeniň beýiklik döwürleriniň gymmatlyklaryna laýyk gelmegini uslän adam.
Magtymguly diýlende beýik akyldaryň – jemgyýete täsiri, adamlara täsiri, ynsanyň aňyny-bilimini üýtgedişi, adamlaryň kalbyny tämizleýşi, halallyga getirişi göz öňüne gelýär.
Onuň taryhy manysy we ähmiýeti hakynda bir agyzda muny aýtmalydyr:
Magtymguly türkmen döwletiniň berkararlygy üçin zerur kadalary ýazyp gidipdir.
Ol kadalar syýasy we jemgyýetçilik-hukuk kadalary däldir, olar ahlak-ruhy kadalar we ýörelgelerdir.
Şahyryň öz milletiniň ösüşinden has öňe gidendigini aýtmalydyrys.
Magtymguly türkmeniň döwlet bolup ýaşamagy üçin zerur ahlak sypatlaryny terbiýelemelidigine düşündi. Ol öz döredijiliginde şol sypatlary hemmetaraplaýyn hem-de jikme-jik beýan etdi. Onuň ahlak hem-de ruh baradaky pikirleri umumy we howaýy zatlar bolman, hut döwletsizlik zerarly türkmeniň pese geçen zamanynyň şertlerinden, şol zamana jogap hökmünde dörän pikirlerdir. Şahyr döwlet gurmak işini her bir türkmeniň içki kämilligini – ahlak we ruhy kämilligini gazanmakdan başlamaly diýen beýik taglymaty döretdi.
Akyldar beýle taglymata birden gelmedi.
Ol bu pikire orta ýaşlarynda geldi.
Ýigitlik ýyllary bolsa onuň göwnüne adamlary çagyryş bilen bir akyla uýdurmak boljak ýalydy. Ol Ahmet Dürranynyň, beýleki şahsyýetleriň yzyna eýerip, türkmeni bir agza bakdyrmak üçin kän-kän ylgady. Magtymguly Ahmet Dürrany bilen ençeme gezek hemsöhbet bolupdy, onuň bilen şygryýet älemine girip, goşgy-gazal okaşypdy, dünýäniň çar künjüne ýaýran türkmenleriň agysyny hem aglaşypdy, şonda ähli türkmenleri birleşdirmegiň arzuwyny hem edişipdi. Şol pikir bilen Magtymguly ahmet Dürrany gol ýapypdy. Ahmet Dürrany hem şu pikirdedi. Ýöne şalaryň ýetip bilmeýän arzuw-telwaslary-da az däl ahyryn.
Ahmet Dürrany türkmen serdarlaryna birleşik, agzybirlik maslahatyny etmek üçin gör näçe gezek hat üsti bilen çakylyk iberdi. Şol çakylyk esasynda Magtymgulynyň doganlary we birnäçe türkmen serkerdeleri Ahmet Dürranynyň huzuryna gidýärler. Şol giden türkmen serdarlarynyň arasynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýedinji arkasy Agöýli serdaryň kakasy Süleýman bilen gidendigi taryhy ýazgylarda galypdyr.
Dört yklymyň şasy, dört jygaly täç geýen Nedir şa hem Mugan çöllüginde ähli türkmen serdarlaryny ýygnap, uly gurultaý geçiripdi. Nedir şa ähli türkmenleriň başynyň jem bolmagy üçin yhlasy az etmändi. Ýöne «Her kellede han otyr» düşünjesi birleşmäge ýol bermändi.
Magtymguly gaty kän alada etdi, gaty kän adamlar bilen gürleşip çykdy. Emma bu hysyrdylaryň bary iň soňunda netijesiz boldy. Ol şonda iki zada bek düşündi.
Birinjiden, türkmeniň öz-özüniň agzy birikmese, daşyndan gelip, milleti agzybir etjek adam bolmaz.
Ikinjiden, adamlar – ylaýta-da, halkyň öňüne düşýän kethudalar milletiň birikmeginiň zerurlygyna düşünenoklar. Döwrüň ýeten ahlak, ruhy garyplygynda munuň şeýle bolmagy mümkin hem däl. Şonuň üçinem Azadynyňky ýaly ýöne bir syýasy ýa-da dini-syýasy çagyryşlar, bolsadylar asla ýeterlik däl. Milletiň juda uzaklara gidýän ruhy hem ahlak özgertmesi gerek. Döwlet gurmagy ahlagy we ruhy baýatmakdan hem-de kämilleşdirmekden başlamaly.
Akyl-paýhasy we ynsanyň içki kämilligini baş maksat hem-de baş gymmatlyk edip goýmaly.
Magtymguly ilkinji bolup bütin türkmen ruhunyň taryhy gazananlaryny hut şu nukdaýnazardan jemledi we ruhy-ahlak gymmatlyklara şol nazardan gutarnyklylyk hem-de ulgamlylyk häsiýetini berdi.
Ol diňe bir öz taglymatyny döretmek bilen çäklenmän, eýsem ony milletiň goldanýan baş gymmatlygyna öwürmegi hem başardy.
Munuň üçin şahyr türkmene şahsyýet nusgasyny berdi.
Ol öz eserlerinde köplenç ýaş, berdaşly ýigitler hakynda söz açýar. Onuň eserleri hut şeýle ýigitlere-de niýetlenendir. Çünki beýik akyldar milletiň beden hem ruhy güýjüniň hut ýaşlarda jemlenýändigine oňat düşünipdir.
* * *
Magtymgulynyň döreden şahsyýet nusgasy – goç ýigitdir. Goç ýigit – ýokary ahlak sypatlary özünde jemlän şahsyýetdir. Oňa rehimdarlyk, kiçigöwünlik, iliň bähbidi üçin ýaşamak, pespällik we ruhubelentlik mahsusdyr. Ol öz töweregindäkileri äsgermezçilik edenok, gaýta, öz bähbidini, öz isleglerini basyp, il bile ylalaşyga gelmegi başarýar. Şeýle ýigide türkmençe arkaly adam diýilýär.
Şahyr öz goşgularynyň köpüsinde goç bile gurdy, goýun bile möjegi gapma-garşy goýýar. Has giň jähetde aýdanyňda, munuň özi türkmeniň döwletsizlik eýýamynda durmuşda agalyk eden şahsyýet görnüşini – gurdy inkär etmekdir. Çünki ol şahsyýet özüniň dyzmaç meýilleriniň yzyna düşýär, özüniňkiden başga zady bilmeýär. Şeýdibem, uly iliň bähbidi we ary köýýär. Bu hili sypat, elbetde, göçme manyda gurda mahsusdyr.
Ili hormatlamak – adamy, ýanyndaky janly adamy hormatlamakdan başlanýar. Sebäbi il şeýle adamlaryň köplüginden emele gelýär. Il-gün ýöne bir howaýy düşünje däldir.
Şuňa akyl ýetiren akyldar adamy, adam şahsyýetini hormatlamagy goç ýigidiň esasy sypaty hasaplaýar.
Gurt ýaly bolmaly däl-de, goç kimin mert, goýun kimin parahatlyk söýüji, hoşniýetli bolmaly. Şonda adam hem, tutuş il hem döwlet tapar.
Döwlet bolsa ruhy beýiklik hem-de ruhy sazlaşykdyr. Döwlet Magtymgulynyň taglymatynda – ruhy ýol-ýörelgesinde diňe bir syýasy düşünje däldir. Şu manydaky döwlet düşünjesi, umuman, Magtymgulyda mukdar taýdan az orun tutýar. Has köp orun tutýan manyda döwlet – ruhy-ahlak düşünjedir. Döwlet jemgypetçilik ylalaşygy, ruhy-ahlak jebisligidir.
Islendik manydaky döwletlilige ýetmek üçin şahsyýet öz-özüni çäklendirmän, öz isleglerini agyzdyryklamany başarmalydyr. Akyldar degişli eýýamda türkmeni baýnatmaýan häsiýetiň biriniň hem kakabaşlyk, men-menlikdigine oňat göz ýetiripdir. Men-menlikden el çek, il bile bol, il oňlasa, atyňy soý, il bile gelen toý-da baýram, hatda horlansaňam, urulsaňam il ýagşy diýen pelsepe Magtymgulynyň ýolunyň baş ýörelgesidir. Çünki diňe ili, halky şeýle jebis bitewülige öwürmek arkaly millete ýokary göterip, döwlete ýetmek mümkin.
Şeýle pelsepäniň taryhy durmuş tarapyndan şertlendirilendigini aýtmak gerek. Türkmen beýik döwletdir beglikdir, hanlyklar eýýamynda şeýle pelsepäni ýöretmese-de ýöretmezdi. Çünki maddy, syýasy, harby taýdan güýçli hem gurnalan millet has hem ýokary galmagyň aladasynda ýaşaýar. Şahsyýet özüni çäklendirmek däl-de, özüni doly ykrar etmek barada pikir edýär. Hany o eýýam?! XVIII asyrda pessaý uçmaly, ýorganyňa görä aýak uzatmaly bolupdy. Indi milletiň içki ruhy düzüminde özgertme geçirmeli we ony täze gymmatlyklara ugrukdyrmalydy.
Magtymguly türkmene mert ýigit nusgasyny berdi. Bu mert ýigit öňki eýýamlaryň mert ýigidinden düýpli tapawutlanýandyr. Indi onuň mertligi Gorkut atadaky ýa-da Görogludaky ýaly baş kesip, gan dökmek bilen ölçenilenok. Hatda eli gylyçly bolaýanda-da, gylyç oňa diňe goranmak üçin gerek. Ýöne oňa gylyçdan hem beter ahlak, ynsap ölçegleri gerek.
Mertlik – durmuşdaky adam gatnaşyklarynyň hadysasydyr. Şahyryň mertlik düşünjesinde harby many ikinji orunda durýar. Bu, esasan, ruhy-ahlak düşünjesi we ruhy-ahlak gymmatlygydyr:
Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.
Ine, şujagaz iki setirde akyldar türkmene mertligiň bir wagtky tarapyny açyp berýär. Ol – myhmansöýerlikdir. Mertlik – jomartlykdyr, ejizi goldamakdyr, ile zaryňy ýetirmän, öz derdiňi özüň çekmekdir. Jomartlyk hem ruhy, hem maddy manyda düşünilýär.
Men Magtymgulyny ýöne ýere Eflatuna deňemeýärin. Sebäbi Magtymguly beýik ýunanly ýaly akyl ýetirmäniň, pelsepe ýöretmäniň baş usulyny – gapma-garşylykly pikirleri özara çaknyşdyryp, üçünji bir pikiri – hakykaty tapmak usulyny ussatlyk bile ele alan akyldardyr. Goýun – gurt, mertlik – namartlyk, husytlyk – jomartlyk, nebis – iman, akmak – akylly, dana – nadan ýaly gapma-garşylykly jübütler arkaly şahyr täze türkmene gerek pikir gymmatlygyny tapmagy başarypdyr.
Mert – iliň adamy.
Namart – bir özüni bilýär.
Şeýdip, Magtymguluda esasy gymmatlyk bolup il-gün, il-günüň bitewüligi hem-de jebisligi öňe çykýar.
Beýik akyldar türkmeni agzybirlikden, syýasy bitewülik bolan döwletden daşlaşdyran gylyk-häsiýetler, düşünjeler barada köp oýlanypdyr. Erbetlikleriň çeşmesi adamyň içinde otyr diýen pelsepä gulluk eden şahyr şol içki erbetligi bir söz – «nebis» diýen söz bilen aňladypdyr. Nebis adamyň dosty ýaly bolup görünýär. Sebäbi ol adam – ýygna, ýygşyr, döwran sür diýýär. Emma ol muny wagtlaýyn – adam erkini eline alýança diýýär. Adam öz erkini nebise berenden soň, ol uly hossa, adam başyny iýiji bela öwrülýär. Adam nebsiň guluna, nebsiň elindäki gurjaga we gurala öwrülýär.
Şahyr nebsiň garşysyna adam erkini goýýar. Mert, erkek adam – öz nebsine buýrup bilýän adamdyr. Mert nebsi hemişe-de özüne duşman saýynar. Sebäbi hut nebis adamy ýakynlarynyň, köpçüligiň, jemgyýetiň duşmanyna öwürýär.
Nebisden ýalňyz gaçybatalga – imana göwün bermekdir. Iman Magtymguluda ahlak azatlygy manysynda gelýär. Şahsyýet özüniň içki dünýäsini köpçüligiň gymmatlyklary, Allanyň gymmatlyklary esasynda gurnanda, ol imanly bolýar. Imanly adamyň güýçli tarapy – oňa gizläre, utanara, çekinere hiç hili ýaramazlyk, erbetlik ýok. Ol içki, ruhy taýdan tämiz adam.
Munuň özi üýtgeşik şahsyýetdir.
Iman duýgusy üýtgeşik duýgudyr.
Iman gymmatlygy üýtgeşik gymmatlykdyr.
Iman edinen adamda dünýä üçin, kynçylyk üçin hiç hili gam, hiç hili göwnüçökgünlik bolmaýar.
Iman jemgyýet bilen sazlaşykly ýaşamagynyň ajaýyp içki ruhy usulydyr.
Magtymgulynyň akyldar hökmünde geçiren ruhy özgertmesi şundan ybaratdyr:
Magtymguly özünden öňki eýýamlaryň daşky göreşini adamyň içine saldy. Türkmen şahsyýetiniň baş göreş diýip öz-özi bilen, öz bikemallygy bilen göreşi hasap etmegini isledi. Sebäbi şahsyýetiň täze görnüşinde esasy sypat ruhanalyk bolmalydy.
Şahyryň bu ýoly türkmeniň şondan buýanky taryhy ösüşiniň ýoly boldy. Munuň şeýle jemgyýetçilik manysy bar:
Şahsyýet bolmasa, döwlet mümkin däldir.
Ruhanalyk bolmasa, şahsyýet mümkin däldir.
Kämillik bolmasa, ruhanalyk mümkin däldir.
Öz-özüň bile göreş bolmasa, kämillik mümkin däldir.
Şeýlelikde, döwlet gurmak üçin kimdir biri, kimdir birleri bilen uruşmak gerek däl-de, öz-özüň bile göreşmek zerurdyr.
Göreş bir abraý, uruş bir destdir.
Öz-özüň bile göreş taglymaty türkmen üçin uly ruhy täzelikdi. Şahyr ahlak-ruhy gymmatlyklary Gorkut atadan tapawutlylykda has anyk işledi, ol bu gymmatlyklar hakynda gürrüň edende, türkmeniň täze eýýamdaky taryhy wezipelerinden ugur aldy.
* * *
Magtymguly baýlygyň ýerine rysgaly goýdy. Rysgal diňe halal işlenip gazanylan nygmatdyr. Rysgal diňe şahsyýete däl, eýsem jemagata, millete hem berilýär. Milletiň hem adamy, hem ruhy rysgaly bolýar. Bular hakynda uzak gürrüň edip bolar. Emma milletiň baş taryhy rysgaly – milli döwletdir.
Hut şonuň üçinem şahyr türkmeni döwlete ýetmek üçin zerur bolan işleri amal etmeklige çagyrdy.
Magtymguly ruhy akyldardyr.
Onuň taglymatynyň esasyny ruhy meseleler düzýär. Magtymguly ruhy baş gymmatlyk ornunda goýdy.
Ruh bolmasa, göwre läş diýen pelsepe şahyryň döredijiliginde baş pelsepedir.
Ruh bolmasa, millet hem sürüdir.
Ruh bolmasa, adam hem gury sandyr.
Ruh bolmasa, dünýä hem bimanylykdyr.
Magtymguly türkmeniň täze eýýamynda durmuşyň we taryhyň öňde goýan meselelerini öňli-soňly, doly işlän akyldardyr.
Magtymguly ilkinji bolup milli ruhuň meselelerini hemmetaraplaýyn we doly beýan etdi.
– Bir parça gam döwrany bolmuş onuň nesibi.
Şahyr öz ömrüni bir parça gam döwrany hasaplaýar. Sebäbi onuň ömri türkmeniň pajygaly döwrüne gabat geldi. Şonuň üçinem onuň eserlerinde kämahal gamgynlyk, dünýäden zeýrenç äheňleri hem eşidilýär. Onda-da ol beýikdir. Sebäbi ol aglanda hem özi üçin däl-de, milleti üçin aglapdy.
Şahyryň döwründe güläýmek aňsat hem däldi. Türkmen millet hökmünde öňki derejelerinden pese düşdi. Şahyryň aglaýanynyň sebäbi şol.
Şonda-da onuň ruhunyň belentdigini aýdaýyn. Ruhubelentlik şahyryň öňe süren baş pelsepesidir.
Şeýlelikde, Magtymguly türkmeniň döwletsizlik derdine düşünen we bu derde özüçe derman teklip eden akyldardyr. Dermanyň manysy:
Millet ruhy hem ahlak başlangyçlara gol ýapmaly. Millet ahlagyň täze şahsyýet nusgasyna eýermeli.
Şahsyýet ýaramaz, pes häsiýetlerden saplanmaly.
Şeýle saplanyşyň ýoly bolsa – içki ruhy göreşdir.
Içki ruhy göreşiň ýoly – ahlaky-ruhy kämillik ýoludyr.
Türkmeniň baknalyk ýyllary hakdaky söhbetimde men näme üçin Magtymgulynyň şygyrlaryndaky ahlak we ruhy gymmatlyklary hakda çintgäp gürrüň edýärin?! Çünki, men türkmen halkymyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwletine nähili ahlak we ruhy sypatlary bilen gadam basandygyny aýdyňlaşdyrmak isleýärin. Men diňe taryhy wakalaryň yzygiderligini yzarlamak bilen çäklenmän, eýsem Oguz han Türkmenden bäri geçen bäş müň ýylyň ýaşaýşymyzda eždatlarymyzyň ruhundaky we ahlagyndaky özgerişlikleriň bolup geçendigini aýyl-saýyl etmegi maksat edindim. Meniň bu kitabymy okan her bir türkmen raýatynyň diňe bir türkmeniň galagoply, kä gaýtgynly, käte daşgynly taryhyndaky ruhy ahwalatlary hem bilmegini, sapak edinmegini, ahlak we ruhy päklenişiniň gazanan we netijede bolsa adamlara ruhy we ahlak taýdan päklenişiň açaryny bermek isleýärin.
Beýik Magtymgulynyň, Garajaoglanyň bir suprada aşlaryň taýýar kylynmagy, ähli türkmeniň bir suprada jem bolmagy baradaky eden arzuwlary wysal boldy.
Allanyň eçilen bu bagtynyň gadyr-gymmatyny bilip, onuň hözirini görüp ýaşamak, biziň eždatlarymyzyň öňündäki mukaddes borjumyzdyr.
Osman ÖDÄÝEW.
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk