DÖRDÜNJI TOPLUM
«EL SOŇY ELLI AŞYK...»
■ AWTORDAN
Bu toplum öňdäkiler ýaly kökenli hekaýatlardan ybarat däl. Ýagny, ol ýa-da başga bir sebäbe görä biri-birleri bilen özara baglanyşmaýarlar.
Käbirleriniň has ir ýazylandygyna garamazdan, dürli sebäplere görä, bu hekaýalar öň çykan kitaplaryma girizilmedi. Birinji we ikinji toplumdaky hekaýalaryň ykballaram şularyňky ýalyrak.
Ine, bu gün olara-da gezek geldi. Çünki indi kitaba goşara mende başga zat ýok. Eger-de nesibede bar bolup, mundan buýana hem kitap çykarjak bolsam, onda oňa girjek eserler indi ýazylmaly.
Oglankak aşyk oýnanymyzda jübümizdäkileriň ählisini utduryp, tegelek çyzygyň ortarasyndaky kese çyzygyň üstüne iň soňkuja aşyklarymyzy dikenimizde... «Ýa, Alla! El soňy elli aşyk» diýerdik.
Köplenjem arzuwlarymyz hasyl bolardy.
Iň soňkuja hekaýalarymy hem kitaba goşmak bilen, çagalarynyň ählisini öý-işik edip, ile goşan atanyň süýji duýgularyny başymdan geçirýändigimi aýdasym gelýär. Henizem şol bir terligini ýitirmedik, ýetmiş ýaşa ýetip barýan oglan göwnüm bolsa henizem şo-ol, alyslarda galan ýagşy umytlaryndan el üzenok. Salanam Alla işidir...
1. OL DÖWÜR ŞEÝLERÄKDI
Ençeme ýyllap Medeniýet ministrliginiň kitaphanalar boýunça bölüm müdiri bolup işlän Mämmet Orazow pensiýa çykmagyna üç-dört ýyl galanda bir bolgusyz zadyň üstünde bulaşyp, işden gitmeli boldy. Nämemişin, Moskwadan soraşman, başga bir statýa degişli puluň hasabyna merkezi kitaphananyň içinde döwrebap, hertaraplaýyn enjamlaşdyrylan, her dürli öwsüp duran owadan kafellerden ýaňa içi-daşy gözüň ýagyny alyp barýan, arassa, köp adamlyk hajathana gurduranmyşyn. Onam kimdir biri bäri-bärä däl-de, Moskwa ― SSSR Medeniýet ministrligine ýazypdyr.
O döwür şeýleräkdi, ýagny kim göwnüňe ýaramasa, oňa-da ýamanlyk edesiň gelse, hak-u-nähak, atly-atsyz üstünden arza ýazaýmalydy. Ýerli häkimiýetlere ýaz, Moskwa ýaz, tapawudy ýok. Ýazylanyň üsti depeşek bolaýmalydy. Ine, onsoň gelen adamyň göwnüni tapyp, sesini çykarmaz ýaly edibilseň-ä, «hat ýerinde barlandy, faktlar tassyk bolmady» diýägede, bir dokumentjik doldurylar, şonuň bilenem tä üstüňden täzeden arza ýazylyp, başga bir barlagçy papkasyny goltuklap gelýänçä, saňa azar beren bolmaz. Geleniň göwnüni tapmagam, näme, her hili bolýar. Käbirini gelen gününden başlap tä gidýänçä, gowy edip iýdirip-içirip bilseň bolany. Olar ýala «damagyna gelen» diýilýär. Başga biri bolsa iýmezem, içmezem, öýüňe-de barmaz, ýanyna-da eltmez, tä, «ugruny tapýançaň» iňňe iýen it ýaly şo-ol, ýüzüni sallap, sortdurylar ýörer. Ana, olar ýala «muzduna gelen» diýilýär. Onuň küýi-köçesi senden almakdadyr, ýolmakdadyr, öýüne boş barmazlykdadyr. Onam käte näz-kereşme bilen, käte bolsa başga bir adamyň üsti bilen şeýle bir ussatlarça alar welin, sen zat alandygy üçin ondan gaty görmersiň-de, gaýtam, masgara etmän alandygy üçin müňde bir razy bolarsyň. Aý, günäm ýokka, hiç zat edibilesleri ýok-la, diýägede göwünlerini tapmakdan çekeräk durdugyňam, girseler-çyksalar iňirdäp, hüňürdäp, ýüzlerini turşardyp, bolubilenlerini bolarlar. Arzada görkezilen faktlary, sähelçejigem bolsa tassyk ediji görkezijileri gözläp ugrarlar. Taparlaram. Aktam ýazarlar. Özlerini hakykatdanam hakykatparaz, döwlet emlägini goraýjy adam hökmünde görkezmek üçin tumşuklaryny dik ýokary tutup, ýazan aktlaryny organ işgärlerine tabşyrarlar. Olaram seni çar tarapdan şeýle bir çekeleşip ugrarlar welin, başda barlagça bermedigiňden elli esse artyk berip sypybilseňem kaýyl gelersiň. Çünki kanunda görkezilişine görä, şol wagtlar döwletiň bir apbasysyny iýen adam üçin iş gozgamaga rugsat edilýärdi.
Ýöne, näme, adamçylyk, olaryň içinde bar zady bolşy-bolşy ýaly derňäp, dogry bolsa «dogry», däl bolsa «däl» diýip, takyk netijeler çykaryp, haýsydyr bir säwlik bilen sähelçe ýalňyşlyk goýberilen bolaýanlygynda-da, ýüzugra düzedip goýbermekligiň kanuny ýollaryny salgy berip gidýänlerem bardy. Olar ýala «bagtyňa gelen» diýilýärdi.
Mämmet Orazowyň üstünden düşen arzany barlamak üçin Moskwadan gelenem hut, şolar ýaly hudaýlykly bendeleriň biri bolup çykdy.
Geldi. Gidýänçä myhmanhanada ýaşady. Hiç kim bilen iýişmedem-içişmedem. Hiç kimiň öýüne-de barmady. Ýüzünem sallamady. «Hüňür-süňürem» etmedi. Mämmet Orazow bilenem iş kabinetine gelip gürleşdi. Onda-da sypaýyçylykly gürleşdi. Şular ýaly bolgusyz, düýbünde hiç hili gyşarmalar görünmeýän arzalar üçin dagam şeýdip, adam barynyň wagtyny alyp, kellelerini, ýüreklerini agyrdyp ýörendikleri üçin käýindi. Hiç hili gorkuly zadyň ýokdugyny aýdyp, Mämmet Orazowy köşeşdirdi. Göwünlik berdi. Gapdaldan dürtgülejek bolanlara bolsa gulagam gabartmady. Ahyram: «Şu işde hiç hili kadadan çykma ýagdaý ýok. Ähli zat dogry. Beýleki maksatlar üçin bölünip, ýöne ulanylman ýatan puluny zerur bolan halatynda başga bir hajaty üçin ulanmaga her bir edaranyň haky bar» diýen manyda akt ýazdy.
Şeýdibem gitdi. Şonuň bilenem işiň Moskwaly tarapy bitdi. Ýöne ýerli ýolbaşçylar welin ynjalyp bilmediler. Çünki Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary öň Mämmet Orazowyň üstünden arza düşendigi, arzanyň Moskwaly barlagçy tarapyndan ýerinde barlanýandygy barada Türkmenistanyň şol wagtky ýeke-täk hem hökmürowan partiýasynyň Merkezi Komitetine habar beripdiler. Ine, indem olar her-hal barlagyň gülala-güllük bilen tamamlanandygy barada habar berdiler. Merkezi Komitetiň irkilişip oturan işgärlerem özlerine güýmenje tapylandygy üçin begendilermi, nämemi, şondan soň salkyn hem tukat görünýän ululy-kiçili kabinetleriň arasynda elewreşip başladylar. Ahyram ideologiýa boýunça sekretaryň, ýagny şol wagtky atlandyrylyşy ýaly, üçünji sekretaryň hut özi Medeniýet ministrini ýanyna çagyrdy-da:
― Üstünden arza düşen bolsa, onda-da Moskwa düşen bolsa, bir adamam ýörite gelip barlap giden bolsa, onyňyza bir «wzyskaniýajyk» bermeseňiz-ä bolmaz. Soň ikinji gezek ýazsalar, özüňize-hä bir gep geler, bizede gep getirersiňiz ― diýdi. Şondan soň ol öz tabşyrygyny has berkitmek üçinmi, nämemi, hüjüme geçdi.
― Dogrusyny aýtsak, bu işiň aňyrsynda ýeke Orazow däl, senem ba. Baş bugaltiriňem ba. Şol ikiňizem şoň bilen deň derejede günäkär. Üçünji sekretar sesine bat berdi.
― Ýa ol siziň eliňizden aldap aldymy o puly? Ýa siz gol goýmadyňyzmy şo gurluşygyň dokumentlerine? Ýa Orazowyň hökmi siziňkidenem güýçlümi o ýerde? Kim ol? Hiç kim! Hälem gelen barlagçy gowy adam ekeni, öz ýakaňyzdan tutaýmandyr. Mämmet Orazowam gowy adam ekeni, gelen adamyň öňünde nadaralyk edip, samany siziň öz üstüňizden sowrybermändir.
Öz türresinden tutulandan, gözleriniň öňi garaňkyrap ugran Ministr üçünjiniň ýanyndan nädip çykanynam, öz edarasyna nädip geleninem bilmedi. Bir görse, öňünde Mämmet Orazow otyr. Ol diňe şondan soň özüne geldi.
― Gaýrat et, gaty görme, Mämmet Orazowiç. Ýagdaý şeýle. Şunça ýyl bile işleşdik... Gowam işleşdik... Işallasa, ýene-de işleşeris... Ýöne bir käýinçjagaz beren bolaly. Alty aýdanam aýryp goýbäris, şoň bilenem hemmesi düzeler gider...
Gowusyny etjek bolup, şunça belalara galyp ýörenine ozaldanam jany ýanyp duran Mämmet Orazowyň gany depesine urdy. Ol tarsa ýerinden turdy-da, Ministriň kabinetinden çykyp gitdi. Bäş minut geçip-geçmänkä-de, eli bir tagta kagyzly dolanyp geldi.
― Juda meni awundyrmanyňyzda bolmaýan bolsa gaýrat edip, meni şu edaradan bütinleý gider ýalam bir ediň. Ine-de arzam. Aşagynda-da şu günki günüň çislosy. On dört gün saklamaga hakyňyz bar. Şondan artyk bir günem durman.
Ol aýdyşy ýalam etdi. Ministriň töwellasyna-da bakman, işden çykdy. Çykyşy ýalam göni oba gitdi. Pensiýam dolýança barybir bir ýerde işlemeli, hemem öz ugrum diýip, oba kitaphanasyna işe ýerleşdi. Mellek aldy. Jaýjagaz edindi. Eýýäm öý-işik bolan çagalaryny Aşgabatdaky jaýynda goýup, öz ýanyna aýalyny getirdi. Birki ýyl arkaýyn işledi. Janam hezil etdi. Şular ýaly giň ýer barka, ömrüni dar ýerde garsynyp geçirendigine puşmanam etdi. Ýöne...
Ýöne içiňi ýakaýyn diýen ýaly, bu ýerde-de hajathana gurmak meselesi ýüze çykdy-da, ony şo-ol köneje derdine sataşdyrdy oturyberdi. Sebäbi oba kitaphanasy-ha raýon medeniýet bölümine, raýon medeniýet bölümem onuň öňki işlän edarasyna ― Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişlidi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bolsa, SSSR Medeniýet ministrligine garaşlydy. Diýmek, juda oýlanyşykly çemeleşäýmeseň, bu gezegem öňküje günüňe düşäýmegiň mümkindi.
Şonuň üçinem Mämmet Orazow öz işleýän oba kitaphanasynyň ýanynda kolhozyň hasabyna guruljak iki adamlyk ýönekeýje hajathananyň guramaçylygyny öz üstüne almaklygy teklip eden adama ― kolhoz başlygynyň medeniýet baradaky orunbasary Aýdursuna öňki bolan wakany başdanaýak gürrüň berdi. Ýokardan resmi suratda rugsat bolmasa, bu işi boýnuna alyp bilmejekdigini aýtdy.
Aýdursun Mämmet Orazowyň ýüzüne çiňňerildi.
― Ýokary bolanda niri bolýar ol?
― Aý, iň bolmanda raýondakylardan alsaňyzam bolýa. Ine, aýdaly «raýotdelkulturadan...».
― Onda ertir şähere git-de, raýotdelkulturaň başlygy bilen özüňjik gürleş-de geläý.
― Ony et diýseň, edeýin.
Mämmet Orazowyň şu mesele boýunça Aşgabatdaky düşen gününden habarly bolansoň, raýon Medeniýet bölüminiň başlygy Jygalyýew onuň bu haýyşyny eşidenden ýüzüni aktam etdi-de, oturan ýerinde alagüpürdi turzup, oturgyjy zady bilen gaýra-gaýra süýşmäge başlady.
― Kolhozyň çäginde, öz pullaryna gurjak bolsalar, biz priçom bu ýerde. Gurubersinler.
― Territoriýa kolhozyňkam bolsa kitaphana raýotdelkulturaňky.
― Onda howlukmaly, Mämmet aga. Afysalny görkezme bermeli bolsa, menem öz kelläm bilen çözmäýin muny. Ýerli häkimiýetlere-de sala salaýyn ― diýdi-de, raýkomyň «agitasiýa we propoganda» bölüminiň müdirine jaň etdi. Ýagdaýlaryny düşündirdi. O-da bu işi birinji sekretardan bidin çözüp bilmejekdigini syzdyrdy. Birinjiniň ýanyna Jygalyýewiň özi girip çyksa-ha hasam gowy boljakdygyny, häzirem kabinetinde onuň ýeke özüniň oturandygyny, gürleşmek üçin şundan amatly pursatyň bolmajakdygyny dostlarça düşündirdi.
Jygalyýew barybir ýaýdandy. Gidesi gelmedi. Stoldan ep-esli daşlaşan jygyldawuk stulynyň üstünde oýkanjyrap oturyşyna, pökgüje ýaňaklaryny gyzardyp, Mämmet Orazowyň ýüzüne çekinjeňlik bilen garady.
― Sen gaýt-da, ertirjik geläý, ýaşuly! Men özümjik gürleşip goýaryn, oň bilen...
Ýöne uly ýerlerde işläp, tejribe baryny toplan medeniýet işgäri onuň bu alyna aldanmady.
― Ýok, inim, ertire goýmaly. Häzir baraly. Günde-günaşa gatnap ýörer ýaly, bu adamlarda wagtam ýok, ulagam.
Jygalyýew kynlyk bilen ýerinden turdy. Kynlyk bilenem kabinetinden çykdy. Birinjiniň ýanyna gireninde, ondanam kynlyk bilen girdi. Ýöne kän eglenmedi. Girelgede garaşyp duran Mämmet Orazowyň deňinden geçip barşyna ýüzüni ýerden galdyrman, ýöne öňküsine görä birneme dogumlyrak gürledi.
― Büý-ä garşylygymyz ýok, salyberiň, hatam özüňiz beriberiň diýýä. Gep salgyna görä, eýýäm habaram bar ýaly. ― Ol aýak çekdi-de, Mämmet Orazowyň ýüzüne jüýjerildi. ― Ýa özüň aýtdyňmy?
― Aý, ýok, men-ä aýdamok.
Jygalyýew iş bitiren adamyň süňňi ýeňilligi bilen, duran ýerinde «liňk-liňk» etdi-de, ýaňaklaryny sypalap, gözlerini Mämmet Orazowyň köwüşleriniň burnuna dikdi.
― Ýöne haty biz bermeli bolsak, Aşgabada jaň edip, Ministrlik bilen gürleşmeseg-ä bolmaz. Soňky gün aýtmansyňyz, duýdurmansyňyz diýmesinler.
Bu tutumyň aňyrsynda ýene-de Mämmet Orazowyň durandygyny, meseläniňem şol bir meseledigini, üstesine-de, onuň resmi taýdan hat talap edýändigini eşidenden ministrligiň işgärleri basga düşüp başladylar.
― Goýbolsun etdirip bolanokmy ony? Nämä gerekmişin o ýerde oňňaly zat, okalga zaly bolmasa, oturyp okaýan bolmasa... ― Bu gürleýäniň öz ýerine geçen işgärdigini Mämmet Orazow Jygalyýewden daşrakda oturanam bolsa, sesinden tanady. ― Her kim alan kitabyny öýüne äkidip okaýandyr-a... Gabyz bolýança, okalgada oturýan däldir-ä...
Jygalyýewiň tos-togalajyk göwresi ýap-ýaňyja togalanyp gelen pökgi ýaly iki ýana yraň atdy.
― Howwa, howwa... Öýlerine äkidip okaýalar...
― Onda näme, hersi öz öýünde ýemedibersin-dä... Hökman şo ýerde ýemetmelimişinmi... Ýa Orazow o ýerde-de bir hokga çykarjak bolýamy?
― Bil... bil... bil...
― «Billildäp» durma-da, derrewiň özünde bil, şoň tapýan zady bolsa, gaýdyp şu meseläni gozgama. Düşdüňmi?
Jygalyýew trubkany goýşy ýaly Mämmet Orazowyň ýüzüne mölerildi. Bu onuň: «Öz tapyp ýören zadyňmy, bi?» diýdigidi. Orazow muňa düşündi. Şonuň üçinem sorag berilerine-de garaşmady.
― Aýtdyma men, kolhozyň medeniýet baradaky orunbasary haýyş etdi diýip.
Jygalyýew:
― Wiý-ý... ― diýip maňlaýyna ýelmedi-de, täzeden telefona ýapyşdy. Kolhozyň kontorasyna jaň edip, Aýdursuny sorady we ýokardan özüne berlen soragy berdi. Aýdursunyň ozaldanam «gyjyrdawuk» sesi bolşundanam beter «jygyrdawuk» eşidildi.
― Bolmaz! Goýbolsun edip bolmaz! Sebäbi höwün şu ýerde mekdebara seminar geçirilende, zawraýona girere deşik tapman görgüsini gördi. Ýüzüne sary reňk çykyp gitse-de, bize-hä eýle-beýle zat diýmedi welin, barşyna ispolkomyň başlygyna aýdypdyr. Ispolkomyň başlygam raýkomyň birinji sekretarynyň ýanynda gürrüň edipdir. Birinjem biziň başlyga jaň edipdir. Olam maňa tabşyrdy. Menem Mämmet aga tabşyrdym...
Jygalyýew «öwhüldäp» trubkany goýdy-da, Ministrligi täzeden aldy. Aýdursunyň aýdan zatlaryny sypaýylyk bilen düşündirdi. Aňyrdan gepleýäniň sesi öňküsine görä gowuşgansyzrak çykdy.
― Olar ýaly partiýnyý paruçeniýa bolsa, gurjagam özleri bolsa, gurubersinler, hat nämä gerekmişin oňa?
― Aý, talap edýäler-dä...
― Kim talap edýär ony?
― Mämmet aga?
― Talapmy ýa haýyş?
Jygalyýew bir eli bilen trubkanyň agzyny bekledi-de, Mämmet Orazowyň ýüzüne seretdi. Oňa çenlem sorag gaýtalandy. Jygalyýew sakawlady.
― H-h-haýyş bolmagam mümkin.
― Nähiliräk mazmunda bolmaly hat?
― Aý, ine, pylan ýerdäki kitaphanamyzyň gapdalyndan hajathana gurmaga rugsat edýäs, diýen ýalyrak manyda.
― Gurjak kim onsoň ony?
― Kolhoz.
― Olar ýaly bolsa, ber-de goýberiber, biz nämä gerek oňa?
― Wah, beräýsemem boljak welin, men bir siziň garamagyňyzdaky kiçijik edara. Şoň üçin maňa-da «rugsat etmegiňize rugsat edýäs» diýen ýalyrak manyda sizden bir hatjagaz bolaýsa...
Birek-birek bilen maslahatlaşdylarmy, nämemi telefonyň Aşgabat tarapyna bäş-üç minutlyk ümsümlik aralaşdy. Ahyram uzyn-uzyn ardynjyraşdylar-da, üç günlük puryja soradylar. Şol üç günüň içinde goňşy respublikalara jaň edip, şolaryň praktikasynda şular ýaly zadyň gabat gelendigini ýa gelmändigini takyklamaga, şondan soň, belli bir jogap bermäge boýun boldular.
Ýöne üç günlük puryja on güne çekdi. On birinji gün diýlende, «zamestiteldirin» diýdimi, «zawotdeldirin» diýdimi, kimdir biri jaň edip, umuman, olar ýaly zadyň onda-munda edilmän ýörlen zat däldigini anyklandyklaryny, ýöne özleri rugsat bermeli bolsa herhal «raýotdelkulturanyň» adyndan bir «haýyşnamajagaz» iberseler, şol haýyşnamanyň esasynda «raýotdelkulturanyň» kolhoza rugsat bermegini haýyş edip, SSSR Medeniýet ministrligine ýüz tutjakdyklaryny, eger-de Moskwa rugsat soralyp ýazylan hata rugsat bilen jogap berse, onda özleriniňem «raýotdelkulturanyň» kolhoza rugsat bermegine rugsat berýän haty hökmany suratda berjekdiklerini, şeýtseler, maksadalaýyk boljakdygyny ýarysyny orsçalap, ýarysyny türkmençeläp, zoraýakdan düşündirdi.
Bar labyryň öz üstünden injekdigine düşünen Jygalyýew başyny tutdy. Trubkany goýuşy ýaly «öwhüldäp» ýerinden galdy. Mämmet Orazowyň tutanýerli, çepiksije göwresini göz öňüne getirip gyjyndy. Oňa çenlem «ýokarkylar» täzeden jaň etdiler.
― Вы знаете что ― diýip, hälki jaň eden öňküsine görä birneme pessaýrak äheňde gürläp başlady. ― Gowusy, пусть öňürti rugsat sorap, kolhozyň adyndan на ваше имя özleri zaýawleniýejik ýazsynlar. Sizem, ana, на основании этого заявление bize ýazarsyňyz. Ясно? Şeýtsek, nadýožnyrak bor. Bardy-geldi soň bir gürrüň ýüze çykaýanda-da, biziň strukturamyz ни причем bolar. Так что, şeýt! Bolýa?!.
Ýüki ýeňlän Jygalyýew şondan soň haýal etmän Aýdursuna jaň etdi. Ýöne daşyndan göräýmäge sada ýaly görünse-de, aňsat atyny oka bermeýän Aýdursun bu gezegem duzagyň has daşragyndan aýlandy.
― Wiý, nämüçin biz öz territoriýamyzdan, öz pulumyza saljak zadymyz üçin size haýyşnama ýazmaly? Ýazmaly bolsa «Territoriýaňyzdaky kitaphanamyzyň ýanyndan hajathana salyp beriň» diýip, gaýtam, siz özüňiz bize ýazyň. Gurup bermegiňizi haýyş edýäs, diýibem ýazyň.
Jygalyýewem «ýatyp galandan atyp gal» etdi-de, perzisini bir öý öňe sürdi.
― Beýder ýaly, biz saljak bolamyzog-a ony. Siz özüňiz saljak bolýaňyz. Başda inisiatiwa görkezenem özüňiz.
― Biz raýkomyň buýrugyny, partiýanyň tabşyrygyny ýerine ýetirýäs. Siz bu işe goşulman, özümiz hötdesinden geleris, diýseňizem hon-ha kitaphananyň, hanha-da hajathananyň ýeri, biz golaýyna-da barjak däl. Raýonyň içinde gurluşyk edaralary kän, gürleşiň-de gurduryberiň. Bize-hä geregem ýok şonuň. Kelle sokar ýaly däl diýmeseň, iki ädim ýerde mekdebiň opşisi ba, besdir şo bize.
Jygalyýew ýene-de Aşgabada jaň etdi. Aýdursunyň aýdanlaryny birin-birin beýan etdi. Işiň barha bulaşýanyny, bujurlygynyň artýandygyny düşündirdi. Aşgabatdan gelýän ses takyr ýere jala daran ýaly «şabyrdap» başlady.
― Тогда neme... Haýyşnama ýazaslary gelmese onda, пусть: «Garşy bolmasaňyz» kitaphana üçin öz territoriýamyzda şolar ýaly zat salmakçy bolýarys diýip, duýduryş görnüşinde ýazaýsynlar. Senem şol rugsatnamanyň esasynda bize haýyşnama ýaz. «Şeýle-şeýle ýerli häkimiýetleriň görkezmesi ba, kolhozam razy, saljagam özleri, rugsat berseňiz, bizem razylyk berjek» diýip görkez. Garaz, öňürti şo tarapdan osnowaniýajyk bolsun. Есть?
― Bor, bor! Siz näme diýseňiz, şo bor.
― Давай onda!..
Agzalyp geçilen ähli edaralaryň ähli hat-petek işleri tamam bolandan soňam ylaýyk üç aýdan soň Moskwadan Aşgabada, Aşgabatdanam «raýotdelkultura», ondanam kolhoza hat geldi. Şondan soň Mämmet Orazow çykdajy ediljek her bir çüýe çenli hasaplanmagyny, nämäniň nireden gelip, nirä gidýändiginiň pugta dokumentleşdirilmegini talap etdi. Aýdursunam öz gezeginde bu meseläni kolhoz başlygynyň öňünde goýdy. Mämmet Orazowyň Aşgabatdan «zyňlyp» gaýtmagyna sebäp bolan zadyňam hut şular ýaly meseledigini, şonuň üçinem bu zatlara şeýle seresap çemeleşýändigini düşündirdi. Muny eşidip, başlygam bar zady öz ölçegi bilen ölçäp başlady.
― Öň bir gezek bulaşan bolsa, onda-da merkezde bulaşan bolsa, onda yzy adamlydyr myň. Raýkulturaň işi üçin kolhozyň puluny sarp etdirdi diýägede, kimdir biri ýazar welin başga-da birtopar zatlaryň üsti açylar. Şonuň üçinem myň gurluşygyna biz goşulmaly. Esasy zat, matyrýalny jogapkärçilikden daşda durmak. Men raýispolkoma jaň ederin, goý, ol myň çykdajysynam raýkulturyň öz üstüne atsyn.
Şol günüň ertesi Jygalyýew Mämmet Orazowy ýanyna çagyrdy. Obada guruljak hajathananyň gurluşygy üçin ediljek çykdajynyň raýon medeniýet bölüminiň hasabyndan tölenjekdigini, aşak bakyp oturyşyna hüňürdäbirägede aýtdy. Bu işde öň tejribesi bar adam hökmünde näçeräk we nähiliräk materiallaryň gerek boljakdygyny hasaplap bermegini haýyş etdi. Çünki smetada görkeziljek materiallar we olara sarp ediljek puluň mukdary öňürti şu ýerde, raýonyň düýpli gurluşyklar bölüminde, ondan soň Aşgabatda, gurluşyk ministrliginde ondan soňam Moskwa iberilip, SSSR gurluşyk ministrliginde tassyklanylmalymyşyn. Sarp edilşikde sähelçe normadan gyşarmalar ýüze çykdygam, öň plana goşulmadyk zat hökmünde SSSR Gosplanynyň buýrugy bilen şu gurluşygyň önümçilikden aýrylmagy ahmalmyşyn.
Emma, barybir, bu işem Orazow öz boýnuna almady. Gözlerini süzüp, dişiniň suwuny çekip oturyşyna:
― Hasabyny çykarar ýaly men hasapçy däl, inim. Sen muny hasaba ökderäkleriň birine tabşyr ― diýdi.
Ondan halys howy basylan Jygalyýew, şondan soň uludan demini aldy-da, bu işe öz bugalterini goşsa özüniňem gol çekmeli boljakdygyndan çekinip partiýanyň raýon komitetiniň baş bugalterine jaň etdi. Smeta düzüp bermeklerini haýyş etdi. O-da bu işden raýonyň baş arhitektorynyň habarlydygyny ýa-da däldigini sorady. Şondan bidin bular ýaly işiň smetasyny düzmekligiň düzgüne laýyk däldigini düşündirdi. Jygalyýew şondan soň raýonyň baş arhitektoryna jaň etdi. Ýöne baş arhitektoryňam öz işini çig edesi gelmedi. Ol ur-tut Aşgabada gitdi-de, Türkmenistan Arhitektorlar soýuzy bilen maslahatlaşdy. Olaram bu işiň garamatyny öz boýunlaryna almany kyn görüp, SSSR Arhitektorlar soýuzy bilen habarlaşdylar. Olaram bulardan tutuş raýonyň, şol sanda hajathana salynjak obanyň kartasyny ibermekligi haýyş etdiler. Bir iki sanysy gelip ýerini belläp gitdiler. Diňe şondan soň SSSR Arhitektorlar soýuzynyň jemleýji karary SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumyna, ol ýerdenem Syýasy Býuronyň garamagyna ugradyldy. Alty aý diýlende-de, Kremlde oturan Býuro agzalaryndan kimdir biriniň tötänlikde diýen ýaly gol çekmegi netijesinde, uzakdaky Türkmenistanyň alys obalarynyň birinde oba kitaphanasynyň gapdalynda guruljak iki adamlyk hajathananyň «bagty açyldy». Raýkomyň baş buhgalteri welin, şondan soňam gurluşygyň smetasyny özi düzmekden boýun gaçyrdy. Netijede, ol iş baş ykdysadyýetçä tabşyryldy. O-da öz gezeginde raýkomyň düýpli gurluşyklar bölümine geçirdi. Düýpli gurluşyklar bölüminiň naçalnigem: «Gurluşygy kim amala aşyrjak bolsa, smetasynam şonuň özi düzmeli» diýdi. Işi gutarnykly suratda amala aşyrjaklar bolsa, kolhozlara ― gurluşyk tresti bolup çykdy. Bir ýyla golaý tutuş Soýuzyň şu işe dahylly ähli edaralaryndan ýygnalan sprawkalary, haýyşnamalary, rugsatnamalary gözden geçirenlerinden soň, olar smeta düzmäge razy boldular. Her biriniň ini segsen santimetr, uzynlygy bir metr, beýikligi iki metr otuz santimetr bolan hajathana üçin gerek bolan serişdeler boýunça şulardan ybarat boldy: Üç ýüz elli sany bişen kerpiç, ýigrimi bäş kilogram sement, iki ýüz elli kilogram ýuwlan çagyl, iki halta ürgün çäge, iki sany şifer, şiferiň aşagynda goýar ýaly, her biri ýüz ýigrimi santimertlik iki sany bäşlik reýka, şiferleri şol reýka çüýlär ýaly, on iki sany ullakan çüý, söýesi bilen iki sany insizräk işik.
Şondan soň hajathananyň gurluşygynda hiç hili bökdençlik ýüze çykmady.
Bir sähetli günem gurluşygyň tamam bolandygy barada ýerli häkimiýetlere hasabat berildi. Obýekt kabul edildi. Ýöne diňe zerur bolan halatynda ulanmak maksady bilen gapylaryň hersine bir gulp uruldy. Açarlaryny bolsa Aýdursun öz seýfinde gizläp goýdy. Bir günem...
Bir günem şol iş boýunça Moskwadan barlagçy gelendigi barada Aşgabatdan ― Medeniýet Ministrliginden jaň etdiler. «Barlagçyňyzy günübirin alyp gidiň» diýip, haýbatam atdylar.
Jany bokurdagyna gelen Jygalyýew barlagçyny alyp gelmek üçin Aşgabada öz maşyny bilen Mämmet Orazowy ugratmakçy boldy.
― Inim, bu iş maňa degişli däl, men ony guramogam, gurduramogam... ― diýip, Mämmet Orazow başyny iki baka ýaýkap, arkan-arkan gaýyşdy. ― Kim guran bolsa, şo gitsin, kim gurduran bolsa, şolam garşylasyn.
Jygalyýew şu iki ýylyň içinde birinji gezek Mämmet Orazowyň ýüzüne geldi. Ozaldanam hamyrturşy ýaly turşardyp duran ýüzüni çaňjardyp, diýseň dözümli gepledi:
― Birinjiden-ä, saňa oň öňünde jogap oka diýýän ýok, ýaşuly! Gaýrat et-de, garşyla, getir diýilýä. Eliňe ulag berilýä. Sowalgaň berilýä. Ikinjidenem, kim guranam bolsa, kim gurduranam bolsa, kim-kime pul töläp, kim-kime idin hat berenem bolsa, hajathana seňki. Seň balansyňda dur. Şoň üçinem barlagyň nähili netije berjekdigine, kimiň nähili jeza çekip, kime nähili çäreleriň görüljekdigine garamazdan, şol gelýän adamy myhman hökmünde özüň garşam alarsyň, ugradarsyňam. Galan zadyny özümiz bir zat ederis. Ugrunam taparys. Barlagçy diýlen zady Hudaýa şükür ýaňy görmeli däl biz...
Hiç ýere gol çekmedik Mämmet Orazow özünden arkaýyn bolansoň, şondan artyk gaýyşjagam bolmady. Gitdi. Üç ýüz elli kilometr ýol söküp, Aşgabada bardy. Barlagçynyň yzyndan gelendigini, mümkin bolsa myhmanam alyp, şu günüň özünde yzyna dolanmakçydygyny ministrligiň işgärlerine duýdurdy. Ministrligiň işgärleri ony myhmanhanalaryň birine eltdiler-de, ýüzi hyştym gyzyl, pökgerip duran gabaklarynyň üstüni gür, sap-sary gaşlary örtüp duran, boýny egni bilen bile biten ýaly tos-togalak, ýumuk bolansoň, gözleriniň nähili reňkdedigi häzirlikçe näbelli, äpet bir pyýadany bir ganar et ýüklän ýaly göter-göter edip maşyna ýüklediler. Düýnden bäri şondan ýaňa bizar-petekleriniň çykandygyny, samolýotdanam şu ýagdaýda göter-göter edip düşürendiklerini aýdyp zeýrenişdiler. «Seň hajathanalaryňdan ýaňa ýeriň ol ujuna gideniňden soňam gulagymyz dynmady» diýşip, Mämmet Orazowa igenişdiler. Şeýdibem, ur-tut hoşlaşmak bilen boldular.
Ýöne ýatan ýeriniň üýtgänini aňan myhman gözlerini çalaja süzgekletdi-de, güňleç ses bilen:
― Едем да ребята? Раз едем, налейте! ― diýdi.
Ministrligiň işgärleri «hoňňulda-hoňňul» bolşup, sumkalaryndan ýarysy içilen arakly çüýşäni çykardylar. Dikbaşak tutup köpgyranly bulguryň içine «wakyrdadyp» guýdular-da, myhmanyň häliden bäri çoçjaýşyp duran etlek barmaklarynyň arasyna süsdürdiler. Myhman beýleki elini çalarak galdyrdy-da, «wazzyk-wuzzuk» etdi.
― Польный пезёд!..
Şondan soň ol edil emmeden doýan çaga ýaly myrlap başlady. Derledi. Hor çekdi. Ministrligiň işgärleri:
― Şäherden çykmankaň arak şaýyny tut, ýogsam ýolda kösenersiň ― diýşip, Mämmet Orazowyň gulagyna pyşyrdaşdylar. Soňam: «Çaltrak sür, eglenme» diýen manyda şofýora tarap ellerini salgadylar.
Häliden bäri «tyr-tyr» edip, tüsseläp duran «GAZ – 69» wazyrdap öňe okduryldy.
Ýolboýy käte bir gözüni süzüp:
― Едем да ребята? Раз едем налейте! ― diýenden, arakly bulgury eline tutduryp gelýän Mämmet Orazow myhmanyň ne adyny bildi, ne-de familiýasyny. Etrap merkezine, gelensoňlaram, şofýor bilen bilelikde goltugyndan girip, myhmanhananyň ýeke-täk «lýuks» otagyna saldy. Krowadyna geçirip ýatyrdy. Ertir irden gelmekligi niýet edip gitjek boldam welin, myhman onuň egninden aslyşdy:
― Почему не едем? ― Mämmet Orazow oňa gelmeli ýerine gelendiklerini düşündirjek boldy. Ol welin diňlemegem islemedi. ― Тогда налей!
Mämmet Orazow: «Bi nä beladyr bi, «едем» diýseňem, «налей», geldik diýseňem «налей» diýip, eşidiler-eşidilmez hüňürdedi-de, bulgura arak guýdy. Myhman gözünem açman bulgury ýokary göterdi.
― Польный пезёд!..
Mämmet Orazow ertesi barsa, myhman krowadyň üstünde başyny tutup otyr ekeni. Muňa gözi düşendenem, eýesini gören aç mal ýaly ümzük atdy-da, gyryljawuk, ýadaw ses bilen:
― Gardaş, sen kim... ― diýdi. ― Asla, men nirede otyryn? Ýalňyşmaýan bolsam, men Aşgabada iberilen bolmaly...
Mämmet Orazow onuň gözleriniň edil asman ýaly göm-gökdüginem diňe şondan soň görüp galdy. Tanyşlyk berdi. Aşgabatdan düýn bile gaýdandyklaryny, nirä, nämüçin gelendiklerini düşündirdi. Myhman:
― Hiç zat ýadyma düşenok ― diýdi-de, bir tarapa agyp gaýtdy. Şol ýatyşyna-da, Orazowyň ýüzüne naýynjar garap ysgynsyz barmaklary bilen bokurdagyna pitikledi. ― Bamy bir zat?
Mämmet Orazow ylgap gidip bir çüýşe arak getirdi, eglenmänem garbanar ýaly zadyň ugruna çykdy. Bazardan ýarym kilo süzme, gök ot, ýaş sogan, üç-dört sanam içi etli gyzgynjak gutap alyp geldi. Görse, myhman eýýäm aragyň ýarysyny içipdir-de, otagyň ortarasynda hiňlenjirän bolup ýör. Özem eýýämhaçan ýuwunypdyr, sakgal-murtuny syrypdyr. Çemodanyndan bir laý ýuwulgy eşiklerini alyp geýipdir, garaz, düýnküsine görä birneme adam syýagyna giripdir.
Ol otagyň ortarasynda duran tegelek stoluň başyna geçdi-de, getirilen zatlardan garbanyp oturyşyna, aragyň galanjasynam bir demde başyna çekdi. Soň ýerinden turdy. Gerinjiredi. Açyk äpişgäniň öňüne baryp, daşaryny synlady.
Mämmet Orazow oňa işiň ugruna gitjek bolsa daşarda maşynyň taýýar durandygyny aýtdy.
― Iş möjek däl, tokaýa gaçyp gidesi ýok ― diýip, myhman uly goh bilen erbet bir ardynjyrady-da, açyk duran penjireden daşaryk tüýkürip goýberdi. ― Hany, gowusy ýene-de adama ýüz gram içeli...
Mämmet Orazow ýene bir çüýşe arak getirdi. Bu gezek çüýşäni myhmanyň özi açdy. Özem guýdy. Mämmet Orazowa-da guýdy. Emma soňky döwürlerde saglyk ýagdaýy zerarly goýup ýörendigini aýdyp, Mämmet Orazow içmekden kes-kelläm boýun towlady. Myhman dyzajagam bolmady. Gaýtam begendi. Bulgurlaryň ikisinem yzly-yzyna bir özi boşatdy. Mämmet Orazow ol şondan soň bir gozganar öýtdi.
― Gitdikmi?
Myhmanyň welin sesem, hereketem göz-görtele haýallap ugrady.
― Nirä?
― Hajathana.
Mämmet Orazowyň bu sözüne myhman şol ýagdaýdaka-da geň galman durup bilmedi.
― Men oňa girip çykdym-a...
― Ýok, oň üçin däl, görmek üçin...
― Gördüm how, men siziň şol hajathanaňyzy.
― O hajathana barada aýdamok men.
― Onda haýsy hajathana barada aýdýaň?
― Men öz kolhozymyzda guran hajathanamyz barada aýdýan.
― Meň nämäme gerekmişin siziň ol hajathanaňyz?
Mämmet Orazow myhmana tarap ýapyryldy-da, janygyp gepledi.
― Siz biziň kolhozymyzdaky hajathanany görmek üçin Moskwadan ýörite geldiňiz ahyry.
― Näme üçin?
― Barlamak üçin, akt ýazmak, netije çykarmak üçin...
Myhman gaşlaryny çytyp, ýüzüni bir tarapa sowdy.
― Hiç zat düşünýän däldirin.
― Şol hajathananyň gurluşygy barada size arza düşen bolmaly. Sizem şol arzany ýerinde barlamak üçin, takyklamak üçin gelen bolmaly.
― Goý how! Şondan şuňa siziň kolhozyňyzdaky porsy hajathanany görmek üçin geler ýaly, men näme, samsykmy? ― Myhman zordan açylýan gözlerini süzgekledip, Mämmet Orazowa tarap üşerildi. ― Näme diýsene, hajathanaly gürrüňiňi bir gyra goý-da, maňa köpräk arak ber. Meň içesim, ýaşasym, gezesim, gowy ýerleri göresim, dynç alasym gelýä... Düşündiňmi?..
Ep-esli kiçidigine garamazdan onuň özüne «ты», «браток» diýip iki agzynyň birinde-de «ни хера», «на фига» diýen ýaly sözleri ulanyp oturyşyna hernäçe gahary gelse-de, Mämmet Orazow onuň myhmançylyk hatyrasy üçin sypaýyçylyga salyp oňmaly boldy. Hernä, «женщину давай» diýmänine şükür etdi-de:
― Bolýa... ― diýip, ýerinden turdy. ― Ýör, onda içmäne gideli...
Ol myhmany maşyna mündürip, etrap restoranyna getirdi-de, çetkiräk stollaryň biriniň başynda oturtdy. Özem çat maňlaýyna geçdi. Biliner-bilinmez gyjyndy.
― Konýakmy ýa arak?
Myhman mähnet ýumrugyny stoluň üstüne düňküldedip urdy.
― Arak! Diňe arak.
Şondan soň günuzyn, restoranyň şol burçundan myhmanyň ilk-ä «Польный перёд», soňabaka-da «Польный пезёд!» diýýän sesi mahal-mahal eşidildi durdy.
Mämmet Orazow ony restoran ýapylandan soňam goltugyna bir çüýşe arak salyp zordan turuzdy. Myhmanhana eltdi. Ýöne myhman eltilen çüýşäni içibilmedi. Ýaramady, ýykyldy. Gijäniň bir wagty azarlap turaýsa dagy gözi düşsün diýip, Mämmet Orazow açylmadyk çüýşäni myhmanyň başujunda goýdy-da, özi öýüne gitdi.
Ertesi düýnkisindenem ir geldi. Görse, myhman ýatyr. «Harryldysy» welin myhmanhanany göçüräýjek bolýar. Agşamky doly çüýşe bolsa krowadyň aşagynda taňkyrap ýatyr. Şonuň üçin Mämmet Orazow ýene iki çüýşe arak bilen iýer ýaly zat alyp geldi. Bir çüýşäni açdy. Türsük-maýkaly ýatan myhmanyň durşuna sary çöpür bolup duran etlek çigninden tutup yralady. Gözüni açyp-açman:
― Поехали да?.. ― diýenindenem, bulgury eline tutdurdy. Myhman bulgurly goluny çen bilen Mämmet Orazowa tarap somlady. ― Польный пезёдь!..
Şondan soň onuň gözi gyzyldy. Pökgerip duran gabaklary kem-kemden ýokary göterildi. Göm-gökje gözleriniň göreçleri ýiteldi. Bürşüp duran ýaňaklary tekizlendi. Ikinji gezek ýelmänsoň, ýerinden turdy. Ýuwnup geldi. Garbandy. Çynlakaý sypata girdi. Eşiklerini geýdi. Özüniň düýn-öňňünki eden hereketlerine utanýan ýaly, Mämmet Orazowyň ýüzüne-de seretmän ýuwaşja gürledi.
― Gurluşyk nädýä?
― Haýsy gurluşyk?
― Meň şu ýere gelmegime sebäp bolan gurluşyk.
― Hiç hili gurluşyk ýo-ok, biz ýöne häki bir ýönekeýje usul bilen iki adamlyk hajathana gurduk...
Myhman geleli bäri stoluň bir gyrasynda çaňjaryp ýatan papkasyndan bir kagyz çykaryp, Mämmet Orazowa uzatdy. Görse, arza. Arzada hajathananyň gurluşygy üçin üç sany otuzlyk çüýüň, ýedi ýarym kerpijiň, ýarym setil ýaly semendiň, smetada görkezilendäkisinden artykmaç sarp edilendigi barada ýazylypdyr. Şu bolgusyz arza üçin Moskwadan ýörite gelen adamyň ýol kireýini, telim günki iýjek-içjegini, ýatakhana kireýini hasaplasaň, şular ýaly hajathananyň ýene-de iki ýüz sanysyny gurup boljakdygy barada oýlananda, Mämmet Orazowyň gülküsi tutdy. Ogurlanyp-ogurlanmadygam näbelli bir çüý üçin ýüz müň çüýlük çykdajy çykaryp ýören döwletiň gaznasyna nebsi agyrdy. Ýöne özüniňem şondan artyk öz jübüsine agram salasy gelmedi. Şonuň üçinem ol gelen barlagçynyň näjüre adamdygyny, aragyna çydap bolsa, başga gorkuly tarapynyň ýokdugyny «damagyna gelen» barlagçydygyny bir agyzda düşündirdi-de, ony gidýänçä iýdirip-içirmek üçin hajathananyň gurluşygyna dahylly bolan edaralaryň ählisinden, şol sanda Jygalyýewiň özündenem pul ýygnady. Şeýle-de bolsa, myhmany düýnki restorana eltmän, şäheriň çeträginde ýerleşýän awtoparkyň naharhanasyna eltdi. Arzanrak naharlardan äberdi. Arak bilen piwony ýetişibildiginden çekdi. Näme diýse «hä-hümüni» ýetirdi. Agşamlyk ýene-de myhmanhana getirdi.
Şeýdip, üç gün geçdi. Dördünji gün irki «pohmelden» soň myhman «komandirowoçnysyny» stoluň üstünde goýdy.
― Me, al. Möhleti gutarandanam aýt. Ugrat. Ýöne ýatdan çykaraýma. «Geldi-gitdi» diýip, bellik etdirmänem, möhür goýdurmanam unutma.
Mämmet Orazow seredip görse, onuň ýene-de üç güni galan ekeni. Şonuň üçinem ol ony Jygalyýewiň «GAZ-69-y» bilen ýatymlyk daga äkitmegi ýüregine düwdi.
Şunça gün bäri hiç kime azaryny ýetirmän, myhmany ýeke özüniň süýrekläp ýörşüne, gepsiz-gürrüňsizem yzyna ugratjakdygyna gözi ýeten Jygalyýew onuň bu pikirinem höwes bilen ýerine ýetirdi. Üstesine, arak alar ýaly ýene-de birazajyk pul berdi. Huruşlyk mal bereri ýaly, dagdaky çopanlaryň biriniň adyna hatam ýazyp berdi. Delje naharlar bişirip, çaý-suwlaryna kömek eder ýaly, ýanyna garny göläň garny ýaly sallanyp duran daýaw bir aşpezem goşdy.
...Myhman şol günem adatdakysy ýaly myhmanhanadan çykmanka-ha bir çüýşäni, etrap merkezinden saýlanyberenlerinde-de bir çüýşäni boşatdy-da, hassa jüýje ýaly boýnuny burup, bir tarapa gyşardy. Ymyzgandy. Arasynda bir zatlar diýip samrady, ýöne maşynyň zenzelesi bilen näme diýenini aňşyran adam bolmady. Her gezek gözlerini süzgekledip:
― Зебята, едем да?.. ― diýenindenem, şular ýaly myhman gelende gapdalyna goşulyp iýmekden-içmekden heziller edinýän aşpez ýigit:
― Едим! Едим! Едим, дарагой едим!.. ― diýip, düýe gaýtarýan ýaly sesiniň ýetdiginden gygyrdy-da, ozaldan taýýarlap oturan arakly bulguryny eline tutdurdy. ― На! Полный перёд изделай! ― Myhman «Польный пезёд» diýip, boş bulgury yzyna gaýtarandanam «haş-haş» edip alkymyna dykyldy. ― У нас тиве харашо да! Авыжает нету да! Ишо рас приедим да! У вас сапсим ни так да!..
Onuň myhmany kemsiz güýmejekdigine gözi ýeten Mämmet Orazow yzky oturgyçda oturan ýerinde bir tarapa ýaplandy-da, tä barjak ýerlerine barýançalar, hezil edip uklady. Dynç aldy. Telim günüň ýadawlygyndan doly bolmasa-da, garaz, açylyşdy.
Çölde bolnan iki gije-gündiziň içinde-de, oduň başynda bulaşyp ýatan myhman käte bir başyny galdyryp:
― Зебята, почему не едем? Заз едем, налейте... ― diýdi diýäýmeseň, gadyr edilip getirilen negözel ýerlerem görübilmedi. Soýlan janlynyňam ne etinden, ne çorbasyndan dadybilmedi. Her gezekki «польный перёддан» soň bir çilim otlandy-da, ondanam iki gezek ýa sordy ýa sormady, gözüni süzüp, ýanyny ýere berdi.
Aşgabatdan gaýdaly bäri her gün äkidende, getirende: «Be-e, beýle-de uçursyz içmek bor eken-aý, organizmi nädip çydaýaka muň...» diýip, myhmanyň bolşuna haýranlar galyp ýören uzynak, burnunyň üsti örküçläp duran, garaýagyz, hor sürüji ikinji gün diýlende garaçyny bilen:
― Ahow, nädibem bolsa oýaralyň-da, daş-töweregi görkezeliň şu bendä. Ýogsam bu-da ho-ol, öňňilki Aşgabatdan gelen şahyr oglan ýaly: «Daga gidipsiňiz, meni äkitmänsiňiz» diýip gaty görer ― diýdi.
Şondan soň: «Dogry-da-dogry» bolşup, myhmany ýerli-ýerden yralap başladylar. Emma myhman oýanmady. Telim gezek dagy ýerinden turzup, dik duran ýerinden «şalkyldadyp-şalkyldadybam» goýberdiler welin bolmady. Gaýtam, her gezek «gürçüldäp» ýere düşende:
― Зебята, едем да?.. ― diýip, ümezli gözlerini zoraýakdan daş-töweregine aýlajak boldy. Emma hiç zat saýgarybilmedi. Şonuň üçinem töweregindäki garam-guramlara tarap bir elini serdi-de, şol bir endik eden sözlerini gaýtalady. ― Заз едем, налейте! ― guýlan aragy içibem endigine görä, goluny ysgynsyzlyk bilen ýokary göterdi. ― Польный пезёд!..
...Yza gaýdyşyn orta ýolda maşynlary döwüldi. Bilýäni bilmeýäni motoryň daşyna üýşüp «hoňňuldaşyp» ýörkälerem, maşynyň içinden myhmanyň güňleç sesi eşidildi.
― Зебята, поcему не едем?..
― Едим, едим!.. ― diýşip, ýerli-ýerden gygyryşdylar. Ýöne myhman olaryň bujagaz gykylyklary bilen kanagatlanmady.
― Я вас спзасиваю, посему не едем?
Mämmet Orazow boşan çüýşeleri biri-birine sarkyryp durşuna naýynjar seslendi.
― Bularda-ha zat galmandyr welin, motory oňarýançaňyz ýöreýän ýaly edip maşyny çaýkaýsaňyzlaň biriňiz. Biriňizem rula geçiňde süren boluň. Menem bildirmän «dyz-z-z...» edeýin. Irkilerem welin motory bejäris, şoň bilenem oba ýeteris.
Şondan soň şofýor-a ýerine geçdi-de, ruly eýläk, ha beýläk towlap başlady. Aşpezem kelteje, baldyrlak ýalaňaç aýaklaryny çägä diräp, omzy bilen maşyny kä öňe, kä yza, käte-de saga, çepe çaýkamana durdy. Mämmet Orazowam yzky oturgyçda gyşaryp ýatan myhmanyň kellesini dyzynyň üstünde goýdy-da:
― Dyz-z-z... dyz-z-z-z... ― etdi oturdy.
Maňlaýyndan joralanyp akýan derden ýaňa aýagynyň aşagy öl-myžžyk bolan aşpez ýigidiň ilk-ä käte bir:
― Bolanokmy-aý, ýatanokmy-aý?.. ― diýen sesi geldi durdy. Soň ses galdy-da, üzlem-saplamraga-da «hassyldy», «haşşyldy» eşidildi. Soňabaka diňe «hyk-çok», «ah-wah» çykdy. Ahyrsoňy olam galdy. Şonuň bilen bilelikde maşynyň yrgyldysam galdy. Çykyp görseler, aşpez ýigit çägäniň üstünde çiň arkan düşüp ýatan ekeni. Özem zordan demini alýar. Gözlerem dik depesine dikilgi.
Şofýor bilen Mämmet Orazow ikisi iki ýerden: «Bü-ýä derdimiziň üstüne dert goşdy-ow, sag-aman oba bir eltsek» diýşip zeýrenişdiler-de, itenekde-çomanak bolşup, aşpez ýigidi zordan maşyna ýüklediler. Agzyna suw damdyrdylar. Gaýtarmyş atanyň ýoluna jüp nan hudaýýoly aýtdylar. Şondan soň myhmanyň «mynny-mynnysyna» ünsem bermediler-de, maşynlaryny bejermek bilen boluberdiler. Üns berilmeýänini bilensoň, myhmanam kem-kemden köşeşdi.
...Ertesi irden Mämmet Orazow zordan gözi açylýan myhmana bir çüýşe aragy bir demde iki bölüp berdi-de, özüne gelip-gelmänkä, getirenje maşyny bilen yzyna Aşgabada alyp gitdi. Barşy ýalam köne tanyşlarynyň üsti bilen bilet tapdy-da, Moskwa ugratdy.
Dolanyp gelensoň welin, günibirin arza berip, ojagaz işindenem çykdy-da, kolhozyň bagyna sakman bolup geçdi. Ýöne keçje ýeri, bagyňam sakman üçin jaýy bar ekeni-de, gapdalynyň hajathanasy ýok ekeni. Guraýaýyn diýseňem, bag-a kolhoza degişli. Kolhozam näme, ozaly bilen-ä raýonyň oba hojalyk uprawleniýesine, Uprawleniýe-de Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligem SSSR Oba hojalyk ministrligine degişli. Olaryň hemmesiniňem aňyrsynda ilk-ä raýkom, soň obkom, ondan soň Türkmenistanyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komiteti, ondan aňyrda Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komiteti... Syýasy Býuro... Aralykda bolsa maliýe, gurluşyk edaralary, arhitektorlar soýuzy, Gosplan... iň soňunda-da arza, barlagçy, umuman, o zatlaryň lakaşasyny Mämmet Orazow adamdan sorap bilmeli däl. Şonuň üçinem ondan soň onuň olar ýaly jogapkärli hem yzy ulala güpürdiden doly işiň golaýynda görünesi gelmedi.
Bag bolsa giň. Haýsy çöpüň aňyrsyna dulananyňda-da, bolman durjak däl. Yzyňy yzarlajak, azar berjek ýok. Barlagçy yzyna barlagçy gönderiljek däl. Esasy zat, ana, şol!.. Ýene iki ýyljyk gaýrat etse-de, pensiýe ýaşy dolýar, wessalam, iş tamam!..
1987-1997ý.
Hekaýalar