6. ÝARYŞ
Amanguly aga toýy şu ýerde, indi telim ýyldan bäri özüniň ymykly oturan ýeri bolan gara mallar fermasynda geçirjekdigini geňeş güni garyndaşlaryna çürt-kesik aýtdy. Oňa garşy boljagam bolmadylar. «Ilde ulag kän, kolhozam awtobusyny berse, bolar durubir. Ýazyň güni gaýtam giň ýer kemem bolmaz» diýişdiler. Üstesine kolhozyň çapylýan atlaram şol ýerde seýislenýärdi-de, hem-ä toýa gelen märekä tomaşa bolar, hemem atlaryň aýagyny göreris» diýşip, çalarak dümewläp oba keselhanasynda ýatan Çary seýisden at çapyşyga rugsadam aldylar.
Gelin getirilip nahar iýilýänçä, göreş sowulýança gün öýlän boldy. Märeke at çapyljak meýdana üýşüp başlansoň, seýislenip ýören ýedi sany owadan aty orta çykardylar. Simap kimin sandyrap, uçganaklap duran bedew atlar märekäniň şowhunyna hasam göterilişip, jylawlaryny üzäýjek-üzäýjek boldular. Şol wagt niredendir bir ýerden ýabysyny loňkuldadyp, bir ýerde üýşmeleň bolsa läliksiräp dilini aýnadyp ýören, sygyr çopany Otjan kilçik peýda boldy. Ol gele-gelmäne agzyny köpürjikledip:
― E-eý, menem çapyşjak siziň bilen, bolmasa-da baýragymy beriň! ― diýip oýnaklan boldy.
Oňa ilk-ä kän bir ünsem bermediler. Ol welin ýabysyny iki ýana loňkuldadyp, eýläk bir geçdi, beýläk bir geçdi, garaz, märekäni gününe goýmady. Birdenem Amanguly aganyň inisi Çary toýa beýemçilik edip ýören Hanguly seýsiň ýoklugyndan peýdalanyp, märekäniň öňüne çykdy-da, «itiň oýnam bolsa göläň çyny» diýenlerini etdi oturyberdi.
― Atlar täk bolýa haw, millet! Üçüsi jübüt. Birine taý ýok. Otjany şoňa goşaýjak men-ä!
Adamlar alawagyrdy boluşdylar. Kim «Bolýa» diýdi, kim bolanok diýdi. Emma kesgitli bir zat aýdan adam tapylmady. Bäş-on sanysy bolsa: «Nätseňiz şeýtseňizläň-aý, biziň üçin-ä tapawudy ýok!» diýip, kikirdeşdiler-de, hol beýleräkdäki şyr takyr ýere baryp, süzme bilen arak içmäge oturdylar. Hiç kimden garşylyk bolmansoň Hanguly Otjan kilçige:
― Baryber hol ýere, ýöne galmajak bolup ýabyňy çişirip öldüräýme! ― diýdi.
Oýnunyň çyna ýazanyna monça bolan Otjan tüýküligini syçradyp bolubilenini boldy.
― Paý, ömür galýamy bi. Uzyn gün sygyr kowalap, bir ýerde dek durmasa näme. Seň bujagaz aýlawyň dagy witjik, şundan Çepbejäň guýusyna-da bir durman baryp gelewersin-ow, bi!
Ýabysyny çapmak üçin Otjana ygtyýar berlenini görüp, başga-da bir iki sany göterme pyýada tapyldy. «Olar ýaly bolsa biziňem ýabymyz ba, bizem getirip çapjak» diýip, Hangulyň üstüne ýer depip dyzadylar. Kimdir biriniň: «Bar, getiriberseňizläň-aý nämäňiz bolsa, eňňere boldy indi bi» diýenini eşidibem, hamana, Çary seýsiň özünden rugsat bolan ýaly güpürdeşip gitdiler. Biriniň ýabysy-ha asyl beýleräkde otlap ýören ekeni. Ol barşy ýaly ýüzüniň ugruna ýabysynyň duşagyny çözüp, gamçy hökmünde eline aldy-da, şoň bilen saýgylap gaýdyberdi bärik garşy. Gönem pellehana bardy. Hä diýmän beýlekem bir gyr baýtaly ýempedip geldi. «Munyň agsaýanam ýaly-la, how» diýlen soraga ol ýabynyň üstünde gaýşarylyp oturyşyna göwni bir ýaly jogap berdi: «Aý, bir badadyr bi, gyzyşansoň Kösäň Bozdumany ýaly ýeriň tanapyny külterläberer».
Atlary ýaý bilen goşjak bolýandyklaryny görüp, çapyksuwarlar atlarynyň jylawyny ýataga bakan burdular. Ýöne bir ýerden ferma müdiri gyralary derden ýaňa her bir baglan saman şlýapasyny pezzerdip, ýüzünem hüýt-gara edip geldi-de:
― Aýdylany etmeseňiz, başlyga aýdyp, baryňyzy kowdyryn ― diýip, ýaş oglanlary gorkuzdy.
Çapyksuwarlar biri-birleriniň ýüzlerine naýynjar seredişdiler. Ýöne gidibilmediler. Diňe Çary seýsiň öz agtygy: «Atam söger» diýip, atyny aýlawdan çykardy-da, bir gyrada tomaşakär boldy duruberdi.
― Düş, ataň sökse! ― diýdi-de, müdir ylgap baryp, onuň atyny jylawlady. ― Düş! ― Müdiriň agzyndan gelýän agyr ysa çydap bilmän at başyny silkip beýläk öwürdi. Oglan welin düşmedi. Şondan soň müdir at çapyşygyň kethudalygyny öz eline aldym hasam etdi. ― Hemme ýabynam, ata goşjak men! Näme bolupdyr goşman. Baram bir dört aýakdyr-da. ― Ol oýnaklap duran jeren atyň üstündäki oglana: ― Gel haw, sen bäri! ― diýip, haýbat atdy. ― Dur şu ýerde! Butnama! ― Yzyndanam Otjan kilçige gygyrdy. ― Gel, hany senem, guduzlan it ýaly agzyňy akjardyp ýörme-de, goşul şuňa! Bol, ugraň özüňizem...
Çapyksuwar: «Hamala, ýeke daradygy ekeni-de» diýdi-de, atyň jylawyny gowşadyp goýberdi. At şeýle bir ýeňil gopdy welin, bir bada toýnagynyň sesem eşidilmedi. Ala-güpürdi bolup, Otjanyň ýabysam göterildi. Ýaby her bökende syrtyna bökderilgi horjunam galgap-galgap gidýär. Içindäki tüňçe-käsesem «şakyrt-şakyrt» edip, ala-zenzele turuzýar. Surat ýaly ne gözel at bilen bile elem-tas bolup barýan çopan ýabysynyň göz-gülban görnüşi bu duranlaryň hijisiniňem ýüregini agyrtmady. Asyl üýtgeşik bir zat bolandyram öýtmediler. Gaýtam, arkan-ýüzin gaýşyp gülüşdiler, gykuwlaşdylar. Bir ýerde teplegini, ýene bir ýerde horjunyny gaçyryp esli wagtdan soň pellehana gelen Otjana-da bir baýrak berdiler. Ol uly goh bolup, ýene-de pellehana tarap gitdi. «Galan atlary bir jüp-jüpden goýber haw, ýabylary ýok et, ýagşam bir iş bitirdiň» diýip bir degenek jahyl omzap öňe çykdy. Ýöne müdir oňa diýýämiňem diýmedi. Ýene bir at bilen ýaňky otlap ýören ýerinden eýersiz zatsyz münlüp getirilen ýabyny goşdy. Hil bir iş eden ýaly «gomp-gomp» edip iki ýana hekgerildi. Beýleräkde duran aýal-gyzlaryň içinden öz aýalyny agtardy. «Şeýdip ýörenimi göräýsedi» diýip göwün ýüwürtdi.
― Atlar biri-birinden ozjak bolup heläk bolarlar. Nätjek olary ýadadyp. Goý, öz maýdallaryna gitsinler-gelsinler. Hemem ýabylaryň göwni biter ― diýip, töwerek-daşyna hekgerdi. Özüniň edip ýören işinden hoşaldygyny ilden gizlejegem bolmady. Şol wagtam kimdir biri müdiriň gulagynyň düýbünde agzyny aňkadyp: «Çary aga geldi» diýdi. Müdir «ýalt» edip beýlesine bakanda, özüne tarap gazaply ýöräp gelýän seýsi gördi. Müýnüm bardyr öýtmän, oňa tarap gadam urdy, saralan dişleriniň etini gyzardyp ýyrş-ýyrş etdi. Salam berdi. Elini uzatdy. Seýis agzyny müňküldedip, sakgalyny titredip durşuna, süňkleri bildirip duran damarlak eliniň penjesi bilen müdiriň ýüzi kessir ýelmäp goýberdi. Müdiriň kellesindäki şlýapa gaýyp ýere düşdi-de, üç-dört ädim aralyga togalanyp gitdi. Şonda onuň depesi ak, aşagy gyzgylt öwsüp duran keljurun kellesi garry seýsiň gözüne şeýle bir nejis göründi welin, soň-soňlaram esli wagtlap şol ýadyna düşse, ýüregi bulandy ýördi. Rejäniň geň däldigini duýan müdir gaçmak bilen boldy. Ýüzüni ak-tam edip duran seýis sessiz-üýnsüz dagaşyp barýan mähellä bir ýakmazyny aýdarly göründi. Emma toýhanaň içinde agzyny ajydasy gelmedi. Beýleräkde, atdan düşüp ýüzlerini sallaşyp duran çapyksuwarlara welin diýdi. Ýöne seýis her zat diýse-de, oglanlardan ses-üýn çykmady. Şol aşak bakyp aýaklarynyň burny bilen ýer dörjelediler durdular. Hangula-da ite aýtmazyny aýdansoň, seýis:
― Amanguly habarlymy şu zatlardan? ― diýip sorady.
Onuň bu işden bihabardygyny bilensoň, biraz köşeşdi. Şonuň ýanyna gitdi. Sakgaldaş, toý gutly bolsun! ― diýdi. Birmeýdan dymyp oturansoň bolsa, agralan gabaklaryny ýuwaşlyk bilen ýokary göterdi. Igenç üçin däl-de, diňe derdini deň paýlaşmak üçin bokurdagyny dolduryp kineli gepledi. ― Haçandan bäri ýüwrük bilen çaman deňleşip ýörkä?
Ýaňky waka eýýäm gulagyna degen Amanguly aga oturan ýerinden gozganjyrady. Çalaja agaran ýüzüni seýse tarap öwürdi.
― Aý, bolmandyr öz-ä. Menem munda iş-alada bilen... Ýeri, Hangula näme gerek diýsene...
Seýis ýüreginden syzdyryp zarynlady.
― Hiý, şeýle zat öň bolýamydy, Amanguly?
― Ýok, öň-ä bolanokdy.
― Hm-m. Öň bolanokdy. Indi bolýa. Bular haýsy maşynyň güýçlüdigini, haýsynyň güýçsüzdigini bilýäler. Hersiniň içinde näçe atlyk güýjüň bardygynam bilýäler. At bilen ýabynyň parhyny welin bilenoklar. Şeýlemi?!
Amanguly aga ýene-de oturan ýerinde yraň atdy.
― Aý, bilýändirler-le welin...
― Dogry aýdýaň, bilýäler! ― Seýis yzly-yzyna suňşurdy. ― Bilip aňyrsyna geçýäler. Ýöne şeýdip kemsidiberseň, bedewiň namysdan öläýmeginiňem mümkindigini welin bilenoklar. Şeýle ýowuz wakalary biz öň az gördükmi? Bu günki ýaly masgarabazçylygy welin göremzok. Adamlarda ýürek galmandyr. Duýgy galmandyr. Dostuň ýüregini duýmasaň, dostlugyň uzaga gitmez. Bu janawarlar bilen biziň ata-babalarymyz müňlerçe ýyllap dost bolup, dogan bolup gelipdirler. Ony perzendi ýaly eý görüpdirler. Şu atlar bilen agyr ýagyny gaýtarypdyrlar. Kowanda ýetip, gaçanda gutulypdyrlar. Indi bolsa birtopar masgarabazlara oýunjak bolupdyr bular. Adamlar sowuk demre höwrügenleri bäri gaty zalym bolupdyrlar, Amanguly!
― Şeýleräk ýaly öz-ä. Gow-a däl. Düýn inimem: «At çapyşdyrmak hökman däl, märekäniň öňünde durjak bolsaň, aragy köpräk al» diýdi. Şoňa-da birhili bolup ýörün düýnden bäri.
Amanguly aga uludan demini aldy-da, toýuň aladasy bilen ýerinden turdy. Içini doly egsip ýetişmedik Çary seýis bolsa şol ýerden çykyp hiç kimiň ýüzüne-de seretmän, agyr ädimler bilen athana tarap ugrady. «Ýüzüňizi Babaly görsün siziň, köpeý ogullary» diýip, entirekleşip ýören ýaş-ýeleňleriň şeýle bigamdyklary üçin kejigip käýindi. Agşama çenli atlaryň ýanyndan aýrylmady. Gije-de aýrylmady. Obadaşlarynyň eden agyr günäleri üçin täk özi jogapkär ýaly, toýa-da barman uzakly gijäni ýüpek ýally bedew atlaryň daşynda sermenip geçirdi. Çyn bedewleriň ýüregini duýýan ynsan balasynyň entek-entekler kändigini, bu günki bolan gabahat işiň bolsa tötänlikden bolaýandygyny, özüniň bu dilsiz-agyzsyz dostlaryna, ýok, perzentlerine düşündiresi geldi. Gojanyň ýagşy niýetlerine gyz ýaly duýgur atlar kemsiz düşündiler. Şonuň üçinem olar tüssesi bilen tämiz howany zaýalap, her daýym ho-ol aňyrky ýoldan geçýän ululy-kiçili maşynlara, toýhananyň gapysyndan eşidilýän gopguna käte bir gulaklaryny üşerdişip, öňlerindäki arassa iými hiç bir öýke-kinesiz, giň göwrümlilik bilen hütürdetdiler durdular.
Daňdanara seýis olary şöwüre çykardy. «Gaýdyşyn aýagaldyklaryna goýberiň!» ― diýip, henizem gabaklaryny galdyryp bilmän duran çapyksuwarlaryna tabşyrdy. ― Goýberiň. Goý, göwünleri açylsyn!
Gündogara tarap güsürdeşip barýan bedew atlaryň dik depesinden ýaňyja dogup gelýän daň ýyldyzy parlap göründi.
1983 ý.
Hekaýalar