9. TOÝ GÜNI
Älhepus, wagtyň çalt geçäýşini! Garryatanyň öz öýlenenem düýn ýalydy welin, ine, bu gün ol eýýäm uluja oglunyň gelin toýuny tutup ýör.
Birinji gezek märeke ýygnanýandygyndan bolsa-da ahmal, mahal-mahal darykýar, gysylýar, aljyraýar, sähel zat üçinem kimdir biriniň ýüzüni alýar, azgyrylýar. Birdenem toý güni beýdip ýörmekligiň gelşiksizdigini aňýar-da, göwrümini giň tutmaga, hemmeler bilen mylakatly gürleşmäge çalyşýar.
Emma düýn öýlänler oba ― üç ýüz elli kilomertlik ýola giden gelinalyjynyň heniz bolup gara bermezligi ýene-de onuň jebegesini daraldýar, kejikdirýär.
Gelinalyjylar öten agşam şol ýerde ýatyp, daň bilen bärik ugramalydylar we giç galsalar, şu gün sagat on birlere gaýdyp gelmelidirler.
Häzir bolsa sagat dörtden işläp ýör.
Obadan gelýän myhmanlary häli-şindi: «Gaýgy etme, gelýäler», «Pylan ýerde gördük», «Deňinden geçip gaýtdyk» diýýän köşeşdiriji sözlerem Garryata kän bir täsir edenok.
Diňe: «Şähere girdiler, häzir Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýup ýörler» diýen habar gulagyna ilenden soň, ol az-kem rahatlandy. Düýn öýländen bäri beýnisini iýen aladalar sowaşdy. Eginleri ýazylyşdy.
Soň görüp otursa, ýolda gelinalyjyly maşyn kem tapypdyr-da, şony bejerjek bolup eglenen ekenler.
Garryata muny göwnüne getirjek boldy, bir zatlara ýorjak boldy. Kalbynda birhili ýakymsyz duýgy suwlup gitdi. «Hä, durmuş çagamy bir bada-ha siltejek, ýöne herhal soňy düz bolýa» diýen pikir beýnisiniň içinde köwsarlady.
Derrewem özüni ele aldy. «Demirdir-dä! Kemçilik tapjak bolsa seň toýuňa beýlekiňe bakýamy ol, özüňem «was-wasa» düşme» diýip, adamsyzrak ýere çekildi. Kükregini üç-dört ýola ýelden dolduryp, uludan demini aldy. Daňdandan bäri dünýe-älemi tot-tozana gaplan ýeliň köwsaryna tarap aýalaryny gerdi. «Ýeri, seňki näme diýsene!»
Birdenem ony başga bir alada gurşap aldy. Görüp otursa, prokatdan gap-çanaklary, stoldur-stullary, üstünde aýdym aýdylan teležkany, aýdymçylary getirmeli ýaş oglanlaryňam hemmesi gelinalyjyny garşylamak üçin günortanyň öň ýany ulag tapyp, uly ýola giden ekenler. Gelinalyjynyň beýle gijä galjakdygyny bilen bolsalar, elbetde, olar edil beýdäýmezdilerem. Wagtynda görler, bizem on birlere dolanyp geleris, bar zada arkaýyn ýetişeris öýdendirler. Iň ýaman ýeri, Garryatanyň kiçi oglam şolar bilen gidipdir. Getirilmeli zatlaryň barysyny boýnuna alan-tapan, gürleşen, ýoldaşlary bilen gidip getirmelem, ana, şol. Şol bolmasa, o zatlaryň niredediginem bilýän ýok. Garryata kiçi ogluny göz öňüne getirip, dişini gyjanda, çep ýan azysynyň biri bir tarapa agyp gitdi. «Heý, mysalaň gursun diýsänim. Hany, sen bir gel bakaly» diýibem, barmagyny agzyna sokdy. Edil çigit çigitlän ýaly, ýaňky dişini iki barmagy bilen çekip aldy-da, bir tarapa zyňyp goýberdi. Agajyň kölegesine baryp tüýkürindi. Kranyň başyna baryp agzyny çaýkady. Diliniň ujuny gopan dişiniň ýerine öwran-öwran degrende, şol ýeri göwnüne bir garyş dagy hoňkaryp duran ýaly bolup duýuldy.
Şu günüň şenbe günüdigi ýadyna düşendenem, Garryata diş yzasyny unutdy-da, prokatçylaryň ýarym gün işläp gidibermekleriniň mümkindigi baradaky alada gitdi. Ýene-de kiçi ogluny göz öňüne getirip gyjyndy. «Aý, doňuz, saňa olar ikide gel diýipdirler, häzirem sagat dörtden işläp başlady. Ýeri, dükanlaryny ýapyp ötägiden bolsalar, gelen adamlary men nä...»
Garryata bir azajyk durdy-da, öňküdenem beter gyjyndy. «Ýeri, bularyň-a gelmedigi boldy öýdýän diýäge-de, bar zady başga bir zeruryň birine berip goýberäýseler nätjek diýsene! Şäherde bir sen däl-ä, toý edýän...»
Sagat dört bolup bäşden işledi. Märekäniň ýygnanmagyna bary-ýogy üç sagat galdy. Garryata daş-töweregine delmurdy. «...Ine, hä diýmän märeke üýşer, görseler, oturar ýaly stol ýok, stul ýok, dik duran ýerlerinde naharlaýyn diýseň gap-çanagyňam ýok... Hiç bolmanda gezek-gezegine gazandan owurtladaýyn diýseň çemçäňem-ä ýok... Aýdym-saza güýmäýin diýseň, teležkaňam ýok, bagşyňam ýok... Şoň üçinem olar gelişleri ýaly nämäň-nämedigini aňarlar, onda-munda üçden-dörtden üýşüşip, ýarym sagat ýaly gümür-ýamyr edişerler-de, kem-kemdenem dagaşarlar. Maňa gözleriniň gytagyny aýlap baryşlaryna, «mys-mys» edişerler. «Pylanyň toý edişi ýaly» diýip, ömürboýy gürrüňimi ederler. Ine, onsoň galan ömrüňe ile çykybilmän, ryswa bol-da ýör...»
Şol oýlaryň astynda ýegşerilip ýörkä-de, ol alan-goýan zatlarynyň ýygnanja märekä ýetjekdigi ýa ýetmejekdigi barada oýlanýar. Hasaplaýar. Birde geljek myhmanlar çakyndan köp bolup, hiç kime hiç zat ýetmejek ýaly bolup görünse-de, birde adam az gelip, taýýarlanan tagamlar iýilmän galaýjak ýaly bolup görünýär. Birdenem edip ýören oýlaryndan howpurgaýar-da, öwhüldäp daş-töweregine garanjaklaýar. Nirädir birýana düwdenekläp barşyna: «Wah, iliň toýuna baryp, taýyn ýerden iýip-içip gaýdanyňdan gowusy ýok ekeni» diýip pyşyrdaýar.
Onuň içki harasadyny daşyndakylaram duýýan bora çemeli, her kim bir zat diýýär.
― Darykma how, Garryata, giň bol!
― Gysylma, il sowar!
― Ertir ir bilen ýel turzanyny az görýäňmi? Indi howa açylyşandan soň bir açylyş?
Olardan gaçyp bir çeträge çekildim welin, düýnden bäri daşyna direg bolup duran daýylarynyň biri «ýelk-ýelk» edip geldi-de, agsak aýagyna agram salmazlyk üçin iki ýana leňňer atdy.
— Çaga diýeniň, ýegen, saňa elgaramanka, gumry ýaly sepenje dänäňi çokup, aýaklaryň arasynda «gummurdapjyk» ýörkä gowudyr. Ýanyna gara saçly molla goşulyp, «gummurdysyny» şoň «lummurdysyna» goşup ugransoň, sen ýadyna düşmersiň. Asyl, seni tanamazam. Ýöne şondan soňam seni gözden salmasa, şondan soňam atam-ow şü, enem-ow şü, diýip daşyňdan aýlanyp dursa, ana, ol ogul hakyky oguldyr. ― Ol çyg-çaýylan göm-gökje gözlerini ýaglygy bilen süpürdi-de, beýleräkde, nazaryny käte bir bärik aýlap, barmagynda maşynyň açaryny oýnap duran garynlak, dymma ýigide tarap baş atdy. ― Görýäňmi?! Şumat meň şu bolup durşumy görüp içini it ýyrtýandyr. Sebäbi öz-ä içenok, meň içenimem halanok. Şu ýere gaýdanymyzda-da, «Içäýme» diýip sargady. «Bor, diýdim. Ine-de, bolup durşum. Ýöne ýüzüme gelibilmez. Taşlabam gidibilmez. Haçan özüm ýör diýýänçäm durar direnip. ― Daýysy «leňk» edip, bir gyra çekildi-de, gözjagazlaryny jüýjerdip. Garryatanyň ýadawlykdan ýaňa «garrygyzyň» paçagyna dönen ýüzüne gyýa-gyýa garady. ― Ýöne hemmesi beýle däl, ýegen! Çagaňam bolsa, hemmesi deň bolanok. Görersiň, özüňem entek... »Daýymyň diýenleri dogry ekeni» diýersiň erte...
Garryata daýysyna käte «hä» berdi, käte aşak bakyp baş atdy, ýöne gürrüňiň näme hakda gidýänine onuň bu gürrüňi nämüçin gozganyna düşünmedi. Düşünjegem bolmady. Kükregini ýelden dolduryp, öwran-öwran «öwhüldäp» durşundan derdini aňan dek, daýysam «liňk-liňk» edip, derrew dalbaryň astynda goýlan uzyn stoluň başynda çaý süzüşip oturan pyýadalara tarap ugramak bilen boldy. Bäş-üç ädim edensoň, ýene-de sakga saklandy-da, leňňerli aýlaw bilen bärsine öwrüldi.
― Gaýgy etme, ýegen! Esasy zat gelin getirip, ogul öýermekdir, galany hiçdir. Bolmanda-da, bar zady birkemsiz edip bolýan däldir.
Garryatada şol wagt: «Şu märekäniň içinde meň ýagdaýyma düşünýän bir şul-ow» diýen duýgy döredi. Oglanlykdan bäri gowy görüp gelýän daýysyna bolan söýgüsi ýene-de artdy. Minnetdar boldy.
...Gelinalyjynyň gelmegi bilenem Garryatanyň aladasy egsilmedi. Ýogsam bar zat bolmalysy ýalam boldy. Ýaş oglanlar sähel salymyň içinde stoldur stullary, gap-çanaklary getirdiler. Teležkany traktordan aýyrdylar-da, ýoluň ugrunda keserdip goýmak üçin öňe-yza oýkanjyrap ugradylar. Olary synlap duran Garryata öz ýanyndan: «Häw, şular şuny keserdip bilmezler-ow» diýen iňkise gitdi. Alada galdy. Bir gözýetime tarap sallanjyrap barýan Güni, birem bir öňi gelip ugran märekäni synlady. Soň ýene-de üsti dürli çyralar bilen bezelen teležka, ony iki-baka iteläp duran oglanlara seretdi. Olaryň nalajedeýinliklerine gahary geldi. Kejikdi. «Aý, nätseňiz şeýtseňizläň» diýibem, yzyna döndi. Bärräk gelip, ýene-de gaňryldy. Eýýämhaçan ýoluň üstünde keserip duran teležka gözi düşendenem häliden bäri şolar ýaly bolgusyz zadyňam aladasyny edip, janyny ýakandygy üçin öz-özüne käýindi. «Mensizem bolaýjak ýaly-la» diýip, ýuwdundy. Şol wagt ýaş oglanlardan biri ylgap gelip, teležkanyň üstünde tamadany oturdar ýaly stul sorady. Indi birneme tejribe toplap ugran Garryatanyň jogaby nagt boldy.
― Gerek bolsa, özüňizem taparsyňyz!
Ýeňseden kimdir biriniň makullaýjy sesi eşidildi.
― Dogry aýdýaň. Gerek bolsa özlerem taparlar. Haýsy bir zada seň özüň ýetjek.
Garryata ony tanamady. Ýüzüni tanady. Ýöne kimdigini aňynda aýlap ýetişmedi.
...Garryata bir görse, stoldur stullar ýerli-ýerinde hatarlanyşyp dur. Stollaryň üsti ak kagyz bilen örtülgi. Şemalyň uçurmazlygy üçin daşyndan inçejik ak ýüplük bilen saralgy.
Gyzlaram aýaklary bişen ýaly, iki baka zowzullaşyp, öten agşamky taýýarlan salatlaryny, gök önümleri, dürli-dürli suwlary üstünde goýuşdyrdylar welin, stol-a hakyky toý saçagyna, daş-töweregem hakyky toýhana meňzedi duruberdi. «Taryň-ň», «turuň-ň...» edip, teležkadan saz gurallaryň sesem eşidilip başlady. Iliň toýunda diňlände gulagyna diýseň edrenç eşidilýän bu owaz häzir Garryatanyň gulaklarynyň içinde ene hüwdüsindenem eziz ýaňlandy. Ol: «Dogrudanam, bolaýjak ýaly-la» diýip, öz ýanyndan pyşyrdady. Süňňi ýeňlän ýaly boldy...
Edil şol wagtam kimdir biri onuň öňünde sömeldi.
— Stoluň başyna çeker ýaly elli-altmyş mitir sim gerek.
Garryatanyň ýüzüne urlan ýaly boldy. Zehini bir demde öňküsindenem beter bulaşdy. Çünki çyra çeker ýaly simi ol häzir-ä däl, ýeriň giňinde-de tapyp biljek däl ahyry! Onsoňam beýle-beýle zatlaryň gerekdigini, oňa öňünden duýduran ýog-a! Onuň pikiriçe, çyra, sim, hemme zat teležkaçylaryň özlerinden bitmelidi. Asylam, oňa: «Sen barja zadyňy orta dök, galanyny köpçüligiň özi oňarar, toýuňy il sowar» diýipdiler. Hamala, şol sözi şu gaşynda duranyň özi aýdan ýaly:
― Sowuň-da onda, sowýan bolsaňyz! ― diýip, Garryata uly-ili bilen gygyrdy.
Öňünde duran onuň bu haýbatyna birhili boldy. Ýüzi çaňjardy. Gözleri çaşardy.
― Nämäni-i?... ― diýende, aşaky erni çep tarapa ep-esli gyşardy.
Garryata welin, sesini öňküsinden gataltmasa peseltmedi.
― Toýy!...
Ol şeý diýenden, sim soran-a ýüzüni çym-gyzyl edip, ýom-ýok boldy welin, başga biri keltejik, hor pyýada gibirdikläp geldi-de, burnunyň suwuny çekip durşuna:
― Hanypa, hygryň kennalgy polsap ponsap barýa welin, üter ýany paýannyk ― saýannyk tapdynmazmykan?... ― diýdi.
Oňa jogap berip ýetişmänkä, ýene biri alatozan turzup geldi.
― Onda-munda çaşyşyp ýatan boş çüýşe görünýä welin, ýygnalaýsa-ha kem bolmazdy.
Birdenem Garryatanyň öňünde «şilliň» uzyn göwre peýda boldy. «Şaňňyldap» geplände, sesi ýelli güni jaýyň çür depesinden gelýän ýaly, üzlem-saplam eşidildi.
― Bä... ...lty ...any ...üý ...ilen ...ekiç ..myka?...
Oňa çenlem başga bir möseleç, gartmaçrak kişi ýantaklap geldi-de, ýüzüni küsserdip:
― Sluçaýno, nasyň-a ýokdur? ― diýdi.
Garryata bir görse, daşy hümer bolupdyr.
― Mollaň yzyndan gitjek bolýas welin, maşyn tapsan-a.
― Wideoçy öýe gidip geljek diýýä welin, ulag gerek...
― Birini wagzala taşlamaly welin, ho duran maşynyň şopury kimkä-raý?...
― Somak agaň agtygy siýibilmän çarlap ýatyr welin, dogtara-sogtara äkidibilmezmi?
― Guda tarapdan gelenler gaýtjak bolýarlar welin, ýanlaryna salar ýaly üç çüýşe arak bilen zakuska äbersen-e...
― Birki sany dutarjyk tapyp, goňşulaňňam jaýyny dileseň, oglanlaň içinde aýdym aýtjaga bar.
― Palatajyk bolsa-da bordy.
― Woýennilerde beýlekilerde tanşyň bolsa-ha tapdyrdy welin...
Elbetde, olaryňkam dogry. Her kim gerek zadyny Garryatadan, toý eýesinden soraman, kimden sorasyn?! Ýöne onuňam dördünji gatdaky, dört otagly jaýynda, şojagaz jaýyň içini tutup duran sanaýmalyja keçedir palasyndan başga, artyk-süýşük zady bolmasa näme! Käşgä bir oba ýerindäki ýaly giň howlusy bolsa. Hiç bolma şäher howlusy bolsa. Bu gatbar-gatbar bolup duran beton jaýlaryň içindäki jemendeler ýyllar boýy duldegşir ýaşabam, bir-birlerini tanamasalar näme. Tanaýanlaram oba adamlary ýaly özlerini orta atyşyp-oklaşyp gatyşyp-garyşyberenoklar. «Näme kömek gerek goňşy» diýşip direnişiberenoklar.
Sag tarapdan iň çetki girelgäniň birinji gatynda ýaşaýan goňşys-a şu gün günuzyn eli galtakly iki ýana daz ýasady, märekäniň içi bilen. Gapysyndaky ýerjagazynyň daşyna demir gözenekli haýat aýlaýamy, demirden derweze oturdýamy, garaz, hinine gyş azyk çekýän köralaka ýaly hars urdy. Toýhana tarap welin nazaram aýlamady. Ýogsam düýn günortan hudaýýoluna sadaka berende, Garryata ähli goňşularyna çakylygam ýöretdi. Gapyň agzynda gabat gelip ýörite-de aýtdy. «Goňşy, bar. Çörek iýip gaýt. Ertirem toýdur, bar, sowuş» diýdi. Emma, ana, ho-onha, sowşup ýörşi. Nämemişin, ertire galsa palçygy guraýarmyşyn.
Ýeke o däl. Beýlekilerem şeýle. Gaty bir günde-günaşa gatnaşyp ýöreniň ýa ir döwürden bäri bile oturan oturymdaşyň bolaýmasa gelenoklar. Goşulyşanoklar. Tä toý sowulýança, gaýanyň ýüzündäki guş ýaly «höwürtgelerinden» boýunlaryny süýndürişip oturandyrlar. Bir-ä, gaýtam, şu gün daň bilen galmagalam etdi. Gazan ataryljak ýere geldi-de, sen-men ýok: «Dat, daş-töweregi görer ýaly etmersiňiz?» diýip gygyryberdi. Kim ol? Nireden geldi? Öýi nirede? Ony bilýän ýok. Köçäniň aňry ýüzünde ýaşaýan çal saçly, burny oragyň sapy ýaly garry heleý bolsa: «Ojagyňyzyň tüssesi äpişgämizden girer» diýip jeň urdy. Ýöne ony-ha toýçylaryň biri tanaýan ekeni. Bir bulgury çakyrdan dolduryp berdi welin, hälki heňkirip duran kempir agzyny süpürip-süpürmänkä aýdyma zowladyberdi. Ikinji bulgury içibem zut gitdi. Tä garasy ýitýänçäde: «Toý ýakşy, türkmen ýakşy» diýip gaýtalady bardy.
Käbir goňşularyny bolsa Garryata bilgeşleýinden çagyrmady. Mysal üçin, ikinji gatda çep tarapda ýaşaýan goňşusyny alyp göreliň. Şol goňşy baryp-ha göçüp gelen günleri Garryatanyň göwnüne degdi. Başda gatnaşyklary erbedem däldi welin, bir gün süýr günortanlar geldi-de: «Sen näme meň goýýan ýerimde maşynyňy goýupsyň?» diýip maňňyldaberdi. Ýüzi-gözem ak-tam, hamala, bir bolmasyz iş bolan ýaly. «Haş-haş» edip, deminem zordan alýar. Garryata «Oba gitjek bolup otyrys, goňşy, ine, çagalar taýýar boldugy ugraýas, ýeriňem boşadýas, boş duran ekeni-de goýaýdym, gelenimem ýaňyja, ýarym sagadam geçenok» diýip, oňa gep düşündirjek boldy. Bu düşündirjek boldugysaýam, beýleki örç aldy. «Nikakoý oba, dawaý, aýyr, maşynyňy!» diýip, aýagy bilen ýer depdi durdy. «Goňşy aralykda gohlaşyp durmaýyn» diýip Garryata şonda maşynyny aýyrsadam-a aýyrdy welin, şol sapar şeýle eglişik edenine soň puşmanam etdi. Asyl, ökünip aňyrsyna çykybilmedi. «Hä, aýyrmaly däl ekenim, gözüne basyp goýmaly ekenim, seň nä ataň mellek ýerimi bi, diýmeli ekenim» diýip, otursa-tursa ahmyr etdi ýördi. Şol waka ýadyna düşse, ýa şol goňşusyny görse, gyjyndy ýördi. Şol goňşusynyň ilki göçüp gelen günleri: «Öz bähbidiň gözüňe görnüp durka, islendik adamyň göwnüne degmekden gaýtmaly däl, soň ät galanyňdan başda ýigrenji görneniň gowudyr» diýen pelsepesi ýadyna düşünde-hä, şeýle pes pikirli adama eglişik edendigi üçin öz-özüne hasam igendi.
Ýöne, näme, «Biri şeýle ekeni» diýip, onuň bilen deň bolup bolýamy? Zandyňda ýok zady edip bolýamy? Köp ýerde ýagşylaryň paýynyň ýamanlara ýal bolmagynyň düýp sebäbem şonda dälmi näme!
Garryatanyň bar eden zady ― şondan soň şol goňşusy bilen salam-heligi kesdi. Nätjek?! Onuň ýagdaýy şeýle. Göwnüniň söýmeýän, sulhunyň almaýan adamy bilen ýalandan suwjaryşmak ýa ýüzüne ýalym-ýulum edip, yzyndan gürrüňini etmek ýaly ýaramaz gylyklar oňa ýat.
Umuman, Garryatanyň goňşularynyň hersiniň bir özboluşly hüý-häsiýeti, taryhy bar. Olaryň hersi barada bir eser ýazmak mümkin. Gowy ýa erbet diýip däl-de, boluşlaryna ― bolşy ýaly edip ýazaýmaly.
Biri-birleri bilen golaý gatnaşykda däldikleri üçin welin, olary günäkärlär ýalam däl. Çünki şäher adamlary oba adamlary ýaly, birek-biregi arkama-arka, asyrma-asyr tanap gelýän, bir kökden şaha ýaran adamlar däl. Ine, onsoň birtopar çagaly-çugaly, juwanlygyň yssy möwritini hersi bir ýerde ötüren, eýýämhaçan durmuşdan ýadamaga ýetişen, argyn kişiler birek-birekden çekeräk duranlaryny kem görenoklar.
Galyberse-de, Garryatanyň özem bir haýsy goňşam toý edýärkä diýip, hyzmata gaýym tigirlenip ýören adam däl. Gaýtam, bu olardanam beter. Kellesini dört diwaryň arasyna sokup, özüni jygyldawuk mele diwanyň üstüne atybilse bolany! Çykjak gümany bolmaz. Şonuň üçinem goňşularynyň gözüne Garryatanyň özüniňem nähili häsiýetdäki adam bolup görünýändigi düşnükli bolsa gerek? Elbetde! Külli şäher halkynyň boýnundan saryçyrmaşyk kimin ilen şol gözgyny häsiýetden ala-böle Garryata nädip halas bolsun?! Şonuň üçinem, bu ýerde adamyň-adamdan gaty görmäge-de, geň-taň görmäge-de haky ýok.
Onsoňam eýle-beýle diýýäs welin, şäher adamlarynyň arasyndan-da, «Näme kömek gerek bolsa aýdaýgyn, goňşy» diýip duranlary ýok däl. Allanyň öňünde ýazykly bolmaz ýaly, hakykatyň hatyrasyna olar barada hem bäş-üç agyz söz aýtmak gerek.
Mysal üçin, çep tarapdan ikinji girelgäniň birinji gatynda ýaşaýan, işigi telärli adam. Ine, şol! «Myhmanlaryňy oturdaryn diýseň, tapçan-a bardyr, goňşy» diýip, düýn öýländen bäri Garryatanyň daşyndan aýlanyp ýör. Aýaly bende-hä o gürrüňini has öňräkden bäri edip ýördi.
Özünden yzarlap aşak gaýdanyňda, ikinji gatda ýaşaýan goňşusam düýnden bäri Garryata el-aýak ýaly boldy. Nirä diýseler tok çekdi, çyra ýakdy, ine, ýap-ýaňyja teležka üçin soralan simem şol tapyp berdi. Garaz, barlygyny bildirdi.
Şu zatlara seretseň, şäher diýip, oba diýip, bölüp-büçüp oturmaly dälem ýaly. Kim bolsa-da, nire-de bolsa-da, adam bolsun diý, wessalam, gürrüň tamam!
Hut şeýle şol. Çünki bir wagtlar Garryata obada ikisini öýerende, sag tarapky goňşusynyň aýaly gündiziň günortany gapysynda oturan myhmanlaryň aşagyndan keçelerini silkip-silkip aldy-da, «Biz toý edemzok, baryň, toý edýäniň gapysynda oturyň» diýip, ýene bir goňşylary: «Düýn oturdyňyz besdir, indi gidiň» diýip, gelinalyjyçylaryň naharlarynam iýdirmän, öýünden kowdy. Özem ýaşuly adam. Ýeri, oňa näme diýjek?
Howwa, ýagşam, ýamanam, gowy-erbedem hemme ýerde-de bardyr. Ýöne, herhal, şäher ýeri kyn. Iki-ýeke gowy goňşyň bolaýanda-da, aljak galaň ýok. Haýsy bir gerek zadyň üçin ýa kömek üçin, şol iki goňşyň üstüne ylgap durjak? Toý diýlen zady, dogrudanam, köpçülik bolup sowmaly ahyry.
Bular bolsa: «Hany, öýünde bagşy aýtdyr ýaly goňşyň ýokmy» diýip soraýalar.
«Wah, barysam şu dara-dirilikden!» diýip, Garryata münber-münber bolup duran jaýlaryň çür depesine tarap otlukly nazaryny aýlady. Häzirki toý tutan bolup, gomalyp ýören meýdançasynyň ýekeje dabanynyňam özüniňki däldigini, giden märekäniň bolsa uly ýoluň üstünde oturtmaly boljakdygyna jany ýanmakdan ýaňa dişlerini gysanda, ýene bir dişi leňňer atyp gitdi. Ýöne synmady. Bu gezeklikje saklandy. Owurdyny aýasy bilen owkalap durşuna, Garryata hamhyýalyny bu uly şäheriň üstaşyry, alyslarda galan obasyna, golanlykda önüp-ösen giň sähralyklaryna tarap iberdi. Şol tarapa bakyp delmurdy. Bu, aladaly pursatda şol boz toprakdan, mähriban obasyndan, obadaşlaryndan haraý isledi. Özüne şol topragyň üstündäki adamlardan oňa hossar ýokdugyny duýmakdan ýaňa gözlerine ýaş aýlady. Häzirem öz daşyna, esasan, hut şolaryň gollap durandyklary üçin göwresinde güýç duýdy. Hatda şäher içindäki şäherlileşip giden obadaşlarynyňam köpüsiniň eddil ýedi ýat ýaly agşam sagat ýedide, ähli zat stoluň üstünde taýýar bolandan soň gelip, on birlerde-de göni stoluň başyndan dagajakdyklary ýadyna düşende, göwresindäki şol güýç birhili kemelen ýaly bolup gitdi. Allowarralardan geçip giden «MAZ» maşynynyň tüssesine boglup üsgürdi. Golaýyndan geçip barýan ýük otlusynyň zarbyna aýagynyň aşagy titredi. Birmeýdan märekeden çeträge çekilip, böwrüni diňledi. Soň ýene-de agyr ädimler bilen köpçülige tarap ugrady. Märekäniň çetinden girişi ýalam işdeş ýoldaşlarynyň biri gabat geldi-de, nämüçindir, şu gün arak içmejekdigini ýaňzytdy. Özüniň arak belasyndan nähili ussatlyk bilen sowlandygy, şeýtmedik bolsa bu wagta çenli özüniň nirelerden çykjakdygynyň belli däldigi barada hopugyp-hopugyp gürrüň berdi.
― Biler bolsaň, dost jan, men o dünýäniň gyrasyndan gaýtdym. Dogrusy, gaýdyp adam bolarynam öýdemok. Bir görsem, «zapoý» bolaýan ekenim. Bir içip başlasam telim günläp açylybilmesem, näme. Özümem şoňňalyda öz-özüme aýdýan: «E-eý, işigaýdan, ýene-de iki hepdeläp işiň gaýtdy, açylmaza gitdiň» diýýän. Şony diýýän, ýöne içmän durup bilemok. Içmesem ölüp barýan. Gözüme herki zatlar görnüp, kelleçanagym pytrap barýa. Ýüz gram içýänem welin, bar zat narmalno. Ýöne güýji sagat ýarymdan aňry geçenok. Ýene içmeli. Esasanam, gijesine kyn bolýa. Azarlap oýanýaň. Hiç ukyň gelenok. Töwerek-daşdan her hili eýmenç-eýmenç sesler eşidilýär. Bir käse ýelmeýäňem welin, ýene-de pişik ýalyja myrlap ýatansyň. Bady gaçdygy, edil biri böwrüňe dürten ýaly, zowlap galýaň. Sermende ýör onsoň öýüň içini, bokurdagy öllär ýaly bir zatjagaz tapylmazmyka diýip. Ine, onsoň daň atýança dat günüňe! Sagadyň dili dagy ynanmarsyň, edil korpusyna daňlan ýalydyr. Süýşmez. Çalarak ymyzganaga-da «Ind-ä bir ep-esli wagt geçidir-ow» diýip seredersiň welin, bäş minut ýa geçendir, ýa geçen däldir. Ojagaz bäş minudam rahat ýatan bolsaň ne ýagşy. Gözüň öňünde bir wagtky öten-geçenlerem iki ýana elewreşip ýörendir, düýe-de gepleşip durandyr seň bilen, eşegem takal okap durandyr, ýüzüňe seredip...
Garryata bir tär bilen ondan sypdy-da, aňyrlygyna gitdi. Beýnä dynç bermek üçin çolarak ýere hyýallanandanam, şäherde ýaşaýan obadaşlarynyň biri kendir iýen düýe ýaly, süýnjeýip geldi-de üstüne abandy.
― Biz-ä bir ýetim oglan how... Ýeke ýigit... Özüň bilýäň...
Garryatanyň ozaldanam oklaw ýaly bolup duran ýeňsedamarlary «tars-tars» etdi. «Adam diýeniň bäş ýaşda ýetim bor, ýedide ýetim bor, onda, on bäşde ýetim bor, hiý, elli ýaşap, ogul öýerensoň, gyz çykaransoň, ata bolup, agtyk söýensoňam, bir ýetimlik bormy?» diýip, içinden gahar etdi. Obadaşy bolsa, gaýtam, özüniň ýetimligine guwanýan ýaly, hamala, şonuň özi bir ýetip bolmaýan dereje ýaly, şol mertebesi üçin hemmeler onuň öňünde dyza çökmeli ýaly, gitdigiçe örç aldy.
― Nalama, diýjek bolýaňmy? Goý, şunyňy, irdim diýjek bolýaňmy? Ýo-o-o-o... goýman. Sebäbi meň içim ýanyp barýa. Içim köz bolup, içegelerim çürşip barýa. Aýdyp içimi sowatmasam, ýüregim ýarylyp, öýkenim agzymdan çykyp barýa.
Garryata şondan artyk çydap bilmedi.
― Içiň ýanýan bolsa aragy azrak iç.
― Ýo-o-ok, gep onda däl! Onsoňam meň içimdäki seň aragyň däl. Piwenoýyňky. Ýolda içdim. Öz puluma içdim. «Toýa barsaň, doýup bar» diýipdirler diýdim-de, içip goýberdim. ― Ol sag eliniň aýasy bilen göläňki ýaly sallanyp duran mähnet garnyna «pat-pat» ýelmedi. ― Meň içimiň ýanmasy arakdan däl, men öz wagtynda ejemi ine-gana emip bilmedim, ana, şondan. Düşündiňmi?
Garryata kese bakyp durşuna dişini gyjady.
― Emmeli ekeniň-dä.
― Nädip emjek? ― Ýetim boýnuny süýndürip, barmaklaryny büküp durşuna sadaka soýuljak köşek ýaly, «bar-bar» bagyrdy. ― Kakam prontda ýogaldymy? Garryata ýüzüni iki ýana sypajaklatdy.
― Bilemok...
― I-i-i... o nähili bileňok? Bir obada önüp-ösdüg-ä ikimiz. ― Ol ýene-de barmaklaryny büküp başlady. ― Znaçit, kakam prontda ýogaldy. Şeýlemi?
― Bilemok...
Ýetim elini silkip goýberdi-de, sözüni dowam etdirdi.
― ...Znaçit, kakam-a ýogaldy, ejemem bizi eklemek üçin gije-gündiz kolhoz işine gatnady. Horlandy. Göwsi sykyldy. Şoň üçinem men ony doýa garna emip bilmedim.
― Kolhoz işine gatnan ýeke seň ejeň däldir-ä...
― Dogry. Ýöne işleýän ýeke özi bolansoň, köp işläp az iýmeli boldy. Bize iýdirmeli boldy. Netijede, süýdi az bolup bizi emd...
― Agzyndakyny iýdiren bolsa boldy-da, näme, ýa hökman bar zady içinde üwäp süýt edip bermelimi o saňa? ― Garryata obadaşynyň ýüzüne çiňerildi. ― Şoň bir halta süzmesine, iki sany kel toklusy bilen on sany towugyna göz dikip, ine, indi elli ýyldyr sen o görgüliň ýeke özüni bir ýykyk harabaň içinde saklap otyrsyň. Ýigrimi ýaşynda ärinden galyp, seň üçin ömrüni kül eden bende häzir itiň art aýagyndan suw içýä. Oňa uly iliň nebsi agyrýa. Bütin oba saňa nälet okaýa, sen bolsaň, ýene-de men ony wagtynda emip bilmedim diýýäň. Sen ony ömürboýy emip geldiň. Sen ony şumadam emip ýörsüň...
«Ýetim» bu zatlary ýüzüne-de almady. Gaýtam, garnyny sypalap diň gögüne garady.
― Ýa, ýanyma getirjek bolup şunça nemetýän welin, bolanok. Çagalaň enesi bilen oňşanok...
― Eneň bilen oňuşmaýan heleýdenem bir heleý bormy?.. ― diýdi-de, Garryata bir tarapa ýöneldi. Birdenem yzyna öwrüldi. ― «Men ýetim, men ýetim» diýip, barymyzyň-a atamyzyň-enemiziň başyna ýetdiň. Bizd-ä indi şolaryň birem galmady. Ýa bizem gygyralymy, «men ýetim» diýip? Bu giden mähellede gygyrsynmy, «men ýetim» diýip? Ata sakgaly eňegine çykan adam «men ýetim» diýip ýörse geň bolmazmy? Onda ýer ýüzi ýetimden dolaýmazmy? Dünýä eýesiz galaýmazmy?
Garryata ondan daşlaşdy. Nämüçindigini bilmän, birlaý märekäniň içine aýlanyp çykdy. Onuň-munuň bilen nämelerdir bir zatlar barada gürleşdi. Soraşdy. Stoluň üstüne nahar çekilip ugranyny görensoň, şu gün öz işiginde, hakykatdanam, toýuň boljakdygyna, gap-çanagyňam, ir-iýmişleriňem arkaýyn ýetjekdigine ynandy. Süňňüne ýeňillik aralaşdy.
...Toý aladasyna başlan gününden bäri, öň yssy-yssy gatnaşyp ýören ýoldaşlarynyň käbiriniň birdenkä öýden aýaklaryny kesip oturyberendikleri, hatda jaň etmeklerinem goýandyklary ýadyna düşende, Garryata ýene-de bozuldy. Hatda, içini tutup, aşak çökeninem bilmän galdy. Başda ol toý aladasyna giren gününden başlap, dost-ýarlarym daşymy gurşarlar, günde-günaşa ýanyma gelerler, kömek ederler öýdüpdi. Emma ýagdaý düýbünden başgaça boldy. Garryata ilk-ä olary özüniň pul dilärinden gorkandyrlar öýtdi. Şonuň üçin käbirlerine jaň edip: «Gorkup ýörmäň, how, pul ýagdaýym gowy, arkaýyn geliberiň, öňki gelşiňiz ýaly» diýen gezeklerem boldy.
Onuň harjy ýagdaýy hakykatdanam gowudy. Başda gowy däldi, ýöne soň gowulaşdy. Hiç kimden karz almalam bolmady. Tüýs «At aljak bilen gelin aljaga Alla ýetirer» diýenleri boldy. Ýogsam bu-da bir ömürboýy galyňdan nalap, hiý, onça pulam bir jemläp bormy diýip ýörenleriň biridi. Emma, ine, bir hudaýlykly guda duşdy-da: «Agam, gyz satyp baýan ýok, meňkem şol, gyzym aglap gapymdan gelmese bolýa, seňňem ýagdaýyňy bilýän, dar şäheriň dördünji gatynda otyrsyň men saňa salgyt salybilmen» diýdi. Şol wagt saý-sebäp bilen eline bäş şaýy pulam düşdi-de, toýuny sowmaga arkaýyn ýetdi duruberdi. Gyza birlaý gowy eşik etdi. Oňňam, näme, giden ýeri ýok. Şu gün gyzyl-çog bolup, geýip geldi şu ýere. Garryata onsuzam etmel-ä onça zady. Olam indi munuň çagajyklarynyň bir-ä!
Umuman, gudasy ony gapy gezmeli etmedi. Il-günem: «Garryata, saňa duşan guda ýaly guda hiç kime duşmaz» diýdi.
Garryata şonda: «Hä, salgyda düşüp, kömege mätäç bolan bolsam, şäherdäki dost-ýarlarymdan-a hemaýat boljak däl ekeni» diýip kemsindi. Beýle namart çykandyklary üçin, şunça gatnaşybam şular ýaly pursatda, göz-görtele ejizländikleri üçin olara nebsi agyrdy.
Bir gezegem toýuň öň ýany maşyn gerek boldumy ýa başga bir zerur iş üçinmi, ýoldaşlarynyň birine jaň edende, o bende trubkanyň o çetinde esli wagtlap gepläbilmän, «hys-hys» edip durupdy-da, diýseň sowuk hem-de örän nämähremlik bilen: «Hany, bi... öz obadaşlaryňdan ýokmy, hiç kim...» diýipdi.
Ol söz Garryata örän ýokuş degipdi. Has dogrusy, şol üç agyr söz onuň bagryndan ok bolup geçipdi. Çünki Garryata dostunyň şol sözüne şeýleräk düşünipdi: «Sen how, tirkeşilip, iýlip-içilip ýörülse, özüňi biziň bilen deň-derejeli adam saýyp ýörme. Hetdiňi bil. Syrtyňy tana. Ýogsam, ine, şahymyzyň ujy bilen gyltyzraga-da bir süseris welin, sürüden çykar ötägidersiň...»
Garryata welin tirkeşip ýören dost-ýarlarynyň hiç birinem öz obadaşlaryndan zyýat görmese, kem görenokdy. Asyl, ol türkmeniň aýry-aýry obasy bardyram öýdenokdy. Hemmämiz bir atanyň ogly, bir enäniň perzendi diýip düşünýärdi. Olar bolsa bu gün munuň haýsy obadandygyny ýatlatdylar oturyberdiler. Onda-da şular ýaly pursatda. Köneler: «Toý diýilse, ýatan kelle-de togalanypdyr» diýip, ýöne ýere aýdan däldirler ahyry.
Toý aladasyna başlandan soň özüni çete oklan dost-ýarlarynyň bolşy Garryatanyň ýadyna başga bir wakany saldy. Ýagny birküç ýyl mundan öň zerur bolup, on iki ýyl bäri münüp ýören maşynyny satypdy. Özem tussumandan, hiç kime geňeşmän satypdy. Şonda şu wagtky golaýyna gelibilmän köwejekleşip ýören dost-ýarlarynyň köpüsi ýerli-ýerden: «Wah-eý, beýtmeli däl ekeni-dä, pul gerek bolsa soraýmaly ekeniň-ä» diýşipdiler. Dostlarynyň bardygyny hasaba alman, etmesiz iş eden adam hökmünde Garryatany aýyplapdylar, ondan öýkeläpdiler. Garryatanyň özem şonda ullakan ýalňyşlyk goýberendigini boýnuna alypdy. Dagy-duwara beýtmejekdigine, mundan beýläk sähelçe horluk çekdigi, hökmany suratda olara ýüz tutjakdygyny ýoldaşlarynyň öňünde söz beripdi.
Emma, ine, gyzdy-wyzza geldem welin, kömek bermeg-ä beýlede dursun, asyl töweregine-de gelip bilenoklar. Şonuň üçinem, Garryata başda: «Ä-eý, siziň ýüzüňiziň aňryk bolsa, meňki bärik» diýip, üns bermän ötüberjegem boldy. Birdenem olaryň ýene-de toýdan soň «tüýdük çalşyp» ugrajakdylary ýadyna düşdi-de, bitirmejeklerini bilse-de, bilgeşleýin, ýeke-ýeke, hersine bir bahana bilen ýüz tutup gördi. Erteki gün agyzlarynda aş gatyklara bahana goýmady. Şonuň üçin şol «peýdasyz perişdeler» şu günki gün toýa ýüzlerini garaňka tutuşup geldiler, oturanlarynda, müýnli ýaly, goltuklarynyň aşagyndan töwereklerine garanjaklaşyp, juda sus oturdylar. Gidenlerinde, ýarpy-ýalta hoşlaşyp ýa hoşlaşman, edil ýüzi samanly suw ýaly, iňňän assyrynlyk bilen garaňka siňşip gitdiler.
Garasaý, kimiň-kimdigi şular ýalyda bildirýän ekeni. Kim çyn dost, kim ýalan dost, kim ýat, kim ýakyn, barysy aýyl-saýyl bolýar ekeni. Seredip otursa, toýuň agramyny, hakykatdanam, obadan gelen dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary alyp çykdylar. Ýeri, şolaram myhmansyraşyp, bir çetde gollaryny gowşuryp, sülmüreşip dursalar nätjek? Tamada-da şolaryň içinden çykdy. Öň islendik toýda tä dört aýak bolýança mikrofony elinden sypdyrmaýan tanyş tamadalaram şu gün tamadalyk etmekden boýun towladylar. Diýmek, bu ýerde-de: «Özümiňki däl, özümiňki» diýen ýaly asyrlarboýy türkmen halkynyň oňurgasyny ýazdyryp, ýülügini kaklap, ýazylmadyk ýowuz kanun öz hökümini ýöreden bolmaly.
Eýsem, hakykatdanam, her kimiň toýunda diňe öz obadaşlary hyzmat etmelimikä? Obadaş bolmasaň, dost men diýşip ýörenleriň toý etse-de, gaýra-gaýra çekilişip durubermelimikä? Ýa toýda-da «Her kim öz ölüsiniň özi göterer» diýen ýaly ýowuz, ýas kanunyny ýöretjek bolýarlarmyka? Bu türkmen halkynyň nadanlygymyka? Yzagalaklygymyka? Ýa dünýede näçe halk bar bolsa, hemmesinde-de şu düzgün ýörgünlimikä? Garryatanyň o zatlara akyly çatmaýarmyka? Düşünmeýärmikä? Ýazylan-u-ýazylmadyk ähli kada-kanunlar birsyhly oňullyga tarap üýtgäp barýarka, ala-böle şu kada şu durşuna galyp, asyrdan-asyra geçip gidip oturmalymyka? Türkmen halkynyň ählisiniň «Biziň barymyz bir halkyň perzentleridiris, bir agajyň şahalarydyrys, biziň biri-birimizden aýry zadymyz ýokdur, tire-taýpa, oba-şäher diýen ýaly düşünjeler soň çykandyr» diýen mukaddes düşünjä uýjak günleri, birek-biregiň toýuna-ýasyna deň topuljak günleri daşdamyka? Şol arzyly günleri Garryata görüp bilmezmikä?...
Ähli taýýarlyklar birkemsiz berjaý bolup, myhmanlar stoluň başyna geçenlerinden soňam Garryata ýaňky ýaly oý-aladalardan saplanyp bilmedi. Obadan dolup gelen bir maşyn ir-iýmişiň, bir öküziň etiniň, birgiden ak-gökdür, şerbetli içgileriň, arak-şeraplaryň hemmesiniň stoluň üstüne daşalandygyna garamazdan, göwnüne oturan märekäniň öňi boş ýaly, golaýlaryna bardygy taňkyraşyp duran tarelkalaryny şakyrdadyşyp: «A-how, bi ne boluş? Adam baryny gapyňa üýşüripsiň-de, iýere zadyňam-a ýok» diýäýjekler ýaly boldy durdy.
Käte kimdir biri gelip, eline söwüş puly gysdyrýar, toýuny gutlaýar-da, egnine kakyp, bir zatlar diýýär. Garryata-da ýylgyran bolýar, sözüne jogap beren bolýar, ýöne näme diýýänini bilenok. Edil ümürde ýöreýän ýaly, howany gulaçlap, iki ýana ätmerläp ýör.
Şeýdip ýörkä kimdir biri şapba golundan tutdy-da, gujaklady, ogşady, «Ýör, biziň bilen elli gram içeli» diýip, ortaky hataryň sag tarapyna bakan goluny uzatdy. Şol ýerden bäri bakyp, ýylgyryşyp oturan üç-dört sany hyştym-gyzyl ýüz Garryatanyň gözüne edil dumanyň içinde görünýän ýaly, salgym atyp gitdi. Nämüçindir, şol ýüzleriň hemmesem tegelek. Hemmesiniňem maňlaýy, burunlarynyň ujy derläp dur. Çyranyň ýagtysyna ýüzleri edil aýna ýaly ýaldyraýar. Olar içi arakly gollaryny bäri bakan galdyranlaryndanam, Garryata özüni saklap duranyň golundan siltenibrägede sypdy-da, «hyrra» yzyna öwrüldi. Gazanyň başynda aýlanyşyp ýören boýny polotensaly aşpezleriň ýanyna bardy. Olar bilen nämedir bir zatlar barada hümmerdeşip durşuna, ýaňky özüni stola tarap süýränleriň kimdigini hakydasyna getirjek bolup dyrjaşdy. Öz-ä iň gowy görşüp ýörenlerinden biri bolmaly, şony ýüregi duýýar, ýöne kimdigini bilenok. Çünki aladadan ýaňa hyryn-dykyn bolup duran ýadaw beýni o kişiniň keşbini ýazyp almandyr. Garryata kejirlik edip, aňyna hernäçe zor salsa-da bolmady. Ellerini ortaky stola tarap kelemenledip duran kimdir biriniň adam kysmy suduryndan başga hiç zat göz öňüne gelmedi. Ýene bir ýadyna düşýän zat, o-da, kimem bolsa şol kişiniň agzynyň ululygy. Çünki syrtarylanda erniniň gulagyna ýetip, agzynyňam opurlan ojak ýaly hoňkarylyp durşy Garryatanyň aňyna berk ornaşypdyr.
Garryata gazanyň başynda uzak eglenibilmedi. Onuň niçik-de bolsa baryp, stoluň üstüne seredesi, halkyň, hakykatdanam, aç oturmandygyny gözi bilen göresi geldi. Şol tarapa ýöneldem. Emma bäri ýanyna bardy-da, ýene-de kürtdürdi. Azajyk durubam yzyna gaýtdy. Aşpezlerden goşmaça nahar gerekliler üçin aýlanylýanyny ýa aýlanylmaýanyny sorady. Keýpi kökje aşpezler ýerli-ýerden: «Aýlanýas-da, aýlanýas» boluşdylar. Hasur-husur bir käsäni arakdan püre-püreläbem Garryata uzatdylar. Emma Garryata käsä ünsem bermedi.
Şol wagtam onuň işdeş ýoldaşlaryndan birine söz berdiler. Ýöne, nämüçindir, wagty bilen söz berleniň sesi eşidilmedi. Tamada ony soňam iki gezek dagy mikrofona çagyrdy. Emma gelmedi. Gidipdir. Gitjegem diýmändir. Garryata bilen hoşlaşmandyram-da, gidiberipdir. Ýany bilen bir topar adamam alyp gidipdir.
Ozaldanam köp zady göwnüne alyp, ýüregi sal-sal bolan Garryata muny hasam ýokuş gördi. Söz berlen tarapyndan özüniň sylanmandygy, özgerilmändigi hasap etdi. «Şu toý başlygyň ýa başga bir uly adamyň toýy bolan bolsa-ha, zordan söz aljak bolup, basga galarsyňyz, toý eýesiniň gözüne iljek bolup, tä iň soňky saz gutarýança tansam edersiňiz...» diýip dişini gysanda, ýene-de bir dişi agyp gitdi. Ýöne gopmady. Garryata ony diliniň ujy bilen dikeltdi. Ýerine eltdi-de, kentlewügine berk gysdy. Barmagyny berk degrip yralady. «Häý, uzaga gitmäýseň gerek» diýip, içini gepletdi. Ýaňky söz aýtmaga çykmadyk kimseden ummasyz gaty görendiginiň sebäbi Garryata ony öz işdeş ýoldaşlarynyň içinde özüne iň bir ýakynydyr öýdüp ýördi. Tirkeşerdiler, bile iýip-içerdiler, degşerdiler, gülüşerdiler... Emma, ine, bu gün welin ol orta çykyp, Garryatanyň toýuny gutlabam bilmedi. Diýmek, onuň ähli «par-pary», «neme jan» diýip, ähli içginsiremeleri biderek ekeni. Ýalan ekeni. Aýdan zatlarynyň barysy kiçi dilden bärde ekeni.
Birdenem Garryatanyň ýadyna toýdan ylaýyk bir hepde öň edarada bolan uly ýygnakda özüniň ýolbaşçylary tankytlap çykyş edendigi ýadyna düşdi.
Diýmek, şondan soň köpler özüniň Garryata golaý adamdygyny ýolbaşçylaryň bilerinden gorkan bolmaly. Asyl olaryň köpüsi şol gün ýygnak gutaran dessine, özleriniň gelip bilmejekdiklerini aýdyp, «myňňyldaşyp» başladylar. Biri: «Obada gaýnym toý edýä, şoňa gitmeli boljak» diýse, başga biri ýalandan asgyryp durşuna, dümew degipmi-nämemi düýnden bäri hiç burnumyň suwy duranok» diýdi. Zoraýakdan üsgürjek bolanda, gözleriniň agy elwan öwüsdi. Ýüzi agaryp, boýundamarlary oklaw ýaly boldy. Käbirleri bolsa: «Bararys, bararys!» diýişselerem, barmajakdyklaryny gorkulyja gözjagazlarynyň gyrmança basan gyrajyklary bilen duýdurdylar.
Ine, ýaňky söz sözlemän gidenem düýpgöter gelmezlige ýüzi çydaman, häki bir yrym üçin görünäge-de, irgözindenjigem «gyp» basanlaryň biri bolmaly.
Eger-de şeýdip, duýdansyz giden adamlaryň hemmesem şolar ýaly ýöwsel, sähel zadyň hasabyny ýöredip oturan bigaýratlar bolsalar, onda Garryata üçin olar ýaly adamlaryň gelenem gerek däl. Asyl-ha olaryň gidendiklerine Garryata gaty bir gynanybam duranok. Olar ýaly şemal haýsy tarapdan öwüsse, şol tarapa temegini tutup ýören legzanlar bilen, asyl Garryatanyň gatnaşasam gelenok. Ol: «Ýüz sany ýalan dostum bolandan, üç sany çyn dostum bolsun» diýen düşünjä uýýan adam. Şonuň üçinem ol ýaňky ýalylary gaýdyp toýuna çagyrmazam. Özem barmaz. Golaýlarynda-da görünmez. Özüne adamçylyk etmedik adama bu-da etmez. Özüni sylamadyk adamy bu-da sylamaz. Öz göwnüni görmedik adamyň göwnüni bu-da görmez! Garryata diýlen adamyň bu dünýäde bähbit adamlygy ýa wezipe kowalaşdygy ýok. Söýdügi mertlik, merdanalyk, kimdir birine öň mertdir öýdenem bolsa, bu gün ol onuň kimdigini tanady. Bu oňa uly sapak boldy. Institutlarda öwrenmedik zadyny şu iki günüň içinde öwrendi. Hileli, ally, sypjyk-sypjyk sözler bilen sapalak atyp, özi bir söz diýýänçä, müň gepiň başyny agyrdan parlaňküşler bilen arany näçe garyş saklamalydygyny Garryata indi bildi. Gelende adam şekilli gelip, «Toýuň gutly bolsun!» diýmäni, gidende: «Sag-aman sow, biz-ä gaýtdyk onda» diýmäni başarmaýan, türkmeniň ýönekeýje ýörelgelerinem bilmeýän zyýalysumaklaryň Garryata dagy-duwara ýüzünem görmez. Ol bir çete çekilip, «kemiş-kemiş» edip durşuna: «...Hernäçe aljyrasamam, daryksamam, märekeden howum basylyp, özümi hernäçe çeke tutsamam, gelene-gel, gidene sag bol, diýmäge gurbum çatýar-a! Toýa çyn ýürekden gelip, ýüregi bilen hoşlaşasy gelen adamlar meni tapd-a! Hoşlaşd-a! Ýurt söküp gidemog-a men! Ýaman etsem, ýa gazanyň başyna barýan, ýa-da teležkanyň aňry ýüzüne aýlanýan...» diýip pyşyrdady.
Howwa, toý güni Garryatanyň küýüne gelip-geçen bu aladalar, öýke-kineler, oý-pikirler, belki, ownuklydyr, belki, bu zatlar barada agyz dolduryp gürrüň edip oturmagyň geregem ýokdur. Garryatanyň «pylan hili adamlary gaýdyp çagyrman» diýmegi dagy, belki, düýbünden nädogrudyr. Mümkin! Ýöne her niçikde bolsa, bu oýlar, bu aladalar öz mähriban obasyndan alysda, toý tutara bir daban ýeri bolmadyk ýat şäheriň içinde ilkinji gezek toý tutan, dostumdyr öýdüp ýören hemdemlerinden tamasy çykmadyk adamyň agyr aladalar astynda ejizlän pursatlary küýüne gelen oý-pikirler. O zatlar üçin ony günäkärlemegiň geregi ýok. Onuň ýagdaýyna düşünmek gerek. Wagtyň geçmegi bilen bu zatlar barada onuň özüniňem düýbünden başgaça pikir etmegi mümkin.
Onsoňam, bu oýlar, bu aladalar aňyrsynda gam-gussa, jebir ýa jepa ýatan, ýakymsyz oýlar ýa aladalar däl. Süýjümtik aladalar. Toý aladalary. Bular ýaly aladany adamzat asyl-ha özüne ýük saýynmaýar. Adam ogly biri-birine hemişe: «Aladaň toý aladasy bolsun» diýýär.
Bizem şeý diýýäris. Size-de şeý diýýäris. Aladaňyz toý aladasy bolsun, adamlar! Toý ediň! Toý tutuň! Öýkeli bolsun, öýkesiz bolsun, gelen — gelsin, gelmedik — gelmesin, o zatlar hiç! Esasy zat ― il-günüň gapysynda toýuň bolup durmagy. Garryataňam entek öňünde toýy kän. Şonuň üçinem kine etmäň! Toý edýändigini eşitdigiňiz, çagyrsa-çagyrmasa, baryberiň! Çünki ol bilşiňiz ýaly, barandan gaty görenok-da, barmadykdan gaty görýär. Köp oturandan däl-de, az oturandan gaty görýär. Özüne golaý durandan däl-de, daş durandan gaty görýär. Onuň niýeti-pygly adamlar bilen gowy gatnaşmak, ysnyşmak, dostlaşmak.
Galanam, näme, siziň özüňize bagly, eziz adamlar!
1992 ý.
Hekaýalar