11. UÇAR ENTEK ASMANDA
«Üýtgedip gurmaklygyň» jeýhun döwri ölüm halynda ýatan oglanjygy alyp, asmana galan uçar göni Aşgabada tarap ugur aldy.
Ýerli ilat tarapyndan «Aerodrom» diýlip atlandyrylýan şyr-takyr meýdançada üýşüp duran adamlaryň arasynda drama teatrynyň artisti, asly şu ýerli, häzirem şu etrapda gastrolda ýören Halmyradam bar. Obadaşy diýäýmeseň, syrkaw onuň hiç zadam däl. Ýöne ol ýap-ýaňyja, ýoldaşlary bilen myhmanhanada çaý içişip oturan wagty, sübsegär daýzadan şeýle-şeýle ýagdaýyň bardygyny eşitdi-de, gaýdyberdi.
Ine, indem kem-kemden daşlaşyp barýan uçaryň yzyndan garap dur. Edil şol wagtam, onuň ýadyna mundan bäş ýyl ozal bolup geçen bir waka düşdi-de, ýüregi jigläp gitdi. Beýnisi sarsdy. Şunça ýatlamajak bolsa-da, şol ýakymsyz waka adamçyl erkek ýaly, birsyhly üstüne süründi durdy.
***
...Ol wagtlar Halmyrat Aşgabatda, teatr artistlerini taýýarlaýan studiýada okap ýördi. Bir günem ejesinden telegramma gelip gowuşdy.
«Ýet, Aknur heläk ýatyr...»
Aknur ― Halmyradyň daýzasynyň gyzy. Çykany. Syrkaw gaty heläk bolmasa, beýdip telegramma berilmejekdigine gözi ýeten Halmyrat habar gelen gününiň agşamsy otla mündi. Ýol boýam özüniň aýgytly kömek edibiläýjek hossar hökmünde çagyrylan bolaýmagynyň ahmaldygy barada oýlandy. Aýdyşy ýalam boldy. Barşy ýaly ejesi onuň alkymyna dykyldy-da:
― Ertir wraçlaryň ýanyna gir, guzym! Gürleş! Özüňem pert geple! Sözläňde merdi-merdana sözle! Hemme-de şeýdýä. Arada Ýazbibi syrkawlanda-da Aşgabatdan hossarlary gelip şeýtdiler. Goý, Aknuryňam hossarsyz däldigini bilsinler... — diýdi. Aknuryň ýagdaýyny görüp çykansoň-a, Halmyradyň özem durubilmedi. Göni girdi baş wraçyň ýanyna. Ýüzüni çaňjardyp durşuna, heniz süňňi bekemedik ýaş oglanyň çekinjeňligi bilen gorka-ürke salamlaşdy. «Sen näm-ä geldiň?» diýip ýakasyndan tutup barýan bar ýaly: «...aý, telegramma bardy-da, gaýdyberdim menem...» diýip oýkanjyrady. Birdenem oturan ýerinde oklaw ýaly göneldi-de, uzyn göwresine gelişmeýän inçejik sesi bilen:
― I-i-i... Aşgabada äkidäýeliň bolmasa şuny... ― diýdi.
Onuň şojagaz sözi bilenem ýagdaý düýbünden başga tarapa üýtgedi.
Studentem bolsa käte bir «Ýartygulakda» ýa «Satira we ýumorda» görnüp ýörensoň, çekindilermi, nämemi, syrkaw şu ýere getirileli bäri: «Öýüňize äkidäýmeseňiz bolmaz öýdýäs...» diýşip, hossarlarynyň öňünde sortdurylyşyp ýören wraçlar birdenkä tebil tapan ýaly boldular-da, çar tarapa zowwuldaşyberdiler. Üýşdüler, çaşdylar, maslahatlaşdylar, ahyram «Dawaý, onda ibersek iberäýeliň» diýişdiler.
Şeýdibem, mesele çözüldi.
Edil şu gezekki ýaly uçar çagyrdylar.
Syrkawyň ýanyna özünden iki ýaş uly erkek dogany Nedir bilen kakasy Mämmet aga mündi. Halmyradam mündi.
Depesi perli uçar Aşgabadyň uçargähinde gonup-gonmanka-da, sesiniň ýetidiginden gygyryp gelýän «Tiz kömek» peýda boldy. Salymyny bermänem syrkawy şonuň bilen iň uly keselhanalaryň biriniň gapysyndan eltdiler. Iki sany degenek jahyl bilen bir gyz syrkawly zemmeri göterip, maşyndan düşürdiler. Ylgaşlap diýen ýaly üçünji gata çykardylar. Däliziň ugrunda duran diwanyň üstünde goýubam howlukmaçlyk bilen töre tarap ylgadylar.
Halmyrat indi bar işiň bitdigi hasap etdi-de, gaýrat eden adamyň arkaýynlygy bilen çiginlerini ýaýradybraga-da:
― Mämmet daýy, Nedir ikiňiz daşardajyk garaşaýyň indi. Men özüm ýerleşdiripjik çykaryn ― diýdi.
Emma ýaşuly çykmady. Bir gyzynyň al esgä öwrülip barýan ýüzüne, birem ýaňkylaryň giden tarapyna seredip durşuna bir zatlar diýjek bolup, üç-dört gezek dagy Halmyradyň alkymyna dykyldy. Her gezegem gepläp bilmän, aňyrsyna öwrüldi. Jübüsinden ullakan ak ýaglyk çykaryp, ýüzüni-gözüni süpürdi. Soň ýene-de bärsine öwrüldi. Öwhüldäp demini aldy. Kösseýşen gözlerine zor salyp, däliziň törüne seretdi.
Kakasynyň bolup durşuny görüp, Nedire-de aljyraňňyly aralaşdy.
Şeýle ýagdaýda ylaýyk ýarym sagat geçdi...
Soň bir sagat geçdi...
Bir sagat kyrk bäş minut geçdi...
Emma gidenlerden derek bolmady. Oňa çenli hassa bizok bolup başlady. Ataly-ogluň bitakatlygy indi Halmyrada-da geçdi. Ol dagy kime ýüzlenjegini bilmän:
― Muny ýerleşdirmezlermikän indi? ― diýip, elleri ululy-kiçili çüýşejiklermidir ― bankajykly iki ýana daz ýasaýan ak ýektaýlylaryň telimsine ýüz tutup gördi. Emma olaryň barysy dilleşen ýaly, boz-ýaz bolşup, eginlerini ýygyrdylar-da, geçiberdiler. Agyr syrkawlarynyň bardygyny aýdyp, nirädir bir ýana howlugyşdylar. Ýokarky gata çykýan sowuk basgançaklara ýüzleriniň ugruna ylgap mündüler, ylgap düşdüler. Ýelginlerine ak ýektaýlarynyň syýlaryny galgadyşyp, edil ak kepderiler deý pasyrdaşdylar.
Gyzynyň tebrenen dodaklarynyň titreşip, gözlerini agdar-düňder bolup ugranyny görüp, Mämmet aga hasam gyssandy. «Büý-ä ýola düşjek bi, ýegen, hiý, hemaýat eden tapylmazmyka?..» diýen manyda gözlerini tegeläp, Halmyrada seretdi. Oglanlyk etdimi ýa kakasynyň hereketlerini görüp uýasyndan tamasyny üzdümi, şol ikarada Nedirem maňlaýyny diwara goýdy-da:
― Waý, ýat ýerlerde garyp galan naçar dogan...― diýip möňňüriberdi.
Mämmet aga: «Goýsana how, hoňňuldyňy, seňki näme!..» diýip ogluna haýbat atandanam, Halmyrat däliziň aňry çüňkündäki girim-çykymly gapa tarap ylgady. Bir aýagyny içerik ätläp-ätlemänkä-de, arkaýyn iýşip-içişip ala-wagyrdy bolşup oturan aýallaryň üstüne gygyryp başlady.
― Bi nätdigiňiz boldy, bi? Ýa rehim-şepagat diýlen zat ýokmy sizde? Bir adam-a o ýerde demini sanap ýatyr, sizem munda çepbe-çeýneşip otyrsyňyz... Piňiňize-de däl...
Galanlar-a seslerinem çykarmady welin, iň ululary bolsa gerek, baldyrlary gorküýze ýaly, syrty türkmen goýnuň guýrugy kimin tes-tegelek, kelteräk buýra saçly, burunlak, göwüsleriniň her biri garpyz ýaly, ala gözleriniň aşagy halparyp duran daýanykly oral aýal bir düwür nabady ol owurdyndan bu owurdyna geçirip oturyşyna, erkek adamyňka meňzeş ýüzüni erbet bir çytdy-da, bular ýaly topalaňy kän görendigini, emma tüýnüňem gymyldamaýandygyny aňlatmak üçin, äwmezlik bilen gaşlaryny gerdi.
― Gykylygyňyz näm-ä, ýagşy ýigit? Galmagal edesiňiz gelýän bolsa, baryň, gidiň-de, ho-ol teke bazarynda ediň... ― diýibem, sap altyndan ýasalan diňlerini güjeňlemek üçin ýörite edýän ýaly, ýüzüniň terzinem bozman ernini iň soňky çägine çenli ýazdy. Derrewem büzdi. Bir horpuldadanda, käsesindäki çaýyň ýarysyndan gowragyny sorup aldy. Owurdynda bir gezek aýlabam, «gulk» etdirip aňyrsyna geçirdi. Galanynam Halmyradyň iki aýagynyň arasyna serpip goýberdi.
Halmyradyň bolmajysy boldy.
― Häziriň özünde ministre jaň edägede, kimiň haýsy bazara barmalydygyny görkezeýinmi? Ýöne öňi bilen hassany bir ýygnaň, ýoluň ugrundan!
Ministriň ady orta düşensoň, oturanlaryň hiç biriniňem ugry bolmady. Söm-saýak bolşup ýerlerinden turdular-da, çäýnek-käselerini ýygnaşdyrmak bilen boluberdiler. Kesilen kolbasadyr çörek bölejiklerini tumboçkalaryna dykyp duruşlaryna, bir zatlar diýip hüňürdeşdiler, biri-birleriniň gulaklaryna pyşyrdaşyp hikirdeşdiler. Tumboçkalarynyň agzyny tarpyldadyp-tarpyldadyp ýapdylar. Käbirleri bolsa seslerini-üýnlerini çykarmadylar-da, döşlerini ýaýkyldadyşyp çykyp-çykyp gitdiler. Gapyny ýapjak wagtlary «has-has» edip duran Halmyradyň ýüzüne seredip kinaýaly ýylgyryşdylar.
Syr bildirmediksirän bolsa-da, erkege meňzeş zenanyňam öňki bady bolmady. Ellerini buduna diräp ýerinden turdy-da, moýmuldap gelip, Halmyradyň alkymyna dykyldy. Şojagaz hereketine-de daljygyp haşlady.
― O nä hassadyr ol?.. ― diýende, altyn dişleri garaňky gijede çykan ýyldyrym ýaly, ýene-de bir gezek «ýalp» etdirdi-de, derrewem galyň dodaklaryň arasynda gizlendi.
Göwnüne deglen çaga ýaly kemşerip duran Halmyradyň sesi bolşundanam beter inçeldi.
― Öljek bolup ýatan hassa! Demini sanap ýatan hassa! Iki sagat bäri gyladoryň ugrunda ýatan hassa! Hökümed-ä ony ýüz kilometr ýoldan samolýotly getirýä, ölümiň elinden alyp galsynlar diýip. Siz bolsaňyz ondan heniz habaram tutaňzok... ― Ol barmagyny çaý içilýän stola tarap çommaltdy. ― Otyrsyňyz sygyr ýaly symyşlaşyp!
Erkege meňzeş zenan «hetden aşyberme» diýýän manyda:
― Nu-nu-nu... ― diýip, gözlerini alartdy-da, Halmyradyň ýüzüne çiňerildi. Yzyndanam eýýämhaçan äpişgäniň öňündäki stoluň başyna geçip, bir zatlara güýmenip oturan hor gelne ýüzlendi.
― Näme, henizem äkidenoklarmy?
Gäwüş gaýtaryp oturan hor gelin burnuna düşüp duran äýneginiň üstaşyry gözlerini mölertdi.
― Äkidiň-ä diýdim.
― Onda näme äkitmändirler?
Hor gelin eginlerini gysdy. Şol wagtam gapy zarp bilen açyldy-da, hälki «tiz kömek» bilen gelen gyzlaryň biri kürsäp girdi. Syrkawyň hat-peteklerini, rentgen suratlaryny elinde saklap durşuna demi-demine ýetmän:
― Olaram-a «aljak däl» diýýäler ― diýdi.
Erkege meňzeş aýal sesini ýognatdy.
― O nämüçin «aljak däl» diýýäler?
― «Ýer ýok» diýýäler.
― O nähili ýer ýokmuşyn?
― Näbileýin...
― Baryp gördüňizmi?
― Ýok, jaň etdik.
― Şu çaka çenli jaň edip eglendiňizmi?
― Telefon zanit boldy...
― Merez boldy, zäher boldy... Baryň äkidiň häziriň özünde!..
Gyz gelşi ýaly ylgaşlap gitdi. Erkege meňzeş zenan Halmyrada ýüzlendi.
― Siz näm-ä dursuňyz indi?
― Hä, näme edeýin men?..
― Baryň, äkidiň indi syrkawyňyzy.
― Nirä äkideýin men ony?
Erkege meňzeş zenanyň ala gözleri hasam ulaldy. Uludan demini alanda, gaba göwüsleri goşalanyp duran eňegini galdyryp-galdyryp goýberdi.
― Näme henizem aýdanoklarmy size?
Halmyrady şagga der basdy. Şu ikarada, eýýäm, Aknura bir zat bolaýandyr öýdüp gorkdy.
― Nämäni?..
Erkege meňzeş zenan aýalary bilen «pat-pat» etdirip ýanbaşyna ýelmedi.
― Gör-ä bulary! Sered-ä bulara... Henizem aýtmandyrlar-da hossarlaryna... Aý-ýaý-ýaý... ― diýip, işgärlerine käýinen boldy. Ýüzüni çytyp, Halmyradyň egnine elini goýdy. ― Siziň syrkawyňyz bize ýalňyşlyk bilen getirilipdir.
― O nähili ýalňyşlyk bilen?
― Ýalňyşlyk bilen bolsa ― ýalňyşlyk bilen bor-da, erkejäm, näme beýle çintgäp dursuň? ― diýende, erkege meňzeş zenanyň sesine mylaýymlyk aralaşdy. Halmyradyň süňkleri somalşyp duran çigninden elini aýyrdy-da, ony ýuwaşlyk bilen gapa tarap itekläp goýberdi. Seňsiredi. ― Başga ýere äkitmeli, erkejäm. Sen ýöne darykma. Özlerijik äkiderler. Maşynam bor. Hemmesi gowulyk bilen gutarar. Mundan beter hassalar gutulýa, bu dagy näme... Bar, maşyn garaşyp durandyr. Bar, erkejäm, bar...
Halmyrat başyny aşak salyp, çykyberjek ýalam etdi-de, ýene-de yzyna gaňryldy.
― I-i-i... Onda näme şu çaka çenli sakladyňyz ony?..
Erkege meňzeş zenan arkasyna kakan bolup, ony ýene-de gapa tarap itekledi.
― Wah, gördüň-ä, erkäm, birtopar dile düşmezleriň arasynda nädip ýörendigimizi... Men-ä şulary nätjegimi bilýän däldirin. Hatlaryny gören badyma aýtdym-a, men olara äkidiň diýip.
...Diýýän ýerlerinde, hakykatdanam, ýer ýok ekeni. Şonuň üçinem hassany haýal etmän, üçünji bir ýere ugratdylar. Bu gezek ony dälize-de dykmadylar-da, zemmeri zady bilen kabulhananyň içindäki oturgyçlaryň üstünde goýdular. Ýany bilen gelenler-ä keselnamalary bilen rentgen suratlaryny nobatça tabşyrdylar-da, zut gitdiler. Praktika geçýän studentlerimi, medsestralarydyr medbratlarymy, birgiden başlary sopbaçly, eginleri ak ýektaýly oglan-gyzlaram ilk-ä hassanyň daşyna hürre üýşdüler-de, alawagyrdy bolşup bir zatlar barada jedelleşdiler. Soňam: «Wraç gelsin-de, wraç gelsin...» boluşdylar-da, ýeke-ýekeden dagaşmak bilen boldular.
Bolsa-da wraç köp garaşdyrmady. Gelşi ýalam eşigi zady bilen özüni hassanyň üstüne zyňdy. Ýüreginiň urşuny, ganynyň basyşyny barlady. Gabaklaryny galdyryp, bäbenekleriniň içine seretdi. Keselnamalaryna seredişdirdi. Ýagta tutup, rentgen suratlaryny synlady. Başyny ýaýkady. Nobatçynyň stolunyň aňyrsyna geçdi, bir zatlar ýazyşdyrdy. Ýazan hatyny bir çetde müzzerilip duran Halmyrada tarap uzatdy.
― Diagnostika eltiň. Şol ýerde anyklap nirä eltmelidigini aýdarlar.
Ol elini telefona ýetirdi. ― Men häzir maşyn çagyraýyn, ýöne, çaltlaň, hassanyň haly agyr...
«Şu bolup duran gürrüňleri şuň özi bir eşitmeýän bolsa ýagşydyr» diýip, Halmyrat syrkawyň ýüzüne seretdi. Ellerini galgadyp öňe sürnende bolsa, baraga-da wraçyň ýakasyndan tutaýarly göründi.
― S... Siz,.. Siz-ä bir zalymyňam zalymy ekeniňiz... Hiý, beýle-de bir naýynsaplyk bolarmy? Bi... bi... b..b-b...
Oňa çenli Mämmet aga-da entirekläp gelip, wraçyň üstüne howala boldy. Elini demsaýyn ýüzüniň şöhlesi öçüp barýan gyzyna tarap serdi.
― A-how, inim-ä, beýtjek bolsaňyz, muny beýdip, munça ýoldan heläk edip getirmelem däl ekeniňiz-ä... Öýünde ölüp, dulunda süýnmäge bir goýmaly ekeniňiz-ä, bi, bedibagtyň çagasyny...
Baş wraç gözlerini tegeledi.
― Kim getiripdir ony? Men getiripdirinmi?
― Onda kim getirdi? Meň atamyň samolýoty däldig-ä belli şoň...
― O nähili samolýot? Bu nä samolýotly getirildimi?
― Howwa, samolýotly getirildi.
― Nireden getirildi?
Mämmet aga onam aýtdy. Wraç böwrüni diňläp oturdy-oturdy-da, egnini gysyp, aýalaryny ýaýdy.
― Meňň-ä o zatlardan habarym ýok, ýaşuly! «Agyr syrkaw getirildi, ýet» diýdiler, gaýtdym. Ine-de, gelip durşum. ― Onsoňam o-ol wertolýot iberýänler bir edara, biziňki başga bir edara. Ýöne nireden getirselerem, nämeli getirselerem, tapawudy ýok, seretmek biziň borjumyz.
― Serediň-dä onda, borjuňyz bolsa...
― Öňürti diagnostika eltip, haýsy keselhana degişlidigini anyklamaly.
Ýene-de Halmyrat ara düşdi.
― I-i-i... Aňyrdan ýazyp iberendirler-ä haýsy keselhana degişlidigini.
― Ýazylan welin, oň ýalňyş bolmagy mümkin. Asyl o diýilýänine meňzänogam muň bu bolup ýatyşy... ― Ol ýerinden turdy. Äpişgäniň öňüne bardy-da, daraklygyna galdy. Boýnuny uzadyp daşaryk seretdi.
― Honha, maşynam geldi.
...Soňky baran ýerlerinde-de bulary kabul etmediler ýa sowuk-sala garşyladylar diýsek ýalançy. Ur-tut ýerleşdirdilerem, ellerinden gelen kömeklerinem etdiler. Ýöne, barybir, syrkaw olara uzak azar bolmady. Ugrunda hernäçe petek-peýman bolsalaram, saraldy-saraldy-da, soldy ötägitdi. «Iş bitdi». Güzap gutardy. Eşretli dünýäniň çetinden ýaňyja girip ugran, ýigit baryny yzynda ser-sepil eden, aý ýüzli, boý gyz şeýdip, dünýeden ötdi.
...Eltilende döwletiň uçary bilen eltilen syrkawyň jesedini yzyna alyp gaýtmaklygyň beren güzaby öňküleriň dagy çenem bolmady.
Ahyram ummasyz köp pula bir taksi tutup, ýarymgijeden agyberende ýola düşdüler.
***
...Halmyrat henizem agyr ýatlamalaryň täsirinden çykybilmän dur. Uçar bireýýäm gözden ýitip, hemmeler dagan hem bolsa ol gaýdanok. Ýaňkyja oglanjygyň geljekki ykbaly barada oýlanýar. Aknuryň çeken jebri-jepalaryny onuň çekmezligini, keç ykbalynyň şujagaz oglanjygyň ömründe hem gaýtalanmazlygyny isleýär. Çünki «Üýtgedip gurýas» diýip, hernäçe gygyryşsalaram, syrkawy garşy aljaklar ýene-de şol öňki adamlardyr ahyry...
...Her niçik-de bolsa bu zatlaryň näme bilen gutarjakdygyny öňünden aýtmak kyn. Syrkawy alyp barýan uçar entek asmanda. Ol barjak ýerine barman, ýere gonman, belli bir zat diýmek mümkin däl...
1989 ý.
Hekaýalar