2. GARYN TANSY
O döwürler her hepdede bir gezek Raýkomyň Birinji sekretary kolhoz başlyklaryny, edara ýolbaşçylaryny ýanyna çagyryp, ýygnak geçirýärdi. Mahsus bolşy ýaly, golastyndakylara diýseň zabun daraýardy. Bu ýagdaýa köne işgärler-ä öwrenişipdilerem welin, «Ýeňiş» kolhozynyň täze başlygy Durdyla birbada diýseň kyn düşdi.
Kolhozyň gaty bir yzda süýrenmeýändigi üçinmi, ýa wezipä täze bellenensoň özüni dürseýänçä puryja berildigimi, garaz, Birinji ony edil beýlekiler ýaly turuwbaşdan dalabermedi. Kime näme diýse-de, oňa gezek gelende köp manyly ardynjyrady-da:
― H-ä-ä... Nememi? Seňk-ä nemedirle?.. Ýagşydyrla ýagdaýlaryň... Galannam kem-kem ýola salarsyňda... ― diýer geçibererdi. Durdylam çalarak ýerinden gozganjyrardy-da, birki ýola baş atar oturybererdi. Beýleki ýolbaşçylaryň öňe çykyp, gezek-gezegine derleýişlerine syn ederdi. Ýygnak gutaransoňam aşak bakyp barşyna, diwaryň düýbi bilen daş çykardy, başlyklaryň çykaryna garaşyp duran kiçi işgärleriň deňinden gabaklaryny galdyrman geçerdi-de, uly ýoluň ugrunda, ýüzüni oba tarap edip duran täzeje «69»-ynyň ýanyna barardy. Gapyny usullyk bilen açyp, içine ýeňillik bilen girerdi. Rula maňlaýyny goýup, irkiljiräp oturan ýaş ýigidiň sag egnine çalarak kakyp:
― Sür!.. ― diýerdi. Degirmenden diri çykybilýän ýeser adamyň içki lezzetine gark bolup oturyşyna, Birinjiniň özüni hakykatdanam gowy işleýändigi üçin sylanýandygy, aslynda başlyklyga-da öňki işlerinde gowy işländigi üçin, arassa, hüçjetçil alyp barandygy üçin geçirendigi, şol ýagşy ýörelgelerinden gyşarylman işläbilse, mundan bu ýana-da ýokary göteriläýmeginiň ahmaldygy barada oýlanýardy. Birinjiniň bu asylly göreldesine eýerip, obanyň öňdebaryjy brigadirlerine gowy işleýän kolhozçylara, kontor işgärlerine nähak azar bermezlik, ylaýta-da, köpçüligiň içinde ýüzlerini almazlyk barada öz-özüne wadalar berýärdi. Hut şeýle hem edýärdi.
Emma, nämüçindir, onuň bu lezzetli günleri uzaga çekmedi. Edil, gepleşilen möhleti gutaran ýaly, Birinji sekretar kem-kemden oňa-da igesini süýkäp ugrady. Ilki-ilkiler ýuwaşlyk bilen «hümi-sümi» edip başlan bolsa, soňabaka abyr-zabyra geçdi. Soň dik durzup, üstüne tüýküligini syçratdy. Azgyryldy. Bir günem ýüz-gözüni erbet bir eňşetdi-de, görüp oturanam bolsa bilgeşländen onuň üstaşyry jaýyň törüne tarap ser saldy.
― Hany «Ýeňşiň» başlygy?! ― Durdyly bulanjyrap ýerinden turandanam, Birinjiniň zaly sermeläp ýören nazary onuň çat maňlaýyna direldi: ― Hä, bärdemidiň ýa? Bärde bolsaň, hany, bäri çyk! ― Durdylynyň eýýämhaçan howunyň basylanyny bilensoň-a, Birinji hasam sesine bat berdi. ― Nämüçin et planyňy üzmänsiň? Süýt, ýag ýagdaýyňam-a meňki bolsun diýer ýaly däl. Ýa pagta planymy doldum diýip, azyk önümlerini äsgermezlik etjek bolýaňmy? ― Birinji barha gyzdy. Durdyly bir zat diýjek bolup agzyny açdam welin, oňa tarap elini salgap goýberdi. ― Gapyl! Özüňi aklajak bolup, arrygyňy gynama! Onsoňam ýeke o zatlar däl, ýygnamaly otlaryňam doly ýygnalmandyr. Gurluşyk ýagdaýyňam ýaman! Berýän swodkalaryň ýalan! Ýene bir gezek şeýdeniňi biläýsem, nisiňi çekerin. Ýom-ýok ederin! Bilýämiň galp dokumentler üçin nädilýänini? Hä?! Bileňokmy?! Bilmeýän bolsaň bildireýinmi?! Bilesiň gelýämi?! Meseläňe býuroda seredeýinmi?.. ― Şondan soňam Birinji Durdylyny ep-esli çeýnedi. Arasynda has agramly sözlerem aýtdy, iň soňunda-da Durdylynyň turup gaýdan ýerine tarap barmagyny çommaltdy-da, edil gaharjaň mugallymyň petdal okuwçysyna haýbat atyşy ýaly azm urdy. ― Geç ýeriňe!..
Henize çenli köpçüligiň içinde gep eşidip görmedik tosun ýigide bu ýagdaý diýseň agyr degdi. Ýokuş gördi. Birinjiniň ýüzüne göni seredäge-de: «E-eý, sen! Birinjijik! Agzyňy sala goýberme! Meň bokurdagymy sen deşeňok! Honha kolhozyň, ynha-da başlyklygyň, al-da, niräň gowuz bolsa dykaý, ýöne dagy-duwara maňa bular ýaly agramly sözleriňi aýtma» diýesi geldi. Özüniň şeýle merdi-merdanadygyny, haýsydyr bir başlyklyk üçin haýsydyr bir Birinjiden gep çekmejekdigini raýonyň men diýen ýolbaşçy işgärleriniň öňünde subut edesi geldi. Ýöne beýtmekden ony haýsydyr bir göze görünmeýän güýç saklady. Şol güýjem golundan tutup öňki oturan ýerine getirdi. Otyrýerini oturgyja jalkyldadyp urdy. «Çyda, çyda, azajyk çydasaň geçer gider, honha, seret, ol eýýäm başga biriniň depesinden eňterip dur» diýip, gulagyna çawuşam çakdy. Göwnüne bolmasa, yzky oturgyçda oturanlaryň biri özüne tarap eglibräge-de: «Inijik, giň bol, başda bizem seň ýalydyk, ýöne öwrenişdik. Senem öwrenişersiň. Nämäň-nämedigine düşünersiň. Şu işde işlejek bolsaň, işşalla birinji sort binamys bolup ýetişersiň. Bolasyň gelsede bolarsyň, bolasyň gelmese-de bolarsyň. O dagy näme, entek öňünde tansam edersiň» diýen ýalak boldy. O zatlar gulagyna eşidildimi ýa hakykatdanam biri aýtdymy, Durdyly ony bilenok, ýöne hälki öz duran ýerinde eýýämhaçan başga biriniň gabaklaryny sallap, uly göwresine gelişmeýän sölitelik bilen sölperip duranyny welin bilýär. «Eý, Huda-aý, iliň gözüne menem ýaňy şunuň ýaly gözgyny göründimmikäm?» diýip oýlanýar. Özi hakda näme diýilýänini eşitmek isleýän ýaly töwerek daşyna diň salýar. Emma her gezek dem alanda «şyg-şyg» edip duran ýüreginiň «hüňürdisinden» başga ses gulaklarynyň deňine çenli gelip-gidip duran çiginleriniň hereketinden başga hereket duýanok. Giň jaýyň içi edil mazarystanlyk ýaly ümsümlik. Oturanlar tutuş bir raýonyň garamatyny gerdenlerinde göterip ýören, döwlet möçberindäki epeý adamlar däl-de, agzy-burny ýörmelgi, eli-aýagy bagly birgiden biçäreler. Olara häzir nämüçin pagta planlaryny dolmandyklaryny, nämüçin däne ekinlerini, ýorunjany wagtynda ýygnamandyklaryny, etiň, süýdüň, ýagyň nämüçin gün-günden azalyp barýandygyny düşündirmegem bolanok. Ony Birinjiniň özem bilmän duranok. O zatlary bilmek, aýtmak, düşündirmek gadagan. Şol döwrüň ýazylmadyk kanunyna görä, ol-a gygyrmaly, senem diňlemeli. Ýüregiň ýarylýanam bolsa üstüňden sowulýança, sesiňi çykarman durmaly. Bir adamyň öňünde balyk kimin dymyp oturan şu adamlaryň şu ýerden baransoňlar, hersiniň bir uly oba eýelik etjekdiklerine, kada-kanuny, düzgün-tertibi ýola goýup biljekdiklerine gaty bir ynanasyňam gelip baranok.
Howwa, Durdyly şeýdip ömründe ilkinji gezek gep çekdi. Tä öýüne barýança, «69»-yň yzky oturgyjynda öz etini özi iýip, öwhüldedi oturdy. Gahardan, utançdan, namysdan ýaňa ýarylara gelen kükregini sag eliniň penjesi bilen dynuwsyz mynçgalady. Barşy ýaly işden aýrylmak barada arza ýazyp, ertir irdenem Raýkoma getirip gitmekligi ýüregine düwdi. Şol niýet bilenem öýe girişi ýaly stoluň başyna geçdi. Bir zatlar çyrşady. Birinjiniň adyna aýdylan birnäçe resmi sözlerden soň: «...Men birentegi ýaly ýalandan plan dolman. Ýok zadymy bar diýip, tabşyrylmadyk zadymy tabşyrdym diýip, partiýany we hökümedi aldap bilmen. Düzgüni bozmandygym üçin üstüme gygyrylmagyna bolsa, asla ýol bermen» diýip ýazdy. Hut şular ýaly hakykaty gözländigi üçin bulaşyp giden birnäçe adamlary ýatlabam ýazmasyny haýallatdy. Gutarmanam ýyrtdy. Ýanyna gelen aýalyna azgyryldy. Kowdy. Soň ýene-de täzeden ýazmaga başlady. «...Ýoldaş sekretar! Eger-de tehnika ýeterlik bolsady, suw wagtynda berlip durlan bolsady, onda başga mesele. Onsoňam men «Kommunizm» kolhozy ýaly, kagyz ýüzünde inkubator gurup, towuk ferma döredip, ýok ýerden ýumurtga tabşyrybilmen. Bu ― gözboýagçylyk! Döwleti aldamaklyk!» Ýene-de bolmady. Goýdy. Ahyram bu gije hiç zat ýazyp bilmejekdigine gözi ýetdi-de, eşiginem çykarman, törki jaýda duran ýumşak diwanyň üstüne geçdi. Çiň arkan düşüp ýatyşyna gözlerini petige dikdi. Eýläk-beýläk öwrüldi. Towlandy. Çukur-çukur dem aldy. Hakykaty gözledigsaýy girdaba tarap süýşüp barşyna geň galdy. Şu zatlary bilibem, ýolbaşçylaryň ýene şony talap edýändiklerine hasam geň galdy. Bu gidişimize gitsek, ýumrularys ahyry diýip, ýumruklary bilen maňlaýyna ýelmedi. Turdy-da, ýene-de stoluň başyna ylgady. Emma, barybir, ýazybilen zady bolmady. Şondan soň ol öýüň içinde iki ýana gezmelemäge başlady. Ýadansoň ýene diwana geçdi. Başujunda duran radiony açdy. Derrewem ýapdy. Telim gezek burçda duran telewizora tarap topuldy. Açmaga welin bogny ysmady. Ahyram bardy-da, güýzüň çigrek howaly günüdigine garamazdan, penjiräni tutuşlygyna açdy. Tutusyny syrdy. Içerik kürsäp uran arassa howadan işdämenlik bilen sordy. Şondan soň ýüregi birneme giňedi. Kellesiniň içindäki apy-tupanyň bady sabaşdy. Şol wagtam gapynyň agzynda aýaly ikinji gezek peýda boldy. Ol symyljyrap geldi-de, äriniň goltugyna gysmyljyrady.
― Nahar iýjekmi?
Durdyly, barybir, sesini çykarmady. Emma äriniň häsiýetine belet aýal onuň jogabyna-da garaşman, saçak ýazdy. Nahar getirdi. Saçagyň üstüni öz howlularynda ömür gögermejek agaçlaryň miwelerinden, süýt önümlerinden, düýe çalyndan, kolbasanyň dürli görnüşlerinden, balykdan, işbilden, mele-myssyk nandan, dürli maňyzlardan doldurdy. Iň soňunda-da, güzeranyndan hoş aýalyň ýürek joşgunyna bäs gelibilmän, süýnüp-sarkyp oturyşyna gözlerini güldürip:
― Onyňdanam äbereýinmi? ― diýdi.
Durdyly ýene-de jogap bermedi. Aýal welin barybir etmeli işini bildi. Ýene bir açylan-u-açylmadyk arak ýa konýak däl, şampanam, her dürli şerbetlerem getirdi.
Durdyly göwünli-göwünsizrägem bolsa, saçagyň başyna geçdi. Duz datmazdan öňürti «düňküldedilen» bir şakäse düýeçaly sähel bahana bolsa açyljak bolup duran işdäniň böwedini böwsüp goýberdi. Şondan soň ol içi ak meýli mert çüýşä elini uzadanynam bilmän galdy. Bir gezek ýelmänsoň-a, dünýesi hasam giňedi. Saçagyň üstündäki zatlaryň haýsynyň nireden, nämüçin gelýändigi, işden aýrylan güni bularyň biriniňem tapylmajakdygy ýadyna düşendenem, «ýalt» edip, üsti ýarym-ýalta ýazylan arzyly stola tarap seretdi. Aýalyna: «Bar, ýok et şol kagyzlary» diýesi geldi. Emma labyryny agyr taşlan oý-pikir beýniden entek-entek çykar ýaly däldi. Mundan sagat ýarym öň Birinjiniň öňünde müzzerilip, it eşitmezini eşidip durşy göz öňüne gelende bolsa, şeýdip, aýalynyň alnynda gormaýyp oturmaga-da utandy. Öňki aladanyň üstüni «Indi işden çykmak baradaky pikiri aýalyna duýdurmalymy ýa duýdurmaly dälmi, maslahatlaşmalymy, maslahatlaşmaly dälmi, şu saçagyň üstündäki zatlaryň hatyrasyna hakykatdanam binamys bolmalymy, bolmaly dälmi, tans etmelimi, etmeli dälmi, diýen meseläniň üstünde hem kelle döwmeli boldy. Şol wagtam aýalynyň:
― Gök byrgat bu günem bir giden zat getirip gitdi. Çary Jümmi çal getirdi. Guýar ýaly küýze-de getirdi. «Her gün täzelär durarys» diýdi. Dagdan bir goýun soýup iberipdi, on-a almadym, gaýtardym. Nädeýin-dä, öňkinem gowrup ýetişemog-a. Haladilligiň bolsa, üçüsem doly. Ýyndamyň etem zaýa bolup barýa. ― Äriniň demini dartman diňleýänini duýan aýal gürrüňini hasam süýjetdi. ― Gerekgä diýsem, ol kel ýerjugun, ady näm-ä seň şonyň, ana, şol näme diýýä diýsene, aý, näbileýin diýýä, höwün diýýä, başlyk ýygnakda gatyrak käýýedi welin, öňkümizi horrak gördümikä diýip gorkduk diýýä. Şular-a gorkmasalar, çekinmeseler, hiç zat getirjegem däller öýdýän.
Durdyly nazaryny üsti arzaly stoldan sowdy-da, ýene-de saçaga tarap aýlady. Üstündäki ir-iýmişleri edil birinji gezek görýän ýaly, siňe-siňe synlady. Dogry, bu görünýänjeler bu öýe gündelik dökülip duran rysgalyň bir gyrasy. Harmany aňyrda. Ol harmandan ýeke bir Durdyly däl, şu öýüň ulusy-kiçisi, hemmesi, gönençlik görýär. Bir ujy dogan-garyndaşa-da ýetýär. Uly bir maşgala hiç hili eklenjiň aladasyny etmän erkin ýaşaýar. Gelen-giden gaýgy däl. Myhmanyň öňünde sangy edilen ýeri ýok. Toý-tomaşa etse, ýene-de üstüne dökülip dur. Tutuş bir obanyň erki bolsa eliňde. Adamlar hyzmatynda. Bir diýenini iki aýtdyranoklar. Şu zatlary aňynda aýlap oturan Durdyly gaharyny ýuwdup, gaýtmyşyma geçip ugrady. «Ýeri, işden aýrylan günüň sen şu edilen elmaýyşlyklary müňden birini bir görermiň diýsene. Beýdip, gerek zadyňy aýtdyrman üstüňe döküp durmag-a däl, toýa-da çagyrmazlar. Salamam beresleri gelse-hä bererler, beresleri gelmese, onam bermezler. Iň bärkisi, ine, şu, gaşyny alyp, gahar etseňem, gülümsirän bolup oturan aýalyň bar, işden aýrylan günüň şunuňam şu wagtkylygy bolmaz. Bir gün o ýok, diýip siltener, bir gün bu ýok diýip tasanar, garaz, gaýgyny ýetirer. Garyndaşlaryň ýanynda-da gadyryň azalar. Ogluň-gyzyň syr bildirmejek bolar, ýöne boýunjagazlary burular. Haý, kemrysgal! Haý, kemakyl! Haý, ýokmadyk! Boýny ýogynlygyňy edip, tas-a uly bir maşgalany rysgyndan kesen ekeniň. Bäş minut, on minut iliň öňüne çykaryp, Birinji seniň gözüňi köwlände näme! Deriňe saman dykanda näme! Dur sömelde, gezegiň geçýänçä! Üstüňden sowularam welin, üç gezek «öwhüldäp» dem al, wessalam! Ýaňy kimdir biriniň çawuş çakyp aýdyşy ýaly, kem-kemden öwrenişersiň, gidersiň. Ilem şeýdip öwrenişýändir-dä! Şolaram doganda binamys bolup dogýan däldirler-ä! Dur-a, nebir naw ýaly pyýadalar yraň atyşyp. Şolaryň käbir-ä, asyl ýerinden turup tä oturýança, Birinjiniň özüne näme diýýäninem aňşyranok. Ünsem berenok. Agzynyň ugruna käwagt bir: «Bor, ýoldaş sekretar! Düzederis, ýoldaş sekretar! Indikide gaýtalamarys, ýoldaş sekretar» diýip mydyrdaýar-mydyrdaýar-da, oturyberýär. Derrewem gapdalyndakynyň egnine kellesini goýýar-da, hor çekip başlaýar. Içip gelýärmi, nämemi... Birinji bolsa eýýäm başga birine käýýäp durandyr.
Ýogsam näme! Ýokarlaryk çagyrylanda Birinjiniň özem özünden ulularyň öňünde müzzerilýändir ahyry. Olam şolardan gep çekýändir, şöker iýýändir ahyry! Onsoň o-da gelip özünden kiçileriň üstüne gygyrmalydyr, içini egismelidir ahyry! Senem şeýt! Birinjiniň öňünde bäş minut binamys bol-da, oba geleniňden soň, döw senem nagaraňy öz golastyňdakylaryň üstünde! Bol senem şu ýerde hökmürowan! Sür senem demiň düşýän ýerde döwrany! Ýygnak çagyr-da, isleseň ferma müdiriniň üstüne gygyr, isleseň baş buhgalteriňi gyssa, kolhoza kömek edeňzok diýip mekdep direktoryna herrel, ol öz işiň, ýöne aňyrsyndan rysgal ýagyp durka, Birinjiniň öňünde demiň çykmasyn! Käwagt, käwagtam... Kä wagt kä wagtam aýdyşlary ýaly tans et!..».
Pikir ýumagy şu ýere ýetende Durdyly: «Oh!» diýip, ýerinden galdy. Dodagyny dişläp, buduna şaplatdy. Çykyp gidiberjek boldam-da, ýene-de yzyna döndi. Saçagyň başyna ýaňadandan çöküp omyn etdi. Baryp, stoluň üstündäki kagyzlary ýygnaşdyrdy. Ýyrtdy. Eltip hapa taşlanýan tor setiliň içine oklady. Uluja ogluny iberip, şofýoryny çagyrtdy. Ol gelýänçä daşarda garaşyp durdy-da, aýalyna nirä gitjeginem aýtman çykyp gitdi.
Ol şo gijäni ýatman «tans» edip geçirdi. Ilk-ä «69»-ny dürli ir-iýmişlerden mas ýükläp, Birinjiniňkä iberdi. Aýalynyň «haý-waýyna» garaman, şu günkije getirilen çal küýzänem iberdi. «Her gün baryp çalyny täzeläp duruň» diýip, işgärlerine görkezme berdi. «Meň adymdan şoň öýüne iki sany semiz goýun taşlaň» diýip, dagdaky maýda mallar fermasynyň müdirinede habar iberdi. «Aýda iki gezek ýyndamdanam iberiň» diýip sargady. Dükança aýdyp, bir ýaşşik konýak, iki ýaşşik arassa arak taşlatdy. Ertir günortanyň öň ýanlary, özüniň ýoklugyndan peýdalanyp, Birinjiniň öýüne-de bardy. «Ýaşuly kurorda gitjekmişin, häzirlikçe, ine, şujagazy alyň, soň ýene-de habarlaşarys» diýip, aýalynyň eline ep-esli pul tutdurdy. Adyny, kimligini aýtdy. Eglenmänem yzyna dolandy.
Indiki ýygnakda Birinji onuň oturan tarapyna nazaryny aýlamady. Ertesem ýanyna çagyrdy-da:
― Işleriň erbet däl ýaly. Planlaryňam ýerbe-ýer. Ýöne, adamçylykdyr, iliň içinde käte bir göz üçin käýelse zat edilse dagy içiňe alyp ýörme, giň bol ― diýdi.
Durdyly sesini çykarman baş atdy. Daşaryk çykybam ýeňillik bilen dem aldy. Dünýe giňedi. Hiç hili alada, gaýgy-gam galmady.
1992-1996 ý.